20:48 Takdyrnama: Düýşler nähili ýorulýar? | |
DÜÝŞLER NÄHILI ÝORULÝAR?
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Düýşleriň ýorgudyny tapmak üçin, ilki olary saýlap almak gerek. eger düýşüňiz öçügsi ýa-da kinolardaky ýaly düşnüksiz görnüşlerden ybarat bolup, size degişli ýeri bolmasa, beýle düýşlerden peýda ýok. görlen düýş doly bolmasa-da onuň bir bölegi ýatda galmaly, haýsy-da bolsa bir hereketi hakyda ornaşmalydyr. Birinjiden, siz özüňizi haýran galdyran, ünsüňizi çeken, gorkuzan ýa-da şatlandyran düýşleri ýormaga çalyşmaly. Düýşüň ýorgudyny bilmek üçin nähilidir bir ussatlyk gerek. Meselem haýsydyr bir emeldar öz edarasynda onuň gol astynda işleýän işgärlerini düýşünde gördi, hemmesi edil bolmalysy ýaly. Ýöne şu dünýäde täsinräk, derrew atlamak kyn düşýän, emma düýşde sizi haýran galdyran ünsüňizi çeken ýeri hem bolýar, kelebiň ujy ine şu ýerden çözlenip başlanmaly. Şu ýatlanyp geçilen alamatlaryň birden-biri düýşde duş gelmese, beýle düýşi ýorjak bolmagyň hajat ýok. Onuň takdyra hiç-hili dahyly bolmaýar. Pal atýan wagtyňda (ökde palçylar hem muny tassyklaýar) güýçli duýgular bilen baglanyşykly wakalar köpräk palda görünýär, näsaglyk, dogulmak, betbagtlyk, ýagny adamy aňk edýän» geň galdyrýan wakalar. Beýle meňzeşlik tötänden bolmasa gerek. Dogry, düýşler her hili bolup biler: gündelik maýda-çüýdeler biden birlikde döwletiň üstüne abanýan howp hem bolmagy mümkin. Soňky düýşlere pygamberlik düýşleri diýip aýdylýar. Gös-göni oňuna bolýan düýşler hem bolýar. Köp adamlar gören düýşüni ýatda saklap bilmeýändikleri üçin, ähli adam düýş görmeýär diýip hasaplaýarlar. Aslynda bolsa hemmeler düýş görýärler. Oýananymyzdan soň hem olary unudýarys. Geň ýeri, biz düýşümizi ýorup başlasak, olaryň göwrümi ulalyp, mazmuny özgerýär. Düýşdäki wakalara reňkler, sesler, ys we hatda tagam bilmek düýşde gaty seýrek duş gelýär. Bu ýagdaý örän uly, durmuşy çözgütleriň jemlemesidir. Beýleki düýşleriň arasyndan çözgüdüni bilmeli düýşi saýlap alyp, onuň iň möhüm alamatlaryna takdyrnamadaky şoňa meňzeş alamatlary goşup soňra düýşi ýormaga başlamaly. Her bir döredijilikli işleri ýaly bu ýerde hem belli kada ýok, diňe usul tejribe gerek. Meselem, düýş hakynda pikirlenmek, pikir diýen düşünjeden gaçmak gerek. sebäbi pikiriň mazmuny başga hili bolup, olar özüniň mazmuny boýunça sungata boýun egýär, olar durmuş hakykatyndan düýşde tapawutlanýarlar. Düýşde ýeňmek üçin kömek gerek. Kömek gerek ýaş ata kakasyny ýa-da öz çagalaryny kömege çagyrmaly. Uly adam bolsa, tersine, özüniň uly ýaşly çagasypat garry atasyny kömege çagyrýar. Kitabyň soňky babynda düýşde adam özüni tersine imanly alyp barmalydygyny, düýşünde zat alyp özüniň baý bolşy barada gürrüň bereris. Häzir bolsa düýşüň ýorgudyna dolanyp geleliň, pikirlerimizi mysallaryň üsti bilen düşündirsek, has gowy bolar. Kyrk ýaşan aýal toýdaky ýagdaýy düýşünde görýär. Bals sazy çalynýar. Aýalyň ýanyna biri gelip, ony tansa çagyrýar. Olar tans edýärler. Bu adam aýalyň birinji ärine meňzeýär. Aýal tans edip pyrlanýan wagtynda, tans edýänleriň ýokarsynda edil reklama suratlaryndaky ýaly, ýüzüniň ýüz keşbini görýär. Ýüzi öz ýüzüne meňzeýär, dodaklary bolsa başga hili, örän dury, duýgur, edil reklama plakatlaryndaky ýaly reňklenen. Göýä bu dodaklar onuň dodaklaryna meňzemeýän ýaly. Emma dodaklaryň durudygyna, terlenip durşuna haýran galsa hem, ol göwnüne ýaraýar. Aýal bu bolşa pikirlenýärkä, birden dodaklaryň arasyndan togalak şar ýaly ot çykýar we ýüzüni ýakýar. Şu ýerde düýş özgerdi. Aýal ýene-de şol toýy görüp başlaýar. Ol kimdir biri bilen tans edýär, hemmeleriň depesinde öňki dury dodaklary bilen özüniň ýüzüni görýär. Dodaklaryň arasyndan ot çykyp, ýaňadan ýüzüni ýakýar. Şunuň bilen hem düýş tamamlanýar. Bu düýşüň aýratynlygy: ukudaky adam, toý, toýa barmak, adamlaryň köplügi, ýüz, dury dodaklar, ot, (düýşi gürrüň beren aýalyň aýdyşy ýaly, ýalyn däl-de ot), ýanyp duran ýüz we düýşüň gaýtalanmagy. Takdyrnama seredip, şeýle netijä gelýäris: şahsy işler, şahsy durmuş, (düýşi edil kino gören ýaly dahylsyz görmän, ýüzüňizi açyk-aýdyň görersiňiz) näsaglyk, ýaramaz iş, gep-söz» töhmet ýa-da durmuşa çykmagy teklip etmek (tans etmek) dury-duýgur dodaklar, (özüniň şahsy pikiri sebäpli aýrylmak) ot-jenjel, amala aşmaýan arzuwlar we göwün galmak, düýşüň gaýtalanmagy – durmuşda zadyň ýaňadan gaýtalanmagydyr. Indi şulardan bir dogry netije çykarýarys. Öz ýüzüni ýokarda görmek – bu geçmiş hakynda pikir ýöretmek. Tans etmek – durmuşa çykmak. Bu aýal iki gezek durmuşa çykyp, olaryň ikisi hem şowsuz bolupdyr, iki gezeginde-de aýrylyşypdyr. Iki nika sebäpli köp gep-täze, töhmete sezewar bolupdyr. Esasan hem ilkinji nikasynda şol aýal näsaglyk ýa-da başga bir agyr ýagdaý sebäpli durmuş gurupdyr. Aýrylmaga bolsa bu aýalyň ýeňilkelleligi sebäp bolupdyr! Iki nika hem jenjel we göwün galmaklyk bilen tamamlanypdyr. Iki nikasynda-da bu aýal özüni hak diýip hasaplapdyr (dodaklarynyň öz göwnüne ýaranlygy). Indi bu aýal özüniň täzeden durmuş gurmak hakyndaky arzuwlarynyň amala aşmajagyny bilýär. Emma şol amala aşmaz diýen şahsy arzuwy amala aşdy. Bu düýş öz gezeginde hem geçmiş hem-de gelejek hakdaky pikirlerden ybarat, ýagny umydyň dogluşy. Pikirlenmäge mejbur edýän düýş adatça gelejegi görkezmeýär. Belki, näme makul we mümkin bolan närseleri görkezýär. Bu köşeşdiriji düýşdür. Indi başga bir aýalyň düýşüni ýoralyň. Bu aýal düýşünde dagda gezip ýörmüşin, Daş-töwerek ümür bilen örtülen. Birdenkä ümüriň arasyndan oňa bakan bir guş uçup gelýär. Bu guşuň öz ýanyna gelýänini ol bilipdir. Emma bu beýleki tanyş guşlara meňzemeýär. Guşuň gözleri janly, ol ynsanyň gözlerine meňzeýär. Kükregi ak, ganatlary dürli öwüsýär. Umuman, bu başga ýurtdan gelen humaý guşa çalymdaş. Guş uklap ýatan aýalyň ýanyndan geçip barýarka, ganatlaryny ýaýyp goýberýär. Onuň guýrugy edil hytaý ýelpewajy ýaly açylmaga başlaýar. Birbada aýal bu guýrugyň nähilidigini görmäge ýetişmeýär. Gowy synlap, onuň aşa owadandygyny, aýdyňlygyňy, edil ähli ýerine gymmatbaha daşlar sepilen ýaly lowurdaýanlygyny görýär, ýöne daşlar hakyky däl ýaly. Guş guýrugyny güjeňläp uçup gidýär. Indi düýşe degişli aýratyn belgileri gözden geçireliň. Düýşde: dag, duman, beýlekilere meňzemeýän owadan nämälim guş, guýrugy gymmatbaha daşlar bilen bezelen, örän owadan, şol guşuň uçup gitmegi. Takdyrnama: dag – adada, ony görmek kynçylyklary aňladýar. Duman – nämälim ýagdaý. Guş – myhman, guýruk – dowamlylykdan nyşan. Düýşi şeýle ýormagy teklip edýäris: Düýş görýän aýal gaty kynçylykly, ýagdaýda galypdyr we biçak tolgunypdyr (beýik daglar wehimliligiň nyşany). Onuň durmuşynyň gelejegi anyk däl (duman). Şol wagt onuň huzuryna kimdir biri gelýär. Guşuň nämedir bir zatdan habar bermegi hem mümkin, ýöne düýşde onuň gözleri janly, adamyň gözüne meňzeýär diýip takyklanýar. Şol adam myhman bolup, ol daş-töwerekdäkilerden tapawutlanýar. Ol çet ýurtdan gelen adaty däl myhman (tutuş başga ýerden gelmegi). Beýleki bir tarapdan bolsa, bu humaý guş takdyr, takdyryň üýtgemegi. Bagt bolmagy ähtimal. Şol myhman bagt getirýär. Durmuşdaky soňky özgerişler şoňa bagly. Bu özgerişikler ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçýär (aýal guşuň guýrugyny derrew görmändir). Guýruk – dowamlylyk. Bu dowamlylyk özüni näçe wagtlap ýüze çykarýar. Bu ýagdaý köp dowam edýär, ýagny guýruk ýuwaş-ýuwaşdan ulalypdyr. Durmuşdaky özgerişler – bu guýrugyň dürli hili öwşün atmagydyr. Netijede, bu özgerişler iň iň gizlin arzuwlaryň amala aşmagydyr (gözellik gizlin arzuwlaryň hasyl bolmagyny aňladýar). Gymmatbaha daşlar, göwherler aýal üçin iň elýetmez arzuw, onuň durmuşa çykjakdygyny aňladýar. Ýöne bu daşlar hakyky däl, olar guýrukda edil surat ýaly bolup görnüpdir. Şol sebäpli hakyky durmuş gurmak bolmaýar, belki, ýakyn aragatnaşyk saklanýar. Şol aýal biraz wagtdan soň hut şol özgerişlikleri gördi. Onuň ýanyna çet ýurtdan tötänden bir adam geldi, ol gidensoň aýalyň durmuşynda özgerişlikler bolup, ol uzak wagtlap ýakymly ýatlamalar galdyrypdyr. Ine şu gowy düýşde ajaýyp gudrata eýe bolan öňdengörüjilik bar. Enäniň ogly hakyndaky düýşi. Enäniň göwnüne ogly öýüne gelýän ýaly bolup duýulýar. Ol oglunyň öňünden çykmak üçin ylgaýar, şonda birdenkä olaryň arasyna kimdir biri gök tuty tutýar. Şobada gök tutynyň ornunda ýaşyl tokaý peýda bolýar. Perzent enesine tarap gelýärdi, ene muny görüp dur. Bu enäniň isleg-arzuwy, sebäbi ol oglunyň ýanynda ýaşamagyny isleýär. Düýşüň dowamy mälim. Ýaşyl tuty (perde) böwet, ol iki tarapyň arasyna böwet. Böwet galyň däl, ýaşyl reňk – umyt. Ýöne umydyň puç boljagy görnüp dur. Uly tokaýlyk – bu oglunyň giden uzak ýurduny aňladýar. Ýat ýer olaryň arasyny ep-esli uzaklaşdyrypdyr. Gaty kän düýşler we olaryň ýorgudy hakynda gürrüň etmek mümkin. Ýöne biziň maksadymyz düýşler toplumy hakynda kitap ýazmak däl-de, düýşleriň ýorgudyny öwrenmek. Şonuň üçin hem ýene bir düýş hakynda gürrüň edip, şonuň bilen gürrüňimizi soňlaýarys. Elli ýaşlaryndaky erkek adamyň düýşi. Ol derýanyň kenarynda dur. Bu derýa orta kadaly derýa, suwy ýuwaşjadan akýar, dury, derýanyň suwy az-kem görnüp dur. Ýöne kenarda daşlar bar, uly daşlar togalanyşyp ýatyr. Töwerek daşlyk. Onuň üstesine bu adam daş diwara surat çekmäge hyýallanýar. Gün tutugsyrak. Asman ap-ak. Ol adam suwdan tolkunlaryň nämedir bir zady akdyryp gelýänini görýär, ýakynlaşanda onuň it ekenligini bilýär. Ol it kenara çykyp, daşyň üstünde ýatýar. Ýaňky adam itiň arkasyny sypalaýar, itiň gözleri ajaýyp, sap-sary we örän täsinmiş. Adam surat çekmäge başlaýar, ony tamamlamak isleýär. Suratda örän näzik çüýşe gaplar şekillenipdir, olara güller salnypdyr. Reňkli güller. Adam gyssanman, howlukman surat çekýär. Bu düýşüň alamatlary nähili? Derýa, derýanyň kenary, adam derýanyň kenarynda dur. Daş-töwerek daşlyk. Suw iti alyp gelýär, onuň gözleri täsin. It bilen dostlaşmak, suraty tamamlamak: Takdyrnama seredenimizde: derýa ýoly aňladýar, takdyr (durmuş derýasy) derýanyň kenary göz öňünde tutulan maksada ýetmek, suwuň iti akdyryp gelmegi garaşylmadyk ýerden gelmek, it – dost. It kenardaky daşlaryň üstünde ýatýar. Daşlaryň manysy gorky, olaryň üstünde durmak ýa-da olary döwmek kynçylyk. Täsin gözler ýagşylyga tarap özgerişlik, surat – ähmiýetsiz işden gelýän garaşylmadyk uly girdeji, aýna – gorky, güller – hezillik... Indi düýşi ýoralyň. Uklap ýatan adam nähilidir bir uzak sapara taýýarlanýar, bu saparda ol takdyryň beren maksadyna ýetmeli. Ýagyş, bulut bolmasa hem gün tutugsyrak görünýär. Ol adamyň ýüreginde şatlyk ýok. Daşly kenarda bolany üçin, ol her hili gapma-garşylygyň netijesinde maksadyna ýetip bilmezlikden gorkýar uly we kiçi daşlaryň köplügi). Şoňa seretmezden ol adam barmaly ýerine barýar we oňa dosty (it-dost) kömege gelip, ol adamy kynçylyklardan goraýar. (It daşyň üstünde ýatýar.) Soňra örän möhüm gowy özgerişlikler bolup geçýär. (itiň üýtgeşik seretmegi.) Hakykatdan-da ähli zat sapardan öň başlanypdyr. Bu işi çaltrak tamamlamak suraty çekip gutarmak gerek, iň möhümi şu gyssanmaçlyk ukudaky adamy birahatlandyrýar, ýöne bu duýgy güýçli däl. Uzak dowam etmeýär. Işiň şeýle barşy ukudaky adamy rahatdandyrýar (gül). Indi iň esasy, ýagny görlen düýşüň baş alamatlaryny Takdyrnamadaky manysy bilen deňeşdirenimizde, näme ýüze çykýar? Munuň jogaby ýekedir. Düýş ýormany edil toplanan materiallar ýa-da ýazuwlardan hekaýanyň sýužetiň döreýşi ýaly, ýa-da faktlaryň we gözegçilikleriň netijesinde oýlanýan alymyň beýnisinde dörän ýiti, anyk teoriýa ýaly ýagdaý ýüze çykmaly. Ine bu bolsa döredijilikdir. Şonuň üçin düýşleri ýormak sungat bolup, onda elbetde döredijilik gerekdir. Meşhur himik Kekule uzak, kynçylykly tejribelerden soň benzolyň formulasyny düýşünde görüpdir. Tartiwi öz döreden iň gowy sonatasyny düýşünde döwüň çalmagynda diňläpdir. Her bir adam düýşleri ýorup bilýär, sebäbi hemme adamda döredijilik ukyby bardyr. Ähli adamlar döredijilerdir. Biz Allanyň yradasy bilen ýaradylypdyrys, bu Mukaddes kitaplardan bilýäris. Gysga wagtda düýşleri ýormagy öwrenmek mümkin. Günlerde bir gün öz düýşüňizi ýormak nesip etse, siziň öňüňizde köp zatlar aýdyňlaşar. Uly döredijilik däl-de kiçi döredijiligem söz bilen beýan ederden kyndyr. Ony diňe özüň aňmak we özüň üçin oýlap tapmak mümkin. Gören düýşleriňizi ýatlap, ýokarky kadalar esasynda ol düýş dogrusynda pikir ýöretseňiz, düýşleriň ýorgudy aňsatla şar we soňky durmuşyňyza hem onuň ýardamy deger. Görlen düýşleriň mysalynda ilkinji düýşi ýormak aňsatdyr. Soňra iş ýeňilleşýär, synanyşyp görüň. Düýş göremok ýa-da düýşi seýrek görýärin diýip tassyklaýan adamlaryň hemmesi öz geren düýşüni ýadynda saklap bilmeýän adamlardyr. Düýşi hemmeler görýärler, düýşleri ýorup bolamyzsoň siz hem köp düýş görersiňiz. Adamlaryň gylyk häsiýetiniň durmuşynyň biri-birinden tapawutlanyşy ýaly, olaryň gören düýşleri-de biri-birinden tapawutlanýar. Eger iki sany adamyň gören düýşüni kitaba ýazsak, onda şol kitaplar biri-birine meňzemezdi. Düýşleri ýormagy öwrenseňiz, siz takdyrnamadaky ýazylanlar barada öz hususy pikiriňiziň dörändigini, takdyrnamadaky käbir zatlaryň özgerýändigini görersiňiz. Meselem, daş – ar almak, kynçylyk, böwet (şu ýorgutnama serediň) başga bir adam üçin bu daşlar ykbaldaky agyr kynçylykly üstünliklerdir. Sebäbi adamyň gelejegini kestitleýän daş götermek (agyrlyklar – durmuş kynçylyklary) bar bolup, ýaňky adam daşy elinde göterip, soňra ony çep eline alýar we edil ýaryşdaky ýaly ony öňe atýar. Şonda sag elimiz bilen zyňlan daş (el – takdyr, sag el – emeli Takdyr) kynçylykdan, azapdan işiň netijesine öwrülýär. Kän wagt geçmänkä siziň takdyrnamaňyz gowy düzülen saz guralyna meňzär özüňiziň şahsy düýşüňizi ýormaga ýardam eder. Adatça; ähli takdyrnamalar (hytaýlaryňky muňa degişli däl) elipbiý tertibinde düzülen. Bu takdyrnamanyň düzülişi biraz üýtgeşik. Bu kitapda hytaý takdyrnamalaryndaky ýaly ýorgutlar mazmuny boýunça birnäçe bölüme bölündi. Bu bölümlerde jaý biziň özümiz duýgy organlary, egin-eşikler we ş. m. alyndy. Bu bolsa takdyrnamadan peýdalanmany ýeňilleşdirýär. Siz düýşleri (özüňiziň we başgalaryň düýşüni) ýorup başlaňyzdan soň düýşleriň sany artyp olaryň mazmuny özgerer. Aşakdaky bölümde adam düýş görýän wagtynda özüni nähili alyp barmalydygyny öwretmek isleýäris, sebäbi onuň möhüm ähmiýeti bar. Meselem, biz düýşümizde nämedir bir zady bilip, ony ele alyp bilsek, oýalygymyzda birden-ä baý bolup gidäýmegimiz ahmaldyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |