00:19 Temel bilen meýhanaçy | |
TEMEL BILEN MEÝHANAÇY
Degişmeler
Germaniýada işläp ýören Temel bir gün kazino gidipdir we pully kart oýnap üç müñ ýewro utupdyr. Ol begenjine guş bolup uçup öýüne tarap barýarka, ýoluñ ugrunda pullaryny elinden gaçyrypdyr. Şol wagtam sümsünip ýören bir doñuz geläge-de, onuñ pullaryny lak-luk ataýypdyr. Temel gaharyna näme etjegini bilmän durka, geçip barýanyñ biri onuñ näme sebäpli gamlanyp duranyny sorapdyr. Temel: - Diş-dyrnak bolup gazanan pullarymy şu doñuz iýdi. - Şoñ üçinem gamlanarlarmy, hemme zadyñ bir alajy bar ahyryn. Sen häziri doñuzy iýt-de, meýhana äkit we bir bokal piwo içir. Soñam eliñe taýak alyp, gomyna bir sapar ýelme, pullaryñy şobada yzyna gusar. Temel onuñ aýdyşy ýaly edip, doñuzy meýhana äkidip içiripdir. Ol seri sämän doñuzyñ kümpüjine bir ýelmeýär welin, 1.000 ýewrony gusýar. Meýhanaçy geñ galyp: – Bu doñuzy maña satsana? - diýipdir. Temel: - Satlyk däl - diýip jogap beripdir. Ol doñuza ýene bir bokal piwo içirip, gomyna bir sapar ýelmeýär we 1.000 ýewrosyny alýar. Temel muny üçünji gezegem gaýtalap, galan puluny yzyna alýar. Meýhanaçy durup bilmän: – Şu doñuzy maña satsañ, 10 müñ ýewro berjek saña - diýipdir. Elbetde, Temel onuñ bu teklibini kabul edipdir we 10 müñ ýewrony jantaýyna urup, ýeñsesini el ýaly edipdir. Ertesi gün gazetlerde şeýle habar çykypdyr: "Serhoş meýhanaçy doñuzy urup-urup öldüripdir!" | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |