02:26 Täleý ters gelmesin... | |
TÄLEÝ TERS GELMESIN...
Edebi makalalar
– Wah, näsini aýdýaň, bolaýýarmy ol diýeniň. 37-de bütin milletiň üstüne nädürli musallat abanypdyr. Kakylmadyk gapy, synmadyk göwün, öçmedik ojak galandyr öýdülmändir. Şonda uçdan tutma hemmäniň täleýi ters gelene dönüpdir. Yzyndanam uruş, soňra Aşgabatdaky ýertitreme. Bularyň bary birigip milletiň gülüni äkidipdir. Niçeme nazar «garamaňlaý ekenim» diýip ah çekip galmaly bolupdyr. Adam ykbaly örän täsin zat – ugruna bolýany bolýar. Bolmaýany-da. Ynha, indi görüp otursak ynsan çagasynyň ykbaly özi ýaly ynsanlaryň elinde bolýan wagty hem bolýan eken. Mysal, şol ady ýitmiş 37-ni alyp göreliň. Şonda turzulan tupan kime gerek bolduka? Asla, ilkinji bolup «şol gerek» diýip kim agzadyka? Indi görüp otursak şonda «ýurdy sarsdyrmak» hakynda gürrüň bolana meňzeýär. Ýöne partiýanyň ýolbaşçy toparlarynyň arasynda «millete beýle sütem etmeklige ýol berip bolmaz» diýen tapylmandy diýmäliň. Çap edilýän materiallardan Merkezi Komitetiň şeýle liniýasyna «garşydyryn» diýip bilmese-de gepini düşündirjek bolanlar bolupdyr. Muňa Sergo Ordžonikidzäniň tragiki ykbaly mysal bolup biler. Ondan-da has öň Partiýanyň MK-nyň ýanwar (1933 ý.) Plenumynda şahsyýet kultunyň alamatlaryna garşy çykyş edenleriň meselesine garalypdyr. Şonda abanyp duran howpuň mese-mälimligi hakda gürrüň gozgalypdyr. Şonda Eýsmont, Tolmaçew we Smirnow dagydan ybarat toparyň işi hakda meselä garalypdyr. Plenum «şol topara girenler jogapkärçilige çekilmeli» diýilen karary kabul edipdir. Topara girýänleriň arasynda Staliniň iş başyndan aýyrmaklygyň zerurlygy hakda gürrüň bolupdyr. Bularyň üçüsi-de baýry kommunistler. (Smirnow – 1896-njy ýyldan partiýa çleni) hem jogapkär wezipelerde işlän adamlar. Soňra Tolmaçew bilen Smirnowy atyp öldüripdirler. Eýsmont awiasion heläksilikde wepat bolupdyr. Bu ýerde biziň bu mysala ýüzlenýänimiziň sebäbi bar. Eýýäm şol Plenumdan soňra (1933 ý.) partiýanyň leninçilik gwardiýasyny bir ujundan kerçelemäge iş ýüzünde girişilen eken. Milletiň başyna musallatyň inmegi-de şondan başlanypdyr. 37-niň tupany şol eden-etdilikleriň dowamy eken. Ol bütin ýurda ýaýraýar. Köpçülikleýin tutha-tutluklar şonda bolup geçýär. Täleýi ters gelen bendeler şonda heläkçilige sezewar edilýär. Kimler at-sor çykmaz ýaly ýitirim edilýär, kimler Sibirden, Kolymadan çykarylýar. Şol ýerlerden yzyna dolanyp gelenden, dolanmadygy köp. Biziň respublikamyzyň çäklerinde hazan ýeliniň nireleri gyrgyna berenligini, kimleriň şirin jany alnyp, yzynda çagajyklaryny ýetim galdyryp gidenligi hakda her birimizde-de ýeterlik maglumat bar bolsa gerek. Ýöne şol aýylganç habarlaryň bir ýere toplanyp neşire bizde seýrek gabat gelýär. Talantly žurnalist hem-de şahyr Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» ady bilen çykan kitaby şonuň ýaly toplumlaryň biri1. Kitapda jellatlaryň elinden heläk bolan partiýa we döwlet işgärleriniň, işçileriň we daýhanlaryň wekilleriniň, intelligensiýanyň güli diýilýänleriň, ýönekeý öý hojalykçy aýallaryň, nowjuwan ýigitleriň onlarçasynyň ters gelen täleýiniň kyssasy ýerleşdirilipdir. Aşgabatdaky pedinstitutdan 21 sany ýaş oglan äkidilipdir. Şolaryň biri oňat şahyr eken (14 sah.). «Troskizmi köki-damary bilen sogurmaly!» diýilen tutarlyk – ynha şolaryň ters täleýi bolup çykypdyr. Elbetde hak troskizm düýp-teýkary bilen ýok edilýän bolsa, ol hakda gürrüň bolup bilmez. Troskizm, bize mälim bolşy ýaly, şol döwürde iň howply ideologiýalaryň biridi. Onuň leninizm bilen barlyşyksyzdygyny hemmämiz hem bilýäris. Ýöne şol oglanlarda «amal» diýer ýaly näme bolup bilýädikä? Umuman, kitabyň içi durşy bilen heläkçilige sezewar edilen päk ynsanlaryň ykbaly hakda. Ýüregi ýuwka adama bu kitaby okamak başartmasa gerek. Sagat bolanyňda-da kitabyň her gatynda gözler nemlenýär. Belkem, kitap tukat dilde ýazylandyr? Ýok, kitabyň dili edil tersine – örän ýeňil, ýürekden syzdyrylyp ýazylypdyr. Henizem kitaby okadýan onuň mylaýym dili. Gara buluda bürenip oturan iliň ters täleýiniň suraty göz öňüne gelýär. Kitabyň manysyna düşünmeklige bolan isleg artýar. Kitabyň ile çykarlygy bolsun, onuň mazmuny okyjynyň aňyna ýetsin diýip awtoryň eden tagallalary hem sahypada duýulýar. Onuň maglumat diýip aýlanmadyk, gezmedik ýeri galmadyk ýaly. Bir görseň material Nohurdan toplanyp, bir görseň hem Çärjewden, Daşhowuz, Kerki sebitleri, Çelekendir Etrek – bular hem awtoryň ünsünde bolupdyr. Kitaby agtaryp gören ilki salam hata gözi düşer, yzyndan dokumental materiallar, ýatlamalar, bir görseňem mesaýy söhbediň ýazgysy. Garaz «agyr daşy» eline alan ondan özi üçin many çykarsyn diýilip ýazylan eseri görer. Many çykararlyk barmy? Meniň pikirimçe, many çykararlyk, hakykatdan-da bar, onda-da uly many çykarmaga maý bar. Kitabyň gymmaty-da şundadyr. Onuň her sahypasyndaky beýany edilýän ajy wakalar – «Näme üçin?», «kimiň haky bar?», «aý, beýle däldirle» – diýdirýär. Kitap oýlandyrýar, tolgundyrýar. Awtoryň publisist hökmünde elinde toplanan materiallara örän inçeden yzarlap bilýänligi, okyjyny-da bileleşip pikirlenmäge çagyrýanlygy – onuň ezberliginiň nyşany. Okyjy şol harasatda, şol ady gurmuş otuz ýedide, nemleri süpürlip gyzyl etenä öwrülen gözleri, sarsgyna sezewar edilen ýürekleri göz öňüne getirer. Yzuwda-çyzuw bolup galan çagajyklar, matam tutup oturan naçarlar ganymlaryň elinden heläk bolanlaryň nebereleri hakda ýazylan bu kitaby almasyna alar, ony okara weli rowgaty çatar öýtmeýärin, awtor edil şolaryň ýürek ýazgylaryny kagyza geçirmegi başaran ussat hökmünde çykyş edýär. Kitap durşuna adam ykballary hakda. Onuň ilkinji sahypalaryndan başlap päk ynsanlaryň keşbiniň ýazgysy yzy üzülmän gidipdir. Nedirbaý Aýtakow, Gaýgysyz Atabaýew – bular hökümet ýolbaşçylary. Ikisi-de tutulyp atylanlaryň içinde. Respublikamyzda halk kommissary wezipesinde işlänleriň biri-de aman galmandyr. Olardan gözenegiň aňyrsyna dykylyp soňam ýitirim edilenleri bar, Sibirden çykarylany bar. Olary näme üçin şeýle zuluma saldylarka? Bu soragyň manysyna kitap düşüner ýaly edýär. Onuň jogabyny umumy ýörelgeden gözlemeli. Şol ters ýörelge «halklaryň beýik serdarynyň» şahsy diktaturasyny berkarar etmek, ony berkitmek üçin niýetlenendir. Şol esasynda-da öňki Soýuza girýän respublikalaryň ählisiniň ýolbaşçy kadrlaryny bir ujundan çiňňirik ýatyran ýaly etmeli edilen bolarly. Onsoň muňa ýörelge diýmän bolarmy? Içinde sosializmiň ideallaryna, sowet gurluşyna wepalysy bolandyr ahyryn diýdirýär. «Hemmesi halk duşmany bolaýdymyka?» – diýip şol döwürlerde-de ikirjiňlenen az bolmandyr. Soň şolaryň bary diýen ýaly aklandy. Olar päk ýürek bilen halka hyzmat eden adamlar bolup çykdy. «Köne bolşewikleri-de pürrelemeli» diýilip görkezme berlene meňzeýär. Kitapda Nikolaý Paskuskiý ýaly baýry kommunistler hakda, özi gamgyn bolsa-da gyzykly maglumatlar getirilýär. 1938-nji ýylda gaýduwsyz bolşewik N.Paskuskiý halk duşmany hökmünde atuwa höküm edilipdir (54 sah.). Oňa şol wagtlar hiç kim ynanmandyr. Adamlar eginlerini gysyp gezibermeli bolupdyr. Ynha-da Anna Muhammedow. Partiýanyň kadrlardan ybarat, altyn fondunyň dür-däneleriniň biri. Oňa kommunistler uly buýsanç bilen garapdyrlar. TK(b)P-nyň MK-nyň sekretary wagtynda, awtoryň sözleri bilen aýtsak «eli sypyndygy adamlar bilen söhbet etmegi, olaryň iş aladalary bilen ýakyndan tanyşmagy halaýardy. Ine, şol söhbetdeşligiň biri hem şeýle ýagdaýda geçipdi. Ol respublikamyzyň öňde baryjy çopanlaryny kabul edipdi» (85 sah.). Çopanlaryň öz dilinden eşidilen gürrüňlerden partiýanyň MK-nyň sekretary maldarçylygy ösdürmekde düýpli kemçilikleriň barlygyny anyklapdy. TK(b)P-nyň MK-nyň ikinji sekretary wezipesindekä Anna Muhammedow türkmen edebi diliniň ösdürilmegi baradaky pikir alyşmalarda gatnaşyp ondan degerli bellikler edip bilendigi barada kitapda görkezilýär. (89 sah.). Döwür bilen aýakdaş bolmaklygyň zerurlygyna her bir ýolbaşçy düşünibem duranok. Gaýtam, onuň tersine, «ilden agdyk bilimim bolansoň şu wezipä belläpdirler» – diýip gomalyp ýörenler hem gyt däldi. Şeýle adamlar okamaýarlar, öz üstünde işlemeýärler. «Anna Muhammedow respublika ýolbaşçylyk etmek üçin çuňňur bilimiň zerurlygyna oňat düşünýärdi. Şonuň üçinem gijelerine onuň öýüniň çyrasynyň sönük wagtyna az duşulýardy. Ol irginsiz okaýardy, irginsiz işleýärdi – diýilip görkezilýär. (92 sah.). Ana, o-da nähak ýerden guma garylyp gitdi. Ol şahsyýet kultunyň pidasy bolupdy... Batyr Ataýew (92-100 sah.), Oraz Täçnazarow (100-124 sah.), Ata Nyýazow (150-160 sah.), garaz, milli intelligensiýanyň men diýen wekilleri «halk duşmany» hökmünde heläk edildiler. Türkmen iliniň görnükli ýazyjylarynyň biri Hojanepew Çaryýew (180-187 sah.). Ol hem sowuk ýerleriň birine iberilýär. Şol ýerden ýazan hatynda «syýam boldy gyzyl ganym» – diýip bellänleriň ol hem biri. Ol jellatlaryň eline düşüp gidende onuň gelini 27 ýaşynda eken. Bu-da ömri kül bolanlaryň biri. Monton Janmyradow (187-194 sah.), Hally Şahberdiýew dagy ruhy baýlygymyzyň artmagy ugrunda belli hyzmatlary bitiren adamlar. Olaryň hem başyna külpet inipdir. Aslynda bular sowet döwründe terbiýelenen, halkyň içinden çykyp okap bilim alan, halkyň öz wekillerinden ahyryn. Kitapda Hajymyrat ýalylara-da orun berlipdir. (134-149 sah.). Kapitan Hajymyradyň ömür kyssasy ylaýta-da täsin. Ol Nikolaý zamanlarynda yzarlanan, azar ýamany berlen adam. Sowet döwründe ýene «garaçomak» diýilip yglan edilýär. Ol soň aklandy. Ýöne bolgusyz günäler sürtülip nähak guma garylyp gitdi. Hajymyrat ýaly iki sistemanyň sepleşigine düşen «köne spesler» ynha şular ýaly zulumdan sypdyk, indi halk hökümetiniň raýaty zamanda halka arkaýyn hyzmat edip bileris diýip garan adamlar bolupdyr. Hajymyrat sowet döwletiniň öňüne müýnli bolaýmaýyn diýip oňa jany-teni bilen hyzmat edenleriň biri bolmaly. Görşümiz ýaly, kyssalar bäşdir-üçdür adamyň gürrüňi däl-de, birgiden iliň gürrüňi. Onuň ýaly bolanda awusy has ýiti bolýar. Adamlaryň gözüni gamaşdyrmak üçin partiýanyň şol mahalky baştutanlary «durmuş gowulandy ýoldaşlar, ol has-da şatlykly boldy» diýen şygary öňe sürüpdirler. Munuň özi iliň aňyna erk etmek üçin oýlanyp tapylan şelaýyn gürrüňden başga zat däldi. Şu döwürde metbugat giňden ulanyldy. Bu barada kitapda käbir bölekler girizilýär. (9 sah.). Pugta oýlanyp görsek «sowet halkynyň moral-syýasy agzybirligi» diýen kesgitlemeleriň-de nädürli akyla hyzmat edýänligini aňmak bolýar. Jemgyýet indi görüp otursak şonda darka iki ýarylan kädä meňzeş eken. Onuň bir böleginde «hakyky sowet adamlary, ýöne kysmatyndan razylar», beýleki böleginde-de «sowet adamlary, ýöne kysmaty telek gelenler», ýa-da «halk duşmanlaryň ýakyny-ýady», umuman nägileligini aýdyp bilmän ýörenler. Olar administratiw-komandalyk sistemanyň düzgünlerinden bez bolan we närazylygyny daşyna çykaryp bilmän egnini gysyp ýörenler. 1941–1945-nji ýyllaryň urşy döwründe her kim «bu zeýilli öýke-kine esasy däl, esasy zat başyna gurban boldugym Watan» diýip topuldy. Hiç kimiň hem, elbetde, eger onuň akly ýerinde, ýüregi päk bolan bolsa, täze zulumyň, ýagny faşistik basybalyjylaryň süteminiň astyna düşesi gelmeýärdi. Her kim özüniň partiýalyk borjuny berjaý etmekligiň ugrundady. «Darka iki ýarylan kädiniň» beýleki böleginde Orazgül Aşyraly gyzy hem bolupdyr. Okyjylar bu zenanyň ters täleýi bilen tanyşdyrlar. Ol hakda Allaýar Çüriýewiň makalasy çap edilipdi. Oba gelini, «Orazgüliň hökümete garşy näme etmişi bolduka?» diýip henizem özümize sorag berip ýörüs. Ýa-da Oraz Baýmyradowy alyp göreliň. Ol hem «äkidilenleriň» biri. Onuň yzy bilen zatdan bihabar öz işi bilen gümra bolup ýören onuň inisi, tutulyp ýitirim edilip goýberilipdir. Ynha, şu iki sany «hökümete hyýanat eden halk duşmanynyň» ejesini nan kartoçkadan kesipdirler. (7 sah.). Adamçylykmy şu? Asla nähak köýüp giden päk ynsanlaryň ilen-çalany, dost-ýary bardyr, şolaryň bu ýagdaýlary ýokuş görmegi mümkin diýilmedik bolarly. Rehim-şepagat ýok ýerinde birek-birek bilen düşünişmek aňsat düşermi? Garaz, şonda şumpelek edip bilenini edipdir. Haçanda aýanlyk döwlet derejesindäki syýasat yglan edilende, bir wagtlar böwet beklenen suw nädürli kuwwatlyklar bilen paglap gaýdypdyr. Niçe ýyllaryň dowamynda goltukda göterilip ýören kesekler totalitar sistemasyny badyna gömüp bilipdir. A.Çüriýewiň şu kitabyny okap çykanlar şol kesekleriň nä sebäpden ýagdyrlany hakda pugta oýlanar. Halky gamçynyň astynda saklamak bolmaýan eken. Jany ýanan bendeler biziň günlerimizde «tertip-düzgün galmady» diýip zeýrenýärler. Dogry, häzir ötüş döwri bolandanmy, ýa-da başga sebäpler barlygyndan, garaz tertip-düzgün gowşady. Şeýle ýagdaýda käbir adamlar «Murtuň gerek ýeri» diýäýýäler. Şonda «hiç kim hem ýalňyşýan bolaýmaýyn» – diýmeýär. Tertip-düzgüni dikeltmek üçin «Murtuň» geregi barmyka? Ol özümize bagly zat dälmikä? Bardy-geldi «Murta» daýanmaly boljak bolsa, şonuň ýalynyň keleçowyň biri hem tapylaýsa, onda bu zatlaryň sowy näme bilen gutarjagyny biz indi aňarça bolan bolsak gerek. Ykdysadyýetdäki kynçylyklar näçe tiz ýeňip geçilse, şonça-da bizde tertip-düzgünler tiz ýerine barar. Otuz ýedide öňünden mas işlenen operasiýalar amal edilen soň, şonuň yzysüre «troskizmiň soňuna çykyldy», «milletçilik ýok edildi» we başga-da şular ýaly «ýerine düşen işler» hakda wagyz güýçlendirildi. Muňa hemmeler şeýle diýip garandyrlar. Dereginde welin bu wagyzlaryň başga manysy bar eken. Has takygy – totalitarizmi berkitmek, şahsy diktaturany pugta berkarar etmek üçin eken. Köpçülikleýin pidalar hem şonuň üçin eken. Bu ýagdaýlar biziň elmydama ýadymyzda bolmalydyr. Şu manyda aýdylanda A.Çüriýew özüniň şu toplumy bilen tupan turan ýyllar güýç alyp ugran eden-etdilikleri birin-birin ýazgarýar. Asla ol zorluga, süteme daýanmaklyga protest bildirýär. Şu jähtden kitaba baha berlende ol biziň günlerimiziň talabyna laýyk diýilse bolar diýip garaýaryn. Şonuň bilen hem ol «adamlar, ägä boluň! Şol gyrgynçylyklar hiç haçan gaýtalanmasyn!» – diýip öz iline ýüzlenýär. Kitapda ýerleşdirilen materiallar hut şu hakda. Kitaby okap bolanymyzdan soň mende awtoryň özi bilen gürleşip göräýsem diýen meýil döredi. Mesaýy gürrüňçilikde eseriň kem-käs gaýdýan ýerleri hakda pikir alyşdyk. Göwnüme bolmasa, A. Çüriýew işiň mazmunyna diýseň çuňňur düşünýän adam. Biz şunuň şeýledigine awtoryň çap edilen örän köp işlerinden-de bilýäris. Meniň belliklerim hakda ol özüne mahsus bolan sypaýyçylyk bilen pikirini aýtdy. Bu maňa ýarady. Her niçik-de bolsa men öz belliklerimden birini, ikisini aýdaýyn. Bular düýpli kemçilik däl-de, awtoryň geljegi üçin. Taryhçynyň gözi bilen garalanda kitapda ýerleşdirilen material, eger eser tematik häsiýetde bolsa, munuň ýaly işlerde predmetlilik hem-de sinhronlylyk prinsipler göz öňünde tutulsa ýagşy. Pikirimi düşündirjek bolaýyn. Kitap esasan 37-niň wakalary hakda. Şeýle bolansoň 30-40-njy ýyllaryň wakalaryna degişli materiallardan başgasy artykmaç gelýän ýaly. (M. Atabaýew hakda 201-219 sah.). Indi predmetlilik prinsipi hakynda. Kitap stalinçilik terroryň pidalary hakda. Şeýle bolan soň «Nohurly gyzyň ykbaly» diýen hekaýa bu kitapda «ýöne ýer berläýene» meňzeýär. (249-255 sah.). Bular ylmy nukdaý nazardan garalanda şeýle. Publisistikada-da şeýleräk bolsa kem bolmajak ýaly. Biz kitabyň mazmuny barada durup geçdik. Indi onuň formasy hakda kiçijik bellik – kitabyň daşky bezegi hakda. Meniň pikirimçe, surat bezegini üpjün eden (B.Kuraýew) kitabyň temasyna düşünen bolmagy mümkin (türme), emma onuň düýp manysyna düşünendir öýdemok. Bu ýerde ýönekeý jemaýatçylaryň saklanýan ýeri hakda gürrüň gidenok-da, bagyr ýitgiler hakda, näletsiňen sistema hakda gidýär. Gürrüň «syýasy» tussaglaryň ykbaly hakda. Hudožnik ol hakda oýlanmaly eken. Umuman, kitap ýerine düşen eser diýip hasap edýärin. Okyjyny bu kitap gamgylyga salsa-da çuňňur oýlara batyrsa gerek. Aman YLÝASOW, Türkmen politehniki institutynyň dosenti. «Edebiýat we sungat» gazeti, 17.04.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |