21:13 Takdyrnama: Düýş geografiýasy | |
DÜÝŞ GEOGRAFIÝASY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Düýşde gizlin ýa-da gapma-garşylykly alamatlardan başga gabat gelýän talaplar hem bolýar. Meselem: güzer kyn we çylşyrymly özgerişlik. Ümür – nämälimlik. Heläkçilik – durmuşda duş gelýän kynçylyklar, jenjel, umumy tolgunmalar, tebigat hadysalary bolsa başga hilidir. Suw – girdeji, abadançylykdyr. Ýer – durmuşdaky kynçylyklary we ýeňillikleri aňladýar. Howa-atmosfera – biziň bilen baglanyşykly bolan ýa-da baglanyşygy bolmadyk zatlary aňladýar. Eger ýeriň nämäni aňladyp biljekdigini bilmek isleseň, ol biziň aýagymyzyň aşagyndaky daýanjymyz, ynamymyzdyr. Howa – biz ondan dem alýarys, käwagt ol bize ýetmezlik edýär, daş töweregimizdäki umumy ýagdaýdyr (durmuşdan irdi, howa ýetmän ýüregi gysyldy we ş. m) Suw – rahatlyk, azatlyk (eliňi ýuwmak ybarasy şondandyr), ol işlerimiziň umumy dowamlylygy (akym bilen barmak) ahyrynda-da, Asman – biziň nazar salýan, umydymyzy ýollaýan, ýönekeý gürrüňçilikde “bagtymyzy açýan” diýilýän menzildir. Eger ukudaky görnüşi we şekilleri öz durmuşymyz bilen deňeşdirsek, düýş ýormakda köp zatlar aýan bolup biler. Düýşde aýdyňlyk, ýagty görsek – oýalygymyzda hem ýagtylyga çykýarys. Düýşümizde daglary görsek – bu böwet, oýalygymyzda daglara çykmak kyndygy düşnüklidir. Düýşdäki tebigy halatlaryň ýene bir tarapy, olarda jadylaýjy mazmun bar. Ýer suw, howa we ot – olar gadym wagtlardan bäri biziň ýagdaýymyzy, gylyk-häsiýetimizi, duýgularymyzy häsiýetlendirýän esasy dört alamat hasaplanýar. Ýer iň agyr, iň güýçli, ullakan, gaty, gury we sowuk alamatdyr. Suw – ilki bilen-ä durmuş suwy, takdyrymyzyň we aňymyzyň durulygynyň alamaty. Howa – ýeňillik , hereketlilik, nepislik, özgertmekligiň nyşany. Ot – hormat, zyýada, şatlyk we gazap, güýçli duýgularyň alamaty. Ýüregimizdäki şeýle çylşyrymly ýagdaýlar we tebigatyň bagryndaky dürli halatlar birleşip şu takdyrnamadaky köp mazmunlar emele geldi. Düýşümizde biziň giren gabyrymyz näçe çuň bolsa, biz oýalygymyzda şonça köp baýlyga eýe bolýarys. ■ SUW Suw – arassa, tämiz suw içseňiz bagt getirýär. Läbik suw – näsaglykdyr läbik suwdan ýöremek ýagşylyga getirýän yhlassyzlyk: suwa çümmek – şahsy durmuşyňda agyr güne düşmek: ýuwunmak – şatlyk, azatlykdyr: suwy dökmek – utançly bolmak, ýalňyşlyk: suw sepmek – nämedir bir zady ýitirmek; dag çeşmesini görmek – howply duşuşyk. TOLKUNLAR – çalt ýa-da duýdansyz görünýän ýol, syýahat duýgular. DAMJALAR (damja ) – eliňe pul düşýär. DEŇIZ – kenardan ýöremek – ýol; deňze seretmek – alysdan geljek habar; parohodda ýüzmek – möhüm özgerişlikler; ýaşyl dury suw – duşuşyk. DAŞGYN – suw dury bolsa edýän işiň wagtlaýyn yza süýşýär; gysga wagtlaýyn bökdençlik; läbik suw joşsa – biderek ýerlerdäki çykgynsyz ýagdaý suwuň ortarasynda dursaň – bol-elin ýaşaýyş. SUWA BÖKMEK – bökmäge taýýarlyk görmek – hatarly iş, aldawçylyga duş gelmek. KÖL – howp – hatar; kölde ýüzmek söýüşýänler üçin aýralyk. HOWUZ – suwuň üstünde ak gul görünse, ýitiren zadyňy tapmak; üstüni gurbaganyň kerebi örten bolsa – gury ýerde syýahat etmek. DERÝA – onda ýüzmek – girdeji derýany görmek, kenarynda durmak - uzak ýola ugramak: derýany kesip ötmek, suwdan ýöremek – böwet bir işiň soňa goýulmagy. ÇYG – rahatlyk, rahat ýaşamak. DAG ÇEŞMEJIGI – ýaşaýyş jaýyň we durmuşyňy görmegi; köpden bäri ýitiren zadyň; ýakyn kişiň bilen duşuşmak, şatlyk: GARK BOLMAK – kynçylyklar. FONTAN – uly şatlyk, garaşylmadyk ýagdaý. SUWUŇ JOŞMAGY – ýeriň aşagyndan çyksa – ganym duşmanlar garaşylmadyk, göz öňünde tutulmadyk kynçylyklar; diwardan joşup çyksa duşman ýanyňda hatarly ýagdaýda bolmak, goragsyz galmak: çeşme – hatarly ynanjaňlyk. ■ HOWA (atmosfera) DÜÝPSÜZ ÇUKURLYK – alnyňda boşluk bolsa – kynçylyk; durmuşdaky adaty ýagdaý. ŞEMAL – güýçli bolsa adamlar tarapyndan edilýän zyýan päsgelçilik; HOWA – arassa, dury bolsa – alada, tolgunmak, Jedelleriň gutarmagy; tüweleý bolup garylyp dursa – gussa, näsaglyk, ýitgi; howa asuda bolsa - agyr dert; tüweleý bolsa – garaşylmadyk özgerişler; täsinlikler. DUMAN – nägilelik, ýaýdanjaňlyk. ■ ÝER (ýyl pasyllary) KENARLAR (DERÝA) – öňünde goýan maksadyňa ýetmek. BATGALYK – alaçsyz ýagdaý: batgalykda gezmek – töhmete sezewar bolmak; porsy batgalyk – baýlyk getirýär. BAHAR – wagtyndan öň gelen ýaly bolsa – işdäki üstünlik. . TOPRAK – ýakyn adamyň ölümi. MANZARA (peýzaj) – gözel peýzaj – bagt, ykbal, ýürekdäki arzuwyň hasyl bolmagy. DAG – ýalaňaç dag – howatyrlanmak; ösümlikli dag – wepasyzlyk; Daga çykmak – ýeňiş; depesine çyksaň; dagy görmek – kynçylyk; aşak düşmek – işiň ugruna bolmazlygy. LAÝ – bedene, egin-eşige degse – näsaglyk. ÝER – göm-gök otlar bilen örülen bolsa – amatly durmuş gurmak, ýeri gazýan bolsaň – ýakyn arada kimdir birini jaýlamak; ýerde ýatmak- maýda-çüýde kynçylyklar. GYŞ – beýleki pasyllarda görseň – pul işleriniň gowy bolmagy; güýçli aýaz görünse ýowuz aýal (ýaşlar üçin) gorky (öýlenenler üçin). DAŞ – kynçylyklar, böwetler, daşyň üstünde oturmak – uzak garaşmak. BUZ – ýakymsyz ýagdaý; köp kynçylyklar. TOKAÝ – ýat ýurtlar. ÝAZ – beýleki pasyllarda görünse – gowy zatlaryň deregidir. GABYR – gabyr gazmak – öz aýybyň bilen bir zady baý bermek; gabyry görmek – uzakda»! täzelik habary gelýär; açyk gabyry görmek – ýaramaz habarlar; gabyryň içine düşmek – ýeriň çuňlugyna görä baýlyga eýe bolmak (ýer gatlagy näçe galyň bolsa, şonça köp baýlyk). GÜÝZ – beýleki pasyllarda görünse – garaşylmadyk ýardam, garaşylmadyk dostlar. ADA – adada bolsaň – şahsy durmuşyňdaky özgerişlikler, aýralyk, ýitgi: ärli aýallara – aýrylyşmak. PARK – dynç almak, rahatlyk; derwezeleri ýapyk bolsa parkyň içinde galsaň –mümkinçilikleri goluňdan bermek. GUM – baýlyk; gumda oturmak, gumda ýöremek– köne dostlar bilen duşuşyk. MEÝDAN – takdyr. ÇAŇ – aldawçylyk, çaň-tozanda kimdir biri ýykylsa – ölüm. TEKIZLIK – garaşmak. GAR – yşk mysaly; garda ýöremek – ýakymly geň galmaklyk. PALÇYK – oňa batmak – agyr hata. DEPELIK – jenjel. GARYM – howp. ■ ASMAN (Gün, Aý, Ýyldyzlar) GÜN ÇYKMAGY – sowgat, durmuşdaky özgeriş, gowy zatlar. DOLY – buludyň arasyndan ýagsa – gamgynlyk. GÖK GÜRLEMESI – gübürdäp eşidilse – duýduryş, oz geriş; güýçli bolsa – arzuwlaryň amala aşmagy; ýyldyrym – garaşylmadyk we çalt ele alynýan amatlylyk, takdyrdaky haýsydyr bir özgerişlik. ÝYLDYRYM (ÇAKMAK) – aladalar. ÝAGYŞ – biderek ýere wagt ýitirmek; çisňäp ýagýan ýagyş – aklanmak; güýçli ýagyş – agyr amatsyzlyk; buýmak – durgunlyk, dert; gün çykanda ýagan ýagyş- ýakymly özgerişlik. ŞAPAK – şatlyk, hoş habar. AÝ ÝA-DA GÜNÜŇ TUTULMAGY (SEÝREK DÜÝŞ) – ýakyn adamyň kesellemegi. ÝYLDYZLAR – dury görünse – uly bagt, wepaly söýgi; tutuk görünse – howp; agşamky ýyldyz – ýadan söýgi; ordendäki ýyldyz – nadanlyk; bir ýa-da iki ýyldyzy görmek – şatlyk belgileri. AÝ– täze aý – uly (köp) girdeji, doly aý – sawçy; suw görünse – uly güýçleriň hereketi. ASMAN – ýagty açyk bolsa – utuş; mawy asman – ýagşylyga garaşmak; gyzgylt asman jenjel; ýyldyzly asman arzuwlaryň hasyl bolmagy, uly miras; ýyldyzsyz gara asman – howp-hatar; gyzyl bulutly asmak – uly şatlyk; goýy gyzyl bulutly asman – agyr dert. DOWZAH – gezelenç. GÜN – şöhrat, söýgi, buludyň aňyrsyndan görünýän pully, amatly günlere garaşmak: güni görmek – hemişe ýagşylyk; düýşdäki ähli ýamanlyklaryň köki kesilýär. BULUT – gara, haýbatly bulut – ýaramaz duýgular hatar: agşamky buludy görmek – ýakymsyz täzelik; ýaşyp barýan günden şöhle düşen bulut – ýeňil durmuş, ■ BINALAR AMMAR – baýlyk. AMFITEATR – ol ýerde bolmak, daşary ýurda uzak syýahata gitmek. DERMANHANA – näsaglyk. TOÝ – tomaşa görmek – dert belgisi, ýakymsyz iş; toýda bolmak – näsag bilen duşuşmak, gep – söz we gybatlar. BALAHANA – üstünde durmak – işleriň ýagşylyk bilen tamamlanyşy. HAMMAM – içine girmek – umytsyzlyk; ondan çykmak – rahatlyk: hammamda aýal görmek – alada, dert: erkegi görmek – mätäçlik; hammama tans edýänleri görmek – dert. MINARA – päsgelçilik; şäherde köp minara görmek – adaty däl işler. HIN, GOWAK– ýitgi. MEÝDAN DÜŞELGESI – wysal. KESELHANA – girmek ýa-da birini alyp barmak – ýönekeý täzelikler. WOKZAL – onda bolmak – ýol iş; wokzaly görmek – tötänleýin duşuşyk. DERWEZE – päsgelçilik; döwlen derweze – maşgalada bagtsyzlyk. SERGI – oňa barmak – üstünlik. HÖWÜRTGE – patalaşmak, öýlenmek; guşuň çagalary duran höwürtge – köp girdeji; ýumurtgaly höwürtge – maşgala bagty; höwürtgäni daragtdan almak – gysga wagtlaýyn şatlyk; höwürtgäni bozmak – alada. ŞÄHER – uly şäheri uzakdan görmek – dawa, talap: içine girmek – bagt, işiňi tamamlamak; köp minara – adaty däl çäreler; KIÇIJIK ŞÄHER – nämälim şäher – garaşylmadyk wezipe, at-abraý; aýallar üçin täsin teklip. MYHMANHANA – ýol, işe degişli zatlar. TABYT – işdäki ýeňiş (üstünlik); tabytda dostuň ýatan bolsa – onuň üstünligi hakyndaky täzelik, ýaşlar üçin toý; maşgalalylar üçin – girdeji, pul gelýär. OBA – bagt, ykbal; obada kimdir biriniň öýüni gözlemek – gybat, jenjelden soňky göwni galmak. GAPY – açyk dursa – aşyk-magşuklaryň söýgüsi, bol-elin sowgat; ýapyk gapy – päsgelçilik, ýakymsyz kişiler bilen duşuşyk; ýanyp duran gapy – dostlaryň gelmegi; täze – gapy – ogul dogulýar; açyk gapy – söýgi (aýallar üçin), aýal gelýär – (erkekler üçin); gapyny tapmazlyk: – päsgelçilik; doly açyk gapy – hemme işleriň üstünlikli amala aşyşy. HOWLY – arassa bolsa – şatlyk; eýesiz boş duran howly – aljyraňňylyk. SARAÝ – garaşylmadyk utuş. ÖÝ – öýi görmek – hatarly iş, görmek – ýagşylyk; jaýyň üstüni ýapmak – zyýan; öýüň içini süpürmek – myhman gelýär; pol ýuwmak – ölüm aýralyk; jaýyň üstüniň aşak gaçmagy ýa-da deşilmegi – göçmek; öýüň içinde bolmak – nähoşluk, gybat; ýanýan öý – uly şatlyk. ÝEL – ýoldan ýöräp gitmek – gussa, agyr iş; egri gyşyk, belent, pes ýol – zyýan çekmek; demir ýel – işdäki özgerişler; tapdan düşmek. OTLA GARAŞMAK – peýdaly teklip, otluda bolmak – möhüm teklip. DIWAR – päsgelçilik, ýakyn kişiňden aýrylmak. DAŞARY ÝURT – özgerişler. KÖŞK – gurmak – arzuwlaryň hasyl bolmagy, köşge girmek – garaşylmadyk bagt; köşkde ýaşamak – baýlyk; ýanyp duran köşk – soňky ýagşylyklar; ýapyk derweze – böwet, päsgelçilik. BINA – özgerişlikler. (Bina näçe belent bolsa, işde şonça köp ýeňiş bolýar.) GARA ÖÝ – durmuşyň özgermegi, girdeji. MEÝHANA – öýdäki tertipsizlik. KABINET – şahsy syrlaryň açylyşy. KAZARMA – edermenlik. KÖÇE TARAPDAKY GAPY – kemsidilmek. KARUSEL – (at oýuny) – Manysyzlyk. KINO bir özüň kino girseň – köp wagt geçmänkä, uzak syýahata ugramak. (filmiň käbir ýerleri syýahat bilen baglanyşykly.); biri bilen kinoda bolmak – uzakdan myhman gelmegi. GABRYSTANLYK – ony görmek – uzak ömür; gabyr daşlary, ondaky ýazgylary okamak – köpden-köp dostlar. GUŞ KAPASASY – kapasadaky guş – amatly söýgi; boş kapasa – biwepalyk, garaşylmadyk ýagdan, aýrylmak, kimdir biri kapasa açsa – söýgüli zadyny baý bermek. GUÝY – çelek bilen görseň – baýlyk; suwly guýy – ýitirmek; suwsuz guýy – alada, guýudan suw içmek – gowy işler. OTAG – boş otag – göwün galmak; täsin otag – utuş, bagt; kiçi otag – soňky pellede aladadan gutulmak, tertipli otag – işdäki üstünlik, diwardaky owadan suratlar – arzuwlaryň özgerişi; ýagty otag – dabara. KROWAT – krowatda ýatmak – utuş, bagt; boş krowat – ýakyn kişiň ýitgisi, ölümi. OJAK BAŞY – arassa görünse peýda, girdeji; hapa görünse – göwün garalyk, ylalaşmazlyk. MERDIWAN – jaýyň üstüne çykmak – bagtyň getirmegi, üstünlige eýe bolmak; durmuşda ýokary göterilmek; aşak düşmek – amatsyzlyk; döwlen basgançaklar içigaralar. LIFT – ýokary çykarýan lift – ätiýaçlylyk, ýokary çykmak – gowulyk utuş; aşak düşmek – amatsyzlyk (bagtsyzlyk); ýuwaşlyk bilen aşak düşmek – işleriň duýdansyz çalt özgermegi; gaty çalt ýöremek – işdäki päsgelçilik ýa-da haýal-ýagallyk. DUZAK – haýwan gapana düşse – garyndaşlaryň ýowuzlyk etmegi we alada; boş duzak (gapan) – biperwaýlyk netijesinde döreýän ýitgi. DEGIRMEN – gybat, aladalar. MONASTYR – abadanlyk. KÖPRI – üstünden geçmek – howpdan, özgerişden gutulmak: köprini görmek –bagtsyzlyk. TEKJE – tekjede durmak – yşky hözir; tekjäni görmek – kimdir biri saňa kast etjek bolýar; PENJIRE (AÝNA) – garaşmak: aýna açyk bolsa – arman etmek. HAJATHANA – göwnüňe makul bolmaýan iş; içine ýykylmak – pul almak. DELLEKHANA – onda bolmak – ýitgi, kynçylyk. PARAD – peýdaly iş. PEÇ – gussa, jenjel; peçiň bozulmagy – gowy zatlaryň alamaty, şatlyk. TOÝ – hoşlaşyk. MEÝDAN – ýygnak. ÝERDÖLE – geçmiş. PETIK – duýduryş. ÖLI JAÝLAMAK ADATY – gowy netije; toýuň nyşany, seni jaýlasalar – ömrüň uzak bolýar; ölüleri diri halda görmek – toýa teklip edilmek. HARABA – göwnüň galmak. RESTORAN – öýdäki tertipsizlik. BAZAR – gybat. BAG – seýran etmek – üstünlik, işdäki şatlyklar, gül ýolmak – rahatlyk. SUD – sudda bolmak – maşgaladaky näsazlyk, düýşüň, eýesini sud etseler (aýratyn-da ganhory üçin) – durmuşda belent derejä göterilmek; ýygnakda ýokary dereje. ÇATRYK – işde dörän kynçylyklar; eger ýol görkezijini görseň – hiç - kimden hiç zat sorama. ÝARYŞA GATNAŞMAK – garaşylmadyk üstünlik; ylgamak – näçinji bolup orun alan bolsaň, şol ýeňşiň haçan geljekdigini (ýyllary) bildirýär. MÄREKE – ene, ýurt. ÝODA – täzeçi işdäki özgerişlik; iki sany ýoda – durmuşdaky bölünişik. NAGYM – TUNNEL – onda sermenip ýöremek – agyr demler; aýallar üçin – inženerlerden geljek teklip. KÖÇE – öýüňi gözlemek – ýalňyş ädim; köçeden ýöremek – işleriň öňe ilerlemegi. FABRIK – ýitgi. EHRAM-PIRAMIDA – bolçulyk. METJIT – ybadat etmek – ähli işde ykbalyň gülüp bakmagy; içine girmek –wyždan azaby; görmek – üstünlik. BUTHANA – duýdansyz ölüm. KEPBE – işdäki amatlylyk, ösüş. MEKDEP – ynjalyksyzlyk, içine girmek – igenç. DARA ASMAK – aýallar üçin howp; erkekler üçin – näçe ýokardan assalar, şonça gadar işde üstünlige eýe bolýar, ýokary göterilýär. ÝUBILEÝ – toý-tomaşa. ÝARMARKA – sergezdanlyk. ■ ÝAGTYLYK (Ýagtylyk, Reňk, Ot) AK REŇK – gowulyk, belent derejä göterilmek. MAWY REŇK ÝA-DA ÝAGTYLYK – agyr näsaglyklar. TÜTÜN – jenjel. SARY REŇK – bahyllyk. ÝAŞYL REŇK – umytly bolmak; maddy üstünlikler; pikir-hyýal. GYZYL REŇK – şan-şöhrat; sagdynlyk. ASMANDAKY ÝAGTYLYK ŞÖHLELERI – bagt-ykbal, işiňe biriniň kömek bermegi. ÝYLDYRYM – täsin habarlar; hatarly ýagdaý. GIJE – garaňky gije bolsa – akylly-başly pikirler; açyk, ýagty bolsa – uzak ömür; şowhunly, galmagally bolsa – ýitgi. OT – amala aşmaýan arzuwlar, göwün çökgünlik; şahsy durmuşdaky jenjel; bedeniň ýanmagy – ile gep bolmak; ýanygy duýmak – täze dostlar, tolgundyryjy habarlar - peçdäki ot – baýlyk; ot we tütün – hatarly ýagdaý. PYTRAN OT – dostlar. ÝALYN – güýçli gorky. ÝANGYN – şatlyk, begençlik. ÄLEMGOŞAR – gowy habar; biderek howsala. ÝAGTYLYK – dury ýagty – uly üstünlikler; deňizdäki maýagyň ýagtysyny görmek – arzuw-niýetleriň amala aşmagy. AGŞAM – kynçylyklar, nämälimlik; ýöräp barýan bolsaň – ýitiren zadyň tapylýar; ýagta çyksaň – uly üstünlik. REŇK – dury bolsa – gowy; düýşde reňkleriň durulygy – üstünlikler, utuşlar. GARA REŇK – gaýgy-gam; bagtsyzlyk. ■ UKUDAKY ADAM Kelle (ýüzüň, saçyň, dodaklaryň, dişleriň...) (Beden, boýnuň, göwräň, eliň, aýagyň...) Aýakgap. Geýim we şaý-sepler. Uklap ýatan adam bilen baglanyşykly zatlaryň ählisi düýş görende möhüm ähmiýete eýedir. Munuň üçin biz haýsydyr bir ýol bilen özümiziň kimdigimizi duýmagymyz we nähili geýim, nähili aýakgap geýendigimize düşünmegimiz gerek. Ertekileri gowy görýän adamlar takdyrnamadaky we ertekilerdäki zatlaryň daş görnüşiniň täsin ýagdaýda biri-birine meňzeşligini duýýan bolsalar gerek. Ural ertekilerindäki Mis dagyndaky bikäniň gözýaşlary gymmatbaha daşlara öwrülmänmi? Düýşde görünýän görnüşleriň örän anyk ýa-da gaty täsin bolmagynyň öz möhüm aýratynlygy bar: üýtgeşik gulak, uly burun ýa-da burunyň ýoklugy we ş. m. Belki, N.W.Gogol köne rus takdyrnamasy bilen ganyş bolsa gerek. «Burun» hekaýasynda ýüzündäki esasy bölek bolan burnuny ýitiren Kowalýowyň ýiti tolgunmasyny göz öňüne getiriň. Eger biz Kowalýowyň öz burnuny düýşünde ýitirenligini, indi onuň oýanmazlygynyň mümkindigini oýlanyp görsek bu waka has hem täsin görlerdi. Şonuň üçin hem adamlar «ýorganyňa görä aýak uzat» – diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar, sebäbi düýşdäki egin-eşik adamyň jemgyýetde tutýan ornuny görkezýär, aýaklary, hususan üstünligi aňladýar. Mälim bolşy ýaly, oýalykda hem. adamlary egnindäki geýmine görä garşylaýarlar. Ýöne şu wagta çenli hiç bir takdyrnamada egin, eginler sözleriniň manysy berilmändir. Munuň sebäbi ýyldyzlar äleminde haýsydyr bir mahlugyň ýa-da jandaryň egni bar diýlip görkezilmändir. ■ KELLE GULPAK – girdeji. SAKGAL – ösüp barýanyňy görmek baýlyk (aýaklaryň tüýi hem şonuň ýalydyr). BUÝRA SAKGAL – garyndaşlar bilen jenjelleşmek. SAKGAL GYRKMAK – pul ýa-da adam ýitirmek; biriniň sakgalyny gyrkmak – jenjel, dawa; sakgaly düýbünden syrmak – işleriň gowulaşmagy; şeýle düýşi gyzlar görse-gyssagly nika ýa-da tanyşmak: ärli aýallar görse – dul galmak ýa-da ärini ýitirmek: dul aýal görse – täzeden durmuşa çykmak; göwreli aýal görse – ogul dogurmak; çaga görse – hijran. SAKGALY AÝYRTMAK – aragatnaşygy kesmek, öý enjamlaryndan we öý goşlaryndan, şan-şöhratyndan jyda düşmek; sakgalyny özi alsa – söýgüde mähirli bolmak kararyna gelýär, mele sakgal – mekir dostlar (sary reňk – içigaralyk). GAŞ – peýdaly iş; seýrek gaş – aldanmak; gür gaş – üstünlik. SAÇ – uzyn saç – uzak ýol; ak saç – alada; saçy daramak – durmuşda özgeriş ýa-da nämedir bir zady ýitirmek; saçy örmek – aladalar; gyrkdyrmak – biwepalyk, dönüklik, GÖZ – ýüz bolman, göz täsin üýtgeşiklik bolup görünse – gowulyga tarap ilkinji özgerişlikler; garaşylmadyk ýerden edilen teklip; çaşy göz – eliňe pul düşýär; owadan gäzler – wepalylyk; uly gözler-miras. BAŞ, KELLE –saçy syrylany – bagtsyzlyk; uly we etlek kelle – üstünlik; takyr kelle – tentek, bidöwlet bolmakdan saklanmaly; kelläniň bir özi – hormat. DODAKLAR – dury, joşgunly dodaklar – ýaramazlyk-häsiýet; söýgüli adamyň bilen jenjel, aýralyk, öz aýybyň boýunça aýrylmak; owadan, çyzylan deý dodaklar –özara wepalylyk; ýuka dodaklar – nädogry netijä gelmek. DIŞLER – arassa ak düýşler – üstünlik; salamatlyk; çüýrük dişler – jenjel; dişleri arassalamak ýa-da diş üçin derman almak – garaşdyran myhman; diş sogurmak – janyňdan doýran şahsyýet bilen aragatnaşygy üzmek, emeli dişler – ýalan söýgi; ýaramaz dişler – näsaglyk; diş düşende, esasan hem gan akyp düşse – garyndaşyň ölümi; döwlüp düşen diş – bagtsyzlyk; diş goýmak – peýda. ÖRÜLEN SAÇ – örmek – gep – söz. BUÝRA SAÇ – özgerişler; daramak – yşk höwesi. ÝÜZ – göwresiz ýüz – ýüzüň özi; aýnada öz ýüzüňe seretmek – oý-pikir; ýüzüň uly anyk görünmegi – uzaga çeken oý-pikirler. BURUN – uly burun – ýaranlyk etmek we baýlyk; kiçijik burun – adalatsyzlyk; burnuňy ýitirmek – talak, ölüm; burundan tutmak – söýgüdäki ýeňiş; çişen burun – baýlyk. GULAK – täzelik; ony anyk görmek – tizarada geljek habar; adatdan daşary gulak – üýtgeşik täzelik, habar. ÝAŇAK – gyzyl ýaňak – nähoşluk; solgun ýaňak – sagdynlyk, şahsy durmuşyň gowulaşmagy. ARPA (ITTIRSEK) – (gözde bolsa) – baýlyk. ■ TEN (Boýun-Beden, El, Aýak) BEDEN – oňa aňk bolup seretmek – söýgüden el götermek (aýallar üçin); öz bedenini görmek – ynam, wepadarlyk (erkekler üçin); owadan bedeni görmek – peýda görmek (erkekler üçin). SIŇŇIL – ýaramaz habar; eldäki siňňil – baýlyk; başga adamlardaky siňňil – garaşylmadyk howp. GÖWÜS – aýallaryň göwsi – bagt; hazyna eýe bolmak; göwüs-döş, ýagny ynsan, guş, haýwan bedeniniň bir bölek hökmünde – geljek. KÜÝKI – özünde görseň – uly üstünlik; başga birinde görseň – peýda; nep; küýküni görmek – şatlyk. DERI – ýumşak, mylaýym – arzuwlaryň, esasan hem döredijilik we adaty däl arzuwlaryň amala aşmagy. SÜŇK – ýerde ýatan süňk, adam süňkleri – wraça durmuşa çykmak (aýallar üçin); dawa-jenjel, şyltak, ýaramaz ýagdaý, sergezdanlyk (erkekler üçin). GAN – garaşylmadyk iş; burundan gan gelse – pul ýitirmek. ÇYBAN – içgi, içişlik. AÝAKLAR – üstünlik, ýeňiş; aýagyňy ýitirmek, döwmek – dostuňdan jyda düşmek; işiňdäki nägilelikler. DYRNAKLAR – uzyn dyrnaklar – aldanan umytlar: gysga dyrnak –gyssanmaçlyk. BIŞMEK – bedeniň bişmegi – ýaramaz gepleriň ýaýramagy; eliň bişse – baýlyk; aýagyň bişse – şöhrat. MAMA KESELI – keseli görmek – eliňe pul düşýär; mama çykyşy –garaşylmadyk baýlyk. BARMAKLAR – näzik, owadan barmaklar – söýgüdäki bagt; barmaklar bilen görkezmek – hereket eýesini görkezmek – örän uly özgerişler; artyk barmak – dawa. GÖBEK – öz göbegiňi görmek – durmuşda bir üýtgeşiklik, hereket (göbegiň görnüşi hereketiň adaty ýa-da adaty däldigini görkezýär); başga biriniň göbegi – täze yşk höwesi; göbegiň agramagy – ata-ene ýa-da watan manysyndaky ýitgi. ELIŇI GÖRMEK – takdyryň belgisi; söýgüli adamyň (aýallar üçin); eliňi ýuwmak – aladalardan dynmak; tüýlek el – işdäki we pul işindäki üstünlik; sag el – azatlyk! ÝARA – ganly ýara – är, söýgülisini ýitirmek (aýallar üçin); töhmet (erkekler üçin). EGIN – (göwräniň bir bölegi) – garrylyk (egne laýyklykda garrylyk bolýar); aýallaryň açyk egni – pul ýitirmegiňiz mümkin; egne kakmak – ýitirmek. DABAN – açyk daban – täze yşk söwdasy; täsinräk görünse – täze duşuşyk; dabany ýuwmak – aladalardan dynmak; - öz dabanyňa seretmek – garaýşyňy ýitirmek, başga biriniň dabanyna seretmek – pul ýitirmek; giň daban – bagtsyzlyk. BOÝUN – görmek – hormat, häkimiýet, miras. ■ AÝAKGAP KÖWÜŞ – geýmek – arzuw edilen ýol; Köwşüňi ýitirmek – aýralyk, aýrylyşmak; bar taýyny ýitirmek – jenjel; satyn almak – işleriň gowulaşmagy, täze tanyşlyk ýa-da işdäki möhüm özgerişler – başga menzilde; köwüş düzetmek – hezillik; täze köwüş - garaşylmadyk netije, hormat we peýda getirýän amatly iş; suw geçirýän köwüş –biwepalyk; täze ýalpyldap duran köwüş – pul işleri, umuman işiň oň bolmagy; aýagy gysmagy – maşgaladaky ýa-da şahsy durmuşdaky agzalalyk näsaglyk. AÝAKGABYŇ ÖKJESI – täzesi – täze pişe; ökjesi gopup gaçsa – bagtyň çalt gelmegi; ökje bir zada çümse – arzuwlaryň amala aşmazlygy. GALOŞ – galoş geýmek-ätiýaçlylyk; satyn almak nägilelik. ÇOKAÝ – kemmagallyk. JORAP – ýol, syýahat. AÝAKGAP – täze jaý; AÝAKGABYŇ AŞAGY – deşilse – aragatnaşygyň kesilmegi. ÄDIK – gowy tikilen ädik – wepaly kömekçiler; täze ädik – işdäki üstünlik. ■ GEÝIM WE ŞAÝ–SEPLER SAÇBAG – gysga wagtlaýyn kynçylyk. BILEZIK – duzak; goşardaky bilezik – jenjelli waka; bilezik almak – gizlin söýgi. JALBAR – girdeji. MONJUK – gaýgy-gam. JYGA – nika (aýallar üçin) ÇEMEN (wenok) – daş töweregindäkileriň mähri. TUTY – syr: gyzlar üçin – nika. DUR – gözýaş. ÝAMA – haýynlyk. ÝAKUT – şatlyk. ÝÜZÜK – göwün bermek; aragatnaşyk saklamak: ýüzügi ýitirmek – aýralyk, ýalňyzlyk. TÄÇ – kelle täç geýilse – akylsyzlyk, birinde görülse – az-kem üstünlik. KOSTÝUM – erkekleriň kostýumy – pul ýitirmek. SÜTÜKLI DERI, BAGANA – töhmet. ÝALAŇAÇ BOLMAK – dert, bagtsyzlyk, nägilelik; ýalaňaç erkek – wehim (aýallar üçin). ýalaňaç aýal – näsaglyk. TÄZE GEÝIM – ele salynjak olja. MERJEN – nägilelik. KÖÝNEK – geýmek – tanyşlaryň arasyndaky üstünlik, hormat; satyn almak –içigaralyk. PALTO – ele salynjak olja. ELLIK – gorag, üstünligiň gelmegi, elligi ýitirmek – jaýyň ýa-da güýmenjäň üýtgemegi. PLAŞ – Miras. KÖÝNEKDÄKI TEGMILt – wyždanyň päk dälligi. KÖÝNEK (erkekleriňki) – üstünlik, kir köýnek – kem bagallyk, jenjel. GULAKHALKA – sowgat; biriniň syryny bilme. DON – (deriden tikilen don) – sowgat. HALAT – dert, näsaglyk. ÝAGLYK (ulusy) – ýeter-ýetmezlik. TELPEK – myhmançylyga edilen teklip. ŞARF – söhbet. ŞLÝAPA – täzesi – girdeji; könesi – pully teklip. DON (sütükdi deriden) – uly jenjel. ÝUBKA GEÝMEK – söýgüli adamyň bilen duşuşmak; ýubkadaky tegmil – özara gatnaşyklaryň ýaramazlygy; täze ýubka unudylmajak geçmiş. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |