06:28 Tomusdaky säwlikleriñ gyşdaky netijeleri | |
TOMUSDAKY SÄWLIKLERIŇ GYŞDAKY NETIJELERI
Medisina
Saglygyny goramak, berkitmek öňi bilen her bir adamyň özüne baglydyr. Munuň üçin her bir adam iýýän iýmitine, içýän suwuna, gök-miwe önümlerine eserdeň garamalydyr. Ünsden düşürilen ýagdaýynda, adamda keselçilik ýüze çykyp bilýär. Botulizm — bu iýmit önümleri arkaly ýiti zäherlenme ýagdaýy ýüze çykýan keseldir. Botulizmi anaerob ýokanjynyň spora emele getiriji mikrob taýajyklary döredýär. Kesel dörediji bakteriýalaryň toksinleri bilen zäherlenme netijesinde döreýän kesel, nerw ulgamynyň agyr zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Botulizmi dörediji (Clostridium botulinum) tebigatda giňden ýaýrap, ol hemişe toprakda ýaşaýandyr. Bakteriýa adam bedenine iýmitiň, suwuň üsti bilen geçýär. MAHSUS BOLAN ALAMATLAR Kesel dörediji bakteriýa bedene aralaşanynda, ilkinji ala matlary 2 sagatdan 10 güne çenli bildirýär. Botulizmi anyklamakda, oňa mahsus bolan alamatlara salgylanmaly. Keseliň geçişi ysmazyň ýüze çykmagy, iýmit siňdiriş ulgamyň bozulmalaryndan, gyzdyrmak, üşütmek ýaly bedeniň umumy zäherlenme alamatlaryndan şeýlede: ◊ aşgazanynda agyrlyk duýulýar; ◊ kellagyry; ◊ ýürekbulanma; ◊ üznüksiz gaýtarma; ◊ näsagda deňagramlylygyň bozulmagy; ◊ başaýlanma; ◊ görüjiliginiň peselip, göz öňüniň dumanlamagy; ◊ gözüne goşa görünme; ◊ garnynda agyrynyň döremegi; ◊ iç ýellenme we içgeçme; ◊ kähalatda sesiniň üýtgemegi; ◊ dem almasynyň kynlaşmagy; ◊ çalt ýadamagy; ◊ gabagyny galdyrmagynyň kynlaşmagy ýaly alamatlar keseliň beterleşýändigini tassyklaýar. Şeýle alamatlar ýüze çykanda, hökmany ýagdaýda lukmana ýüz tutmaly. ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI Botulizm öý şertlerinde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünleri berjaý edilmän dürli önümlerden taýýarlanylýan, gök we miwe önümleriniň bankada ýapylýan, olaryň möhletine garamazdan uzak wagtlap saklanýan ýagdaýlary duş gelýär. Şeýle-de gelip çykyşy näbelli bolan we ýaramlylyk möhleti geçen, öý şertlerinde taýynlanan, kakadylan we duzlanan balyk önümlerini görkezmek bolar. Bu önümler bir tarapdan aşa duzlanandygy bilen zaýalanýan bolsa, ikinji bir tarapdan howanyň gyzgyn ýerlerinde saklanýandygy bilen öz möhletini geçirýär. Tomus-güýz aýlary öý bikeleri gyş paslynda iýmit hökmünde ulanmak üçin dürli gök önümlerini konserwirleýärler. Olaryň arasynda dürli işdäaçarlar, gök önümler, miweler bar. Şeýle ýagdaýda, öý bikesi arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünlerini dogry berjaý etmese, ol önüm leriň howply kesel bolan botulizmiň çeşmesi bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Munuň üçin şeýle öňüni alyş düzgünlerini berk berjaý etmelidir: • Öý hojalygynda duzlanyp gaplanan, konserwirlenen önümleri taýýarlananda gapagy jebis ýapylan bolmaly. • Gökbakja önümler öýde gaplananda, duza ýatyrylanynda, oňat arassalanmasa, suwda gowy ýuwulmasa, gaplar 30-40 minutlap ýeterlik gaýnadylmasa, howply botulizmiň döremegine getirýär. Şeýle möhüm çäreler mikroblary ýoklaýar. • Banka gaplanyp ähli kadalar berjaý edileninden soň, bankany 10-15 günüň dowamynda elýeterli ýerde goýup, olaryň ýagdaýyna gözegçilik etmeli. • Öýde taýýarlanylan, banka gaplanan önümleri satuwa çykarmaga ygtyýar berilmeýär. • Bakja, miwe, gök önümlerini gaplamazdan öň gowy edip, akar suwda ýuwmaly. • Öý şertlerinde kömelegi, balygy, eti konserwirlemegi maslahat berilmeýär. Bu konserwirlenen önümleriň diňe önümçilikde taýýarlanan görnüşini satyn almaly. Satyn alnan halatynda onuň daşky görnüşine üns bermeli. Önümiň gapyrjagy çişmedik, suwy bulanmadyk bolmaly. • Banka gaplananda hökmany ýagdaýda ter miweleri, gök önümleri ulanmalydyr. Heňlän, ýygylanyna köp wagt bolan önümleri gaplamaly däldir. • Hökmany ýagdaýda bankalaryň içine saljak gök önümleriň zyýansyzlandyryş düzgünlerini berk berjaý etmelidir. • Hemme öý şertlerinde ýapylýan bankalary pes temperaturaly ýerde saklanmalydyr. Açmazdan öňürti hökmany ýagdaýda bankalaryň daş görnüşine üns bermelidir. Eger-de gapagy çişen, içindäki suwy bulanan ýagdaýynda bankalaryň içindäkini döküp, gowy edip ýuwmalydyr. Şeýle bankalaryň içindäki önümleri dadyp hem görmeli däldir. Bu zäherlenme töwekgelligine getirip biler. • Bankalara gök önümleri salmazdan öňürti olary gowy edip, bugda zyýansyzlandyrmalydyr. Göz çeni bilen duzy, şekeri atmaly däldir. Berk gaplanyş düzgünlerini berjaý etmek zerurdyr. Eger-de siz doly taýýarlanyş düzgünlerini anyk bilmeýän bolsaňyz, onda nädogry gaplanan önümlerden zäherlenmek howpunyň bardygyny unutmaň. Dawutdurdy TAGANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Esenguly etrap hassahanasynyň usulyýet lukmany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |