13:44 Ajaýyp adamlarymyzy arzylamalydyrys | |
AJAÝYP ADAMLARYMYZY ARZYLAMALYDYRYS
Edebi makalalar
Taryhyň öz mizemez kanuny bar: ol hakykaty aýtmaly. Hakykatdan daş düşýän taryh sözüň asyl manysynda taryh bolup bilmez. Taryhy döredýän – halk, taryhy ýazýan – adamlar. Adamlaram hil-hil. Şonuň üçinem dürli sebäplere görä käbir wakalaryň, faktlaryň sahypalaryň ýoýulýan, kelte görkezilýän ýa-da asla ýaşyrylýan halatlary bolman durmaýar. Emma taryh, barybir, bu eden-etdiligi, birtaraplylygy we ýüzleýligi sygrynyp bilmeýär, ol wagty-mütdeti gelende, şol «tegmillere» gaýtadan siňip nazar aýlaýar-da, ähli zady ýerli-ýerinde goýýar, öz hökümini ýöredýär. Diňe hakykaty bolşy-bolşy ýaly aýdýan – goý, ol ajy bolsun, süýji bolsun, tapawudy ýok – taryh bize durmuş sapagyny berýändir, şu günümiz we ertirimiz üçin ähmiýetlidir. Jemgyýetimizde üýtgedip gurmak prosesi başlanaly bäri biz hut şeýle dogruçyl taryhy döretmegiň ugruna çykdyk: 73 ýyl bäri sosializmden barýan ýolumyzyň rasional «dänelerini» kabul edip alýarys, goýberilen säwliklere, ýalňyşlyklara, hatda öte geçmelere hem täzeden akyl ýetirýäris. Öte geçmeler bolsa az bolmandy: şolaryň iň elhenji 1937–38-nji ýyllaryň köpçülikleýin tutha-tutlygydyr, millionlarça bigünä adamlaryň «halk duşmany», «zyýankeş», «daşary ýurt jansyzy», «döwleti ýykmak üçin toparlanyşyk düzýän» hökmünde aýyplanyp, zyndanlara we kazarmalara taşlanmagydyr, atylmagydyr, çekip-çydardan agyr sütemlere sezewar edilmegidir. Eýsem şonça adamyň barysy duşmanmydy? Biz uzak ýyllaryň dowamynda bu sowaly gursagymyzda göterip geldik, olaryň duşmandygyna ynanmadyk, dil ýarmaga welin öler ýaly çekindik. Ine, ahyry bir günem «halk duşmanlary» barada hakykaty bilip galdyk, taryh bizi heýjana salan sowallara bu gezek dogry jogap berdi: olar nähak töhmetiň gurbany, stalinçilik terroryň pidalary. Olaryň köpüsi halk duşmanlary däl, olar halkyň iň wepaly ogullary, sosializmiň ýagty yşyklary, öz halkyny azatlyk, deňlik, bagt ýoly bilen öňe äkidenler. Biz olary bilmelidiris we uçursyz minnetdarlyk bilen hatyralamalydyrys. Şahyr hem žurnalist Allaýar Çüriýewiň «Ýüregiň emri bilen»1 diýen kitabyny okap çykanyňdan soň, taryhyň gijigen bu düzedişine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň, arhiwlerde oturylyp, mundan 40–50 ýyl ozal çykarylan gazet-žurnallar agtarylyp, ýaşap ýören şaýatlardan sorag-ideg edilip döredilen bu oçerkler toparynyň öz okyjysyny tapjakdygyna ynanýarsyň. Allaýar Çüriýew bu ugurdan öwrenje däl. Ol ozalam unudylan, keç ykbally adamlar barada kitaplar ýazdy, metbugat sahypasynda yzygiderli çykyş edip, bu kyn hem asylly, sogaply hem gözlegli ýörelgesini ýadawsyz dowam etdirýär. Oçerk-ýatlamalar žanrynyň diňe bir emosional-çeper bolman, eýsem takyk hem durmuşy bolmalydygy ýazyjynyň ýüküni has-da agraldýar. Şahyryň bu jogapkärçiligi we abyrsyz garamaty ýetik duýýandygyna «Ýüregiň emri bilen» şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý, meniň pikirimçe, kitaba güýç hem dinamizm berýär, okyjyny oýlandyrýar, ony geçen nesilleri öz hakydasynda saklamaga, olaryň işini mynasyp dowam etdirmäge çagyrýar. Bular kitabyň hatyrasyna aýdylýan badyhowa sözler däl, ol kitap bilen tanyşlykdan soň gelinýän logiki netije. Kitaba filologiýa ylymlarynyň kandidaty B. Ussaýew sözbaşy ýazyp, taryh ylymlarynyň kandidaty M. Kulyýewa bolsa bu kitaby resenzirläpdir. Munuň özi kitaba diňe bir awtoryň däl, eýsem neşirýatyň hem ünsli, hem oýlanyşykly çemeleşenliginiň alamaty. Kitapda «Otuz ýediň gara gijelerinde» diýen elegiýa-goşgy bilen 21 sany publisistik oçerk ýerleşdirilipdir. Men kitaba girizilen eserleriň her biri barada aýry-aýrylykda durup geçmekçi däl, belki, oňa zerurlygam ýokdur. Ýöne kitabyň häsiýetli taraplary, has ýatda galýan pursatlary barada käbir pikirlerimi, şeýle hem belliklerimi-de aýtmagy makul görýän. Kitapda iň tutumly oçerk «Gaýgysyz Atabaýew» atly oçerkdir. Ýazyjylar Berdi Kerbabaýewiň we Ýuriý Paporowyň romanlaryndan, akademik Şamyrat Täşliýew bilen taryh ylymlarynyň doktory Tagan Durdyýewiň monografiýasyndan, beýleki ýazyjylar, alymlar, žurnalistler, partiýa, sowet işgärleri tarapyndan ýazylan köp sanly makalalardyr oýlanmalardan soň, türkmeniň söwer ogly Gaýgysyz Atabaýew hakda suwytly bir täze zat aýdaýmak juda çetin. Emma Allaýar Çüriýew şu «kynçylygy» böwsüp geçip, Gaýgysyz Serdarowiçi özüçe tanyşdyrýar, onuň entek halka düýpli ýetirilmedik taraplaryny açýar. G. Atabaýew SSSR MIK-niň başlygy M. I. Kalinin bilen maslahat eden mahaly niçiksi pähim-paýhasly, giň gözýetimli döwet işgäri, Dänewden ýer diläp gelen daýhan Rahymdurdy Gylyç ogly bilen sözleşende, nähili mylakatly we aladaçyl, baryp-ha 1929-njy ýylda Türkmenistanyň ylmyny ösdürmek hyjuwy bilen akademikler Samoýlowiç we Fersman, professorlar Bartold, Pawlowskiý, Filipçenko, Raýewskiý... bilen pikir alşanda, nähili köp bilýän, umumy dil tapmaga ökde intellektual... Repetek çäge-çöl zapowednigi, Garrygaladaky ösümlikleri öwrenýän ylmy stansiýa, Türkmenistanyň köp tomluk taryhy, Garabogazyň özleşdirilmegi, amerikan firmalary bilen gatnaşygy ýola goýmak... Asyl görüp otursak, bularyň ählisiniň başynda Gaýgysyz Atabaýew duran bolsa nätjek? Eýsem bu «gudrat bilen dörän» halk oglunyň ýekeje iş gününe bir serediň-ä: bir günde otuz dokuz punktdan ybarat iş etmeli, uly-uly mesele çözmeli. Onuň giň erudisiýasyny, ýokary adamkärçiligini, ýeri gelende uçursyz dogumlylygyny hem islendik ýerde, islendik meselede gepini gögerdip bilýän merdana adamdygyny görkezýän sypatlary sanap çykaýmagam aňsat däl. Ine, şu ştrihler A. Çüriýewiň oçerkini oňat bezäpdir, köp derejede G. Atabaýewiň gabaraly şahsyýetini üýtgeşigräk tonusda, özüne çekiji röwüşde açmaga mümkinçilik beripdir. Oçerki hezil edip okaýarsyň we oýa batýarsyň. Şeýle beýik ogly entegem biz dolulygyna tanamzok, ony öz mertebesine laýyk hatyralap bilemzok. Henize-bu güne çenli Gaýgysyz Atabaýewiň makalalarynyň hem çykyşlarynyň tomlugy näme üçin halkymyza ýetirilmeýärkä? «Türkmenistan» neşirýaty kädi bulamak, kädili somsa hakda ýazylan kitaby çykarmaga kagyz tapanda Gaýgysyz Atabaýewiň akyldan püre-pürlenen ýygyndysyna gezek gelende kagyz gytçylygy döräýýärmikä? Ýa-da aýdaly, G. Atabaýewi hormatlap, onuň hatyrasyna «Atabaýew okaýyşlary» ylmy-teoretiki, ylmy-praktiki konferensiýalar geçirilip durulsa gelişmän durjakmy? Gaýgysyz Atabaýewiň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary kandidatlyk, hatda doktorlyk dissertasiýalarynyň obýekti bolup bilmezmidi eýsem? Öz halkyna jan-dilden hyzmat edip, öz halkyna guwanyp, öz halkynyň yzly-yzyna tussag edilýän işgärlerini boşatmak üçin ýörite Moskwa baranda duzaga düşen, «sen halk duşmany» diýen sudýasumagyň kellesinde oturgyjy kül-uşak etmäge ýetişen, şol pursatda-da bagryndan ot berlip, çynar ýaly agyp gaýdan uly döwlet hem partiýa işgärimize çola, mähellesiz ýerde, juda yşnaksyz ýadygärlik bina etmegimiz näme?.. Sowallaryň soňy gutaranok. Ýöne bu sowallaryň irde-giçde adalatly çözgüdiniň boljagyna umydym bar. «Gaýgysyz Atabaýewiň» yzyny «Otuz ýediň pidasy» dowam etdirýär. Bu oçerk TKP MK-nyň sekretary Halmyrat Sähetmyradowyň durmuş hem zähmet ýolundan söhbet açýar. Türkmeniň ýene bir sarpaly hem nurana, akyl-paýhasly hem ähli postlarda özüni oňatlykda tanadan gerçegi öňümizde örboýuna galýar. Allaýar Çüriýew «Gaýgysyz Atabaýew» oçerkinde, esasan, öz dilinden beýan eden bolsa, «Otuz ýediň pidasy» oçerkinde bütinleý başga täri, başga beýan ediş formasyny ulanýar, H. Sähetmyradowyň garyndaşlary, obadaşlary – Gara Myradowiç Amanmyradowy, Pöwrüze Sähetmyradowany, Sapar Güjükowy, Meret Myradowy gepledýär. Bu dialoglaryň hersiniň öz ruhy hümmeti, öz tolgundyryş öwüsgini bar, ol bada-bat okyja ýetýär we ony sähelçe-de biperwaý goýmaýar: ýene-de ýürekde geçen nesilleriň öňünde jogapkärçiligiňi duýmagyň, näme-de bolsa bir ýagşy iş bilen olaryň mertebesini götermegiň hyjuwy oýanýar. Ine, şu syýasy-emosional gurşaw, ýüregiňe we kalbyňa aralaşýan kä ýakymly, kä awundyryjy sarsgyn «Halkyň söwer ogly» (Çary Wellekow hakda), «Gerçek ogul» (Gurban Sähedow hakda), «Rewolýusioneriň ömür ýoly» (Garry Kulyýew hakda), «Kuýbyşewiň egindeşi» (general-maýor S. Timoşkow hakda), «Stahanowçy Nabat Gurbanowa», «Garagumuň jümmüşinde» (akademik Aleksandr Fersman hakda), «Esgeriň hatlary» (Aýdogdy Tahyrow hakda) diýen oçerkleriň hem süňňüne siňipdir diýip, arkaýyn aýdyp biljek. Olarda öwrenere, sapak alara, nusga edinere zat juda kän. Oçerklerdäki tanymal şahslaryň her ädimi – mekdep, her maslahaty – danalyk, her bir işi – edermenlik hem wepalylyk. Biziň respublikamyzyň döredilmeginde we soňky ösüşinde doganlyk halklaryň wekilleriniň ägirt uly hyzmaty bar. Allaýar Çüriýewiň gürrüňi edilýän kitaby bu pikiri aýratyn nygtaýar we bu hyzmatdaşlygyň, dostluk-doganlygyň belli bahasynyň ýokdugyny, ony gözümiziň göreji ýaly goramalydygymyzy ýene bir gezek aňymyza guýýar. Türkmenistanyň respublikan partiýa guramasyna ilkinjiler bolup ýolbaşçylyk edenler Ýakow Abramowiç Popok («Ýakow Popok»), Mihail Makarowiç Fonin («Mihail Fonin») barada ýazylan oçerklerde olaryň ýerli halk bilen düşünişip, arkalaşykly işlänligine şaýatlyk edýän faktlar ýeterlik bar. Mihail Makarowiç Foniniň iňňän sypaýy we talapkär, şol derejede-de düşünjeli, her taraply ösen ýolbaşçy bolandygyny biziň medeniýetimiz üçin görnükli işler eden alym Mämmetdurdy Annagurdow öz ýatlamasynda ynandyryjy beýan edýär. M. Fonin B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň ýazylmagy, kämilleşmegi üçin sap ýürekden alada eden adam. Diňe bir şularmy? Ýaşuly kommunist Öwez Orazow M. Foniniň işden boş wagtlary öz öýünde oturgyç baryny ýasaýandygyny, soň bolsa olary çagalar bagyna peşgeş berýänligini ýatlaýar. Şeýle nusgalyk iş edýän ýolbaşçylar biziň günlerimizde hem onçakly bol däl bolsa gerek. Şonuň üçinem ilkinji partiýa liderlerimiziň biri Mihail Makarowiç Foniniň ady şindi-şindilerem söýgi bilen ýatlanýar, dilden düşenok. Janyň ýanyp duran ýagdaýa ýene-de bialaç dolanyp gelmeli bolýar. Bize ne Ý.Popogyň, ne M.Foniniň, ne Ç.Wellekowyň we G.Sähedowyň sözlän sözleri, taýýarlan çykyşlary kitap görnüşinde ýetirildi. Olar bilen biziň aramyza boşluk saldylar. Oňa derek bir topar emelsiz, diýjek sözüne çenli eline ýazylyp berlen partiýa «ýolbaşçylarymyzyň» gaýyş sahapda, oňat hilli kagyzda neşir edilen pak maňyz, pöwhe «tomlary» kitap magazinlerinde baslygyp ýatyr. Ýeri, muňa näme diýersiň? Ilkinjiler... Ilkinjileriň aýdyň düşünjeli, öz ideýasyna berlen, intellektual taýdan tüýs siwilizlenen adamlar bolandygyny, olaryň şol sypatlarynyň oçerklerde hem «öz ýüzüni» görkezenligini ýörite belläsim gelýär. Geliň, Çary Wellekowyň ýazyjylaryň Bütintürkmenistan birinji gurultaýynda sözlän sözünden bir bölejigi okap göreliň: «Tankydy ösdürmegimiz gerek. Tankytlanylýan ýoldaşa uly zeper ýetirmezden, ony anyk mysallar arkaly ynandyrmaly. Awtoryň ýalňyşlyklaryny paýhaslylyk bilen ýüze çykarmaly. Şeýle edebi tankyt awtoryň döredijilik ösüşine itergi bolmalydyr. Biz tankyt edilmeli diýlende, adamlaryň gözüniň oduny almaly diýip düşünmeli däldiris. Ýok. Onuň beýle bolmaga haky ýokdur» (70 sah.). Pikir beriň: edil şu gün aýdylan ýaly. Eýsem biziň çeper tankydymyz nä haldaka? Men edebi tankydymyz Çary Wellekowyň mundan 50 ýyldanam gowrak ozal öňe süren talabynyň derejesine doly göterilip bilendir öýdemok. Iň ýaman ýeri-de, tankydymyzy ambisiozlyk, birtaraplaýynlyk, ol ýa-da beýleki ýazyja, şahyra pitjiň atmak meýilleri eýikdirmeýär, ysgyn-deramatdan gaçyrýar. Ähtimal, bu gözgyny ýagdaý tankytçylaryň birnäçesinde intellektuallygyň, kompenentliligiň, obýektiwligiň we adamkärçilik medeniýetiniň ýabygorludygy sebäpli bolaýsa gerek. Allaýar Çüriýew oçerk-oýlanmalar ýygyndysynda bizi täze gahrymanlar – Türkmenistan içeri işler halk komissary, soň bolsa SSSR MIK-niň Milletler Sowetiniň Prezidiumynyň sekretary bolup işlän Bäşim Gulbeşerow («Ol ilkinjidi»), dürli döwürlerde TSSR-iň magaryf halk komissary wezipesinde işlänler: Döwlet Mämmedow («Ýüregiň emri bilen»), Bäşim Pereňliýew («Halk komissary»), Moskwada SSSR Hökümetiniň ýanynda Türkmenistanyň wekili bolup işlän Öwezgeldi Atabaýew («Hemişelik wekil»), Amerika traktoryň gurluşyny öwrenmäge giden, dürli ýokary wezipelerde gulluk eden, TSSR-iň ýer işleri halk komissary, sowhozlar halk komissary bolan Hajy Atabaýew («Hajy Atabaýew» – ol magaryfçy Muhammetguly Atabaýewiň inisidi) bilen tanyşdyrýar, olar biziň üçin iň mährem, ýürekdeş adamlara öwrülýär. Biz olaryň yhlasyndan, halka bolan söýgüsinden, täze gurluşa bolan ynamyndan uly lezzet alýarys, olar bilen ysnyşýarys we olary edil öz ýanymyzda ýaly duýýarys. Awtoryň Bäşim Pereňliýewe bagyşlap ýazan oçerkinde irki partiýa, döwlet işgärlerimiziň iş dolandyrmagy ýerli dile geçirmek barada edýän aladalaryny nygtaýan epizodlary şu gün hem üns bererlikdir. Allaýar Çüriýewiň kitabynyň soňunda ýerleşdirilen «Hakyda» diýen oçerki maňa diýseň ýarady, ýazyjy bu oýlanmalarynda düýn we şu gün, ynsap hem borç, hakyda hem biweçlik hakda çuň pikirleri orta atýar. Ol «biz öz geçmişimizi, biz üçin hyzmat görkezip giden adamlary unutsak, biz ynsanlyk mertebämizi ýitirýän ýaly bolaýmalyň» diýip gös-göni aýtmasa-da, bu äheň, bu gazaply hem dogruçyl sowal oçerkiň bütin durkundan syzylyp çykýar. Awtoryň has gyzyp, gaharlyrak sözlemegi-de umumy jogapkärçiligiň fonunda ýumşaksy eşidilýär, ýüregiňe jüňk bolýar. Hany, okap göreliň. «... baryp-ha ýigriminji ýyllaryň başlarynda döwlet serhedini goramakda köp hyzmatlar bitiren Goçy orus lakamyny alan Goçy Durdyhanow, onuň doganlary, kolhoz gurluşygynyň aktiwistleri Baýramsähet hem-de Gurbansähet Durdyhanowlar hakda-da obanyň okuwçylarynyň hiç hili habarlary ýok» (215 sah.). Juda uly aýp, bagyşlap bolmajak hata! Ýazyjy iňňän ýerlikli howsala düşýär. Diňe onuň öz dogduk obasynyň okuwçylary däl, eýsem onlap, ýüzläp obalaryň okuwçylarynyň, hatda uly ýaşlylarymyzyň hem biläýmeli, arzylaýmaly, hatyralaýmaly zatlarymyzy hem bilmeýändigimizi gizlemäliň, ruhy-ahlak taýdan juda garyplaşandygymyzy aňmadyksyran bolup, diňe utulýandygymyzy bu gün mertlerçe boýun alalyň. Elbetde, men öwgä berlip, kitap bütinleý kemçilikden halas, ähli babatda allanäme diýmekçi däl. «Halkyň söwer ogly», «Ýakow Popok» diýen oçerkler, meniň göwnüme bolmasa, awtoryň mümkinçiliginden pesde ýazylypdyr, olarda guraksy, çeper eserleri agsadýan deklaratiwlik duýulýar. Meniň pikirimçi, G. Atabaýewiň, B. Gulbeşerowyň we beýlekileriň çykyşlaryndan alnan sitatalaryň, hronikal dokumentleriň asyl çeşmesi görkezilen bolsa göwnejaý bolardy, munuň özi salgylanmalaryň, ahyr netijede bolsa kitabyň ynandyryjylygyny, dokumentallygyny artdyrardy. «Maslahatda möhüm gürrüňler edilýärdi. Hatda ol gürrüňleriň soňy gyzgyn jedele çenli baryp ýetýärdi. Her bir mesele dogrusynda düýpli gürrüň edilýärdi» (14 sah.). «1937-nji ýylda 35 ýaşynyň içinde ýalňyş atylan (?) agyr töhmetiň pidasy bolupdy» (71 sah.), «on dokuz sentner müsür pagta hasylyny (?) aldyk» (73 sah.), «ösümçilik (?) instituty» (79 sah.), «Bütinrussiýa Merkezi («Ispolnitel» diýen söz galypdyr) Komitetiniň sessiýasy (119 sah.) diýen jümlelerdäki gaýtalamalar, tagaşyksyzlyklar, nädürslükler sähel üns edilen bolsa goýberilmeli däldi. Bu meselede awtora-da igenmek bolar welin, redaktoryň (G. Daşgynow) biperwaýlygy-da ýeterlik özüni görkezipdir: sahypasaýy diýen ýaly stil näsazlyklaryna, ýalňyşlara gabat gelýärsiň. «Garagumyň jümmüşinde» diýen oçerkde «350 müň kilometrden gowrak meýdany tutup ýatan bu çöllük...» (173 sah.) diýen jümleli sözlemde «kwadrat» sözüniň galdyrylmagy bütin manyny ýoýýar. Zandy gowy, ajaýyp adamlarymyza bagyşlanan kitapda şeýle ýetmezleriň hem bolmazlygyny isleýärsiň. Allaýar Çüriýew «Ýüregiň emri bilen» diýen oçerkler, publisistika kitabyny ile hödürlemek bilen görnükli iş bitirdi. Orta hem uly ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen bu kitabyň gumanizmi, adamkärçiligi, watançylygy, internasionalizmi, arassa ynsan gatnaşyklaryny terbiýelemekde mynasyp hyzmat görkezjegine şübhämiz ýok. Demokratik, gumanistik sosializmi gurmak bilen meşgul bolýan häzirki wagtymyzda şeýle häsiýetli, kalby sagdyn, ygrarly kitaplary has köpeltmegimiz gerek. Kitapsyz ruhy ösüşi, ahlak täzelenişini gazanyp bolmaz. Sözümi jemläp aýtsam, Allaýar Çüriýewiň köp zähmet siňdirilen, diýseň terbiýeçilik, edep-ekram ähmiýetine eýe bolan bu kitaby üçin oňa Türkmenistanyň Lenin komsomolynyň baýragynyň laureaty diýen hormatly at dakylsa, örän göwnejaý bolardy. Asylly işe wagtynda mynasyp baha bereliň! Şadurdy ÇARYÝEW, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty. «Türkmenistan kommunisti» žurnaly, № 3, 1990. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |