20:36 Takdyrnama: Takdyr elipbiýi | |
TAKDYR ELIPBIÝI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Oýalykdaky aň bilen ukudaky aň hökümdarlygynyň arasyndaky tapawut uludyr. Emma gündizki jemi barlyk ýaly ukudaky ýagdaýyň hem öz maksady, özüne mahsus bolan öz gelejegi, şöhlesi we beýleki halatlary bardyr. Ýöne ukudaky aň ähli zadyň-islän zadyň düýşe girmegine ygtyýar edip bilmeýär. Ukudaky düýşler älemi ötegçi däldir, olar hatda gündizki barlyk hadysalary ýaly durnukly we bir hili mana eýe bolýar. Ynsan özüniň durmuşdaky hereketlerinde nähili bolsa, ol düýşünde hem şeýle bolýar. «Maňa gören düýşleriňi aýdyp ber, men seniň kimdigiňi aýdyp bereýin» diýlen aňlatma ýönelige däldir. Uky hem-de düýşleriň piri Gipnos. Ol Niktanyň (gije zenany) ogludyr. Gipnos özüniň şalygynda başga şekilde, başga hili duýgy we hereketleri bilen oýa adamdan tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ukuda wagtymyz biziň keşbimiz has üýtgeşik bolýar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýerinde düýşlere bolan gyzyklanma artdy. Düýşüň ynsana geregi barmy? Näme üçin hemmeler düýş görýär? Düýşleriň ýorgudynyň dürli-dürlüligi hem-de adaty dälliginiň sebäbi nämede? Adam düýşünde-de özüni oýalygyndaky ýaly duýan wagtynda, daş-töweregindäki zatlary öwrenmegi, duýmagy mümkinmi? Bu takdyrnama, açyk aýdanymyzda, uky dünýäsiniň birinji täsinlikler älemine alyp barýan derwezäniň açary hasaplanýar. Düýşde döreýän dürli alamatlar, gapma-garşylykly islegleriň alamatlaryny ruhy taýdan analizlemegi saňa galdyrýarys. Biz düýşleri öz adatymyza görä, düşünjämize laýyklykda ýormagy teklip edemzok. Belki, müňlerçe ýyllaryň dowamynda adamlaryň ulanyp gelen iş usullaryny teklip edýäris. Düýşüň ýorgudyny aýtmak (W.Dalyň sözlüginde «ýormak ýadamyň öz pikir we gelen netijelerini aýtmak» diýip görkezilýär.) hemme ýerde we hemişe sungat hasaplanypdyr, düşündirip bolmaýan döredijilik saýylypdyr. Mukaddes Kitaplardaky sözleri pirler, akyldarlar analizläpdirler. Soňra ony döredijilikli, joşgunly düşündiripdirler. Biz öz düýşümizi ýoran wagtymyzda beýde ýokary düşünjelilik bolmasa-da, kalbymyzda kiçijik, emma hemişelik dowam edýän döredijilikli hereket bolmaly. Her bir adam öz düýşüniň ýorgudyny gözlände, edil şahyryň ýa-da ýazyjynyň dünýä inmedik eserleri hakynda ünsli pikirlenip otyrka, birdenkä kellesine ajaýyp pikir gelendeki aly bolýar. Düýşleri hakyky ýormak – bu döredijilikli gözlegdir. Düýşleri ýormak takdyryň öňde goýan maksady hakynda hekaýa oýlap tapan ýaly bir ýagdaýdyr. Bu halda döredijilik bolmasa, ýorgut hem ýasama ýaly bolýar. Uky, düýş – misli ertekiler älemindäki ýaly elinden dür dökülýän jadygöý mysalydyr. Ine, şol ertekiniň manysyny oýa halyňdaky aňa düşnükli sözler we hereketler bilen ýetirmek gerek. Biz düýşlerimiziň manysyny ýormaga girişenimizde, özümiziň içki älemimizi açmaga başlaýarys. Öz düýşlerini ýormak bilen meşgullanýan adamlar uky äleminde biziň durmuşymyz hakynda takdyr eli bilen ýazylan ýazgylary okamagy öwrenenler. Siziň düýşlere beýle gyzyklanmagyňyzyň nähilidir bir manysy barmy? diýen sowalyňyza bir adam: «Özümi doly tanamak, näme üçin ýaşamalysy ýaly ýaşamanlygymy bilmek isleýärin» diýip jogap beripdir. Sebäbi ynsan özüniň hakyky arzuwlaryny örän az bilýär we oňa amal etmäge, öz täsirini ýetirmege biçak az çemeleşýär. Altyn balyk haky hakyndaky erteki adamlaryň takdyrynda çalt-çalt gaýtalanyp durýar. Düýş şol ertekideki döwük kerseniň gaýtalanmazlygyna kömekleşen ýaly bolýar. Bir sada aýal ýokardaky sowala: «Düýşler dogry bolup çykýanlygy üçin, oňa ynanman durup bolarmy?» diýip gysga jogap berdi. Adamlaryň düýşe ynanmaklarynyň ýene bir sebäbi bar. Käbir ýagdaýda düýşdäki alamat şol adama nämedir bir zat barada çalaja duýdursa bes ol adam öz niýetini-maksadyny täzeçe başlamaga taýýar bolýar. Sebäbi Gipnos pir jadylaýjy we gudratly güýje eýe bolan dil bilen bize duýduryş berýär. Beýle ýagdaý bize beýik sungat eserleri derejesinde duş gelýär. Ýiti mazmunly pesanyň ýa-da dessanyň bizi durmuşyň gündelik hysyrdyly aladalaryndan dyndaryp, öz şahsy takdyrymyz barada pikirlenmäge mejbur edişi ýaly, düýşe giren anyk şekiller hem, hakydamyzda ebedi saklanyp, hemişe oýlandyrýar, hatda şu çylşyrymly düýşüň asyl manysyna ýeten ýagdaýynda, adam öz şahsy durmuşyny bütinleý täze ugra gönükdirmegi mümkin. Meselem, Amerikadaky indeýleriň arasynda, gadym wagtda dabaraly ýagdaýlarda Durmuş düýşüni gören indeý şamanlyk wezipesini eýeläpdir. Ol öz gören düýşüni hiç kime aýtmasa-da, şol düýş dogrusynda yzygider pikir ýöredip, tutuş ömrüniň dowamynda Durmuş düýşünden özüne gerek bolan bilimi we ylhamy alyp bilipdir. Sebäbi şeýle Durmuş düýşi biziň takdyrymyz hakynda ýazylan roman, rowaýat bolup, onuň mazmunyny tirmek, anygyna ýetmek gerek. Beýle roman diňe oý-pikir beýan edilýän mahsus dilde ýazylan bolup, beýle düýşler takdyryň esasy mazmunydyr. Sebäbi biz bimany surat ýelmenen jansyz portret bolman, belki, zamanyň bagryna ýazylan sazdyrys, özümiz özümizi wasp edýän aýdymdyrys. Şol sebäpli durmuş mazmunyndan çete çykyp bilmän galýarys, çünki biz dolandyrýan, döredijilikli çemeleşýän takdyryň ygtyýaryna berilýäris. Şeýlelikde genetik ýol bilen ene garnynda kemala gelip, beden formasyna öwrülip ösýäris. Dünýä inenimizden soň hereketiň dürli görnüşlerini ýerine ýetirip, ony özleşdirip başlaýarys: kellämizi galdyryp daş-töweregimize seredýäris, gözümizi töweregimizdäki adaty görnüşe öwrenişdirýäris, aýak bitýär, geplemäni hem öwrenýäris. Soňra durmuşymyzyň ýokary basgançaklarynda edil durmuş kompýuterindäki ýaly, bizi Barlykdaky ebedi klassyk we wagtlaýyn hadysalar bendi edýär. Käte biziň ýerine ýetirijilik ukybymyz ýeterlik bolmasa-da, biz Romeo we Juletta hem-de Isa bilen Iuda (Iblis haýyn) görnüşine girmegimiz mümkin. Şu hereketler esasynda döredýänligimizi we ahyrynda hem kim boljakdygymyzy, kime öwrülip barýanlygymyzy bilmän hiç hili arzuwsyz ýaşamak mümkinmi? Şeýle ýagdaýlarda düýşi ýormagyň we onuň mazmunyna düşünmegiň peýdasy degýär. Çünki biziň durmuş ýolumyzda duş gelýän azaplara, aýagymyza çümen tikenlere näçe mert çydasak-da olara ner bermesek-de, hakykatda, ol kynçylyklar we jeza azaplary hakykydyr. Ilkinji söýgimizden soňky ölüm hem edil Romeo we Julettadaky ýaly, gysga wagtlaýyn bolsa-da. hakyky ýoldur. Şonda köne durmuş ýoly bize ýardam edýär. Biziň jesedimiz topraga öwrülip ýene-de kül içinden Semender guşy ýaly ýaňadan dünýä gelýäris. Bu ikinji nobata çenli dowam edýär. Kül içinden direlip çykamyzdan soň başga adama öwrüljekdigimiz düşnükli. Çünki biz öz edýän işlerimizi diňe wagt geçen soň ýatlamaga endik edipdiris. Şu esasda hem bize özümiziň täze nämälim keşbimizi göz öňüne getirmäge düýşleriň ajaýyp aýnasy gerek bolýar. Artemidardan başlap, beýleki gaty köp takdyrnamalarda düýşleriň şeýle umumy belgileri we alamatlary bolup, şu takdyrnamanyň esasyny şolar düzýär. Gürrüňiň näme hakda barýanlygyny anyklamak üçin, birnäçe mysal getirýäris. Hytaýlylar düýşünde öýüne tabyt girenini görseler, diýmek, emeldarlyk wezipesi ýa-da hak-heşdegiň eline geljegini duýupdyrlar. Gadymy Hytaýda emeldaryň kürsüsinde oturmak uly bagt hasaplanypdyr... Görnükli rus Gündogary öwrenijisi Ý.G.Baranow «Hytaý takdyrnamalary» diýen kitabynda (1925-nji ýylda hytaý dilinde Harabinde neşir edilipdir) düýşleriň dürli ýorgutlary düşündirilipdir. Hytaý dilinde tabyda Guan-saý diýilýär. Emeldara Gulan diýilýär. Baýlyga soý diýýärler. Sözleriň neroglif (belgileri) dürli hili bolsa-da, olaryň mazmuny birdir. Şol sebäpli düýş ýorgudynda şol meňzeşliklerden ugur alýarlar. Guan-saý diýen söz emeldar–baýlyk diýmegi aňladýar. Bu, sözleriň omonimdigiki ýorgut üçin peýdalanypdyrlar. Biziň peýdalanan rus takdyrnamalarymyzda, şeýle hem iňlis, fransuz takdyrnamalarymyzda düýşde boş tabyt görünse, bu işdäki üstünligi aňladýar. Eger adam özüni tabydyň içinde görse, işleriniň ahyrlandygyny görkezýär. Geň ýeri bu sözlerde dilleriň hiç hili meňzeşligi ýok, saz oýnatmalary hem ýok. Biziň ahyrky barjak mesgenimiz üçin tabyt iň aýan belgi bolup durýan eken. Elbetde, başga hili düşündiriş we ýorgutlar hem bar. Takdyrnamalaryň sany-da, olary düzýänlerem az däl. Adaty düýşleriň ýorgudyny berýän halk kitaplaryny toplaýan päk, halal adamlar hem, täzeligi aýdýan, özbaşdak ýol salýan täzelikçilerem bar. Biz bu takdyrnamada manysy boýunça ýakyn bolan taraplaryna garap, rus dilindäki, hytaý, iňlis dilindäki birnäçe kitaby, terjime edilen öňki takdyrnamalary (jemi 15-e golaý), şonuň ýalyda düýşleri ýormak baradaky 20 ýyllyk iş tejribemize daýandyk. Biziň duýgularymyz aslyna seredeňde anygrakdygyny aýdyp geçmek isleýäris. Anyk ylymlarda duş gelýän ýönekeý sistema we hadysalara seredende azajyk çylşyrymlyrak. Düýşler şahsy ýa-da birnäçe adamyň duýgularyna laýyklykda çözülýär, şeýle duýgulara esaslanyp ýormak dogrudyr. Düýşüň alamatlary dürli milletden bolan adamlaryň ählisine mahsusdyr diýen Karl Ýungyň pikirine görä, adamlaryň takdyry olaryň düýşünde jadyly, milli formada şöhlelenýär. Ýung olary, milletleriň arhitipleri diýip atlandyrypdyr. Şeýle bolýan bolsa, adam haýsy millete degişlidigine garamazdan, olaryň takdyry, duýgulary birmeňzeş bolupdyr diýip, düýşleri hem şol esasda ýormak mümkin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |