23:00 Tanalmaýan ussat | |
TANALMAÝAN USSAT
Aýdym-saz sungaty
Beýik Magtymguly Garlynyň aýdymlarynyň saz bezegi örän kämil. Onda Sapar Bekiniň gyjagynyň owazynyň hem aýratyn orny bar. Ol gyjagyň döredýän heňi edil Çuwal bagşynyň owazy ýaly ýakymly. "Gyjakçy diýilýänem bagşynyň ýarysy boldugy" diýip, Sahy Jepbar aýdypdyr. Her bir aýdymyň sazynyň ýeterlik derejede kämil bolmagynda, gyjagyň öz hyzmaty bar. Şeýle-de bolsa, mydama gyjak çalýan kişi kölegede galyp, onuň ukybyna laýyk ähmiýet berilmändir. • Goşa ganat Bilermenler Magtymguly Garlynyň ajaýyp owazyny belende göterýän goşa ganatyň bardygyny aýdýarlar. Olaryň biri ussadyň öz elindäki dutar bolsa, beýlekisiniň oňa goşulýan gyjagyň sesidigini bilmek kyn däl. Gyjagyň owazy adam sesine çalymdaş bolansoň, bagşa çeküwli perdelere barmaga ýardam edýär. Ol bagşynyň sesini uzaldýar hem ony birneme doýgun, owazly hala getirýär. Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Beki ýaly ussat başga bir bagşynyň ýanynda bolmandyr. Aýdaly, Çary Gurban Sahy Jepbar üçin iň gowy gyjakçy boldy diýýärler, ýöne olaryň bilelikdäki hyzmaty çäkli wagt aralygynda dowam edipdi. M.Garly bilen Sapar Bekiniň hyzmaty boýdan-başa gidýär. Çuwal bagşy Daşoguz topragyna barandan, bäş-alty aý geçip-geçmän, Sapar Bekä sataşypdyr. Şondan soňra ömür boýy bu iki ussadyň hyzmaty bile bolupdyr. Türkmen radiosynda saklanýan Magtymguly Garlynyň altmyşa golaý ses ýazgylarynda, eger gyjak bar bolsa, ol Sapar Bekiniň gyjagy bolupdyr. Hiç kimiň gyjagy haýsydyr bir bagşynyň dutarynyň ýanynda beýle uzak hem beýle kämil saýramandy. Şonuň üçin ol Magtymguly Garla taý bolup düýä inen bir ynsan hem onuň sungatynyň aýrylmaz ganaty hasap edilýär. • Tapyşmak Ussat sazanda Sapar Beki 1896-1964-nji ýyllar aralygynda, dogduk mekany Ýylanlyda ýaşap geçipdir. Owal başda ol Hywa ýolunyň saz çalyş usulyny öwrenipdir. Il içine çykyp, ýaňy adygyp başlanynda, Magtymguly Garly bilen duşuşypdyr. Soňra öňki alan tejribesini üýtgedip, täze ýoly, ýagny "Alili bagşynyň" özleşdiren ýoluny öwrenmeli bolupdyr. Gysga wagtda ol bu ýoly özleşdirmegi başarypdyr, hatda ony kämilleşdirip bilipdir. Sapar Bekiniň ogly, belli taryhçy alym Orazmuhammet Saparowyň ýatlamalaryna görä, M.Garla aram-aram başga gyjakçylaram sazandalyk eder ekeni. Emma olardan hiç biri Sapar halypanyň ornuny tutup bilmändir. Olaryň saz çalşyndan diňe ussat bagşy däl, hatda sada halk, ýönekeý diňleýjilerem razy bolmandyr. Bagşyny diňläp oturanlar: "Ýanynda Sapar Beki bolmasa, halypanyň sazy oňmaýar" diýip, gürrüň eder ekenler. Diýmek, Sapar Bekide bolan ukyp onuň töweregindäkileriň hiç birinde bolmandyr. • Dostluk Olar mydama bile gezipdirler, bir hörpden gopupdyrlar, uly toýlary sowup, halka hyzmat edipdirler. Ýaşuly adamlaryň aýtmagyna görä, Sapar Beki hem edil Magtymguly aga ýaly, örän geýnüwli, diýseň sypaýy adam bolupdyr. Özüni hem töwerek-daşyny mydama tämiz saklapdyr, işini hem örän arassa berjaý edipdir. Ol daşyndan synlanyňda-da, özüne hormat gazanyp bilýän nurana adam bolupdyr. • Öýke-kine Iki ussadyň arasyna käte tow düşer ekeni. Olar biri-birinden öýkeleşip, az salym gepleşmänem gezipdirler. Ýöne Sapar Beki üçin Magtymguly Garly ýaly beýik bagşy bolmaýşy ýaly, Magtymguly Garla-da Sapar Beki ýaly ussat sazanda tapdyrmandyr. Şol taýsyz ýalňyzlyk olary ýene birleşdiripdir. Şeýle öýkeleşikleriň iň soňkusy barada ýazyjy Beki Seýtäkow höwes bilen gürrüň bererdi. – Daşogza baranymda, beýik bagşynyň hassahanada ýatandygyny eşitdim. Ýoldaşlarym bilen bagşyny soramaga barsak, ol ýerde Sapar Beki zowzuldap aýlanyp ýör. Bizi görüp, bende ylgap öňümizden çykdy. Ejizläpdir. "Aramyza tow düşdi. Meni bagşy bilen ýaraşdyryň" diýip özelendi. Biz Sapar gyjakçyny ýanymyza alyp, bagşynyň ýatan jaýyna girdik. Bagşy biziň salamymyzy aldy ýa almady, gözi Sapar Bekä düşenden, bir daýandy: "Geldiňmi, Safar jan, inim" diýidi. Asyl ikisi äbede-jüýje. Bize üns berýän ýok. Ine, olar şeýle dost bolupdyrlar. Şol dostluk hem beýik sungaty döretdi. Aprel 17, 2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |