15:48 Teatr režissýory Isidor Gromow | |
TEATR REŽISSÝORY ISIDOR GRIGORÝEWIÇ GROMOW
Teatr we kino sungaty
Isidor Grigorýewiç Gromowyň ady Türkmenistanyň teatr sungatynyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. ...Ol Türkmenistana 1945-nji ýylda gelýär. Gelen badyna hem A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryna baş režissýorlyga bellenýär. O döwürler bu teatryň ahwaly gaty bir öwerlik däldi: artist kadrlary-da, teatryň repertuary-da ýagdaýlydy. I.Gromow öňi bilen repertuara üns berýär. Ol teatrda yzly-yzyna A.N.Ostrowskiniň, A.Çehowyň, M.Gorkiniň, A.Korneýçugyň, K.Trenýewiň iň gowy sahna eserlerini sahnada goýýar. Repertuaryň şeýle oýlanyşykly düzülmegi, bir tarapdan, teatryň abraýyny galdyrsa, ikinji tarapdan, artistlere öz döredijiligini hemme taraplaýyn ösdürmäge ýardam berýär. Köpi gören halyp režissýor üçin repertuar meselesi iň bir tolgundyrýan düşünje-döredijilik meseleleriniň biri. Ol bu mesele babatda “içini döküşmäge”, pikir alyşmaga, köp ýyllaryň dowamynda gelen käbir netijelerini orta atmaga hemişe taýyn: - Repertuar näme? Ol teatryň ýüzüdir, damarda ganydyr. Teatr ýokary taglym-çeperçilikli sahna eserler arkaly öz döwürdeşlerini wasp etmese, döwür bilen deň gadam basmasa, onuň haly teň bolar. Artistlerem miwesiz baga meňzäberer. Kämil sahna eserlerini dünýä indermegem iňňän müşgil iş. Şonuň üçinem çeper senediň bu kyn ugry bilen iş salyşýan adamlara teatryň gaty seresap bilen aýawly çemeleşmegi zerurdyr. Teatr bilen dramaturgyň arasynda hiç bir ýagdaýda sowuklyk, böwşeňlik bolmaly däldir. Bu juda çylşyrymly işde ýene bir zady ýatda saklamagymyz gerek: hiç bir döwürde, dramaturg, hatda bize belli nusgawy dramaturglaram teatra hemme taraplaýyn gutarnykly eser getirmändir. Teatr awtorlar bilen basa oturyp işleşmeli. Işleşmeli... Hawa, I,Gromow mamlady. Hakyky drama eserleri, Stanislawskiý aýtmyşlaýyn, “ýüzünji spektakldan soň” döreýär. I.Gromowyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda goýan “Guduzlan pullar” (A.N.Ostrowskiý) spektaklam teatryň sahnasynda ýüz sapardan hem gowrak oýnalypdy. Bu iş režissýor Gromowyň ilkinji şowly işleriniň biri bolupdy. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik taryhynda yz galdyran spektakllaryň birem W.Bill-Beloserkowskiniň “Tupan” dramasy bolupdy. Režissýor Gromow bu spektaklda şol wagtky sowetler ýurdunyň ilkinji kynçylykly günlerini çeperçilik bilen sahnada janlandyrypdy. Teatryň döredijilik toparyny has çylşyrymly eserlerde synap görmelidi. “Üç uýany” sahna çykarmak bilen I.Gromow uly töwekgelçilik edipdi. Režissýor birbada artistleriň “Üç uýada” oýnaýyşlaryndan kanagatlanmasa-da, dura-bara spektaklda A.P.Çehowyň özboluşly şahyranalygyny dramatik häsiýetler bilen utgaşdyryp, päk ýürekli, durmuş söýüji adamlaryň ýagty geljege ymtylyşyny onuň içinden eriş-argaç geçirmek topara başardypdy. Esasanam, spektaklyň dördünji görnüşi has şowly çykypdy. Bu görnüşde režissura ussatlygy bilen aktýorlyk ussatlygy sazlaşyp, sahna sungatynyň ýokary basgançaklaryna ýetilipdi. I.Gromow “Üç uýa” sahna oýnunda SSSR-iň halk artisti, merhum M.Kirillowyň döredijilik ukybynyň täze taraplaryny açmagy başarypdy. M.Kirillow Çebutkiniň keşbini umumylaşdyryp, zalym patyşanyň zulmundan heläk bolup barýan ukyply, akylly, zehinli adamyň pajygasyny nygtapdy. M.Kirillowyň sahnada şekillendiren çeper keşbi artistiňem, režissýoryňam uly üstünligidi... Isidor Grigorýewiç milli teatrlar üçin nusgawy dramaturgiýanyň ähmiýetine çuňňur düşünmek bilen birlikde, ony sahna çykarmagyň hem nusgasyny görkezdi. Belli iňlis dramaturgy W.Şekspiriň uly pelsepewi manyly “Otellosy”, “Korol Liri”, “Gamleti” özleriniň taglymy, pikiri, mazmuny bilen birnäçe asyrdan bäri dürli-dürli jemgyýetiň millionlarça adamlaryny özüne bendi edip gelýär. Köp asyrlar bäri onlarça artistler, teatrlar öz güýçlerini “Otelloda”, “Gamletde”, “Korol Lirde” synap gelýärler. Şeýle eserlere synanyşmagyň özem teatryň kämillik derejesine ýetenliginiň alamaty bolýar. Emma eseri sahnada goýmak üçin diňe artistler ýeterlik däl. Zehinli, tejribeli režissýoram zerur. Belli rus artisti Ostužewiň ajaýyp gruzin artisti Horawanyň, zehinli osetin artisti Thapsaýewiň we başga-da köp-köp aktýorlaryň döreden otellolaryny derňemek bilen, režissýor I.Gromow hem-de artist A.Gulmämmedow türkmen sahnasynyň öz Otellosyny döretdiler. Režissýor I.Gromow artistler bilen işlände, iňňe bilen guýy gazan ýaly. Şekspiriň her sözünde ýörite durup, onuň hakyky manysyny çykarmaga, oňa täze öwüşgün bermäge ymtylypdy. Režissýor Otellonyň akylyna, paýhasyna köp üns beripdi. Ol Otellony turuwbaşdan çaganyňky ýaly päk ýürekli esger edip görkezmäge çalyşypdy. Otellonyň keşbiniň bu tarapyny ýüze çykarmak teatra-da başardypdy. Tomaşaçy eýýäm birinji görnüşde Otellony urşup duran bir topar adamy ikirjeňlenmän aralaýşyny görende, onuň edermen, batyr esgerligine göz ýetirýär. Režissýor, artist soňky görnüşde Otellonyň ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly gylyklarynam ap-aýdyň nygtaýar. Otello Dezdomonany öldürmeli diýen netije gelende-de režissýordyr artist ony dälilik derejesine ýetirmekden saklanypdyr. Ol Gulmämmedowyň Otellosy Dezdomanany öldürmekçi bolanda-da, ony öňküsi ýaly hem söýýär, hem sylaýar. Keşbe şeýle çemeleşmek bilen artist hem režissýor Otellanyň pajygaly ýagdaýyny has güýçlendiripdir. “Režissýoryň bu spektakldaky işi diňe öwgä mynasyp. Spektakl bütewi keşpli monumental bir çeper eser bolup çykypdyr” diýip, belli režissýor, professsoer Boris Zahawa türkmen teatrynyň “Otellosy” barada “Izwestiýa” gazetinde ýazypdy. I.Gromow “Otellony” sahnada goýmak bilen diňe geçen asyrlarda bolup geçen bir mawryň gussaly takdyry barada gür bermän, spektakla döwrebap äheň çaýmagam başarypdy. Isidor Grigorýewiç nusgawy dramaturgiýanyň sarpasyny belent tutup, oňa döwrebap äheň çaýmagyň ähmiýetini ýörite nygtaýar: Nusgawy dramaturgiýany sahnada goýmak bilen täze-täze zehinli artistleri ýüze çykarmagy başarmaly, adygan eseriň hut şu günüň derwaýys taglymy-estetik, ruhy meseleleri çözmäge ýardam etmegini gazanmaly.... I.Gromow türkmen teatrynda Nikolaý Pogodiniň “Kreml kuranty” sahna eserini hem ussatlarça sahnalaşdyrypdy. ...Sahnada her bir owunjak zadyňam, hereketiňem iňňän dogry edilmegi möhüm. I.G.Gromow turuwbaşdan artistlerden şonam talap edýär. Režissýor şeýdibem spektakllaryň tüýs durmuşy bolup çykmagyny gazanýar. Gepiň gysgasy, I.Gromow hemişe artistlerden sahnada çyndan, hakykata berimsiz ýaşamagy talap edýär. Ýasama teatrallyk režissýor I.Gromowyň ýek ýigrenýän zadydy. Täzelik diýip, her dürli hokga çykarmagam halanok. Onuň üçin teatr sungatynda täzelik – täze-täze gahrymanlaryň döwrebap keşbini döretmek. Asyryň urgusyny duýmagy başarmaklygy I.Gromow uly täzelik hasaplaýar. I.Gromowyň goýan “Korol Liri”, “Guşgy galasy” hem ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryň taryhynda saldamly yz galdyrdy. Rus teatrynyň sahnasynda I.Gromowyň tagallasy bilen G.Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasydyr” “Şadyýan myhmany”, G.Seýitliýewiň “Jahan” ýaly sahna eserleri goýuldy. Bu spektakllary tomaşaçylar gowy garşylady. Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň 1955-nji ýylda Moskwada geçirilen ongünlügünde A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry beýleki spektakllar bilen bir hatarda “Jahany”, “Şadyýan myhmany” görkezip, uly abraýa eýe bolupdy. “Şu keşpleriň hemmesinde tejribeli režissýoryň eliniň barlygy duýulýar. Režissýor dramanyň mowzugynyň möhümliligini beýan etmek bilen çäklenmän, milli gahrymanlaryň gylyk-häsiýetinem ussatlarça ýüze çykaryp bilipdir. Režisýoryň artistler bilen işiniň jikme-jik takyklygy sahna gahrymanlarynyň häsiýetinde-de, olaryň täsirli mizanssenalarynda-da duýulýar” diýip, SSSR-iň halk artisti S.Mansurowa “Sowetskaýa kultura” gazetinde ýazypdy. ...I.Gromow tejribeli režissýor – mugallym, baryp 1925-nji ýylda ol ýaşlar bilen ýüregini badaşdyrdy. Onuň zehinli talyplaryny bu gün Kiýewiň, Ýaroslawlyň, Aşgabadyň teatrlarynyň sahnasynda görmek bolýar. Mynasyp artistler neslini taýýarlamak, her bir artistiň kämillik derejesine ýetmegi Isidor Gromowyň ýatsa-tursa aladasydy. Hawa, halypa režissýor aladalanýar, oýlanýar, pikir öwürýär. Ýeke bir oýlanmak, pikirlenmegem däl, ol mydama tejribeçilik işe – sahnada spektakl goýmaga döwtalapdy. Hakyky sungat adamy hemişe şeýle bolýar. Begi SUHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |