20:11 Taryhyñ jümmüşine aralaşyp... | |
TARYHYÑ JÜMMÜŞINE ARALAŞYP...
Edebi makalalar
Özbek ýazyjysy Pirimkul Kadyrow edebiýat meýdanynda, okyjylaryñ arasynda giñden tanalýan ussat. Ylaýta-da onuñ taryhy temadan döreden eserleri meşhur. Elbetde, bu ýagdaý onuñ zamandaşlarymyz barada söhbet açýan "Üç kök", "Gara gözli humaýym" romanlarynyñ, "Miras", "Erkinlik" powestleriniñ, onlarça hekaýasynyñ, ýol ýazgylarynyñ, publisistikasynyñ ähmiýetini sähelçe-de peseldenok. "Üç kök" bilen "Gara gözli humaýym" diñe özbek okyjylaryny begendirmek bilen çäklenmedi, Moskwada rus dilinde-de çykdy. Arassa ynsap we galp şöhrat hakda tolgundyryjy gürrüñ berýän "Erkinlik" powesti Baýramdurdy Sähedowyñ terjimesinde türkmen okyjylaryna ýetirildi. Taryhy romanlara gezek gelende, ýazyjynyñ galamy, zehini, tejribesi, gözýetimi has ýiti işledi. Aýratynam, "Ýyldyzly gijeler" romany Pirimkul Kadyrowa şöhrat getirdi, ol hu tutumly epopeýasy üçin Özbegistan SSR-niñ Hamza adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy. "Ýyldyzly gijeler"... Ýazyjy bu tanymal eserinde XV-XVI asyrlara siñip gidýär, şa hem-de şahyr Zahiriddin Babyryñ azaply ykbalyny yzarlaýar. Şa hem-de şahyr... Babyr şa, elbetde, täji-tagtyñ, häkimligiñ yşkyna düşmän, nähak gan dökmän oñup bilenok. Sebäbi ol şa! Şol bir wagtyñ özünde ol ynsabyna diñ salýar, öte geçmeleri üçin ökünýär, ejir çekýär, owgan, hindi, bengal, Orta Aziýa halklarynyñ arasyna dostluk köprüsini salmak üçin yhlas edýär. Sebäbi ol şahyr! Babyr-şahyr üçin adamyñ göwnüni awlamakdan, onuñ aladasy bilen ýaşamakdan, ony şirin sözüñ bilen söýmekden hem terbiýelemekden belent borç ýok. Pirimkul Kadyrow Babyrdaky şa hem şahyr obrazlarynyñ gapma-garşylygyny, barlyşyksyz tutluşygyny bendiwan edýän görnüşde janlandyrýar. Bu romanda gozgalýan meseleler, görkezilýän häsiýetler galareýasy köp we dürli-dürli, çuñ hem çeperçilik ýugrumy ýetirilen. "Ýyldyzly gijelerde" ýazyjy uly problemany öñe sürýär: feodal uruşlary näletleýär, birek-biregi çapmagyñ ynsançylykdan däldigini okyjynyñ añyna guýýar. Şonuñ üçinem "Ýyldyzly gijeler" döwrebap ýañlanýar, şu günki günlerimiziñ aladalary bilen utgaşyp gidýär, adamlary süýji ýaşaýşa, düşünişmäge, ysnyşmaga çagyrýar. Diýmek, romanda nesillere asylly sargyt, ýürekdeş maslahat bar! Men "Ýyldyzly gijeleri" höwesli terjime etdim, terjimäni okap gören Pirimkul eke (biz oña söýgi hem hormat bilen şeýle diýýäris): - Ynha, indi men türkmenem boldum. Magtymgulynyñ dilinde sözlemek, Magtymgulynyñ iline aýlanmak meniñ ömrüme ömür goşar, rahmat! - diýip, tolguna-tolguna gepledi. Pirimkul eke türkmen dilini örän oñat bilýär. Ol belli ýazyjymyz Hydyr Derýaýewiñ "Ykbal" trilogiýasyny türkmençeden özbekçä geçirip, biziñ üçinem ägirt hyzmat görkezdi. Taryhy temadan azy ýaran ýazyjy şindizem Babyrdan daşlaşanok, Orta Aziýa-owgan-hindi-bengal gatnaşyklarynyñ köklerini yzarlamak bilen meşgul. Şeýde-şeýde, "Ýyldyzly gijeleriñ" dowamy täze romana sapdy. P.Kadyrow Babyryñ nesil şejeresiniñ dowamy bolan Akbar hakdaky romanyna nokat goýdy. Onda Akbaryñ egindeşi, dosty, serkerdesi, Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry Baýram han hakda hem ýörite baplar bar. Şadurdy ÇARYÝEW. 12.05.1989 ý, "Edebiýat we sungat" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |