21:22 Temel bilen taryh mugallymy | |
TEMEL BILEN TARYH MUGALLYMY
Degişmeler
Taryh mugallymy Temelden soraýarmyş: - Oglum, Puni söweşlerini kim etdi? Temel: - Walla kessin, mugallym men etmedim - diýýär welin, mugallym okuw otagynyñ gapysyny gaharly ýapyp daşary çykýar. Daşaryk çykanda matematika mugallymy bilen pete-pet gelýär. - Eýgilikmi halypa? Bu nä gahar? - Sen sorama, men aýtmaýyn! Temelden Puni söweşlerini kim etdi diýip soradym. Olam "Walla kessin, men edemok" diýýär. Nädip gaharlanmaýyn? - Bular şeýledir halypa. Hem ederler, hem boýun almazlar. Kärdeşiniñ aýdýanyna taryh mugallymynyñ halys gahary gaýnap, ýetjek derejesine ýetýär we özünden gidýär. Mekdep müdiriniñ otagynda naşatyr ysgadylyp huşuna getirilensoñ keýpikök müdir mugallymdan sorapdyr: - Eýgilikmi halypa? Ne döw çaldy saña? - Sorama, başlyk... Sapakda okuwçylaryñ birine "Puni söweşlerini kim etdi?" diýsem, "Walla, men edemok" diýäýmezmi. Okuw otagyndan çykamda, matematika mugallymymyz gabat geldi. Bolan zady aýtdym, gaýtam olam: "Bular şeýledir. Eden zatlaryny hiç boýun almazlar" diýdi welin, özümden gidip ýykylypdyryn. - Äl-aýtt, señem gynanyp ýören zadyña... Sygryñ dili ýaljak kagyza iki setir ýazagetdin Bilim ministrligine ugradaryn, kimiñ edendiginiñ derrew anygyna ýeterin. Mugallymyñ boljagy bolýar, hassahana düşýär. On bäş günläp hassahanada ýatyp bejergi alýar we bir aý öýde ýatmaly edilip hassahanadan çykarylýar... Öýünde ýatyrka poçtalýon bir sary bukja getirýär... Mugallym sabyrsyzlyk bilen bukjany açýar. Hat Bilim ministrliginden gelen eken... Hatda "Şu ýyl tölegler geçirilmänsoñ, Puni söweşleriniñ bolmaýandygyny habar berýäris..." diýip ýazylypdyr... | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||