02:17 Syrly toslamalaryñ pidalary: Özi kül üstünde, göwni Kap dagynda | |
SYRLY TOSLAMALARYÑ PIDALARY
Taryhy makalalar
"Maşatdaky iñlis wekilhanasynyñ işgärleri Türkmenistanyñ Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ naçalnigi Karuskiniñ janyna kast etmek üçin ýarag we pul gaýgyrmajaklaryny aýtdylar. Bu işi Orazmämmet Wafaýewe tabşyrdylar. Ol bu işiñ hötdesinden gelip bilmedi, sebäbi onuñ DSU bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy... Onsoñ Karuskiniñ zenan maşgala gezek gelende ýüreginiñ ýukadygyny bilip, onuñ janyna kast etmek işine zenan maşgalany goşmaly diýen netijä geldiler". (K.Berdiýewiñ görkezmesinden. Türkmenistanyñ Milli Howpsuzlyk Komitetiniñ arhiwinden Fp N" 48577. t. 1 l. 118.) [1] "Muhammet Geldiýewiñ aýtmagyna görä, Kakajan Berdiýew iñlis konsulyndan 1.200.000 manat pul alypdyr. Eger gurama 1931-nji ýylda ýaragly gozgalañ turzup bilse, konsul ýene-de 2.500.000 manat pul bermegi wada edipdir... "Türkmen Azatlygy" guramasy geljek ýazda Garagumda galtamanlar bilen gepleşikler geçirip, Sowet häkimiýetiniñ garşysyna bilelikde ýaragly baş götermegi göz öñünde tutýar". (Şewki Bektöraniñ görkezmesinden. Şol ýerde t. 7. l. 382) ▶ 1: ÖZI KÜL ÜSTÜNDE, GÖWNI KAP DAGYNDA 1932-nji ýylyñ fewral, mart aýlarynda Türkmenistan SSR-niñ DSU-nyñ çekistleri uly güýç bilen "Türkmen Azatlygy" milli guramanyñ ýolbaşçylarynyñ we işjeñ agzalarynyñ "rewolýusiýa garşy" edýän hereketleriniñ öñüni aldy. Ol işleriñ gerimini hem-de hakyky ähmiýetiniñ nämedigi barada henize çenli aýdylanok, ýöne onuñ esasy manysy şu aşakdakylara syrykdyrylýardy. 1926-njy ýylda milli musulman hereketiniñ baştutanlary Mustafa Çokaýewe hem-de Zaky Walidowa arkalanyp, Seýitmyrat Öwezbaýew, doganlar Kakajan bilen Bekki Berdiýewler, Muhammet Geldiýew, Kümüşaly Böriýew, Bäşim Pereñliýew we başga-da birnäçeler "Türkmen Azatlygy" diýen rewolýusiýa garşy gizlin guramany döretmäge girişdiler. Sowetlere garşy täze döredilýän bu gurama Türkmenistanyñ çäklerinde aktiw hereket edýän "Milli Ittihod" atly rewolýusiýa garşy guramanyñ şol wagta çenli filialy bolan "Dokuzlar" atly söwda kompaniýasynyñ esasynda döredilipdi. Onuñ esasy maksady bütin Orta Aziýada ýaragly güýç bilen Sowet häkimiýetini agdaryp, buržuaz döwleti dikeltmekdi. Daşkentdäki söwda jemgyýetiniñ nusgasynda döredilen bu guramany pul serişdeleri bilen üpjün etmegi hem-de onuñ öñünde perde bolmagy Berdiýewleriñ üçünji dogany Bapby boýnuna alypdy. "Dokuzlar" guramasyna tejenli söwdagärler Berdi molla Kerbabaýew, Garaja Burunow, Allanazar Muhammetnazarow, ispolkomyñ başlygy Oraz Arykow, uýezd ispolkomynyñ başlygy Akmyrat Orazow, olardan başga-da Eziz hanyñ türkmen otrýadlarynda akgwardiýaçylaryñ hataryna goşulyp sowetleriñ garşysyna alnyp barlan ýaragly urşa aktiw gatnaşanlar hem bardy. Guramanyñ alyp baran işine ýolbaşçylar toparynyñ jemlenen ýeri bolan Merkezi Komitet jogap bermelidi. Ol ýerde bolsa geçmişde syýasatda orun tutan adamlar saýlanyp alnypdy. Komitetiñ ýolbaşçylary aýry-aýry ugurdan iş alyp barýardylar. Patyşa hökümeti döwründe pars şasynyñ ýanynda wekili bolan öñki ştabsrotmistr S.Öwezbaýew bilen ozalky türk ofiseri O.Wafaýew harby işleri alyp barýardy. Akgwardiýaçylaryñ Zakaspi hökümetiniñ öñki çleni Bekki Berdiýew daşary ýurt razwedka gullugy bilen arabaglanyşyk saklap, gurama üçin serişde toplaýardy, Kokant awtonomiýasynyñ hem-de onuñ ýolbaşçysy Mustafa Çokaýewiñ tarapyny tutup Daşkent metbugatynda çykyş eden, 1919-njy ýylda aklaryñ hereketi şowsuzlyga uçranynda Nikolaý Nikolaýewiç han Ýomutskiý bilen akgwardiýaçylaryñ Zakaspi hökümetine kömek bermegini sorap Denikiniñ üstüne giden Kümüşaly Böriýew bolsa gizlin gurama üçin ideologiýa taýdan kämil kadrlary taýýarlamak işine jogapkärdi. Umuman, ýolbaşçy merkeziñ agzalarynyń hemmesi öz ugurlary boýunça iş alyp barýardylar. Rewolýusiýa garşy baýlardan, mollalardan, kulakçylyga çekilenlerden, patyşa hökümetine gulluk eden teke polkunyñ ofiserlerinden, esgerlerinden, Zakaspi hökümetiniñ milli akgwardiýaçylar bölümlerinden toplanan adamlaryñ hasabyna "Türkmen Azatlygy" (TA) guramanyñ hataryna goşulýanlaryñ sany artýardy. Olaryñ hemmesi birleşdirilenden soñ "bäşler" diýen at bilen söweşjeñ toparlara bölünýärdi. Şol toparlaryñ her haýsysyna Sowet häkimiýetini ýykmak üçin takyk görkezmeler berilýärdi. "Bäşler" diýen söweşjeñ toparyñ adamlary öz ýolbaşçylaryndan başga adamy bilmeýärdiler. Merkeziñ ýolbaşçy agzalarynyñ atlary gizlin saklanýardy. Alnyp barylýan iş şowsuzlyga uçran mahalynda hemmeleriñ äşgär bolmagyndan heder edilýärdi. Guramanyñ programmasy hem-de ustawy bardy, "TA"-na täze girýänlere çaphana usulynda taýýarlanan bilet bilen demirden ýasalan nyşan berilýärdi. Sowetlere garşy gizlin gurama girýänleriñ sany gün saýyn däl-de, sagat saýyn artýardy. Şol sebäpli hem respublikanyñ şäherlerinde we etraplarynda guramanyñ filiallaryny döretmek gerekdi. Onsoñ guramanyñ wekilleri milli harby bölümlerde, daýhanlaryñ we çarwalaryñ aralarynda, okuw jaýlarynda, ylmy-barlag edaralarda filiallary döretmek işine üns berip başlapdylar. "TA" guramanyñ at-abraýy göterilip, onuñ hataryna oba adamlary, göçme çarwalaryñ wekilleri, kooperwatiw işgärleri, söwdagärler, gullukçylar, harby adamlar hem-de intelligensiýa girip başlapdy. Merkeziñ ýolbaşçylary alnyp barylýan işleri gizlinlikde saklamak üçin ýerlerdäki filiallaryñ ýolbaşçylary bilen şertli bellikler arkaly habarlaşýardylar. "TA" alyp barýan gizlin işleriniñ aýry-aýry taraplaryny aç-açanlyga öwürmek maksady bilen Türkmen ylmy-edebi jemgyýetini açdy. Ol jemgyýet türkmenleriñ gadymy medeniýetini öwrenmekligi perde edinip, milli ideýany hem-de türkmenleriñ rewolýusiýadan öñ geçen şahyrlarynyñ we filosoflaryñ dini häsiýetli eserlerini ýaýradyp başlady. Gurama Azerbaýjanyñ, Krym tatarlarynyñ rewolýusiýa garşy güýçleri bilen arabaglanyşyk saklap, syýasy garaýyşlary sebäpli Eýrana, Fransiýa, Germaniýa gaçyp giden adamlar bilen gatnaşyk açdy. Olardan sowetlere garşy hereketleri güýçlendirmek, Orta Aziýadaky sowet respublikalaryny agdarmak baradaky görkezmeleri hem-de Gündogar halklarynyñ dillerinden neşir edilýän milletçilik äheñli gazet-žurnallary alýardy. Ýolbaşçylar merkeziniñ agzasy Şewki Bektöre azerbaýjan, Krym hem-de türk milletçileriniñ hemaýat bermegi netijesinde Stambulda ýerleşýän musulmanlar merkezindäki Zaky Walydow bilen ysnyşykly arabaglanyşyk saklap, Türkmenistan SSR-niñ syýasy-hojalyk ýagdaýy barada-da oña habar berýärdi. "TA" guramasy gizlin gurama diýlip hasaba alnandan soñ "Туркменкредельсоюз"-da başlygyñ orunbasary wezipesinde işläp ýören K.Berdiýew merkeziñ ýolbaşçylarynyñ görkezmesi boýunça iñlisleriñ Maşatdaky razwedkasy bilen arabaglanyşyk açyp, sowetleriñ garşysyna alnyp barylýan işde derwaýys gerek bolan tehnika hem-de harajat barada kömek bermegini sorap hat ýollapdyr. Beýik Britaniýanyñ razwedka gullugynyñ halypasy jogaba uzak garaşdyrmaýar. Sowetleriñ garşysyna gizlin iş alyp barýanlar bilen baglanyşyk saklamak üçin iñlis razwedkasynyñ wekili serhede ýakyn bolan Manyş obasynda ýaşaýan "TA" guramasynyñ agzasy Seýitjemal Gapurowa 700 manat pul gowşurýar. Ol pullar tire-taýpalaryñ serdarlaryny öz tarapyna çekmek, ýarag satyn almak, wezipeli adamlara para bermek hem-de Garagumuñ jümmüşinde guýular gazdyryp, bazalar döretmek üçin niýetlenilýärdi. Sebäbi ol bazalar gozgalañ turuzýanlar üçin diýseñ zerurdy. Ýöne ol bazalaryñ nirededigini gozgalaña ýolbaşçylyk edýänlerden başga adam bilmeli däldi. Şol döwürden başlap, iñlisleriñ Maşatdaky razwedkasy bilen aragatnaşyk pugtalanýar. Ol gatnaşyk Maşada ýük alyp gidýän kerwenleriñ üsti bilenem, başga ýollar bilenem amala aşyrylýar. Türkmen milletçilik guramasy Maşady hem-de Pariži Sowet Soýuzynyñ syýasy-hojalyk durmuşy, Sowet häkimiýetiniñ respublikalarda geçirýän çäreleri, ýerli halkyñ ýagdaýy we olaryñ bolşewikleriñ alyp baran syýasatyna garaýyşlary baradaky maglumatlar bilen üpjün etmäge uly üns berýärdi. Daşary ýurtlar hem öz gezeklerinde berýän pul kömeklerinden daşgary rewolýusiýa garşy edebiýatlary, Türkmenistanda opurylyşyk işlerini nähili geçireniñde onuñ ähmiýetiniñ uly boljakdygy barada razwedka gullugynyñ taýýarlan gollanmalaryny we görkezmelerini iberýärdiler. Daşary ýurt razwedka gullugynyñ bilmek isleýän zatlary baradaky maglumatlary guramanyñ agzasynda bolup sowetler hojalygynda jogapkär wezipelerde işleýän TSSR-iñ Merkezi Ispolnitel komitetiniñ başlygynyñ orunbasary Begjan Nazarow, Gosplanyñ jogapkär işgäri S.Öwezbaýew, Söwda Halk Komissary O.Arykow, TSSR-iñ Merkezi Ispolnitel komitetiniñ başlygy Nedirbaý Aýtakowyñ obadaşy, Magaryf Halk Komissary K.Böriýew we beýlekiler toplaýardylar. "TA" guramasynyñ merkeziniñ agzalary respublikanyñ Halk Komissarlar Sowetiniñ başlygynyñ hususy sekretary Meretdurdy Nagdowy öz taraplaryna çekip bilendiklerini uly üstünlik hasap edýärdiler. Sebäbi onuñ berýän maglumatlaryna daşary ýurt razwedka gullugy örän ýokary baha berýärdi. Arada gezýän adamlaryñ getirýän habarlaryna kanagat etmän, 1927-nji ýylyñ awgust aýynda K.Berdiýew ýüñ satyn almak bahanasy bilen parslaryñ serhet ýakasyndaky Mämmetabat şäherine baryp, ol ýerde iñlisleriñ razwedka gullugynyñ wekili bilen duşuşýar. Şonda razwedka gullugynyñ wekili guramanyñ ýaragly gozgalaña taýýarlyk işini çaltlandyrmagy talap edýär. Ol gozgalañ Beýik Britaniýanyñ Sowet Soýuzynyñ ûstüne çozjak wagty bilen gabat geler diýlip çak edilýärdi. Şol K.Berdiýew 1913-nji ýylyñ ýanwar aýynda serhet ýakasyndaky Manyşyñ üsti bilen Türkmenistanyñ territoriýasyna geçen iñlis emissary Laurens ("Arabystanly Laurens" ady bilen tanalýan agent) bilen duşuşýar. Iñlis rezidenti guramanyñ we onuñ agzalarynyñ ýaragly gozgalaña nähili derejede taýýardyklaryny barlap görenden soñ 1931-nji ýylyñ dowamynda gozgalañ turuzmalydygy barada kesgitli aýdýar. Merkeziñ ýolbaşçy agzalary özleriniñ töweregine ýetirýän täsirine hem-de ýerlerdäki tire-taýpalaryñ serdarlary bilen baglanyşygyna bil baglap, respublikanyñ ähli ýerinde gozgalañ turuzmak üçin ykjam taýýarlyk görüp başlaýarlar. K.Berdiýew Mary hem-de Tejen sebitlerinde, S.Öwezbaýew Gökdepe etrabynda, B.Nazarow Daşhowuz okrugynda, O.Wafaýew bilen K.Böriýew Türkmenistanyñ günbatar künjeginde iş alyp barýardylar. Bu aralykda parslaryñ üstüne iberilen Kuly Gurtgeldiýew bu ýerden göçüp giden adamlaryñ goldaw bermegi netijesinde ençeme ýaraglary Türkmenistanyñ territoriýasyna aşyrmagyñ hötdesinden gelýär. Gepiñ tümmek ýeri, gizlin gurama daşary ýurtly hossarlarynyñ ähli diýenlerini ýerine ýetirýärdi. 1931-nji ýylyñ tomsunda "TA" tarapyndan turzulan gozgalañ Türkmenistanyñ bütin territoriýasyny gurşap alypdy. Oña müñlerçe daýhanlar, müñlerçe çarwadarlar gatnaşypdy. Emma, näme üçindir, Beýik Britaniýa SSSR-iñ üstüne çozaryn diýip beren wadasynda durmandy. Ýöne "TA" guramasynyñ taýýarlan ýolbaşçy kadrlary gozgalañda uly işler bitiripdirler. Şunlukda daşary ýurtly agalaryndan goldaw tapan türkmenler rewolýusiýanyñ garşysyna baş göterenligi üçin hakyny almaly bolupdy. Garagumda nähak dökülen ganlara bolsa gozgalañy ýatyrmak üçin Sowet häkimiýetiniñ iberen taýýarlykly goşuny bilen Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ ykjam ýaraglanan otrýadlary sebäp bolman, eýsem türkmenler bilen gazaklaryñ özleri sebäp bolanmyşlar. Sebäbi: "Tire-taýpalaryñ serdarlaryna hem-de din wekillerine ynanan yza galak nadan halklar" manysyz-maksatsyz ölüşige baş goşupdylar, olary şol ölüşige iteklän hem "TA" guramasynyñ milletçilerimiş..." "TA"-nyñ 35 sany aktiw agzasy bilen başga birnäçe ýolbaşçylary tussag edilip, uzak wagt azatlykdan mahrum edilipdi. 1937-nji ýyla çenli diri galanlaryna bolsa, "rewolýusiýanyñ gylyjy" jeza beripdi. Kümüşaly Böriýew, Seýitmyrat Öwezbaýew, Begjan Nazarow ýene birnäçeler bolsa atylyp öldürilipdi. 1931-nji ýylda, mälim bolşy ýaly, gozgalaña baş göterenler kül-peýekun edilipdi. Gozgalañyñ beýle şowsuzlyga sezewar bolmagyna näme sebäp boldy? DSU-nyñ olar bilen "TA" guramasynyñ arasyny üzenligi sebäp boldumy? Ýok. Sebäbi guramanyñ ýolbaşçylary ol wakadan esli wagt soñ tussag edilipdi ahyryn. Belki, gizlin guramanyñ düzen planyna laýyklykda daşary ýurtlular SSSR-i basyp almak üçin uly güýç bilen urşa başlamandygy sebäpli basmaçylar toparlarynyñ ýolbaşçylary aldawa düşendir? Beýle-de däldi. Basmaçylar hereketiniñ döremeginiñ başga çuññur sebäpleri bardy. Onuñ sebäplerini bir agyzda kesgitli aýdaýmak añsat däl. Ýöne biraz soñra onuñ sebäplerini hem aýtmaga synanyşarys. Şu ýerde bir zady aýtmak gerek. Geñ bolup görünse-de, şu wagta çenli "sowetlere garşy gizlin gurama" diýlip agyz doldurylyp gürrüñi edilýän gurama bilen gozgalañ turzanlaryñ arasynda hiç hili baglanyşygyñ bolmandygyny aýtmak gerek. "TA" guramasynyñ ne filiallaryndan, ne söweşjeñ toparlaryndan, ne-de onuñ merkeziniñ ýolbaşçy agzalaryndan ýekeje adamam basmaçylaryñ gozgalañyna gatnaşmandyr. Sebäbi onuñ ýaly gurama düýbünden bolmasa nätjek. Iñlis razwedka gullugy hem-de emissary bilen gizlin duşuşygam, işlere ýolbaşçylyk etmegem, serhet bozup geçmegem hakykatda bolan zatlar däldi-de, TSSR-iñ DSU-niñ kalby bozuk hilegärleriniñ oýlap tapan toslamalarydy. "Türkmen Azatlygy" diýen guramany ýok etmek üçin alnyp barylan iş diýmegiñ özi ýalan, toslama. Ol toslamalar bir tarapdan birnäçe bigünä adamyñ tussag edilip, ençe naçarlaryñ dul galmagyna, birnäçe ýetim galan çaga-çugalaryñ, ogulsyz galan ata-eneleriñ ahy-nalalaryna sebäp bolan bolsa, başga bir tarapdan Döwlet Syýasy Uprawleniýäniñ operatiw işgärlerine, sülçülerine döwlet tarapyndan gaýgyrylman jomartlyk bilen sylaglar paýlanmagyna sebäp bolupdy. Olaryñ arasynda oýlanylyp tapylana örän çalymdaş, lakam hökmünde ulanylýanlar bilen bir hatarda Zaturanskiý, Lubin, Dimentman, Wolberg, Rozenfeld, Kasenberg ýaly uly wezipeli adamlaryñ hem familiýalary bardy. Men dokumentlere seredenimde, DSU-niñ köp sanly işgärleriniñ arasynda ýekeje-de türkmen adyna gabat gelmedim. Bu jaýa ýerli milletiñ diñe tussag hökmünde girýän bolmagy ahmaldy. Bir zady aýtmak gerek. Ol döwürde DSU-de türkmenler işleýärdi. Ýöne olar hemme kişä düşnükli bolan sebäplere görä "Türkmen Azatlygy" "işiniñ" (delosynyñ) golaýyna goýberilmeýär. _________________________________ [1] Mundan beýläk ähli salgylanmalar şu dokumente degişli bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |