10:54 Terjimeçilik mekdebiniñ halypasy | |
TERJIMEÇILIK MEKDEBINIÑ HALYPASY
Ýatlamalar
Çary Aşyrow edebiýatyñ hemme žanrynda-da işlän halypa. Ol terjime sungatyna uly goşant goşan şahyr-ýazyjydyr. Geçen asyryñ 50-60-njy ýyllarynda Ç.Aşyrow Türkmen Döwlet neşirýatynyñ baş redaktory hökmünde rus we beýleki halklaryñ nusgawy edebiýatyny terjime edip, halka ýetirmekde uly işler bitirdi. Şol terjime eserleri öz döwründe-de, häzirki günlerde-de milli edebiýatymyzyñ edil türkmen dilindäki eserleri ýaly bolup, halkymyzyñ edebi baýlygyna öwrüldi. Onuñ poeziýadan eden terjimeleri ýüz müñ setirden geçýär. Çary Aşyrowy türkmen edebiýatynyñ terjimeçilik mekdebini açmakda, guramakda uly halypa, ussat guramaçydy. Çary aga dünýä edebiýatyny gowy bilýärdi. Şonuñ üçin onuñ gatnaşmagyndaky terjimeler juda ýerine düşüpdir. Ine, aýdaly, Nekrasowyñ rus halkynyñ durmuşyny beýan edýän ''Russiýada kim şat ýaşaýar?'' diýen eseri rus halkynyñ gowy görýän eseri ýa-da Taras Şewçenkonyñ aradan çykanda Dnepriñ kenarynda jaýlanmagyny wesýet eden goşgusy bar. Goşgynyñ ady ''Wesýetler''. Ol dünýä okyjylarynyñ arasynda belli. Şoñy Çary Aşyrow türkmen dilinde okanda diñleýjilerde uly täsir galdyrardy. Şeýdip Çary Aşyrow terjimeçilik sungatynyñ uly wekili boldy, onuñ özüni hem uly şahyr hökmünde orta çykardy. Ol rus nusgawy edebiýatyndan iñ köp terjime eden şahyr, özem goşgularynyñ köpüsini ýatdan bilýärdi. Çary aga myhmansöýer adamdy. Ýanyna salama baranymda, ýitirip-tapan ýaly garşylaýardy. Törden orun berýärdi. Geçen günlerini ýatlardy, geljekden söz açardy. Her gezegem maña halypa maslahatyny berýärdi. ''Ganly saka'', ''Lalyñ ogly'', ''Gökýaýlanyñ ýigitleri'' ýaly okyjylaryñ söýgüsini gazanan poemalaryñ, on bir sany romanyñ awtory Çary Aşyrowda aýdara zat köpdi. Çary aga örän ýatkeşdi. Ol 30-njy ýyllaryñ ortalarynda instituty tamamlap, Moskwada aspiranturada okan ilkinji türkmenleriñ biridi. Özüniñ aspirantura synag tabşyryşy babatda şeýleräk gürrüñ beripdi. ㅡ Şol ýyllarda Moskwada asiprantura girmek añsat däldi. Şol ýeriñ alym-kätibi maña: ''Şu wagt başararyn öýtseñ, synag aldyrjak!'' diýdi. Menem ''Bolýar'' diýdim. Taryhdan hemem pedagogikadan professorlary çagyrdy. Ondan öñinçä men taryhdan Batinskiniñ, pedagogikadan hem Şemsarýowyñ ýazan kitaplaryny alyp, şolardan taýýarlyk görüpdim. Ilki biri taryhdan sorag berip başlady. Soraga jogap berýän welin, jogabyma gapdalymda oturan alym-kätip ýyrşarýardy. Nämä ýyrşarýanyny bilemok. Ondan soñ pedagogikanyñ taryhyndan başga bir adam synag alyp başlady. Men hem oña professor Şemsarýowyñ kitabyndan jogap berýän. Alym-kätip has beter ýylgyrýardy. Soñ olar maña ''oñat'' baha goýdular-da gitdiler. Alym-kätip: ''Sen gaty mekir, olaryñ soraglaryna öz kitaplaryndan jogap berdiñ'' diýdi. Men ''Batinskinem, Şemsarýowanam tanamok, Moskwa birinji gelşim'' diýdim. Görüp otursam, menden synag alan professorlar taýýarlyk gören okuw kitaplarymyñ awtorlary bolsa nätjek! Çary Aşyrow Beýik Watançylyk urşuna meýletin gidýär. Agasy Şaly Kekilow bilen bir günde harby wekillige baryp, özlerini Watan goragyna ugratmaklaryny haýyş edýär. Şaly Kekilow söweş meýdanynda mertlerçe söweşip wepat bolýar. Çary Aşyrowa jeñ meýdanynda ýeñiş bilen dolanmak miýesser edýär. Gazaply söweşleriñ birinde agyr ýaralanan Çary Aşyrowy şepagat uýasy, ermeni gyzy Nina halas edýär. Onuñ ''Ermeni gyzy'' atly goşgusy şonda döreýär. Çary Aşyrow özüni halas eden ermeni gyzy Nina Sargumýan bilen geçen asyryñ 50-nji ýyllarynyñ ahyrlarynda Ýerewan şäherinde duşuşýar. 1989-njy ýylda Çary aga, ýanýoldaşy Ogulanabat gelneje, re£isýor Çerkez Şamyradow dagy bilen Moskwa gitdik. Ninanyñ ejesiniñ aýal doganynyñ Moskwadadygyny eşidip, görme-görşe bardyk. Şol wagtam Ninanyñ ejesi Zinaida Prokofýewna, Ninanyñ aýal dogany Margarita Artýomowna Aşgabatdan baran myhmanlary gadyrly garşylady. Bu duşuşygy tolgunman synlamak mümkin däldi. Duşuşyk ýadymda berk galypdy. Margarita şonda öz dogany hakynda şeýle diýdi: ㅡ Nina 1942-nji ýylda jorasy bilen meýletin urşa gitdi. Siz soñ Ýerewanda, ýazyjylaryñ gurultaýyna geleniñizde bir ýakyn garyndaşymyz Türkmenistandan gelen bir ýazyjynyñ Ninany gözleýändigini habar berdi. Nina şonda uruş wakasyny bada-bat ýadyna saldy. Soñ ony siziñ ýanyñyza alyp baran bardylar. Nina gaty mähriban zenandy, özem lukman bolansoñ, hemmelere kömek berýärdi. Ol 1961-nji ýylda, bary-ýogy 39 ýaşynda aradan çykdy... Çary Aşyrowyñ döredijiliginiñ ýene bir tarapy halallyk. ''Halallyk'' sözi onuñ bütin ömrüniñ we döredijiliginiñ içinden uly bir akaba ýaly bolup geçýär. Şol halallyk bu mähriban adamyñ öz durmuş gatnaşyklaryna ikilik etmändiginden gelip çykýar. Halkyñ içinde Çary aga hakynda ýakymly ýatlamalar köp. Onuñ eserleri ýadymyzda, goşgy setirleri kalbymyzyñ töründe. Çary aga bilen gözel Sumbar jülgesine aýlananymyz, göwnüme, düýn ýaly bolup dur. Ondam bäri ýigrimi ýyla golaý wagt geçipdir. Indi näçe ýyldyr Çary agasyz ýaşap ýörüs. Ol 2003-nji ýylyñ 4-nji fewralynda dünýeden ötdi. Ony, öz wesýet edişi ýaly, ejesiniñ ýanynda, Gökdepäniñ Ýañgala obasynda jaýladylar. Togsan üç ýaşy arka atyp, öz käbäñ ýanynda baky uka gitmek her kim-her kime miýesser etmeýär. Allaýar ÇÜRIÝEW, şahyr, Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyñ uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |