20:57 Takdyrnama: Düýş görlende özüñi nähili alyp barmaly | |
DÜÝŞ GÖRLENDE ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Indoneziýada adam aýagy ýeterden daşda bolan bir çüňkünde Senoý diýen bir taýpa ýaşaýar. Bu ýerde daň atan badyna çagalar öz ata-enelerine gören düýşlerini aýdýarlar. Ata-eneleri bolsa olara indiki gije her hili ýagdaýlar ýüze çykanda, özüni nähili alyp barmalydygyny öwredýärler. Bir mahallar bu taýpa bilen gyzyklanypdyrlar. Häzir düýş bilen meşgullanýan halklaryň arasynda Senoýlar iň görnükli orny eýeleýärler. Sebäbi olar bagtly adamlardyr. Belli bolşy ýaly bu taýpada jenjel dawa bolmandyr. Adamlaryň özara gatnaşygy gaty tebigy bolupdyr. Olar öz perzentlerine nähili maslahatlar berýärler? Meselem: Eger sen ýowuz mahluga sataşsaň, ony ýeňjek bol, hiç haçan yza çekilme. Jara ýykylsaň ondan çykjak bol ýa-da jaryň düýbüne ýetjek bol. Eger iň ýakyn aýallar ýoldan azdyrjak bolsa çekinme-de olaryň aýdýany bilen boluber. Eger garka düşseň, öz çagalaryňy, atany ýa-da dostlaryňy kömege çagyr. Çagalar hem-de olaryň gören düýşleri bilen gaty köp ýyllap gyzyklanandygym sebäpli köp zatlary derňäp gördük. Olar täsirli eken. Eger düýşüňde birine duşsaň, ondan bir zady bermegi haýyş et. Düýşüňde sowgat alsaň, oýalygyňda baý bolýarsyň. Düýşüňde duşmanyňy göreşsiz hem ýeňip bolýar. Meselem garşydaşyňy gujaklap, onuň bilen göreşip ýeňmek, her hili gorkuly jandar hem bizden çekiner. Her hili hatarly, howply zady görseňiz hem onuň adyny soramagy unutmaň. Düýş soltanlygynda durmuşdaky ýaly maddy barlyk ýokdur. Bu ýerde söz edil biziň özümize, başga bir şekillere meňzeş, görnüşe eýedir. Düýşde söz bilen göwre özara baglanyşykly olar biri-biriniň deregine geçýär. Siz şol mahlugyň adyny bilseňiz, soňky düýşleriňizde ony özüňize hyzmat etdirip bilersiňiz. Ony eýelän wagtyňyz çagyrmagyňyz, hatda oýalygyňyzdaky adaty işleriňize kömekleşdirmegiňiz mümkin. Elbetde, munuň üçin düýş gören wagtyňyz özüňizi duýmagyňyz gerek. ukudadygyňyzy we etjek işleriňizi bilmegiňiz gerek. At bilen şol göwräniň deňeçerligi jadygöýlügiň esasynda emele getirýär, jadylan mahalyňyz bolsa şol mahlugyň daş görnüşi emele gelip zalym ruhlary bendi edip goýýarlar. Her hili düýşde hem biz ýalňyz bolmaýarys. Edil gündizdäki ýaly ukuda hem biz bigünä adamlaryň aljyraňňy ýagdaýlaryny we daş sypatlaryny görýäris. Muny barlamak aňsat, şol şekili deň iki bölüp geçmeklige synanyşmak gerek. eger düýşünde göreniň öz döreden ideýaň ýa-da seniň ýanyňa iberilen zat bolsa, ony deň ikä bölüp geçip gitmegiň mümkin. Eger sen biriniň düýşüne girseň ýa-da kimdir biri seniň düýşüňde görünse onda biri-biriňiziň araňyzdan geçip bilmersiňiz. Oýalygymyzda hem hut şunuň ýalydyr, her birimiz öz bedenimize we göwrämize maddy häsiýet berýäris, diňe biziň adymyz çaknyşyp bilýär. Adymyz we göwrämiziň birligindäki syr şundan ybarat. Ukudakaň käbir uzakdaky zatlar ýakyndaka seredende dury görünýär. Gapdalyňda duran zatlary bolsa saýgarmak kyn bolýar. Düýşüňde haýsydyr bolsa bir kijijek zady üns bilen synlamak isleseň, şobada görnüş özgerýär. Düýşüňde nämedir bir zat gözüniň öňünde asylyp duran bolsa, gözüňi gyrpyldatmaly däl. Gözüňi gyrpyldatsaň (eger başarsaň) şobada düýş hem özgerýär, köplenç ýagdaýda oýanýarsyň. Başga bir tarapdan, sen gorksaň ýa-da düýşüňmi ýa-da oýalygyňdamy biljek bolsaň gözüňi gyrpyldatmaly. Eger ýagdaý özgerse, sen düýş görýärsiň. Ine şu hyýaly älemde iň esasy zat uklap ýatyrkaň özlügiňi ýadyňda saklamakdyr. Şonda derrew göwräň niredeligini, öz adyňy ýadyňa salýarsyň, gündizki huşuňy doly dikleýärsiň. Ýöne şeýle ýagdaýdaky ukudaky adam oýanmasa, onuň çözgüdini manyly ýagdaýda çözmeli bolýar. Ol Gipnos şalygynyň ajaýyp menzillerini aňly ýagdaýda öwrenmek bilen meşgullanýar. Bu adam düýşünde aňyna buýurmagy öwrense, onda ol öz aňy bilen ýene oýalygyndaky ýagdaýyna gaýmagy, öz aňy bilen göwresinden nähili çykandygy, öz bedenine nireden gelmelidigini görmegi, düşünmegi mümkin. Beýle adam köp işleri edip biler. Bu mümkinçilikler biziň takdyrymyza girmeýär. Şol sebäpli ony özleşdirip durmarys. Şeýle bir ýagdaýy aýratyn belläp geçmek gerek, ýagny biz ukuda wagtymyz gündizki aňymyzy doly dikläp bilsek-de, özümiz gündizki derejämizden düýpli tapawutlanýarys. Biz gündiz ýaşaýan wagtymyz kalbymyzy ezýän, gynaýan zatlardan, düýşümizde aňymyza buýrup bilsek hem ýiti täsiri duýmaýarys. Bu iki şahsyň haýsy biriniň hakykydygyny aýtmak kyn. Hytaý akyldary Juan Szi kebelege öwrülip, gülleriň üstünde perwaz edip ýörmüşin. Juan Szi oýanyp, “men kim?” diýip oýlanmaga başlapdyr. Düýşünde owadan kebelek gören Juan Szimi ýa-da ýaňyja düýşüne Juan Szi bolup giren kebelekmi! Biz diri ekenimiz, şondan hemişe şeýle pikirler bilen özümizi gynaýarys. Düýşleri ýormak: «Biz aslynda kim bolýarys?» diýen soraga jogap bermegiň bir ýoludyr. Okyja üstünlik ýar bolsun, onuň ähli süýji arzuwlary amala aşsyn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |