21:17 Düýş geografiýasy / dowamy | |
■ DÜÝŞDÄKI JANLY MAHLUKLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Düýşe girýän janly mahluklar durmuşymyzdaky süýji, tolgunmak ýaly zatlary açyp görkezýär. Meselem wagşy haýwanlar – duşman hem-de duşmanlyk belgisi. haýwanat bagyndaky haýwanlar her hili duýguny bildirýär. Alaka – hatar, aw-awlap ýören bolsa howatyrlanmak Ogrular – yhlasyň gaýtmagy. Umuman diri mahluklar ylaýta-da haýwanat älemine mahsus bolan mahluklar biziň töwerege we beýleki adamlara bolan garaýşymyzy açyp görkezýär. Olar duýgy bilen düýşe girseler, onda göniden-göni many bildirýän alamatlara-da eýe bolýarlar – it – dost; pişik – duşman ýa-da gizlin garşydaş (görnüşine laýyklykda). Elbetde, käbir mahluklar düýşümizde hut öz keşbinde, meselem perişde ýa-da şeýtan öz keşbinde huzurymyza gelmegi mümkin. Bular Karl Ýunguň pikirine göre halk ertekileriniň jemi obrazy bolup, alym olary ar hetip diýip atlandyrýar. Köpçülikleýin aň we akyl güýji bilen peýda bolan bu obrazlaryň kuwwaty şeýleki güýçli, hatda olaryň näsaglary bejermekligi hem mümkin. Olar şeýtanyň beýik Tartinä ajaýyp mukam sowgat edişi ýaly, adama her hili zatlary sowgat etmegi mümkin. Bu täsin mahluklar size şygyr setirlerini ýa-da akyldarlaryň pikirlerini aýtmagy mümkin. Diýmek siz olary düýşüňizde görseňiz, sowgat talap etmeklige çalşys. Eger sizden nähili sowgat gerekdigi soralsa çekinip durmaň-da «näme berseňiz beriberiň» diýiň. Sebäbi biz özümiziň nähili islegimiziň bardygyny birbada bilmeýäris. Şonuň üçin olaryň özüne ynanmagymyz gerek. Bir adamdan düýşünde «näme isleýäň?» diýip sorapdyrlar. «Maňa ogul gerek» diýip, ukudaky adam jogap beripdir. Şonda ondan «Özüň bagtlymyň?» diýip sorapdyrlar. Şol pursatda ol özüne gerek zady soramandygyny duýupdyr. ■ HAÝWANLAR GOÝUN – üstünlik; süsýäni – gorky. ÖKÜZ – näsaglyk; gussa; yzyňdan kowalasa – mirasa eýe bolmak. DÜÝE – nähoşluk, BÖRI – duşman. KIRPI – nägilelik. TOWŞAN – hatarly iş; awlamak – ynjalyksyzlyk; iýmek – näsaglyk; ylgap barýany – takdyryň ýüz öwürmegi; öňünden duýdurmagy. HAÝWANLAR – haýwanat bagynda – tolgunmak; wagşy haýwanlar – duşmanlar; anyk görmek – bagtsyz hadysa; kapasadan çykyp gaçsa – maşgaladaky oňşuksyzlyk, yzarlamak – ýaramaz gepiň ýaýramagy. SYGYR – alada; sygyr kowalasa – garaşylmadyk miras; meýdanda uzakda duran sygyr – ýagşylyk alamaty. PIŞIK ÇAGALARY – garaşylmadyk näsazlyklar, jenjel. PIŞIK – gözýaş, biwepalyk; gara pişik – açyk duşman; ak pişik – mekir dost. KROKODIL – baý giýew. ALAKA – gam, gözýaş, hatar, ŞIR – baýlyk. AT – takdyr, umyt; ak at – şikaýat, haýsydyr bir işiň, toýuň amala aşyşy (aýallar üçin); atdan düşmek – abraýdan düşmek. ÝARGANAT – ölüm; jaýyň içinde uçanyny görseň – duýdansyz göçmek. AÝY – dostluk, giýew. SYÇAN – gizlin duşman, garşydaş. EŞEK – masgaralaýjy täzelik. GAPLAŇ – ýowuz duşman aldawçy. JOJUK – ynjalyksyzlyk. DOŇUZ – üstünlik, baýlyk; köp doňuz – ýaramaz ýagdaý. PIL – durmuşda ornuň gowulanşy. IT – dost, üýrse – ýeňişden nyşan; üstüňe topulsa – dostuň arkaňy tutýar, goraýar; özara uruşsa – jenjel; uly it – uly ýa-da ýokary wezipeli dost. SÜRI – baýlyk. GÜJÜJEK – sowgat. ■ ADAMLAR NEGR – şatlyk (umuman, her bir ýat ülkäniň adamyny görseň gowulyk). TUSSAG – janyňdan doýurýan nägilelik. ARTIST – garaşylmadyk ýagdaý (durmuşda ýa-da saglyk ýagdaýynda). DUL – dul galmak – täze şatlyk; ýaş dul aýal görmek – garaşylmadyk üstünlik; garry bigörk dul aýaly görseň » garyndaşlardan göwne degiji, habar eşitmek. HARBY HYZMATKÄR – ýiti alada; ofiser – zorluk, mejbur etmek; general –arkadag. OGRY – oýnaş (aýallar üçin); ogry öýünde bolsa – allaw; ogry yzarlasaň – maşgalada dawa-jenjel; köp ogry – yhlasyň gaýtmagy. MYHMANLAR – jenjel. TALAŇÇYLAR – olar talasa – haýsydyr bir işe gatnaşmaga teklip. AÝAL – bezemen aýal – gep-söz we garaşylmadyk gybatlar. GYZ – ýagşylyk, baýlyk; tans edýän gyz – söýgi; posa almak – garaşylmadyk şatlyk. ÇAGALAR – posa alsaňyz – arkaýynlyk. BÄBEJIK – haýran galmak; emzikli çaga – abadanlyk; owadan çaga – şatlyk; ýalaňaç ýa-da bigörk kir-kimir çaga – çekişme, garaşylmadyk aladalar. DOST– köpden bäri duşmadyk dost – kimdir biri düýş görýän adamyň öňki hyzmatlaryny ýatlaýar; dostuň ölse – öýlenmek; ony näsag halda görmek – ýaramaz habarlar; şadyýan halda görmek – hoş habarlar. ÝANÝOLDAŞ (AÝAL) – onuň bilen uruşsaň – ysnyşýarsyň; jenjelleşseň – är-aýalyň biri keselleýär. AÝAL – gara saçlysy – gybat; kempir – bulagaýlyk, agzalalyk; aýallara aňk bolup seretmek – dostlar tarapyndan aldanmak; bigäne aýaly ogşamak – eliňe pul girýär; ýalaňaç aýal – dert-alada, bigörk aýal – jenjel, alada. ÝER GAZÝAN – seniň ölümiňi isleýänleriň barlygy. TENTEK – bagt. KIÇIJIK ADAM – işdäki kemçilik. HYZMATKÄR – bagtsyzlyk. ADAMLAR – ýalaňaç adamlar – ýalan gybat. JESET – howanyň özgermegi; onuň bilen gepleşmek – göwnüň asuda bolmagy; onuň ölenligini bilseň – örän geň waka. ENE – nämedir bir zady öňünden duýmak. MILISIONER – tussag etmek – garaşylmadyk teklip; onuň gelmegi – maşgalada biriniň sagalmagy. ÝAŞ ÇAGA – gaty geň galmak; ýalaňaç çaga – garaşylmadyk aladalar. ERKEK – hezil etmek (aýal üçin). ÄR – aýaly bilen uruşsa – ysnyşýar; sögüşse – är-aýalyň biri näsaglaýar. GELINLIK – garaşmak. DILEGÇI – maşgaladaky rahatlyk. PEÇ USSASY – ýaramaz habar. TAŞLANAN ÇAGA – bagt. MERHUM – ýagyş ýagýar; howa özgerýär, tabytdan daşarda bolsa – myhman gelýär. POÇTALON – hat almak – gyssanmazlygy duýdurýan çagyryş; eliňe hat berse – syryň açylmagy. PREZIDENT – onuň bilen gepleşmek – yhlasyň bütinleý gaýtmagy; prezident bolmak – bagtsyzlyk. GARŞYDAŞ – ýoluňa böwet bolsa – işiň çalt amala aşmagy. GARAKÇYLAR – garyndaşlar bilen jenjelleşmek. GARYNDAŞLAR – uzaklaşmak. RUHANY – abadançylyk – habar. KÖR – özüniň kör bolanyny ýa-da köri idip ýörenini görse – aldanmak; gözüniň agyny görse ýa-da eli bilen görkezse – ölüm. ŞÄRIK – işe gatnaşdyrsa – ýok etmek ýitirmek. OGUL – ölse – şatlykly hadysa. GARRYLAR – garyndaşlar. KEMPIR – şatlyk. KÖPÇÜLIK – hijran. ÇOLAK – ony görmek – bagt, miras, ýaş söýüşýänler üçin – şübhelenmek. MUGALLYM – täze tanyşlar. PATYŞA – melike – (korol we onuň aýaly), – resmi ýagdaýda görmek – bagt; dostlukly oturyşmak – amala aşmaýan arzuwlar. ZERGÄR – alada. ■ JANDARLAR KEBELEK–hojalyga degişli zatlar; güneşli günde uçsa – şatlyk alamaty. BÜRELER – ony görmek – eliňe pul gelýär; olary tutmak – nägilelik, ýaramaz habarlar; çaksa we ynjalyksyzlandyrsa – betbagtlyk. BIT – eliňe pul düşýär; biriniň egninde görseň – işiň oň bolýar; özüňde görseň (bir ýa-da iki sany)– işiň çatak. TOMZAK – şatlyk. TAGTA BITI – eliňe pul düşýär. GÜÝE – (jaýda) – maşgaladaky nägilelikler. ÇYBYN – çybyny öldürseň – bagtlylygyň alamaty. MAÝDA ÇYBYN – bagtsyzlyk. GARYNJA – dokçulyk. ÇIRKEÝ – ýeke bolsa gaýgy; köp bolsa – dostlar. MÖÝ – tamamlanan iş, dost. MÖÝÜŇ KEREBI – dawa – jenjel, duzak. BAL ARYLAR – üstünlik. SAÇAKÇY – baý myhman. ■ SÜÝRENIJILER ÝERDE, SUWDA ÝAŞAÝJYLAR WE BAŞGALAR GURY ÝER GURBAGASY (GURLAWUK) – ýowuz adam; köp bolsa – dert. ÝYLAN – mekirlik, dönüklik; süýrenip ýakynlaşsa – dert, keselçilik. GURBAGA – (ýoldan böküp geçip barýany) – içaly, syr alyjy. LEŇŇEÇ – bagtly sapar. KEPJEBAŞ – howply duşman. ÝAGYŞ GURÇUGY – duýdansyz bolýan ölüm; maýsanyň üstünden geçip barýany – dostlaryň ýowuzlygy. HAŽŽYK – ýakymsyz adam. ■ GUŞLAR GARGA – görmek – ýitgi, bagtsyzlyk; gagyldasa – ýaramaz habar; köp uçsa – kimdir birini jaýlamak; GAZLAR – gazy görmek – peýda; satmak – zyýan; ýelegini ýolmak – yhlasyň synmagy; soýmak – uly, miras; gowurmak – kimdir biriniň gelmegi. HINDI TOWUGY – yzygider bagt gelmegi; iýmek – yhlasyň synmagy. IKATÝOK – maşgalada we şahsy durmuşdaky bagtsyzlyk. TOWUK – garaşylmadyk myhman; köp towuk – myhmanlar, pul. GANATLAR – ganaty görmek – gowulyk. GUW – uçup barýany – aýralyk. BÜRGÜT – görmek – işdäki üstünlikler. HORAZ – dönüklik, habarçy. TOTY – uçup barýan toty – uzakdan gelýän habar; kapasadaky toty – ýalan töhmet. GUŞ – myhman ýa-da habar (guşuň görnüşi we häsiýetine baglylykda), guşy öldürmek ýa-da ýaralamak – uly bagtsyzlyk; guşuň guýrugy – netije. SAR – uly sowgat. ÖRDEK – ýalan habar. HÜWI – ýangyn. GYRGY – hilegär adam. ■ BALYKLAR ZAGARA BALYK – dert. BALYK – jansyzyny eliňe alsaň – dert, iýmek – alada, asudalygy ýitirmek; suwda janly balygy görmek – işdäki üstünlik, umyt; diri balygy tutmak – uly üstünlik; eger biriniň balyk tutanyny görseň – perzent dogulmagy; balyk tutmak – baý giýew (aýallar üçin); çüýräp barýan jansyz balyk – garaşylmadyk baýlyk, garaşylmadyk uly girdeji. ■ ZATLAR (Belgiler, Harplar, Sanlar, Dürli zatlar) ABAJUR – nägilelik, içýakgynçlyk. ALMAZ – garaşylmadyk şatlyk; almaz dakynmak – aýrylmak. ALBOM – täze tanyşlyk. ASSIGNASIÝA (AKKREDITIW) – täzelikler. ATLAZ (MATA) – satyn almak – peýda; satmak – ýitgi. AFIŞA – ýalan habarlar; reňkli afişa – gülki; gara afişa – hesret. ÝÜK – kynçylyk. ÇÜÝŞE GAP – nägilelik. TÖWRAT – buthana barmak. BOMBA – gorkuly habar; partlasa – dert. GÖWHER – tapsa – goşa söýgi ýa-da özara söýgi. HARPLAR – harp görse – täzelikler; ýazmak – bagtsyzlyk; harp okatmak – pul gelýär. GÜLDESSE – görseň – ýakymly tanyşlyk; güldesse alsaň – söýgi wepalylyk; kagyza ýazmak – töhmet; ýyrtmak ýa-da tegmil goýmak – işleriň gowulaşmagy. KAGYZ – ýazmak – töhmet; ýyrtmak ýa-da oňa bellik etmek – işleriň oňuna bolmagy. ÇÜÝŞE – aýralyk, aýrylmak. PAGTA – erbet habar. BEDRE – boş bolsa – gep-söz; doly bolsa – peýda, girdeji. SÜBSE – pul tölemek. ÝÜP – ýol; ýüp işmek – dostluk; ýüpi çözmek – aragatnaşygyň kesilmegi. GAZET – görseň – alysdan habar; okasaň göwnüçökgünlik. BOÝUNBAG – dakynsa – işde utulmak. WILKA (çarşak) – gaýgy-gam. ÇÜÝ – kaksa – dogry karar; görse – mümkinçilik; çüý tapsa – bagt; çüýi sogursaň – bagtsyzlyk; çüýüň ululygy mümkinçilik ýa-da bagt. TEREZI DAŞY – deň bolmadyk nika. DYRMYK – işläniňde – sagalmak; maşgala durmuşyndaky bagt. PUL – mis pul – gussa; kümüş pul – gözýaş, girdeji; kagyz pul – täzelik, aldaw; tylla pul – gam-gussa. DEMIR – peýdady iş (sowgat; demir listi – boýun almak; gyzgyn demir, ýa-da demri taplamak – biri-biriňe düşünmek. ÝÜZ GÖRÜLÝÄN AÝNA – döwülse – dönüklik zerarly bolýan ýitgi, aýralyk; onda öz ýüzüňi görseň – uzakdaky geljek habar; şahsy durmuşda peýda; perzent dogulmagy; aýnanyň ýüzi tutuk görünse – dert; näbelli keşp görünse – uly özgerişlik. BAÝDAK – şatlyk. KÜL – özgerişlik. ALTYN – ýasamalyk. IŇŇE – nägilelik. OÝUNJAK – aldanmak; satyn almak – habarlar: ÖZ ADYŇ – adyňy üýtgetmek – hiç haçan durmuşa çykmazlyk (gyz üçin); öz adyňy eşitmek, ýöne çagyrylmaly däl – hoş habar; ýazylan at – sudlaşmak ýa-da haýsydyr bir hyzmat boýunça haýyş etmek, rugsat bermek üçin baglanyşykly işler; özüň öz adyňy sesli aýtsaň – uly özgerişler, alys ýol. DAŞ – ar almak; ýoluň gyrasyndaky ýonulan daş – agyr ýagdaýlar; daş atmak –çekişmek; daşlar – dert; daşyň üstünde durmak – ýöremek – gorky, kynçylyklar. PEÇ – ýanyp duran peç – gowy hyzmat: sowuk peç – ýitirilen dereje. NAN (rus nany) – maşgalada ýitgi. KARTA – geografik karta – hödürlenen ýol iş üçin alysdan gelen teklip siziň nazaryňyza ilmedik kimdir biri. SURAT – şatlyk, ýadygärlik. KASTRÝUL – otda durany – maşgaladaky bagt. AÇAR – nämedir bir zada jogap tapmak, belli karara gelmek. KITAP – okalsa – garaşylmadyk waka; sahypalanyp görülse täze – täze tanyşlyk; ýyrtsaň – nämedir bir zady, unutmak; kitaba seretmek – gowy iş; ýanyp duran kitap – dostuňy ýitirmek. PALAS – satyn alsak – pul gelýär; palasdan ýöremek – abraýyň göterilmegi. BUKJA – açylmasa – habar; açylan bolsa – ýalançylyk; bukjany ýelmäp ýapsaň takdyryň gowy bolmagy. KERSEN – toý. SEBET – açylsa betbagtçylyk, gaýgy-gam; ýapylsa – işiňi tamamlamak. KESEWI – çekişmek. ÜÝŞMEK – deris (dökün) – köp pul. BUT – takdyr, kysmat. ÇYRA – ýanyp durany – üstünlik. ÝAÝ, KEMAN – ondan atmak – umyt. MIS, LATUN – jogapsyz sögi. HEK – işdäki üstünlikler. METAL – ergin metal – amala aşmaýan arzuwlar. ÇEKIÇ – bihaýa garyndaşlar. ULY SÜBSE – ýalan dost. SABYN SÜRTEÇ – jenjel. HAPA ÜÝŞMEGI – beýik işler. SABYN – tötänlik, ýitirmek. OÝMAK SÜWSE – täze egim-eşik. NOMER – iş etmeli wagta yşarat, eger ýadynda saklap bilse – bagtly bolmak. PYÇAK – jenjel. GAÝÇY – maşgalada ylalaşmazlyk, jenjel. ÝÜK – agyr ýük-dert; durmuş aladasy. HALKA – toý. ÝORGAN – näsaglyk. ÝARAG – gadymy ýarag könelişen karzyň ödelmegi. ÄÝNEK – dostuň ynamsyzlygy – täze tanyşdyk. PAKET (HATLY BUKJA) – ýanyňda göterseň – ýaramaz ýagdaý; birinden alsaň – ýagdaýyň çalt özgermegi. ÝELKEN – tussaglyk. PASPORT – almak – işdäki bulaşyklyk. SYRTMAK – howp. ÝELEKLER – ak ýelek – dostluk: garasy – ýitgi. ELÝAGLYK – täzesi – bagtsyzlyk; kellä daňylýan ýaglyk – durmuşyndaky özgerişlik. POLOTENSE – öl bolsa, gurusy tapylmasa – dostlaryň aldamagy, MATA – ýol. SOWGAT – täzelik. NAL – tapyp alsaň – bagt. ÝASSYK – täze dost. SURAT (portret) – netijesi gowy bolup tamamlanýan gorky. ILIK – tapsaň – kömek. BIR MANAT – agladýan nägilelik. GURUM – wehim. ŞEM – ýanyp durany – kyn işdäki üstünlik; ýakylmadyk şem – gaýgy-gam; ýakmak – keselçilik; şemi görmek – gam-gussa; ýagty ýanyp durany – üstünlik. BEDE – garaşylmadyk bagt. GAR GYZ – söýgi habarlary. SAMAN – girdeji. KÜKÜRT – ýowuz dostlar. AÝNA – gorky. HANTAGTA – öý-jaý, maşgala durmuşy. SANDYK – boş bolsa – kemmagallyk; doly bolsa – baýlyk; sandykdan nämedir bir zady gizläp tapmazlyk – göwni galmak; sandyga zat goýmak – garaşylmadyk özgerişler. JAM – täzelik. GALYŇLYK – wagtyň uzalyşy (meselem galyň aýna – uzaga çekýän wehim). DEREJE – derejä eýe bolmak – pully girdeji. BURÇ (hüjräniň, jaýyň burçy) – böwet, hötjetlige ýol bermeli däl; öýe adam goýbermek arzuw islegleriň we ýagdaýlaryň size garşy bolmagy mümkin; jaýyň daşky burçy täze mümkinçilikler, burçuň garşysyna geçmek – geň galmak. ÜTÜK – işiň oň bolmagy. MAÝAK – ony görseň – ölüm hakynda habar; eliňde göterseň – ýakyn adamyň ölümi. PANUS – şatlyk. ZYNJYR – myhmanlar. SAGAT – durmuşdaky özgerişlik; sagat we minutlary ýadynda saklasaň – özgeriş boljak aý-günleriň belgisi. ÇEMODAN – bir ýere sapara gitmek; sowgat salnan çemodany almak – söýgi, şahsy şatlyk (aýal üçin); Çemodan satyn almak – täze tanyşlyk (erkekler-üçin); çemodanyň içindäki çemodan – perzent görmek ýa-da şol baradaky arzuw (aýal üçin). SYÝA – waka, hadysa, dökülse – aýralyk, syýa bilen ýazylsa – iş barasyndaky täzelik, çekişmek. ŞKAF – miras. SAÇ BERKIDIJILER – bulagaýlyk, hile. GYZYL ÝÜŇ – ýeňip geçmek. ÇOTGA – peýdalansaň – arzuwlaryň amala aşmagy; geýim çotgasy – gussa. HOZ ÇAKÝAN – hasratly söýgi. SYRÇA (gaplardaky) – ýasamalyk. KITAP ŞKAFY – baýrak. LABYR – suwuň üstünde anyk görünse – ýagşylyk belgisi; suwuň astynda bolsa – yhlasyň sönmegi. GUTY – böwet. ■ AZYK WE IÇGI BISKWIT – hat almak. BYZMYK – hat: KELEM ÇORBA – içmek – işdäki üstünlik. BULKA – NAN IÝMEK – işde üstünlige eýe bolmak. MÜREPBE – iýmek – ýeňiş, yşk höziri; görmek – arzuwlar. IÇGI – içmek – şatlyk; birine içgi hödürlemek – kimdir birini jaýlamak; içgini dökmek – bagtsyzlyk; bir özüň içmek – erbet habarlar; satmak – jenjel. MALYŇ ETI – ýitgi. ÇÜÝRÜK ZAT – ýeter-ýetmezlik, ýitgi. ÝAG – toý belgisi. KARTOŞKA – iýmek – kanagatlanmazlyk; kartoşka köwlemek – peýdasyz iş, mähnet. ŞÜLE IÝMEK – tolgunmaklyk, alada. KISEL – bişirseň – baýlyk: içseň – garaşylmadyk ýagdaý; görseň – ownuk-uşak şatlyklar. ÇÖREK OWUNTYGY – guşlar çokalaýan bolsa – sowgat, üstünlik. ÝARMA – jenjel (eger dänelerini ýa-da dökülenini görseň) UNAŞ – Alada. ÝAPYLAN NAN – üstünlik. UN – girdeji. BAL – uly bagt. SÜÝT – ýagşylyk. DUZLANAN BALYK – karzyň üzülişi. DOŇUZ ETI – näsaglyk. DUZ – ýagşylyk, baýlyk; duz sepmek – jenjel. ÇORBA – dana – hile. PEÝNIR – baýlyk. HAMYR – hat. ÇAÝ – garaşylmadyk zat. ŞAMPAN ÇAKYRY – täze jaýa göçmek. ŞI (çorba) – aýralyk. ZÄHER – zäherlenmek – ýalan şübhe; kimdir birini zäherlemek – düýş görýän adamy ýalan aýyplama ýöňkelýär. Gowrulan ýumurtga – umuman näme-de bolsa bir zady gowurmak – jenjel. ÝUMURTGA – bir ýa-da iki sany – myhman garşylamak; köp bolsa – üstünlik; döwmek ýa-da döwlenini görmek – ýitgi. ÖSÜMLIKLER Ösümlikler, miweler we gök önümler düýşe girende, olar hem takdyrnamada özüniň ajaýyp mazmunyny tapan zatlar ýaly, çuňňur mana eýe bolýar. Ýöne jansyz zatlardan tapawutlylykda, ösümlikler janly häsiýete eýe bolup, bu bolsa ösümlikleriň mazmun we manysyny giňeldýär. Meselem ösümliklerden gyrymsy agaçlar düýş geografiýasy aňladýarlar. Miweler çekilen zähmetiň netijesi bolmak bilen birlikde hut şol miwe. How enäniň Adam ata hödür eden miwesi bolup hem hyzmat edýär. Daragtlar durmuş binýady manysyny berip, olar kök urup ösen ýerine baglylykda bolup many aňlatmagy hem mümkin. Alma daragty ruslar üçin birhili many aňlatsa, hytaý we araplar üçin başga mazmuna eýedir. Mundan daşary miweler, kömelekler gök önümler pasyllary (möwsümi) aňlatmagy mümkin. Meselem ýer miwelerini ýygnamak bir möwsümi, kömelek ösümlik bolsa başga möwsümi aňladýar. Bularda ýylyň dürli wagtlary şekillenýär. Ösümlikler bilen baglanyşykly bolan mazmunlaryň başga bir aýratynlygyda bar – ol ösümlikleriň halk tebipçiligindäki tutýan orny bolup, palçylaryň, tebipleriň olara beren bahasydyr. Takdyrnamada jansyz zatlara jadylaýjy mazmun goşluşy ýaly, ösümlik, miwe, gök önümlere hem tebipleriň, palçylaryň beren netijeleriniň üstüne jadylaýjy mazmun goşup beýan edýärler. Meselem: ýorgutda şeýle iş alyp barsak ösümlikleriň ajaýyp manysy «Şalgam, Turp – ýalan» diýen mana eýe bolýar. Bir adam öz mellegine şalgam ekýär diýeliň. Aýaly bolsa onuň edýän işini uzakdan görüp dur. Uzakdan diýmek – bu biraz wagtdan soň diýmekdir. Öz ýeri bolsa onuň takdyryny bildirýär. Diýmek, bu adam ýalany ekip ýör hem-de gelejekde şu ýalan bilen baglanyşykly şeýle ýaşamak isleýär. Onuň aýaly bolsa (düýşi şol görüpdir) bu işiň hemmesini aýal görüp dur. Ýöne ol hiç zat edip bilmeýär we hiç bir çäre görmek hem islemeýär. Ol bu işe şeýle bolmalydyr diýip düşünýär. Şuny aýtmak zerur, düýşleri ýoran mahalymyz biz medeniýetimizdäki, dilimizdäki, taryhymyzdaky, ynamymyzdaky ajaýyp ertekiler älemine girişýäris. Halk rowaýatlaryndaky, ertekidäki ýagşylyk we ýamanlyk diýen düşünjelere dahylly bolýarys. ■ ÖSÜMLIKLER (Miweler, Gök önümler, Ýer önümleri) ERIK – ony iýseň – rahatlyk, şatlyk (aýallar üçin). APELSIN – ony görseň – sowgat. GARPYZ – garaşylmadyk sapar. BERÝOZA – wysal. LEÝLISAÇ – gussa. ÜZÜM – iýseň – gözýaş; bir baş gyzyl üzüm – gorky (aýallar üçin), sowgat alsaň – tanyşlyk. ALÇA – gussa. KÖMELEK – maslahat bermek we ýardamlaşmak; zäherli kömelek görseň – bagtly hadysa; iýseň – uzak ömür; toplasaň – üstünlik. Armyt – ýitgi. DARAGT – görseň – girdeji; daragta çykmak – ýitgi, bagtsyzlyk; miwe daragtyndan miwe ýolmak – esli wagtlap üstünlik hemraň bolýar; daragty çapmak – ýitgi; ekmek – baýlyk; agajy kesmek ýa-da köki damary bilen goparmak – ölüm, yza; ýanyp durany – zyýan. ARÇA – sowgat. GYRYMSY AGAÇLAR – şahsy durmuşdaky özgerişler. KALINA AGAJY – jenjel. KELEM – bişirseň – gybat; iýseň sowgat. SÜMMÜL (BUGDAÝYŇ BAŞY) – görmek – arzuwlaryň amala aşmagy. SUWDA ÖSÝÄN AK GÜL – suwda görmek – dynç almak; gül ýygmak – peýdasyz pişe. TOKAÝ – tokaýda gezmek – aşyk bolmak (aýallar üçin) söýgi duşuşygy (erkekler üçin) LIMON – gam, gussa. ÖRI MEÝDANY – ýitgi. SOGAN – arassalamak – çylşyrymly işden baş alyp çykmak. MALINA – iýseň – keselçilik. KÄŞIR – peýda. GÖK ÖNÜM – KARZLAR; iýseň – kemmagallyk. MELLEK ÝER – kynçylykly iş. HYÝAR – aşyklar bilen baglanyşykly bolan gybatlar; Hyýary görmek – pul girýär (erkekler üçin). HOZ – başagaýlyk. BURÇ – bagtsyzlyk. POMIDOR – gizlin söýgi. TURP – aldanmak. ŞALGAM - «turpa» seret. ROMAŞKA – böwet. BAGÇYLYK – nägilelik. GARALY – hassalyk. MIWELER – şahasynda görseň – üstünlik, toýda olary iýmeseň – örän gowy düýş; bişmedigini iýseler – gyssanmaçlyk, sussupeslik; öte bişenleri – heläkçilige eltýän sussupeslik; jansyz, reňksiz agaçdan ýasalanlary – işdäki dönüklik. OT-ÇÖP – böwet. NAN – meýdandaky däne ýagdaýynda – girdeji; iýseň we görseň – şatlyk, täzelik; nan ýapylýan bolsa – bagtsyzlyk. GÜLLER – gam-gussa (eger köp çemen bolsa), hasrat; ak güller – toý. ÇERÝUMUHA – inkär edilen söýgi. ÝABANY BÄGÜL – howp-hatar. ARÇANYŇ TOHUMY – garaşylmadyk bagt. TURŞUJA – heläkçilik. ALMALAR – keselçilik; iýseň – yhlasyň gaýtmagy; görmek – umumy, nägilelikler. ALMA AGAJY – ajy habar. ÝER MIWELERI – gözýaş; iýseň – keselçilik. HEREKET Düýşdäki hereket we oňa takdyrnama berilýän ýorgutlar – köplenç dil, jady, medeniýetiň ahyrky basgançaklaryndan geçip, uky şalygynyň galalaryna siňip giden biz üçin iň möhüm ýagdaýdyr. Düýş hereketlerinde belgi alamatlary sözme-söz manyny aňladyp gelýär. Meselem: ýokaryk çykmak – hemişe ýagşylyk, aşak düşmek – erbetlik, öwrülmek üçin çep tarapa seredende sag tarap amatly. Göni gitseň ondanam oňat. Haýsydyr bir herekete gatnaşanyňda çetde garap durmak makul. Ajaýyp düýşlerde köp zatlaryň tersine hereket etmegi ýa-da ondaky hereketleriň manysy oýalykdaky hereketleriň tersi bolmagy mümkin. Aglamak – gowulygyň alamaty. Biçak begenseň – gözýaşa uçraýarsyň. Ylaýta-da hahahaýlap gülmek erbet ýagdaýa getirýär. Halkymyzda «köp gülen bir aglar» diýen nakyl bar. Posa almak – işleriň netijesiniň golaýlaşýanyny aňladýar. Köplenç düýşdäki ters many gaty gizlin ýagdaýda gelýär. Şonuň üçin düýş köp halaty dogry manysynda görkezýär.beýle wagtda haýsy mazmuny saýlap aljagyny bilenok. Eger okyjy düýşi özi ýorsa, gysga wagtda ýagdaýlaryň dogry mazmunyny we ters manysyny seçip bilýär. Meselem ukuda tans etmek – näsaglyk. Ýöne ýere özüň tans etseň ýanynda hiç kim bolmasa we gowy saz çalynýan bolsa – bu takdyryň oýny, gelejekdäki möhüm işleriň alamatydyr diýilýär. Beýle tans jadylaýjy aldawçy düýşdür. Awstraliýanyň ýerli halky we biziň gadymy ata-babalarymyz awa ugramazyndan öň ýa-da ýere däne sepmezinden öň ine şunuň ýaly jadylaýjy tans edipdirler. Düýşdäki hereket özüniň ýüze çykmagynda, durmuş kanunlaryna boýun egmeýär, bu hereket manysy boýunça sungata, sýujetli öwrümlere, roman, hekaýa, pesadaky wakalaryň akymyna meňzeýär. Biziň ýönekeý durmuşymyzdaky beýik, sagdyn mazmunly düýşe örän seýrek duş gelýäris. Düýş – garaşylmadyk, ters ýagdaýlary şöhlelendirýär, garaşylmadyk öwrümler, köplenç halatda dogry mana eýe bolýan we şoňa esaslanan ýagdaýlardan peýdalanýar. Biz geplänimizde göz bilen iýäýjek boldy, köýdürdi diýen sözleri ulanýarys, düýşde bolsa şoňa esaslanyp kömür ýa-da bir üýşmek kül görýäris.düýşdäki ine şeýle belgi we zatlaryň arasyndaky deňlik hem olaryň manysynyň sözme-söz gabat gelmegi – bu at we zadyň deňliginden gelip çykýar. Şonuň üçin düýşde aýdýan sözlerimiz aldawçy, jadylaýjy güýje eýe bolýar. Düýşde biziň her birimiz gudratly jadygöýe öwrülýäris, şol sebäpli hem biz arzuwymyzy dile alsak, ol şobada amala aşýar. Ýa-da dos-dogry öz manysynda saklap bilmezligimiz we arzuwlarymyzy amala aşyrmagymyzyň kynlygy ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin hem käte hemme zat düýşdäki ýaly boldy diýýärler. Sebäbi biz düýşümizde edil gurjak ýaly hereket etmek duýgusyndan daşlaşyp bilmeýäris. Eger bu duýgudan gaçyp gutulmak mümkin bolsa, onda ol Gipnoz şalygynda gaty ses bilen aýdylýan her bir sözüniň jadylaýjy gudratyny aňsat barlap görmegi mümkin. ■ HEREKET WE TRANSPORT AWTOMOBIL – özi sürse – kemmagallyk; awtomobilde gitmek – şahsy durmuş, (ýöreýän ugruňyza üns beriň): maşyn münmek we gezelenç etmek – aragatnaşyk, nika; saklanmak – aýralyk. YLGAMAK – aýak ýalaňaç – kemmagallyk; nämäniň üstünden ylgap barýan bolsaň, şol zadyň kemçiligi; gaçmak – näsaglyk. ATA MÜNMEK – esasy işdäki üstünlik, tanyşmak (aýallar üçin) welosiped münmek – galan işler. ÝÖREMEK – çalt ýöremek – böwet; maýsada ýöremek – dostuň dönükligi; batgada ýöremek – başga biriniň gep-sözi; dostlaryň arasynda, ýöremek – aýalyň wepasyzlygy; nämedir bir zady gyraklap geçmek – orun, jaý çalşygy. DYRMAŞYP ÇYKMAK – ýokaryk – üstünlik; aşak düşmek – şowsuzlyk. GÄMI – ýüzüp barýanyna garap dursaň – pul; söýgüde üstünlik; gäminiň gelmegi – garaşylmadyk üstünlik; gämide ýüzmek – möhüm özgerişler, täze işler, umyt; gäminiň heläk bolmagy – ýakyn tanyşlaryň dönükligi. UÇMAK – howada uçmak – ýol, üstünlik (belentlige tarap); uzak uçmak – söýgi duşuşyklary, şonuň ýaly-da uzak garaşmak; asmanda uçmak – bagt (sagdynlar üçin), ölüm (näsaglar üçin). DURMAK – (maşynly) – aragatnaşygy üzmek, biderek aragatnaşyklary goýmak; maşynlaryň duralgasynyň umumy görüşi – näçe maşyn bolsa şonça ýyl ömür. PARAHOD – sapar. SAL – peýdaly syýahat; salda derýada ýüzmek – işleriň tamamlanmagy. SYÝAHAT – niräligi mälim bolsa – täzelikler; nämälim bolsa – teklip. SAMOLÝOT – arzuwlaryň amala aşmagy, arzuwlaryň amala aşyp, garaşylmadyk özgerişleriň bolmagy, eger betbagtlyk bolmasa. MERDIWAN – howa gämisine merdiwandan çykmak – peýdaly iş. TRAMWAÝ – içinde bolsaň – ýakymsyz adamlaryň arasynda geçirilen biderek wagt, erbet ýagdaý. GAÝYK – şatlyk. ■ HEREKET ATLARY BAS (ýogyn ses) – gaty ses bilen aýdym aýtmak – suwdaky gezelenç. WALS (tans etmek) – durmuşa çykmak, öýlenmek. KÖWLEMEK – nämedir bir zady köwlemek – söýgüliň wysalyna ýetmek, garaşýan hatyňy almak. DOKAMAK – syýahat. PAL ATMAK – pul ýitirmek, gyssanmazlyga duýduryş. ÜTÜKLEMEK – işleri sazlamak. SOWGAT ETMEK – ýitgi. NAHARLANMAK – ownuk-uşak nägilelikler; kimdir biriniň naharlanyşyna seredip durmak – ýokary göterilmek; nahary görmek – ýagşylyk; nan iýmek – baýlyk. ÇAÝ DEMLEMEK – kemmagallyk. SAÇY BUÝRALATMAK – aldanmak. ÝAPMAK – gutyny, sebedi we ş. m. – işleriň tamamlanmagy. BULANMAK (hapalanmak) – näsaglyk alamaty. ULUDAN demiňi almak – zyýan, zelel. OÝANMAK – karta; oýnamak – ökünç, ýitgi – ýalan dost; deprek ýa-da baraban çalsaň – ölüm: özüň çalsaň – özüne ynam ýa-da özüň barada gowy pikir; pesada oýnamak – sergezdanlyk pesadaky oýna tomaşa etmek – dynç almak (eger oýun göwnüňden tursa). GÖZLEMEK – nägilelik, ýitgi; büre gözlemek – aldanmak: sakyrtga gözlemek – zyýan, zelel. DAMJALAR – jaýyňy çalyşmak. DYRMAŞMAK – kynçylykly işler; eger ýokary dyrmaşsaň – üstünlik. SEÝIL ETMEK – gaýykda – ýaramaz adamlar; atda – şatlyk. HAPA SUW – içmek-bagt. HAZYNA – gözlemek – heläkçilik-jenjel; tapyp almak – ýaramaz pikir, maksat, dargursaklyk. ÇAPMAK – odun çapmak – ýat adamyň gelmegi. KÖWLEMEK – ölüm. BOÝAMAK – ak reňke boýamak – uly zyýan; gara reňke boýamak – dostuny ýitirmek; ýaşyla boýamak – teklip; gök reňke boýamak – üstünlik; tylla reňke boýamak – içigaralyk: jaýyň içini boýamak – başga jaýa göçmek. OGURLAMAK – zyýan, gözýaş: öz zadyňy ogurlasa – toý. SUWA DÜŞMEK – wannada – erbet ýagdaý. ÝUWUNMAK – maşgaladaky nägilelik, pul ýitirmek ýa-da öýüňe ogry girmegi; ýapda ýuwunmak – alada; karz tölemek. ÝALAN GEPLEMEK – jezalanmak. TAPMAK – nämedir bir zady tapmak – üstünlik. KIREÝINE ALMAK – kwartirany (jaýy) – öýlenmek. IÇMEK – mes bolýançaň – näsaglyk. TAPYLAN ZAT – sowgat. SUWA BÖKMEK – belentlikden – adatdan daşary iş amala aşmagy. NAHARLANMAK – öýde-ýitgi. GEÝINMEK – ýaramaz ýagdaý; bolar-bolmaz ýa-da erbet geýinmek garaşylmadyk adam. AÇMAK – jenjel, bagtsyzlyk; öz-özündeň açylsa – üstünlik. ÝYKYLMAK – ýykylmak duýgusy – ýitirmek, öte ökünmek; bijaý ýykylmak – ýakymsyz, howply iş; aşak gaçyp barýan ýyldyzlar – (uklap ýatan adamyň üstüne) iň beýik arzuwlaryň amala aşmagy; suwa ýa-da deňze ýykylmak – arzuwlaryň amala aşmazlygy, niýetleriň başa barmazlygynyň duýduryşy. BUGLANMAK – hammamda – gam. BIŞIRMEK – nan gamgynlyk, başga biri bişirýän bolsa – üstünlik. ÝAZMAK – çekişmek. IÇMEK – suwsamak – alada – derrew ýüze çykýan ynjyklyk; arassa suw içmek –gowy iş; läbik suw içmek – näsaglyk; kwas – sagdynlyk. ÝÜZMEK – işdäki üstünlikler, girdeji; är-aýal bilelikde ýüzse garaşylmadyk aýralyk. AGLAMAK – köşeşmek. TÖLEMEK – dokumentler boýunça – ele düşýän zat; haryda tölemek – garaşylýan ýitginiň ornuna gelen girdeji; kimdir birine aýlyk tölemek – hyzmat; saňa töleseler – aldaw. TÜÝKÜRMEK – harajat. ÝAKMAK – işdäki üstünlikler, aladalaryň tamamlanmagy; jaý ýansa garaşylmadyk habarlar; uklaýanyň özi oduň içinde galsa – başlan işiňde üstünlik. SÜPÜRMEK – baýlyk. GALDYRMAK – kimdir birini goýup gitse ýa-da özi galsa planlaryň puja çykmagy. BAŞLYKLYK ETMEK – yhlasyň gaýtmagy. IŞLEMEK – abadançylyk. ŞALYK – üstünlik. DÖWMEK – çüýşäni – wehimden gutulmak; özüniň bir ýeri döwülse – ýakynlaşan hatar, özgeriş. GEPLEŞMEK – tolgunmak. EGIN-EŞIK ÇYKARMAK – jenjel. ÇYKARYNMAK – täzelik, ýeňil kesel, puldan zyýan çekmek. SEÇMEK – ýitirmek. SURAT ÇEKMEK – ýönekeý işde garaşylmadyk girdeji; ýaşlar üçin umytlaryň puja çykmagy. DOGURMAK – jedelleşmek ýa-da çekişmek (gyzlar üçin) şatlyk (aýallar üçin). ÝARMAK – odun – zyýan. SÖGÜŞMEK – jebir, jepa. EKMEK – nämedir bir zady – rahatlygyň üçin nämedir bir zady etmek. EKMEK – däne – nämedir bir zada eýe bolmak. DIŇLEMEK – saz diňlemek – habar, täzelik, şatlyk (owaza görä) MASLAHAT – almak – dostlar bilen boljak şatlyk, maslahat bermek – ýitgi. GOŞGY – okamak – işe girişmek. ÝUWMAK – KIR ÝUWMAK – biwepalyk, şahsy ýitgi. ATMAK – üstünlik. SAÇ ALDYRMAK – biwepalyk. BIŞIRMEK – hamyrdan – gybatlar; sygyr etinden nahar taýýarlamak duşmanlar. SANAMAK – şatlyk. TANS ETMEK – näsaglyk; üstünlik we pul gelmegi (eger ýeke özüň tans etseň). SÖWDA ETMEK – dükanda – dostuňyň duşmana öwrülmegi; bazarda satmak –töhmet. ÖLDÜRMEK – duşmany – üstünlik; gan syçratmak – garaşylmadyk köp mukdardaky puluň gelmegi. SAPARA GITMEK – rahatlyk. ÖLÜM DÜŞEGINDE ÝATMAK – durmuş asudalygy, BIR GABA GIRMEK – düşmek – uklaýan adama garşy pitne turmagy. OKAMAK – işdäki özgerişlikler. TIKMEK – umyt. GYJYKLAMAK – gabanmak. HOZY ÇAKMAK – kynçylyk. TIKMEK (ÝAMAMAK) – özi tikse – täze dost; tikýäni görse – gybat. GATNAŞYK ARKALY BOLÝAN HEREKET (Uruş, Ýaryş, Jenjel, Tanyşmak, Gujaklaşmak...) TUSSAG – özüňi tussag etseler – adaty däl ýagdaý, garaşylmadyk anyk teklip. URMAK – birini urmak – adalatly karar, şahsy durmuşda we işde ylalaşyk hem-de agzybirlik; taýak iýmek – gorky. DAR – bagtyň gelmegi; dara asylmak – üstünlik (ýerden näçe belent bolsa şonça üstünlik). URUŞMAK – uruşýanlary görmek – abadançylyk; özüň uruşsaň – garaşylmadyk ýagdaý; haýwanlar, jandarlar bilen uruşsaň – nägilelik. ATMAK – birini atsaň – maksada ýetmek; özüňi atsalar kemsidilmek. TANYŞLYK – duýduryş – ätiýaçlyk. BIWEPALYK – nikada – ýangyn, howp. ÖLDÜRMEK – öldürmäge gatnaşmak – uly özgerişler; öldürilmek – uzak müddetli açyk sapar. KINO – gatnaşmak – şöhrat. AÝNAMAK – kimdir birini aýnatmak – jenjel, nägilelik. AÝNADYLMAK – näsaglyk (esasan aýallar üçin). TUTMAK – başga biri tutsa – näsaglyk (eger tutsa); gaçyp gutulmak, ýagşylyk (eger tutup bilmese). BAKMAK – çagalaryňy – aladalar. GUJAKLAŞMAK – biwepalyk, uly jenjel. WEPASYZLYK – nägilelikler. AW – duşmanlyk. POSA – dönüklik. SÖGÜŞMEK – kimdir biri bilen –jebir, jepa; sögünç eşitmek – resmi dabara; aýaly äri bilen – «aýal», «erkek» diýen sözlere seret. GOŞULMAK – böwet, garşylyk (öz aýybyň bilen), goşulmagy görmek – işdäki böwetler, sapardaky hem-de ukudaky adama degişli bolmadyk ýagdaýlaryň täsirinde. JEDEL – nämälim adam bilen – täze güýmenje; dost bilen – ýitgi. ÝARYŞ – ylgamak boýunça ýaryş – ýagşylyk (eger ýeňiş gazanyp haýsydyr bir orny eýelän bolsa, gowulyk. Şol ornuň durmuşdaky ýeňşi aňlatmagy mümkin, meselem, üçünji orny eýeleseň, üç ýyldan soň özgerişlige garaşmak we ş. m. Maşyn ýaryşy-da şoňa meňzeşmi durmuşdaky uly orny görkezýär. ÖPÜŞMEK – biwepalyk, aýralyk öz jynsyňdaky bilen öpüşseň – duşmanlyk. ÝAGDAÝ HALAT (Kemmagallyk, Ýaşlyk, Azaşmak...) KEMAKYLLYLYK – kemmagal bolmak – baýlyk alamaty. GÖWRELILIK – aldaw (gyzlar üçin) mertebe, şatlyk (aýallar üçin); göwreli aýaly görmek – nägilelik, dürli plan düzmek (erkekler üçin). BAÝLYK – nätanyş adam bilen aç-açan gürleşmekden ätiýaçly bolmak alamaty. BAÝ BOLMAK – näsaglyk. ÝAŞ DEREJESI – özüňi garry halda görseň – näsaglyk, başgalary garry, halda görseň – sagalmak, gowy bolmak. NÄSAGLYK – özüňi näsag ýagdaýda görseň – sagalmak sagdynlyk. URUŞ – jenjel. HELÄKÇILIK – gäminiň heläkçilige uçramagy ýakyn wagtda durmuşa çykmak (çykmadyklara) aýralyk (öýlenenlere). GÜN – doglan günüň – uzak ömür; başga biriniň doglan güni -uly şatlyk. GARAŞMAK – nämedir bir zada garaşmak (awtobus, otly we başgalar) – niýet, niýetiňi amala aşyrmak üçin ymtylmak, niýet etmek. GIÝEW – (gelinlik) şulardan biri bolmak yhlassyzlyk – gussa. AZAŞMAK – tokaýda – gybat ýitirmek şäherde – kyn işler. DURMUŞA ÇYKMAK – kyn ahwal. ÝOKUŞDYRMAK – kesel ýokaşdyrmak – söýgi. ABADANLYK – üstünlik. SADAKA – soramak (almak) – baýlyk. ÝAŞ BOLMAK – sagdynlyk. BAGTSYZ HADYSA – deňizde – söýgüden yhlasyň gaýtmagy gury ýerdäki bagtsyz hadysa – işdäki kemçilikler. ÝÜK – dert (uly, kiçiligine görä). ANYK GÖRNEN DÜÝŞ - çalt amala aşýan zat. HÖKÜM – oňa garaşmak – dostlaryň içigaralygy ýa-da gabanjaňlyk. TOÝ – gussa, ýitgi. ŞÖHRAT – bagtsyzlyk, garyndaşlaryň erkine garşy gidýän şahsy üstünlik (aýallar üçin). ÖLÜM – täze tanyşlyk (aýallar üçin). TEBIGY HELÄKÇILIK – duýgularymyz, oý – pikirlerimiz, jenjel. ■ DUÝGY ORGANLARY Duýgy organlary düýşdäki umumy görnüşleri suratlandyrýar ýa-da ondan hasyl bolan ol ýa-da beýleki ýagdaýlary joşgunlyrak görkezmeklige hyzmat edýär. Düýşümizde daş-töweregimizde bolup geçýän wakalara hiç hili baglanşyksyz duýgularyň ýüze çykmagy hem mümkin. Kä wagtlar düýş gördüm diýýärler, käte bolsa ýaramaz düýş görse-de ondan ýaramaz duýgy emele gelmänligini, nähilidir bir ýeňillik duýýandyklaryny aýdýarlar. Biziň düýşdäki şeýle duýgylarymyza-da edil oýalykdaky ýaly ynanmak gerek. Munuň sebäbi şeýle. Biz düýşümizde nähili agyr ýa-da hatarly ýagdaýlary gören bolsak, ony ýoran mahalymyz düýş, gören adama onuň hiç hili howpy ýok. Gorkuly zadyň ýüze çykmagy mümkin däl. Düýş görýän mahalynda duýgy organlary dürli görnüşi beýan edýär. Elbetde, köplenç biz bolup geçýän wakalary gözümiz bilen görýäris, ýöne azrak eşidýäris. Örän seýrek ýagdaýda ysgaýarys. Şonuň ýaly-da el bilen duýmaklygam seýrek bolýar. Tagam bilmek we ony ýagda saklamak hem gaty seýrek hadysadyr. Täsin ýeri, o dünýäni teswirleýän ähli kitapda ruhlar bir zadyň tagamyny biljek bolsalar, diňe ony göz bilen görüp ýa-da onuň ýakymly ysyny ysgap bilendikleri ýazylypdyr. Olarda tagam biliş duýgulary ýokdur. Şonuň bilen birlikde tutup görmek bilen duýmak hem seýrek duşýar. Belki, tagam bilmek biziň beden gurluşymyza ýagşy düýşdäki wakalar bilen çuň arabaglanşykda bolmagymyz sebäp bolandyr. Şonuň üçin hem düýşdäki örän anyk, dury tagam biliş duýgusy özgerişlikden nyşandyr. Düýşdäki yzlar köplenç özara gatnaşyklar jenjel, dostluk, söýgi ýa-da haýsydyr bir iş bilen baglanyşykly duýgulara degişli bolup bilýär. Oýalygymyzda biz käte bolar-bolmaz ýaramaz iş etsek mundan ýaramaz zadyň ysy gelýär diýýäris ýa bolsa düýşdäki wakalara has ýakyn jümleleri ulanýarys. ■ DUÝGY ORGANLARY (Eşitmek, Ysgamak, Duýmak) DEPREK – sesini eşitmek – ýakyn adamyň ýa-da pula degişli ýitgi; özüň galsaň – dostuň ölümi. PARTLAMAK – eşitseň ýa-da görseň – näsaglyk. TAGAM – haýsydyr bir tagamy duýmak we ýatda saklamak – çalt ýüz berýän özgerişlik ýa-da täzelik. OK SESI – adatdan daşary habar, hemmäni geň galdyrýan habar. SESLER – (towuş) nätanyş sesleri – gybat, dokumentlere degişli gözboýagçylyk. GOWUR – jaýda – bagtsyzlyk; asmanda ölümden nyşan. ATYR – ysgamak – täze durmuş yklap ýatan adamy kimdir biri söýýär. YS – ýakymly ys – arkadag tapmak porsy ys – dost bilen jenjelleşmek. DEMIKMEK – ýeňiş belgisi. JAŇ SESI – ýalan. ÇAGYRYŞ – adyny aýdyp (tanyş ses) göni many berýär nätanyş ses, hatar. GIJELIK – pul girýär. ÜSGÜRMEK – sagdynlyk, işdäki üstünlikler. DÜWME OWAZY – özgeriş, köp täzelikler. BUÝRUK – eşitmek – köp täzelikleri bilen. ITIŇ SESI – eşitseň – şatlyk, habar. AÝDYM – owadan, tanyş owaz – dostlar bilen duşuşyk. SAZ – yzyňdan kinaýaly gülmek (aýallar üçin) saz eşitmek – şatlykly habar. SYKYLYK – durmuşdaky mümkinçilik, teklip (aýallar üçin). TYRKYLDY – eşitseň–kynçylyklardan geçilýän bagtyň anyk ýoly; gapy kakylsa – bir taraplaýyn söýgi. SAÝA-KÖLEGE – näbelli hat. SURNAÝ OWAZY – takdyr alamaty, uly özgerişler. TÜÝDÜK – sesini eşitmek – çalt geljek üstünligiň anyk nyşany. ŞOWHUN – takdyra täsir edýän kimdir biriniň ölümi. TUTUP BILMEK – kimdir biriniň ýa-da nähilidir bir güýçleriň takdyr täsiri. (Täsiriň ýagdaýyny hereket halatynda – tekiz, yssy, gury, öl, gödek... bilmek mümkin) ■ DUÝGY ORGANLARY (Söýgi, Şatlyk, Gazal, Dert...) AÇLYK – işleriň ýaramazlygy. GAZAP – tanyş birine gazaplansaň ondan peýda gelýär bigänä gazaplansaň–garaşylmadyk gowy işler. GUSSA – sebäpsiz gussa – näsaglyk. ÝYLANMAK – peçiň ýanynda – ýeňiş ýoly. DOSTLUK – dost tutunmak – perzent dogulýar. GÖZELLIK – tebigy-daş görnüş-näzli arzuwlaryň amala aşmagy. AZAP – halas bolmak. GÖZ ÝAŞLAR – garaşylmadyk şatlyk. GORKY – halas bolmak, ölüm howplusy ýürek keseliniň belgisi. UÝAT – öwgi. ÝADAMAK – işdäki üstünlik. ■ SOŇKY SÖZ Takdyrnamalarda beýan edilşine görä, düýşleri hepdäniň haýsy güni, haýsy sene, we aý hasabyndan haýsy gününde görenligiňe garap ýormaly bolýar. Meselem: ýekşenbede görlen düýş günortana çenli hasyl bolmaly. Juma güni görlen düýş gowy mazmuna eýedir. Şenbede gören düýşüň bolsa aşa möhüm hasaplanýar. Penşenbä geçilen gije görlen düýşleriň köpüsi başlyklar bilen bolýan işlere we aragatnaşyklara degişlidir. Ýaramaz düýşleriň görläýen badyna amala aşmajagy belli. Hut şonuň üçin hem dürli halklarda düýşleriň güýjüni kesýän dürli däpler bar. Şeýle düýş göreniňizde size kömek ýa-da dogry ýol görkezmäge ýardam gerekdir. Gadymy grekler hudaý nazaryma görner we kömek berer diýen maksat bilen metjitlerde ýatypdyrlar. Gadym döwürde çin-maçinde but ýanyndaky mahsus jaýda mukaddes şemleri ýakyp, sežde edýän wagty uklamaga çalşypdyrlar. Düýşlerde hudaý görnüp, olara dogry ýoly salgy beripdir. Şol bir many aňladýan düýşler, meselem, nägileligi bildirýän düýşler maşgala durmuşyna-da, dostlar bilen gatnaşyga-da, hyzmat edýän işiňe-de degişli bolmagy ahmal. Şu takdyrnama goşmaça görnüşinde, gyzyklanýanlara güýmenje bolar diýen niýet bilen tablisa teklip edýäris. Onda görlen düýş we onuň çözgüdi hem-de düýş aýyň haýsy gününde görlenliginiň arasyndaky baglanyşyklar görkezilen. Şu tablisanyň gadymy rus takdyrnamalaryň nusgasyndan alnany üçin, oňa örän möhüm we çynlakaý seretmek zerur däl. Biziň fiziolagiýamyz mälim derejede aý döwürleri bilen baglanyşykly bolsa, onda düýş görmek hem mälim bir derejede ýer we ýerden daşary ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. Teklip edilýän tablisadan düýş görülýän gijäniň gününi anyklap alsaňyz, şol günüň sanynyň yzyndan düýşüň oraşan bolmak ähtimaly beýan edilýär. KALENDAR GÜNLERI 1 – Maşgala nägilelik getirýär. 2 – Çalt oraşan bolýar. 3 – Derrew oraşan bolmaýar. 4 – Nägilelikler barada duýdurýar. 5 – Çalt oraşan bolýar. 6 – Şatlykly we çalt amala aşýan işler. 7 – Ýalan we ýasamalyk aralaşan düýşler. 8 – Abadanlyk we hoşniýetlilik yşarat edýän düýşler. 9 – Manysyz, öçügsi we hiç hili ähmiýeti bolmadyk düýşler. 10 – Käbir kynçylyklary aňladýan, 20 günüň dowamynda amala aşýan düýşler. 11 – Oraşan bolmaýar. 12 – Hyýaly hem-de hemişe we çalt oraşan bolmaýan düýşler. 13 – Söýgi ýeňşi we hezil düýşler. 15 günde oraşan bolýar. 14 – Anyk amala aşýar we ýagşylykdan habar berýär. 15 – Gury we ähmiýetsiz düýşler. 16 – Çalt oraşan bolýan düýşler. 17 – Derrew oraşan bolubermeýär. 18 – Gowy manyly düýşler. 19 – Oraşan bolsa-da, çalt amala aşmaýar. 20 – Bagtyýarlyk düýşleri, ýöne bular barada hiç kime aýtmaly däl. 21 – Arzuwlaryň amala aşmagyna getirýär. 22 – Oňuna bolýar we derrew ýeňiş getirýär. 23 – Çalt oraşan bolýar, ýöne nägilelik döredýär. 24 – On bir günüň dowamyňda oraşan bolýar hem-de şatlyga getirýär. 25 – Çalt we üstünlikli tamamlanýar. 26 – Nägileliklere getirýär. 27 – Derrew oraşan bolýar we ýakymly gutarýar. 28 – Oraşan bolmaýar we hiç hili ähmiýeti ýok. 29 – Puç düýşler. 30 – Bu düýşler ýeňişden habar berýär hem-de 20 günüň dowamynda amala aşýar. 31 – Bu düýşler peýdaly we täze zatlara eýe edýär. ■ BAGTLY WE BAGTSYZ GÜNLER (Kamary aý hasaby boýunça) 1 – Gün – uzak kesel ýatanlar üçin bagtsyz gün. Şu gündäki düýşler şatlyk getirýär.doglan çagalar uzak ömür sürýär. 2 – gün – Gury ýerden we deňizden sapara gitmek, göwreli bolmak gurluşyk we ekinler üçin bagtly gün. Keseller gysga wagtlyk bolýar. Düýşler ýalan, çagalar tiz ösüp, çalt kemala gelýär. 3 – gün – Ekiş üçin hem, däne sepmek üçinde ýaramsyz, şowsuz gün. Dertler gorkuly, düýşler aldawçy. 4 – gün Hemme işler üçin bagty açyklyk, ýitiren zatlaryňy tapmak. 5 – gün – Bagtsyz gün. Günä edenleriň günäsi geçilmeýär, ýiten zat tapylmaýar, näsaglar azap çekýär. Düýşler şübheli. 6 – gün Köp jähetden bagtly gün. Şu gün okamaga başlanlar üstünlik gazanar. Ogurlanan zat tapylar. Näsaglar çalt sagalar. Şu gören düýşüňi syr saklamak gerek. doglan perzentler uzak ýaşar. 7 – gün – Bagtdy gün. Dertliler çalt sagalar. Düýşler oraşan bolar. 8 – gün – Syýasatçylar üçin bagtly gün, näsaglara bagtsyz. Düýşler oraşan bolar. 9 – gün – Bagtly we bagtsyz gün. Dertler agyrlaşar. Düýşleriň oraşan bolmagy kynlaşar. 10 – gün– Ähli işde bagtly gün. Aladalar çalt tamamlanar, düýşler boş bolar. Doglan perzentler syýahata maýyl bolar. 11 – gün – Ýaşaýan jaýyňy özgertmek üçin bagtly – gün. Düýşler oraşan bolar. 12 – gün – Hiç bir işe jan çekmeli däl. Dertler howply. Düýşler oraşan bolar. 13 – gün – Bagtsyz gün. Hiç bir işe azap çekmek gerek däl. Düýşler çalt oraşan bolýar. Dertler howply bolýar. 14 – gün – Bagtly gün. Näsaglar gutularlar. Düýşler şübheli. Bäbekler hemme taraplaýyn kämil bolar. 15 – gün – Gowy hem däl, erbet hem däl. Dertleriň howply ýeri ýok. 16 – gün – Bagtly gün, perzentler uzak ömür sürerler bagtly, abraýly bolarlar. Düýşler çyn bolar. 17 – gün – Bagtsyz gün. Hiç bir işe jepa çekmeli däl. Dertler agyrlaşar. Düýşler üç günden soň oraşan bolar. Şol gün doglanlar uzyn boýly we bagtly bolar. 18 – gün – Bagtly gün. Düýşler oraşan bolar. Çagalar zähmetsöýer bolup bagtly ýaşarlar. 19 – gün – Ýolagçylar üçin hatarly. Çagalar uzak ýaşar. 20 – gün – Hemme taraplaýyn bagtly gün, düýşler puç bolar. Çagalar janypkeş bolar. 21 – gün – Şatlykly we hojalyk işleri üçin bagtly gün. Dertler howply däl. Ýitenler çalt tapylar. Düýşler puç bolar. Çagalar zähmetsöýer bolar. 22 – gün – Bagtsyz gün, hiç hili iş başlamaly däl. Keseller üçin hatarly. Düýşler oraşan bolar. Çagalar gowy gylyk-häsiýetli, arassa bolup ýetişer. 23 – gün – Şan-şöhrata ýetmek üçin bagtly gün. Dertler uzaga çekýär we howp-hatarly. Düýşler puç bolar. 24 – gün – Gowy hem erbedem däl. Kesele sezewar bolmak hatarly. Düýşler ýalan bolar. Çagalar mähriban we keýp çekmegi gowy görerler. 25 – gün – Bagtsyz gün. Dertler hatarly. Doglan çagalar gowy gün görerler. 26 – gün – Bagtsyz gün. Hiç hili işi başlamaly däl. Nähoşlamak howply. Düýşler oraşan bolar. Şu gün doglanlar bagtlydyrlar. 27 – gün – Ähli taraplaýyn bagtly gün. Düýşler oraşan bolar. Perzentler ajaýyp adamlar bolup ýetişer. 28 – gün – Her taraplaýyn bagtly gün. 29 – gün – Hemme taraplaýyn bagtsyz gün. Näsaglar sagalyp gidýärler. Düýşler 3 günden soň oraşan bolar. 30 – gün – Her jähetden bagtly gün. Näsaglar çalt sagalarlar. Düýşler çalt oraşan bolar. Çagalar mähriban adamlar bolup ýetişerler. ■ HÄSIÝETIŇ UKA WE DÜÝŞE TÄSIRI Pikirimiziň hem-de biziň maksadymyzyň bedenimiziň tebigy ýagdaýyna baglydygy şübhesizdir. Biziň meýillerimiz we yhlaslarymyz bedenimiziň ýagdaýy, ganymyzyň düzümi we nerwlerimiziň häsiýetine baglydyr. Bedenimizdäki näsaglyk pikirimize sustluk, höwessizlik ruhuny berse, tersine, doly sagdynlyk şadyýan we gowy maksatlary döredýär. Bedenimiziň, aşgazan we nerwlerimiziň ýagdaýyna görä, şol bir zady we hadysany biziň dürli ýagdaýda görmegimiz mümkin. Häsiýet, instinkt we bir zada uýmagymyz biziň bilen berk baglanyşykly bolup, olar uklan mahalymyz hem edil oýalygymyzdaky ýaly ruhumyza we pikirimize güýçli täsir edip durýar. Uky mahalynda bedenimiziň edýän täsirine aňymyz biçak az garşylyk görkezýär, netijede temperament häkimlik edip başlaýar, netijede instinktler logika we aň üstünden öz hökümini ýöredip ugraýar. Şol sebäpli hem aşa medeniýetli, edepli, halal adamlar sada adamlar bolsa gan döküşikli, gorkuly wakalary düýşünde görýärler. Uky adamy tebigy ýagdaýa ýakynlaşdyrýar hem-de wagşy elementar duýgylary oýarýar. Uky mahalynda adam terbiýe netijesinde özleşdiren maksadyndan, hyýallardan, hyýallaryndan we ynamyndan uzaklaşýar. RAHAT UKLAŇ! GOWY DÜÝŞLERI GÖRÜŇ ADAMLAR! PYGAMBER ÝORGUDY BOLSUN! (Soñy). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |