16:20 Syrly toslamalaryñ pidalary: Atasyna mynasyp ogul | |
▶ 26: ATASYNA MYNASYP OGUL
Taryhy makalalar
Işanguly Nurýagdyýewiñ hem-de onuñ "hemşerileriniñ" ömri gussaly tamam boldy. Şeýle tamam bolan ömürler diñe olaryñkymy? Ýok. Olar million, million adamlardy. Gepiñ tümmek ýeri, Saparmyrat atasyz galypdy. Dünýäde onuñ ornuny tutup biljek hiç zat ýokdy. Totalitar düzgüniñ ýiti çüñkleri Işangulynyñ güýçli hyjuwynyñ, isleg-arzuwynyñ öserini çürtüp, onuñ ýürek-bagryny dilim-dilim edip, ahyryn ömür tanapyny-da kesen bolsa, ol düzgüniñ ýiti çüñkleri her aýlawda onuñ oglunyñ hem bedeniniñ bir ýerine şikest ýetirýärdi. Asyryñ agyr, howsalaly hem bulançak ýyllarynda ýaşan ataly ogluñ täleýinde bir umumylyk bardy. Olaryñ ikisi üçinem biziñ döwrümizde gitdigiçe azalyp barýan adamkärçilik, öz borjuña we dostuña wepaly bolmak, buýrulan işe hiç bir gaçyrymsyz ýüregiñ bilen ýapyşyp, duş gelýän ähli ejirleri çekmek mahsusdy. Kakasy tussag edilende Saparmyrat akly goýalyşmadyk oglandy. Ýöne ol ejesiniñ gije-gündiz gözýaşynyñ kepemeýändigini görüp, goñşularynyñ käwagt ogrynça, käwagt dogrynça: "Biziñ sekretarymyz Işanguly halkyñ duşmany eken" diýýän sözlerini eşidip, maşgalanyñ üstüne betbagtçylygyñ abanandygyny añýardy. Öz deñ-duş oglanlary bolsa: "Günäsi bolmadyk adamlar tutulmazam, atylmazam" diýşip ata-enelerinden eşiden sözlerini onuñ ýüzüne aýdýardylar. Ýaş ýürekde häli-şindi ynjy döredýärdiler. Bu gürrüñlere diñe onuñ ejesi ynanmaýardy. Ol adamsynyñ päkdigini, wepalydygyny adamdan soramaly däldi. "Temen haltada ýatmaz" diýlişi ýaly, ol Işangula töhmet atan deýýuslaryñ birnäçesiniñ adyny hem bilýärdi. Ondan bäri ençeme ýyllar geçdi. Göwnüñe bolmasa, aýlanýan aýlar, günler töhmet tygynyñ salan ýarasyny bitiräýjek ýaly duýulýar. Emma beýle däl, günler ýaranyñ ýüzüni kesmekledenem bolsa, onuñ içinde galan jerhetleri daşyna çykaryp bilmändi. Jerhet baglan ol ýaranyñ yzasy hiç wagt aýrylmaýardy. Hiç wagt rahatlyk bermeýän ol yza kakasyndan galan ýadygärlikdi. Ýok, beýle däl. Ol yza kakasynyñ kysmatyndan galan ýadygärlikdi. Saparmyrat ony mydama gursagynda göterýärdi... Ol yza Saparmyradyñ durmuşynda nähilidir bir üýtgeşiklik bolanda has güýjeýärdi. Ol yza onýyllyk mekdebi gutaranlarynda guralan agşamda-da, instituta girende-de, öýlenende-de, ilkinji çagasy bolanda-da, öz deñ-duşlary kakalary bilen gürleşip, nämedir bir zat barada gülşüp duran pursatlary görende-de mese-mälim bildirýärdi. Saparmyrat Aşgabadyń medisina institutyny tamamlap, dogduk mekanyna dolanyp bardy. Öz ugry boýunça işläp, dertlilere melhem edip başlady. 1956-njy ýylda, ýagny kakasy aklanandan soñ Gyzylarbadyñ raýon keselhanasynda baş wraç edilip bellenildi. Durmuşda örä geñ galaýmaly zatlaryñ ýüze çykýan wagtlary az bolanok. Ýeri, hapysa eller bilen töhmetden hem şyltakdan ýasalan syýasatyñ adamkärçilige, diñe päk niýetlere ýugrulan medisina nämä dahyly bar diýsene. Emma onuñ dahyly bar. Bu, näme, masgaraçylyk dälmi? Asyl näsaglan adamlara melhem etmek üçin diñe ýokary hünärli, öz işine ökde wraç bolman, eýsem syýasy taýdan hem ähtibarlt adam bolmaly eken. Saparmyrat kakasynyñ aklanandygy baradaky haty okanda şonuñ ýaly pikirler onuñ beýnisinde iki-ýana at salýardy. Bu hatyñ gelmegi şatlykly hem gussalydy... Ýöne tereziniñ gussaly tarapy agyr gelýärdi. Bu hat onuñ elini ýakyp barýardy. Ol ikinji gezek atasyndan mahrum bolan ýalydy. Bu etjeklerini edenlerinden soñ "bagyşlañ" diýen ýaly bir elhenç zat dälmi näme! Bu habary ejesine ýetirmelimi? Ol bu resmi dokumentiñ ejesiniñ oduny ölçerjekdigini bilýärdi. Ejesi görgüli şol yzasy alnan ýyllardan bäri durmuşyñ hödür edýän zäherini datmakdan halys bez bolupdy. Ol adamsyndan aýra düşenden soñ ogly bilen dogany Döwletiñ üstünde kökenek bolup ýördi. Günleriñ bir güni Ogultäjiñ gulagyna bir ýaramaz habar gelipdi. Ol habar, hamana, uýasy "halk duşmany" Işangulynyñ aýaly bolany üçin Döwleti işden boşadýarmyşlar diýen habardy. Ol habar agyzdan-agza geçip, birneme ulaldylanam bolsa, onuñ hakykat ýokuntgysy hem ýok däldi. 1948-nji ýylda D.B.Esenow Türkmenistan K(b)P MK-nyñ instruktory bolup işläp ýörkä oña SSSR-iñ IIHK-niñ ýörite okuw jaýyna girmek üçin dokument jemlemegi maslahat beripdirler. Şonda ol öz terjimehalynda uýasynyñ adamsynyñ 1937-nji ýylda tussag edilenini hem gizlemän ýazypdy. Şol hem onuñ okuwa gitmeli ýoluna böwet bolupdy. Onuñ bilen bile gitmelileriñ bolsa hemmesi okuwa kabul edilipdi. Ol wagtlar Stalinden ygtyýar bolmasa gyly gymyldadyp bolmaýardy, döwlet howpsuzlyk organy partiýanyñ ýerli guramalarynyñ pikirine gulak salmaýardy, gaýta olaryñ üstünden gözegçilik edýärdi. Işangulynyñ ömür ýoluna sepilen töhmet zäheriniñ awuly yzgary onuñ inisi Meret Nurýagdyýewe hem täsirini ýetiripdi. Meret Beýik Watançylyk urşuna gitmeli bolanda "halk duşmanynyñ" doganyna ýarag ynanyp bolarmy diýen pikir hiç kimiñ kellesine gelmändi. Ençe söweşe gatnaşyp, tä duşman okunyñ tikesi degip ony sandan çykarýança onuñ nähili adamdygyny soran-idän bolmandy. Ençe wagtdan soñ Meret bedeni ok-ýaragyb salan nahralary bilen "bezelip", döşi görkezen edermenligi üçin berlen sylaglardan bezelip Gyzylarbada dolanyp gelipdi. Ony ejesi Akjagül eje, uýalary zar aglap garşy alypdylar. Nurýagdy aga bolsa, biygtyýar inýän gözýaşyny assyrynlyk bilen süpürip, çeträkde durdy. Bu dökülýän gözýaşlar begenç bilen gynanjyñ garylyp dökülýän gözýaşydy. Olar Merediñ nähili halda-da bolsa, diri dolanyp gelenine begenýärdiler. Nurýagdy aganyñ beýleki ogullarynyñ: Rejebiñ, Orazyñ hem-de Atdanyñ söweş meýdanynda mertlerçe wepat bolandyklaryna gynanýardylar. Indi Nurýagdy aganyñ Rejep, Oraz hem-de Atda diýen ogullary kadrlar boýunça hasabat kagyzyny dolduranlarynda ýekirilmekden, kemsidilmekden, äsgerilmezlikden dynypdylar. Diri galanlaryñ dat gününe. Dowam edýän birehim sistema uruşdan diri dolanyp geleniñ dogan garyndaşlary "halk duşmany" bolan bolsa, onda ol Sowet Soýuzynyñ Gahrymany bolup gelse-de, oña geçirimlilik ýa-da rehim-şepagat etmeýärdi. Mеret frоntda mеrtlerçe söwеşip, аt-аbraý bilеn sаg-аman dolаnyp gеlip işе bаşlapdy. Оnuñ bаşarjañlygyna bаha bеrip, оny ýönеkeý mаliýe insрektorlyk wеzipesinden şähеriñ mаliýe bölüminе müdir еdip bеlläpdiler. Вu wеzipä bеllemek bilеn оlar birаz "ýаlñyşlyk" gоýberenem bоlsalar, оny оblastyñ mаliýe müdirliginе bеllenilmegine hödürlеnende, оl "ýаlñyşlyk" düzеdilipdi. Оnuñ ýоluna böwеt bаsylypdy. Оl böwеt bаşga-da birnäçе rеspublika möçbеrindäki wеzipelere hödürlеnende bаsylypdy. "Нalk duşmаnynyñ" dоgany bоlany sеbäpli оny рartiýanyñ аgzasyna-da аlmadylar, Lеningradyñ mаliýe institutynа оkuwa gitjеk bоlanynda-da gоýbermediler. Оl birdеn оkuwy gutаryp gеlenden sоñ ähli zаdyñ аñyrsyna göz ýеtirip, Sоwet Türkmеnistanynyñ mаliýe işinе еrbet zаrba urаýmagy аhmal аhyryn. Ahyryn howa maýyllyk aralaşyp ençeme ýyl dowam eden doñaklyk eredi, millionlarça ýekirilen, kemsidilen adamlaryñ öñüne çekilen şübhe atly tikenekli sim aýryldy. Meret partiýa kabul edilip, maliýe institutyna okuwa girdi. Saparmyrat aspirantura okuwa girip, ilki kandidatlyk dissertasiýasyny, soñra bolsa doktorlygt gorady. Şeýle alymlyk derejesine ýetenden soñ ol özüni bagtly hasap etdimikä? Ol özüni doly bagtly hasap edenokdy. Ol bagtdan ýaş wagtlary Gyzylarbadyñ etegunde odunlyk üçin ýygan ýowşanlarynyñ ajymtyk ysy gelýän ýalydy. Uly alymlyk derejesini alanda ony ejesi, aýaly, dogan-garyndaşlary gutlapdylar. Ýöne olaryñ arasynda dünýeden armanly giden atasy ýokdy. Saparmyrat kandidatlyk dissertasiýasyny gorandan soñ ony respublikan onkologiýa dispanserine baş wraç edip belleýärler. Aradan üç ýyl geçenden soñ ol dispanser ylmy-barlag onkologiýa institutyna öwrülýär. Onuñ hem ilkinji direktory Saparmyrat Nurýagdyýew bolýar. Entek institut hem açylmanoa ol Maryda, Çärjewde, Daşhowuzda hem-de Krasnowodskde oblast onkologiýa dispanserini açmak üçin uly tagallalar edipdi. Uly ylmy-barlag institutyna ýolbaşçylyk etmek üçin Türkmenistanyñ şertlerinde düwnük keseliniñ öñüni almak meselesine ýörite bagyşlanan temadan doktorlyk dissertasiýasyny goramak ýeterlik däldi. Oña ýene-de guramaçylyk ukyby, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk hem-de öz käriñe çäksiz söýgi gerekdi. Oñly serişdesi, guraly bolmadyk dispanseriñ esasynda uly bir institut döretmek ýöne-möne iş däldi. Ol ugurda işleýän hünärli adamlar azdy, institut üçin ýörite jaý ýokdy, gepiñ tümmek ýeri, material-tehniki esas ýok diýen ýalydy. "Yhlas bilen aglasañ sokur gözden ýaş çykar" diýipdirler. Her niçigem bolsa, täze institut döräpdi, aýaga galypdy. Indi onuñ döwrebap täze jaýam bardy, onda ginekologiýa hem-de şöhle energiýasy bilen bejerilýän ýöriteleşdirilen bölümlerem, operasiýa edilýän gurallar bilen abzallaşdyrylan uly operasion jaýlaram, kelläni, boýny, öýkeni, garyn boşlugyny we gan sistemasyny bejerýän bölümlerem bardy. Biziñ respublikamyzda professor Saparmyrat Nurýagdyýewiñ ýolbaşçylygy astynda düwnük keselleriniñ görnüşlerini anyklamak hem-de olary öñdebaryjy usullar bilen bejermek işleri ýola goýlupdy. Ol düwnük keselleriniñ garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek maksady bilen institutyñ esasynda radioizotop, endoskopiki, potomorfologiki, sitologiki we beýleki merkezleri döretdi. Ol merkezleriñ atlary medisine gullugyndan habarly bolmadyk adamlar üçin düşnüksiz ýaly bolsa-da, olaryñ geljekde bitirmeli işleri örän uludy. Medisina ugrundan sowadym bolmanlygy sebäplu düwnük keseliniñ hirurgy Saparmyradyñ ussatlyk derejesine kesgitleme berip bilemokdym. Şonuñ üçinem men ol barada onuñ işdeş ýoldaşlaryndan soradym. Olar maña onuñ uly alymdygy, öz işine görelde alarlyk derejedäki uly ussatlygy barada aýtdylar. Olar üç sany monografiýanyñ, iki ýüze ýakyn ylmy makalalaryñ awtorydy, döş kapasasynda we garyn boşlugynda dörän howply çişleri aýyrmakda örän çylşyrymly operasiýalaryñ ençemesini edipdi. Saparmyradyñ kärdeş ýoldaşlary onuñ ökde zergär ýaly öz hünärine ussatlygy, guramaçydygy barada gürrüñ berýärdiler. Men bolsa onuñ köptaraply durmuşynyñ ýekeje tarapyny bilýärdim. Ol hem onuñ adamkärçiligidi. Men onuñ adamkärçiligine bir gezej ýa-da iki gezek görüp baha beremok. Dogry, türkmenler aradan çykan adam barada diñe gowy sözleri aýdýarlar ýa-da seslerini çykarman oñaýýarlar. Ýöne Saparmyradyñ adamkärçiligi barada diri wagtynda aýdylanlaram, aradan çykandan soñ aýdylanlardan köp bolmasa az däldi. Saparmyrat bilen bile işleýän kärdeşleri oña ýüz tutanlarynda Sapar Kulyýewiç diýýärdiler. Olar Sapar Kulyýewiç bilen gürleşenlerinde ýa-da ol barada gürrüñ edenlerinde oña goýulýan uly hormatyñ, güýçli mähriñ bardygyny hiç kimden soramak gerek däldi. Sebäbi ol ýamanlyk etmäge taýýar bolup duran ýaman häsiýetli adamlara-da elinden gelen ýagşylygyny edýärdi. Saparmyrat aradan çykanda oña goýulýan hormatyñ çäksizdigine göz ýetirdim. Şonda men onuñ dogan-garyndaşlary däl-de, eýsem respublikanyñ dürli künjeklerinden gelen adamlaryñ öz mähriban adamyndan mahrum bolan dek matam tutandyklaryny gördüm. Diýmek, ol diñe aýry-aýry adamlar üçin mähriban bolman, eýsem halk köpçüligi üçin mähriban adamdy. Saparmyradyñ belli günleri geçirilende şol adamlar ähli harajatlary özleri çykaryp, dik durup sowupdylar. Sebäbi Saparmyrat olaryñ birini ýetip gelýän ajalyñ elinden alyp galypdy, biriniñ çagasyny halas edipdi, birine entände goltgy beripdi. Adamlara mähir-muhabbet paýlamak üçin sagdyn, sagat ýaly işläp duran ýürek gerekdi. Iliñ agysyna aglaýan, begenjine begenýän ýürek hem häli-şindi tolgunyp dur ahyryn. Saparmyrady ýakyndan tanaýan adamlar onuñ hem perişde däl-de adamdygyny bilýän bolsalar gerek. Bir wagtlar Marksdan interwýu alanlarynda ol özünde adamzada mahsus bolan häsiýetleriñ bardygyny aýdypdyr. Şol pikiri meniñ hiç wagt ýadymdan çykmajak dostum Saparmyrat barada hem aýtmak bolar. Işjanly adamlaryñ biperwaý adamlara garanda gaharjañrak bolýandygy belli zat. Eger setanda-seýranda biriniñ göwnüne degäýen hem bolsa, baryp ondan ötünç soramagy özüne kiçilik bilmezdi. Ol gönümel, ynamdar, wepaly adamdy. Durmuşyñ iñ kyn, iñ çylşyrymly ýollarynda hem ýoldaşyna ikilik etjek adam däldi. Saparmyradyñ häsiýetinw mahsus bolan durnuklylyk, mertlik, öz janynyñ aladasyny etmän, il-ulusynyñ aladasyny etmek ýaly alamatlar onuñ atasy Işangula-da mahsusdy. Ataly ogluñ häsiýeti edil bir almany iki bölen ýalydy. Işanguly Nurýagdyýewiñ derñew materiallary bilen tanyş bolanyñda bir zat ünsüñi özüñe çekýärdi. Ol hem öz gara başlaryny gutarmak üçin töhmet atýan dönükleriñ garşysyna ýekeje-de ýaramaz söz aýtmanlygydyr. Meniñ pikirimçe, eger şonuñ ýaly synag Saparmyradyñ başyna-da düşen bolsa, onuñ hem edil atasy ýaly gaý dek sarsman durjakdygyna ynanýaryn. * * * Aşgabadyñ günorta-günbatar çeträginde, Köşi obasynyñ guşluk deñinde, Görogly köçesiniñ ugrunda türkmen ylmy-barlag onkologiýa instituty ýerleşýär. Saparmyrat ömrüniñ ýigrimi ýyldan gowrak wagtyny şu institutyñ hyzmatyna bagş edipdi. Ol bu institutyñ jaýynyñ ilkinji gazygyny kakyp, bagynyñ ilkinji nahalyny ekipdi. Kynlyk bilen salynýan institutyñ jaýy gözüniñ alnynda haýallyk bilen kem-kemden ýokary galýardy. Saparmyradyñ aladasy diñe institutyñ jaýynyñ gurluşygy däldi, onuñ içini täze gurallar bilen enjamlaşdyrmalydy. Gepiñ tümmek ýeri, takyr ýerde döreýän uly ylmy merkeziñ göwrümli işlerinden başlap, iñ kiçijik çüýüne çenli aladasyny etmelidi. Bu ýerdäki ähli zatlar Saparmyrat Nurýagdyýewi ýatladýar. Salkyn saýaly belent baglara basyrylyp oturan bu institutda bir wagtlar onuñ bilen bile işleşen, häzirki döwürde professorlyk, doktorlyk, dosentlik we ylymlaryñ kandidaty derejesine ýeten adamlar öz halypalary, kerwenbaşy bolan Saparmyrady hormat bilen ýatlaýarlar. 1993-nji ýylda Saparmyradyñ ömrüniñ ýigrimi ýylyny bagş eden instituty özüniñ 30 ýyllyk ýubileýini belledi. Şonda ençeme adamyñ ömrüne ömür goşan bu melhem binasynyñ düýbüni tutan Saparmyrat Nurýagdyýewiñ adyna alkyşly sözler aýdyldy. SSSR-iñ çäginde şeýle ylmy-barlag onkologiýa institutlarynda N.Blohin, N.Trapeznikow, Ý.Falaleýew, A.Çaklin ýaly görnükli sowey alymlary ýolbaşçylyk eden bolsa, Türkmenistanda alym S.Nurýagdyýew ýolbaşçylyk etdi, kärdeşleri bilen bilelikde ol institutda ordinatura, aspirantura bölümlerini açyp, hünärli kadrlaryñ ençemesini ýetişdirdi, medisina institutynda onkologiýa kafedrasynyñ açylmagyna gazandy. Bu işleriñ daşyndan hem "Türkmenistanyñ saglygy saklaýyş" žurnalynyñ baş redaktorydy, Türkmen döwlet medisina institutynyñ alymlar sowetiniñ agzasydy. Onuñ ýerinw ýetiren jemgyýetçilik işlerini sanap çyksañ, ol işlere neneñsi ýetişip bildikä diýen pikir kelläñe gelýär. Onuñ öz işlän ugrunda bitiren işleriniñ sany köp, hümmeti uly bolany sebäpli ýubileý güni Sapar Kulyýewiçiñ ady köp agzaldy. Ylmy jemgyýet Nurýagdyýewiñ bitiren işleri nazarda tutulyp, onuñ adyny ebedileşdirmwk maksady bilen instituta dakylar diýip tama etdi. Eger şol edilýän tama ödelse, hakykat hatyrasynyñ ýokary göterildigi bolardy. ...Onkologiýa institutynyñ ters tarapynda, şäheriñ beýleki çetindäki asuda köçeleriñ birinde Nurýagdyýewleriň uly maşgalasy ýaşaýar. Men bu ýere her gezek gelenimde Saparmyradyñ jaýlanan güni ýadyma düşýär. Şonda gussanyñ agyr labyrynyñ astynda galan görgümi enäniñ ýüzi ak esgi ýalydy... Öz ýürek bendinden aýra düşen eneleriñ hemmesem şeýle bolsa gerek? Betbagt Ogultäç eje. Onuñ öñki gören görgülerem, çeken gussalaram ynsan ýüregi döz gelerden agyrdy. Indi bolsa adamsyba doly sarp etmäge ýetişmedik mähir-muhabbetini siñdiren ýeke dikraryndan mahrum boldy. Ogultäç eje ýukaýürek, mylaýym, rehimdar adamdy. Ol özünde bar bolan ýürek ýylysyny ýalñyz ogluna siñdiripdi. Saparmyradyñ adamlara ýürek ýylysyny paýlamagy hem şol akymyñ ram eden ugry bilen gelýändigindendi. Emma olar ýaly adamlarda daş-töweregi diş-diş bolup duran birehim zamanada ýaşamak örän kyndy. Ömür boýy üznüksiz silterlenen garry enäniñ ogly aradan çykyp, durmuş bilen baglanyşdyrýan ýekeje erş hem üzülipdi. Şondan soñ ol hem uzak ýaşaman ýurduny täzeledi. Şol gussaly günde Saparmyradyñ aýaly Dursuna gözüm düşende içimi çekenimi duýman galypdym. Saparmyradyñ başy dik wagty ýüzi mydama gülüp duran şähdaçyk owadan zenan indi tanar ýaly däldi. Başyna çümre atynan ýaglygynyñ astynda owasy ýaşdan doly gözleriniñ aşagynyñ halka atandygy bildirýärdi. Hoşlaşmak üçin merhumy medisina institutynyñ konferens zalynda goýupdylar. Hoşlaşmaga gelen adamlaryñ akymy peselenokdy. Zalyñ töründe çalarak eşidilýän "Keçpelek" sazynyñ zaryn owazy adamlaryñ ýüreklerini para-para edýärdi. Aýallar, çagalar eñreýärdiler. Erkek kişiler hem saklanyp bilenokdylar. Gurşap alan ýagdaý kalbyñy elendirýärdi. Saparmyrat jaýlanandan soñ men dostumyñ öýüne wagtal-wagtal baryp durýardym. Soñky gezek baranymda, uýam Dursun meni bagyşlasyn, ol tanar ýaly bolmandyr. Onuñ syratly keşbi solup, garrylyk alamatlary peýda bolupdyr. Birehim durmuş sähel salymda adamyñ keşbini üýtgedip bilýär eken. Häzirki günlerde Saparmyradyñ uly maşgalasy agzybir ýaşaýar. Bu maşgaladaky ähli zatlar ony ýatladýar. Dursunyñ öz eli bilen dokan haly portreti bu öýe mähirli nazaryny aýlap dur. Saparmyradyń ady dakylan agtygy öýüñ içinde şowhun turuzýar. Onuñ ady, gany ýaşaýar, diýmek Saparmyrat diri bolmaly. Türkmenleriñ däbine görä, maşgalanyñ iñ kiçisi ata-enesiniñ öýünde galýar. Saparmyradyñ iñ kiçi ogly Kowus şu öýüñ asylly däbini dowam etdirýär. Hudaýa şükür, Saparmyradyñ uly maşgalasy bar. Ol maşgala ata-enäniñ öýüne sygman, şäheriñ dürli künjeklerinde öýli-işikli bolup ýaşap ýörler. Olaryñ ýaşaýan ýeri aýry-aýry bolsa-da, manyly ömürlerini halk hyzmatyna sarp eden kakalarynyñ, atalarynyñ hatyrasyny saklap, olaryñ mertebesini belent tutýarlar. Saparmyrat çagalarynyñ hemmesine bilim berdi, olary durmuş ýoluna ugrukdyrypdy. Uly gyzy Swetlana dil ugrundan ýokary bikim alypdy, kiçi gyzy Maral kakasynyñ ugry boýunça okap, medisina institutyny tamamlap wraç bolupdy. Uly ogly Isa iki sany ýokary bilim alypdy, olaryñ biri ykdysady ugurdan bolup, ol häzir kärhana bilen iş salyşýar. Ortanjy ogly Nury kinooperator bolup, birnäçe dokumental filmleri döredipdi. Kiçi ogly Kowus bolsa halk hojalygy institutynyñ "buhgalterlik hasaby" boýunça hünär berýä fakultetini tamamlap, kiçi kärhana bilen iş salyşýar. Çagalarynyñ hemmesi kakalarynyñ ugrundan gitmeseler gitmesinler. Saparmyrat hem kakasynyñ ugrundan gitmändi. Ýöne öz halkyny söýmek, borjuna wepaly bolmak babatda edil kakasy ýaly bütin ömrüni nusga alarlyk derejede ýaşamagyñ hötdesinden gelipdi. Eger adam miweli agaç ekip, guýy gazyp, ogul ösdürip ýetişdiren bolsa, adamyñ ömri biderek geçmändir. Ataly ogul Nurýagdyýewler bu ýörelgäni kemsiz berjaý edipdirler. Kitabyñ soñy. www.kitapcy.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |