11:33 Taryhy ýomaklar -2 | |
TARYHY ÝOMAKLAR
Degişmeler
Leonid Ilýiç Brežnew aeroportda. Ol trapyñ üstünde Gromyka bilen hoşlaşyp, onuñ bilen üç gezek ogşaşýar. Şundan soñ olaryñ ikisi-de bir samolýota münýär. Ikisi-de Bonndan Moskwa uçýar. * * * Leonid Ilýiç Brežnew Bakuwda çykyş edende, şeýle diýýär: "Ýaşasyn, Owganystanyñ nebitçileri!". * * * - "Kiçi ýer" bilen "Igoryñ ýörişi hakynda hekaýatyñ" arasynda nähili meñzeşlik bar? ("Kiçi ýer" Brežnewiñ ady bilen kitap görnüşinde çykarylypdy). Ikisiniñem awtory näbelli. * * * - Brežnew döwründe sowet ykdysadyýetiniñ uçudyñ gyrasynda durandygy hakmy? - Dogry. Ýöne şondan bäri ol gaty uly ädimler ätdi. * * * Ýokary derejedäki ýygnak gidip dur. Çilim çekişlik yglan edilýär. De Goll kümüş çilim gapyrjagyny çykarýar. Onuñ ýüzünde şeýle ýazgy bar: "General de Golla minnetdar Fransiýadan". Jonson altyn gapyrjagyny çykarýar. Onuñ ýüzüne: "Lindona söýgüki aýalyndan" diýilip ýazylypdyr. Brežnew göwher bary çaýylan çilim gapyrjagyny çykarýar. Onda şeýle ýazgy bar: "Onuñ Alyhezretleri imperator Aleksandr II-ä -Russiýa dworýançylygyndan". * * * Brežnew bilen Gromyko dostlukly sapar bilen Afrika ýurtlaryna gelipdir. Uçar ýere gonansoñ, olary garşylamaga gelen afrikalylar dumly-duşdan hyñ beripdir. Brežnew bilen Gromyko trapa münüpdir. Şonda Brežnew apbasylygy ýokaryk zyñyp-gapypdyr hem-de Gromyko şeýle diýipdir: - Şaýyñ iç tarapy düşdi. "Bijeli oglan aglamaz" diýipdirler. Indi öpüşmek señ gezegiñ. * * * Brežnew bir adamyny ýanyna çagyryp, oña şeýle diýipdir: - Sen Kremlde otur-da, kommunizmiñ şapagyny garşyla! Aýda 300 manadam menden al... Ýañky adamyñ göhi gelipdir. Dogrusy, gönenipdir. Aýda 300 manady jübüsine urup, döşüne kakyp, gezip ýörmüşin. Günlerde bir gün ol ABŞ-a gezelenje gidipdir. Şol ýeriniñ prezidenti ýañky adamyny garşylap, oña şeýle teklip edipdir: - Halypa, gowusy, gel, sen meñ ýanymda işle. Ak tamda oturagetdin kommunizmiñ şapagyny garşylarsyñ. - Weý, muny! Bu adamlar, nä, pekgedir öýdýäñmi? - diýip, ýañky adam ör-gökden gelipdir. - Sizde men wagtlaýyn işlemeli boljak, SSSR-de welin şu işim maña ömürlik kepil geçilen iş! * * * Leonid Ilýiç gyz agtyjagy bilen henek edýär: - Meñ ýaly ullakan bolañsoñ, kim bolasyñ gelýä? - Baş sekretar bolasym gelýä! - Weý, bize iki sany baş sekretar nämä derkar? * * * Daşary ýurt habarçysy Brežnewden soraşýar: - Siz şeýle ägirt ýurduñ üpjünçilik meselesini nähili çözýäñiz? - Şundan añsat zat ýok. Muny merkezleşdirmegiñ üsti bilen çözýäs. Bar zady Moskwa getirýäs, Moskwadanam ilatyñ özi gerekli ýerine daşaýa. * * * Brežnewiñ ejesi Moskwa ~ oglunyñ ýanyna görme-görşe gelipdir. Oglunyñ öýünde gymmat bahaly zatlary, hyzmatkärleri, garažlarda maşyn köküni görüp, ejesi pahyr ýarym-ýaş aglapdyr: - Wah, Lenýa jan, oguljygym! Eger-de birden gyzyllar ýene-de ýurdy alaýsalar, ikimizi näderkäler? * * * Sowal: - Brežnew Sowet Soýuzynyñ marşaly diýen ady näme üçin aldy? Jogap: - Kremli alanlygy üçin. * * * SSSR Aragatnaşyk ministrligi Brežnewiñ şekili çekilen poçta markasyny çykarypdyr. Marka bukjalara oñat ýelmeşmändir hem-de ýygy-ýygydan gaçypdyr. Ýörite komissiýa munuñ näme üçin şeýle bolýandygynyñ magadyna ýetipdir: ilat markany ýelimlemeziniñ öñinçäsi onun arka tarapyna däl-de, ýüz tarapyna tüýküripdir. * * * Günlerde bir gün Brežnew bilen Karter ýaryşmaşak, kim uzak aralyga öñ geçmeşek edipdirler. Karter has ýaş bolansoñ, elbetde, Leonid Ilýiçden ozupdyr. Bu ýaryş metbugat sahypalarynda şeýle şöhlelendirilipdir. Amerikanyñ metbugaty: "Düýn uzak aralyga ýaryşda Kartwr birinji bolup, Brežnewem soñky bolup geldi". Sowet metbugaty: "Uzak aralyga geçirilen ýaryşy Brežnew ikinji bolup tamamlady, Karterem soñkyñ öñ ýany bolup tamamlady". * * * Gyzyl ploşadda. - Kaka, bu diwar nämä gerek? - Galtamanlaryñ geçmezligi üçin? - Haýsy tarapdan geçmezligi üçin? * * * Iki aýal biri-biriniñ ýanynda çagalarynu magtaýarlar. - Dogan jan, meñ oglum edil Karl Marksyñ özi-dä! - diýip, birini aýal agzyny köpürjikledip gürläp ugrapdyr. - Hiç kitaphanadan çykanok, şol okap ýör, okap ýör... - Meniñ oglum-a agynjal Leniniñ ýaşlyk ýyllaryndaky bolşuna ogşaýar - diýip, ikinji aýalam gürrüñe goşulypdyr. - O türmeden çykyp, bu türmä girip ýör. * * * - Kommunist bolduñyzmy? - diýip, başlyk ýanyndakydan sorapdyr. - Ýok - diýip, işe alynjak jogap beripdir. - Dogryñy aýt, hany, göni ýüzüme gara! - Weý, başlyk jan, ýadyñyzdan çykaýdymy? Mundan on ýyl ozal şu taýda meñ arzamy öz eliñiz bilen ýyrtyp, "Ozal basmaçy bolan ekeniñiz!" diýmänmidiñiz näme? * * * - Ogullamdan aýlanaýyn, üçüsem akylyñ öýi. Her hepde gelip, meniñ halymdan habar alyp gidýärler. - Çagalañ näme kär edýä? - Biri söwdagär, ýene biri reketçi, beýlekisem milise. * * * Iosif Stalin Bagirowy ýanyna çagyryp, oña barmagyny çommaldyp, käýinipdir: - Sizde parahorluk ýaman ösüpdir diýýäler. Şondan ötri, size iki hepde möhlet ~ parañ soñuna sogan ekilsin. Ýogsa-da, eýgilige garaşmañ! - Ýoldaş Stalin, bir hepdä ýetirmän Azerbaýjanda parahorlugy teýim-takyr ederin. Ýöne siz maña şoñ üçin näme berjek? * * * Ýangyjy gutaran uçar adamhorlaryñ mekan tutan jeññelligine gonupdyr. Uçardan iñlis, fransuz, ors düşüpdir. Üçüsiniñ hem amanyny-zamanyny ýetirmän, adamhorlaryñ serkerdesiniñ ýanyna eltipdirler. - Bu ikisini bişiriñ-de, agşamlyk şamyna taýýarlañ! - diýip, serdar iñlis bilen pereñlini görkezipdir. - Muny bolsa... - Ol orsa ümläpdir. - Syrtyna depip, bärden kowup goýberiñ! - O näme üçin? - diýip, adamhorlar haýran galypdyr. - Bu meñ tabakdaşym bolupdy. Ikimiz Moskwada ýokary partiýa mekdebibde bileje okapdyk. * * * Deputatlaryñ ýygnagy gidip dur. Gün tertibinde ýurdy ykdysady krizisden alyp çykmak meselesi keserdilipdir. Biri çykyp, şeýle diýýär: - Geliñ, ABŞ-a, Kanada, Günbatar Ýewropa uruş yglan edeliñ. Olar bizi ýeñerler hem-de ykdysasy krizisden alyp çykarlar. - Birdenkä biz ýeñäýsek näme? - diýip, oturanlardan biri sowal beripdir. * * * - Oglum, "Özbegistany Orsyýediñ basyp alşy" diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. - Ýogsa-da, señ özüñ haýsy temadan gorapdyñ? - "Özbegistanyñ Orsyýede meýletin goşulmagy" diýen temadan gorapdym. * * * Bir möjek ferma müdirini süýräp barýamyş. Onuñ bolup barşyny gören tilki yzyndan gygyrypdyr: - Eý, möjek dogan, sen goýun ýerine ferma müdirini alyp barýañ-la? - Nädeýin dagy?... Fermañ goýunlary arryk-da! - diýip, agyr ýüki göterip barýan möjek has-haslapdyr. * * * Bir gaz joşup-joşup gürläpdir: - Men ördegiñ daýzasy. Pişigem ondam kem galmandyr: - Menem gaplañyñ balasy. * * * Çeññege düşen balyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ah çekdi: - Arman nebsime buýrup bilmedim-dä, ýogsa, geçip durmaýan günüm ýokdy... * * * Daşary ýurt habarçysy Wladimir Ilýiçe sowal berýär: - Siziñ pikiriñizçe, Russiýada näçe sany hakyky bolşewik bar? Proletariatyñ serdary biraz böwrüni diñläp, şeýle jogap berýär: - Meñ bilýänim-ä, üç sany: Lenin, Ulýanow we men! * * * Stalin döwründe üç adamyny türmä dykypdyrlar. Kamerada olar birek-birek bilen tanyşýarlar. - Seni näme üçin basdylar? - Görnükli partiýa işgäri Radegi tankyt edenim üçin... - Menem şol adamyny goldanym üçin. - Menem Radegiñ özi. * * * Iki sany gedaý otyr. Biriniñ döşüne "Iwan", beýlekisiniñkä "Abram" diýlip ýazylypdyr. Ötegçiler pul taşlap geçip durlar. Olar Iwana bir manat oklasalar, Abrama hiç zat bermändirler. - Senem döşüñe "Iwan" diýip ýaz, onsoñ, saña-da pul bererler! - diýip ötegçileriñ biri oña maslahat beripdir. Ötegçi gidensoñ, Abram Iwana şeýle diýipdir: - Moýşa, ýankyny gördüñmi? Bu alasamsyk ikimize akyl berjek bolýa! Rus metbugat materiallaryndan terjime edildi. Çeşme: "WATAN" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |