13:49 Syrly toslamalaryñ pidalary: Gümürtik ýagdaýda ýitirim bolmak | |
▶ 18: GÜMÜRTIK ÝAGDAÝDA ÝITIRIM BOLMAK
Taryhy makalalar
Biz şol gijäniñ özünde Eýran-sowet serhedinden geçip, Gyzyletregiñ gury subtropik merkezine geldik. Şol ýerde Saparmyrat Nurýagdyýewiñ kakasy Işanguly aganyñ tussag edilmezinden öñ şu ýerde işländigi ýadyma düşdi. Şu ýerde hem: "Eýranda garyndaşy bar..." diýlip, toslama aýyp ýüklenip, onuñ takdyry çözülipdi... Birden uzak ýyllar mundan ozal žurnalist Döwlet Esenowyñ eden gürrüñi edil çakmak daşyndan syçran uçgun ýaly, ýylp edip ýadyma düşdi. Şonda ol urşuñ gidýän ýyllarynda nemes faşistleriniñ günorta tarapdan salýan howpunyñ öñüni almak üçin sowet goşuny bilen Eýrana girendikleri barada gürrüñ beripdi. Bu gürrüñ men Eýranda bolan wagtym näme üçin ýadyma düşmedi diýsene? Döwlet Babaýewiç şonda Kümmethowza baranlarynda garaşylmadyk ýagdaýda Annamyrat ahunyñ Muhammet diýen on alty ýaşly ogluna pete-pet gabat gelendigi barada hem aýdypdy. Şol on alty ýaşly Muhammet häzir ak sakgally ahun bolsa-da, bir wagtlar gümürtik ýagdaýda ýitirim bolan kakasynyñ ahyny çekip ýör. Sowet goşunynyñ Eýrandaky türkmenleriñ arasyna aralaşmagy ol ýerde ýaşaýanlaryñ uly betbagtçylyga sezewar bolmagyna sebäp bolupdyr. Ençeme maşgalalar atadan, dogandan mahrum bolupdyr, ençeme zenanlar dul galypdyr. Olaryñ birnäçesini ştaba çagyryp, şol ýerde saklaýan ekenler, birnäçesini mylaýym sözler bilen aldap, alyp gidýän ekenler, birnäçesini bolsa aç-açan tussag edip, alyp gidýän ekenler. Soñra bolsa olaryñ hemmesinu sowetler ýurduna aşyryp, ol ýerde olara nähili elhençlikleriñ garaşýandygy barada, elbetde, aýdyp oturmagyń geregi ýok. Sowet goşuny Eýrandan çykmakçy bolanda starşina Döwlet Esenow hoşlaşmak üçin Muhammediñ ýanyna barypdyr. Şonda ýaş ýigit gözüne ýaş aýlap, tutulyp Aşgabada alnyp gidilen kakasyna salam aýtmagy haýyş edipdir, Döwlet Babaýewiç dolanyp geleninden soñ Annamyrat ahuny idäp Aşgabady, Gyzylarbady elek elän ýaly etse-de, ahunyñ bu ýerdäki dogan-garyndaşlaryndan birin-birin sorap çyksa-da, ondan derek tapmandyr. Dindar ahun edil guýa gaçan ýaly bolupdyr. Kümmethowuzda bolsa Annamyrat ahunyñ ölendigi barada myş-myşlar ýaýrapdyr. Ol myş-myşlaram daşary ýurtdan, ýagny Sowet Türkmenistanyndan barab myş-myşlar bolmaly. Umuman, Annamyrat ahun hakda her hili samahyllamalar ýaýrapdy. Şol samahyllamalaryñ birinde ony hamana, Döwlet Syýasy Uprawleniýäniñ hem-de Içeri Işler Halk komissarlygynyñ organlary ýörite iş bilen Eýrana ugradanmyşlar. Ikinji jahan urşunyñ başlarynda bolsa, ol Eýranyñ döwlet işlerine başlaryny sokmaga ýetişen faşistleriñ ýörite gullugyny edýänleriñ nazaryna düşenmişin. Onsoñ gitlerçi kontrrazweka gysga wagtyñ içinde ahunlyk derejesine ýeten Annamyrat ahuny ýumuşlar bilen ýene-de bärik iberenmiş. Sowetleriñ Eýrandaky konrrazwedkasy bolsa, ol ýerde Annamyrat ahunyñ adyny göterip ýören agenti tutup Sowet Soýuzyna iberenmiş. Bu ýerde-de onuñ bilen iş süýrenjeñlige salynman derrew birýañalyk edilenmiş. Dünýe gürrüñden doly. Ýöne welin Annamyrat Nuryýew hakynda edilýän gürrüñ henize çenli dowam edip gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |