TÜRKMEN PARASADYNYŇ MIWELI DARAGTY
«Allatagalanyň hemaýaty düşen beýik alym» diýen hormatly lakama eýe bolan, «Horezmiň guwanjy» diýen ady göteren Zamahşary diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, merkezi Aziýanyň, Eýranyň, arap medeniýetiniň taryhynda hem hormatly orna eýedir. Ol yslam hukugynyň, pelsepe, dil, teswirleme, pelekiýat (astronomiýa) ylmynyň, edebiýat, syýasat we beýleki ylymlaryň üstünde işlän meşhur alymdyr. Bulardan başga-da, ol kasydalary, kytgalary, şahyrana hatlary öz içine alýan birnäçe diwanyny döreden ajaýyp şahyrdyr. Alym arap dilinde döreden goşgularynda ata Watanyny, türkmen gözelliginiň mylaýymzadalygyny, uz owadanlygyny wasp edipdir».
Beýik Saparmyrat TÜRKMENBAŞY
* * *
Pähim-paýhaslar, pendi-nesihatlar, öwüt-ündewler, dana sözler adamzat nesliniň hemme zatdan öňürti mätäçlik çeken ruhy gymmatlyklarydyr. Olar öz-özünden döreýän zatlar däl. Bularyň her biri adamzadyň durmuş-tejribesinden syzylyp çykýar. Her bir milletiň köklerinde bolşy ýaly, ruhy gymmatlyklar beýik türkmen halkynyň köklerinde hem bar. Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada: «Oguz han Türkmenden, Gorkut atadan, Görogludan, Magtymguly atamyzdan bize türkmen ýoluny mukaddes tutmak wesýeti, türkmen milletiniň jebisligi, bitewiligi barada ençeme öwüt-ündewler galypdyr. Ol öwüt-ündewlere gulak assaň, milletiňe buýsanç, guwanç duýgusy kalbyňa dolýar» diýip, dana ata-babalarymyzyň parasatyna ýokary derejede sarpa goýýar.
Türkmen halkynyň hiç bir milletiňkiden pes bolmadyk baý edebi mirasy bar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň: «Türkmen halky hiç wagt körzehin halk bolmandyr. Türkmeniň islendik döwürde ylmyň ähli pudaklarynda dünýä boýunça tanalýan öz beýik ylymdar, bilimdar ynsanlary bolupdyr» diýmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Beýik Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, taryhda heniz öwrenilmedik, indi öwrenilmeli dürli ugurlarda eserler ýazan ençeme beýik türkmen alymlary ýaşapdyrlar.
Şol alymlaryň biri hem heniz döredijiligi doly öwrenilmedik beýik türkmen akyldary Mahmyt Zamahşarydyr.
Tefsir , hadys , kelam , dil we edebiýat ylymlarynda «Allama» diýlip ykrar edilen beýik türkmen alymy, edebiýatçysy we şahyry Mahmyt Zamahşary 1075-nji ýylyň Nowruz aýynyň 19-yna (467-nji hijri ýylynyň rejep aýynyň 27-sine) Köneürgenjiň (häzirki Görogly etrabynyň) Zamahşar (Yzmykşir) obasynda dünýä inýär. Onuň doly ady Abulkasym Jarullah Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet ibn Omar ibn Ahmet Zamahşary Horezmidir. Gysgaça Zamahşary diýlip tanalýar.
Zamahşary garyp, dindar, ylmyň we bilimiň muşdagy bolan maşgalada önüp-ösýär. Zamahşarynyň heniz ýaş mahaly üçekden ýa-da ulagdan ýykylyp agsak bolandygy aýdylýar, ýa-da beýleki bir ygtybarly maglumata görä, bir gezek sapar mahalynda gar ýagyp, aňzakda galmaly bolýar, şonda aýagy doňup, soň bir aýagyny dyzyndan kesmeli bolýar. Ýerine bolsa agaçdan aýak oturdýarlar. Ibn Hallikanyň «Wefeýatu'l-agýan» atly taryh kitabynda ýazmagyna görä, Zamahşary çaga mahaly bir gün serçe tutup, aýagyna ýüp daňýar. Serçe hem onuň elinden sypyp, bir diwaryň deşigine girýär. Kiçijik Mahmyt hem guşy çykarmak üçin ýüpüň ujundan çekýär. Netijede, guşuň aýagy sogrulýar. Muny gören ejesi oglunyň garagollygy sebäpli, guşuň başyna düşen ýagdaýa gynanyp: «Onuň aýagyny edişiň ýaly, Alla hem seniň aýagyňy sogursyn-da» diýip gargyş edýär».
Zamahşary aýagy kesilip, agsak bolup galansoň, ol guşuň aýagynyň sogrulyşyny, ejesiniň gargyşyny gynanç bilen ýatlaýar hem munuň Allanyň ýazgydydygyna ynanýar.
Özüniň agsaklygynyň sebäbine käbir adamlaryň ters düşünip, onuň jenaýata we başga bir erbet sebäbe ýorulmazlygy üçin, agsak bolup galmagynyň sowuk almak bilen baglydygyna birnäçe şaýat tutunyp, bir güwänama ýazdyrýar. Baran ýurdunyň häkimine hem bu güwänamany görkezip, aýagynyň agsaklygynyň sebäbini ýazdyryp, aşagyna gol çekdiripdir. Zamahşarynyň öz agsaklygyny bildirmezlik üçin, ýere süýrenip duran uzyn don geýendigi barada-da rowaýat aýdylýar.
Zamahşarynyň «Diwan» atly ýygyndysynda ejesi we kakasy barada berýän gysga maglumatlaryndan olaryň dindar bolandyklary mälim bolýar. Ol bu eserinde şeraby wasp edip ýazan kasydasynda: «Şygry şerabyň öwgüsi bilen başlandygym üçin, Allatagala meni bagyşlasyn! Ýogsam, men onuň tagamyny hem datmadym. Kakamam, maşgala agzalarymam ondan hatda datmadylaram. Bu meselede hemmeler meni biragyzdan goldarlar» diýýär.
Taryhçy Ibn Esiriň aýtmagyna görä, zalym adam bolan wezir Mueýýidilmülk ibn Hasan (w. 1102-nji (hijri 495-nji) ýyl) Zamahşarynyň kakasy Omar ibn Ahmedi (w. 1101-nji (hijri 495-nji) ýyl) syýasy bir ýagdaý sebäpli zyndana salýar. Zamahşary kakasynyň günäsiniň geçilmegini towakga edip ýazan kasydasynda kakasynyň heniz ýaş mahaly tussag edilip, yzynda idege mätäç, hossarsyz çagalarynyň galandygy sebäpli, bagyşlanmagynyň sogap iş boljakdygyny örän ynandyryjy sözler bilen beýan edipdir. Ýöne kakasynyň tussaglykdan boşaman ýogalandygy «Diwandaky» käbir şygyrlaryndan belli bolýar.
Zamahşarynyň kakasy Omar ibn Ahmet ogluna başlangyç bilimleri özi öwredýär. Soň ony Zamahşardaky beýleki alymlaryň ýanyna okamaga iberýär. Ýöne bir aýagy agsak oglunyň gün-güzeranyny diňe oturyp işläp boljak bir hünär arkaly dolandyryp biljekdigi barada oýlanyp, ony bir tikinçiniň ýanyna şägirt hökmünde bermekçi bolýar. Soňra oglunyň okamak üçin edýän ýalbarmalaryna çydaman, ony Horezme getirip, bir medresä okuwa berýär. Zamahşarynyň başlangyçda haýsy alymlardan nähili sapaklar alandygy barada çeşmelerde doly maglumat berilmeýär. Zamahşarynyň ylmy şahsyýetiniň kämilleşmeginde ilkinji we täsirli mugallymy, şol döwrüň dil, nahuw we tebipçilik ylmynda sanaýmaly alymlaryň biri we Horezmde ýaşan mahallary mugtezile mezhebini ýaýradan, «feridu'l-asr» (asryň ýeke-tägi) lakamly Abu Mudar Mahmyt ibn Jerir Dabbydyr (w. 1113-nji (hijri 507-nji) ýyl). Zamahşary bu alymdan dil we edebiýat ylymlaryny öwrenip, mugtezile mezhebiniň esaslaryny diňläp, kabul edýär. Zamahşarynyň aýratyn ukybyny we ýiti zehinini duýup, oňa has üns beren Dabby bu adatdan daşary talybyna her dürli maddy we ruhy kömegi berýär. Soň Zamahşary ýaşlykdan ylmyň ojagy bolan Buhara şäherine gidýär. Ol ýerde gözýetimini giňeldýän düýpli ylymlary öwrenýär.
Zamahşarynyň ýaşlyk döwri Seljuk türkmenleriniň soltany Mälik Şanyň (w. 1092-nji (hijri 485-nji) ýyl) we onuň weziri Nyzamylmülküň döwrüne gabat gelýär. Bu iki döwlet ýolbaşçysynyň bilelikde alyp baran syýasaty netijesinde ýurduň ähli ýerlerinde ençeme medreseler açylýar, ylmy işlere höweslendirmeler döredilýär, alymlar bilen içgin gyzyklanylýar we olara hemaýat edilýär. Şol ýyllarda Zamahşarynyň adynyň yslam ylymlarynda, aýratyn hem şygyr we edebiýat meýdanynda orta çykyp, adygyp, tanalyp başlandygy onuň Nyzamylmülke bagyşlap ýazan bir kasy-dasyndan mälim bolýar. Zamahşary bu kasydasynda ýokary wezipeleriň mynasyp bolmadyk adamlara berilmegini zulum hökmünde häsiýetlendirip, döwründen nägile bolýar, özi bilen Nyzamylmülküň arasyny baglaýan zadyň ylymdygyny nygtaýar, öz ylmyny, şahsy ukyplylygyny we aýratynlygyny öwýär, özüni laýyk bir wezipä bellemegini isleýär. Hatda özi ýaly bir alymy hernäçe gözlese-de, Nyzamylmülküň hiç haçan tapyp bilmejekdigini nygtaýar. Ýöne Nyzamylmülk Zamahşara onuň garaşýan wezipesini bermeýär, tamasyny kanagatlan¬dyrmaýar.
«Allanyň ülkesinden gündogarda we günbatarda özi üçin iň söýgüli ýer» diýip wasp eden ata ýurdunda hiç hili wezipe eýeläp bilmedik Zamahşary önüp-ösen topragynda ýaşamagy mundan beýläk özüne peslik bilip, Horezmi terk etmek kararyna gelýär. Bu niýet bilen öňürti Horasana gidýär, ol ýerde birnäçe döwlet işgärleri bilen duşuşýar. Olardan Mujyreddöwle Abulfath Aly ibn Hüseýin Erdisana bir kasyda ýazyp, ony wasp edýär. Oňa nahuw mowzugyndaky «Şerhu ebýaty Sibeweýh» bilen «El-unmuzeç» atly eserlerini bagyşlaýar. Mujyreddöwle hem Zamahşara bir at bilen müň dinar berýär. Horasandan soň Yspyhana geçen Zamahşary bu ýerde adalatlylygy, ýagşy ahlagy, edermenligi bilen batynylary ýeňip, olaryň zyýanly işlerini dep edendigi üçin, Mälik şanyň ogly Muhammedi wasp edýär.
Zamahşarynyň ylym durmuşynda Bagdatdaky meşhur Nyzamyýe medresesi we bu ýerdäki alymlar möhüm orny eýeleýär. Ol ylmy meýdanlarda diýseň abraýly şöhrata eýe bolýar. Her gezek haj zyýaratyna barýarka we hajdan gaýdyp gelýärkä, Bagdada birnäçe gezek gelýär. Bu ýerdäki alymlar bilen duşuşýar, olaryň derslerini diňleýär, ylmy söhbetlere gatnaşýar.
Zamahşary Aly ibn Muzaffar Nyşapurydan we Abu Nasr Yspyhanydan edebiýat ylymlaryny;
Abulhattap ibn Abulbattardan, Abu Sagyt Sakkanydan we şyhyl-yslam Abu Mansur ibn Nasr Harysydan hadys ylymlaryny;
Hanapy fakyhlaryndan bolan kazyl-kuzat Abu Abdylla Muhammet ibn Aly Damaganydan hadys we fykh ylymlaryny;
Abu Sagadat Hibetulla ibn Aly Şerip Ibn Şejeriden nahuw we edebiýat ylymlaryny;
Mekgede ýaşan mahaly Aly ibn Abdylla ibn Talha Ýaburydan «Sibeweýhin kitabyny» öwrenýär;
Heniz ýaşlygynda edebiýatçy, şahyr we alym hökmünde uly abraý gazanan Zamahşarynyň Horezmde, Horasanda, Yrakda we Hyjazda dil hem tefsir ugurlary boýunça beren dersleri uly gyzyklanma bilen diňlenilipdir.
Zamahşarynyň ýetişdiren birnäçe talyplarynyň arasyndan iň meşhurlary şulardyr:
Zamahşarda (Yzmykşirde) Abu Amr Amir ibn Hasan Sammar;
Tabarystanda Abulmehasyn Ysmaýyl ibn Abdylla Tewili;
Abywertde (Kakada) Abulmehasyn Abdyrahym ibn Abdylla Bezzar;
Samarkantda Abu Sagt Ahmet ibn Mahmyt Şaşy;
Horezmde Abu Tahyr Saman ibn Abdylmälik Fakyh, Muwaffak ibn Ahmet Mekki Horezmi, Aly ibn Muhammet Amarany Horezmi, Abulfazl Muhammet ibn Abulkasym ibn Baýjuk Bakkal Horezmi;
Balhda Abu Ýusup Ýakup ibn Aly ibn Muhammet ibn Japar Balhy;
Mekgede Aly ibn Isa ibn Hamza ibn Wehhas.
Zamahşary 1118-nji (hijri 512-nji) ýylda, ýagny 45 ýaşlarynda erbet bir kesele duçar bolup, güýç-kuwwatdan, ysgyn-mydardan gaçýar. Ol bu hassalykdan sagalansoň, özüne indi hiç haçan soltanlara we döwlet işgärlerine medhiýe ýazmazlyga, olardan wezipe we haýyr-yhsan hantama bolmazlyga söz berýär.
Soň dünýewi soltanlary wagtlaýyn taşlap, soltanlaryň soltany bolan Allatagala ýönelip, oňa goňşy bolmak üçin Mekgä gidýär. Mekgäniň emiri Abulhasan Aly ibn Hamza ibn Wehhas Zamahşaryny güler ýüz bilen garşylaýar. Olar özaralaryndaky ylmy we şahsy dostluklaryny, garşylykly şygyrlar bilen güýçlendirýärler. Zamahşary Mekgede ýaşan mahallary arap ýarymadasynyň hemme ýerine aýlanyp çykýar, dürli taýpalaryň dili, edebiýaty, ýaşaýşy, urp-adatlary bilen bagly gymmatly maglumatlary ýygnaýar. Zamahşary özüniň «Esäsu'l-beläga» atly eserinde arap topragyndaky ähli gümmezlere girendigini we olary görendigini ýazýar. Onuň dil ylmy boýunça düşünjesi şeýle bir kämil we güýçli derejä ýetýär welin, ol bir gün Mekgedäki Abu Kubeýs dagyna çykýar-da, araplara ýüzlenip: «Eý, araplar! Geliň, ata-babalaryňyzyň dilini menden öwreniň!» diýip, özüniň kämilligini duýdurmakdan saklanyp bilmändir.
Mekgede iki ýyllap ýaşan Zamahşary watanyny arzuwlap, ýurduna gaýdyp gelýär. Ýöne mukaddes ýerlerden jyda düşmek hem oňa agyr düşýär. Soňra ýurduna gaýdyp gelensoň, ýene-de Mekgä sapara gitmek üçin ýola çykýar. Ýolda Şama baryp, Şamyň häkimi Täjülmülk Böri ibn Togtegin (w. 1132-nji (hijri 526-nji) ýyl) bilen duşuşýar. Batynylara we haçly ýörişlere garşy söweşip, yslamyň çäklerini goraýandygy üçin, oňa minnetdarlyk bildirýär. Zamahşarynyň Şamda biraz ýaşandygy Böriniň ýerine geçen ogly Şemsilmülk Ysmaýyly (höküm süren ýyllary 1132-1135-nji (hijri 526-529-nji) ýý.) taryp etmeginden hem mälim bolýar.
Zamahşary Mekgä gaýdyp gelende, ygtykatda mugtezile mezhebinden bolan Ibn Wehhasdan ýene-de öňküsi ýaly hormat-sylag görýär. Zamahşary bu wepaly dostunyň haýyşy we islegi bilen meşhur tefsiri «Keşşafy» ýazmaga başlaýar. Zamahşary Mekgede ýaşap ýörkä, birnäçe gezek Käbäni togap edýär. Ol Käbäniň goňşuçylygynda ýaşandygy üçin, «Jarulla» (Allanyň goňşusy) lakamyny alýar. Bu ýerde hem ýene bir «Etwäku'z-zeheb» (Altyn halkalar) atly meşhur edebi eserini ýazýar. Bu kitaby Mekgede ýaşap ýörkä ýazandygy barada eseriň «Giriş» bölüminde şeýle diýýär:
«Bu mаkаlаlаryň Seniň mübärek we mukаddes ýerleriň bоlаn Käbede ýazylаndygy we emele gelendigi üçin, Ylаhy rаzylygyňа lаýyk mаkаlаlаr bоlup, gоrаg-penаňdа bоlmаgyny, muny okanyň, ýazаnyň, öwredeniň we öwreneniň peýdаlаnmаklаryny çyn ýürekden аrzuw we nyýaz edýärin.
Eý, Аllаm! Sen bütin hаýyrlаryň eýesi we hоrmаtlаnýanysyň, gоrаýany we beýgeldýänisiň!
Seniň peseldeniňi beýgeltjegiň bоlmаýşy ýaly, gаzаbyňа sezewаr bоlаny hem halas edip biljek hiç hili güýç-kuwwаt ýokdur».
Mekgede üç ýyl ýaşan Zamahşary ýene-de watanyny küýsäp, Horezme gaýdýar. Ýolda 1138-nji (hijri 533-nji) ýylda Bagdada barýar. «Fahrul-Horezm» (Horezmiň guwanjy) lakamly Mahmyt Zamahşary özüni görmek isleýän alym dostlary tarapyndan uly hormat bilen garşy alynýar. Aýratyn hem Hezreti Alynyň neslinden bolan beýik dil we edebiýat alymy Hibetulla Ibn Şejeri (w. 1148-nji (hijri 542-nji) ýyl) Zamahşarynyň üstünligine bagyşlap, bir şygyr ýazýar. Zamahşary Bagdatda bolan mahaly özünden peýdalanmak isleýänlere sapak berýär, özi hem ol ýerdäki alymlaryň derslerine gatnaşýar. Ol şol wagtlar 66 ýaşlylygyna garamazdan, Bagdatdaky Nyzamyýe medresesinde mugallym bolan alym we edebiýatçy Abu Mansur Mewhup ibn Ahmet Jawalykynyň (w. 1145-nji (hijri 540-nji) ýyl) derslerine gatnap, ondan pata alýar. Soňra Bagdatdan gaýdyp Horezme gelýär we Amyderýanyň kenararyndaky Jürjanyýe (Köneürgenç) şäherinde ýaşaýar. Bu ýerde birnäçe ýyl ýaşansoň, 1144-nji ýylynyň Oguz aýynyň 14-ine (538-nji ýylyň zulhijje (gurban) aýynyň 9-yna, arafa gijesi ýogalýar.
Ibn Hallikanyň aýtmagyna görä, Zamahşary ölüminden soňra mazarynyň daşynda şu setirleri ýazmagy sargyt edipdir:
«Eý, gije garaňkylygynda gara siňegiň ganatyny kämil gören, Allam!
Damarlarda aýlanýan jany gören, arynyň süňkünde ýiligi goýan eý, Rebbim!
Geçmişde käbir çendenaşalyga gidip, saňa günäkär bolan bu asy guluň günälerini bagyşla!..».
Hijri VIII asyryň başynda Horezme syýahat eden Ibn Battuta Zamahşarynyň guburyny şäheriň daşynda, üstüne gümmez salnan ýagdaýda görendigini aýdýar.
Zamahşarynyň maşgala durmuşy baradaky sözlerinden onuň öýlenmändigi ýa-da öýlense-de, maşgala durmuşynyň gysga we bagtsyz bolandygy belli bolýar. Maşgala aladasynyň bolmazlygy onuň ähli ukybyny we wagtyny diňe ylmy işlere sarp etmegine mümkinçilik döredipdir.
Zamahşary ylmyň dürli ugurlary boýunça eser ýazypdyr. Ol eserleriň köpüsi biziň döwrümize gelip ýetipdir. Olaryň golýazmalary dünýäniň dürli kitaphanalarynda saklanýar. Aşakda onuň 60-dan hem gowrak eseriniň ady, mazmuny, mowzugy, saklanýan ýeri barada maglumatlary getirýäris.
1. «El-Keşşäfu an hakaiky gawämizi't-tenzil we uýuni'l-ekawiýl fi wujuhi't-te'wil». (Düşündiriş esasynda inderileniň (Gurhanyň) maksatlarynyň hakykatlaryny we aýdylýanlaryň çeşmelerini düýpli açyp görkeziji).
Gysgaça «Keşşaf» ady bilen tanalýan Gurhanyň bu tefsiri kitabyny Zamahşary Mekgede soňky gezek ýaşanda, mugtezile mezhebinden bolan tarapdarlarynyň, şeýle hem dosty we talyby Mekgäniň emiri Ibn Wehhasyň haýyş etmegi bilen ýazmaga başlaýar we üç ýyl soňra, ýagny 1143-nji ýylda Köneürgençde ýazyp gutarýar.
Jarulla Zamahşarynyň «Keşşaf» atly tefsir kitaby mugtezile akymynyň akydalaryny we düşünjelerini hemmetaraplaýyn delilleri bilen beýan edýär. Kitabyň birinji aýratynlygy onuň belagat ylymlaryna esaslanmagy, ikinjisi bolsa mugtezile akymynyň garaýyşlaryna görä ýazylmagydyr. Alymlar Zamahşary we «Keşşaf» barada dürli pikirleri aýdyp geçipdirler. Olardan Ibn Hallikan «Keşşaf» barada «Ondan öň oňa taý geljek eser ýazylan däldir» diýip, eseriň belagat tarapynyň çeperçiligini taryp edýär. Ibn Kesir bolsa: «Zamahşary mugtezile akydasyny düşündirýär, bu ýagdaýy tefsirinde hem äşgär beýan edýär we ony elmydama göz öňünde tutýar» diýip, Zamahşarynyň mugteziledigini, eseriniň hem mugtezile garaýyşlaryndan esas alan tefsirdigini beýan edýär. Ymam Suýuty hem öňki tefsir alymlaryny agzap geçýär we Zamahşary barada şeýle diýýär: «Soňra Gurhanyň çeperçilik tarapyny düşündirýän belagat ylymlary bilen iş salyşýan bir taýpa geldi. «Keşşaf eýesi» hem bu ýoluň soltanydyr. Şonuň üçinem onuň eseri gündogaryň we günbataryň iň çetgyra ýurtlaryna çenli hem baryp ýetdi».
Zamahşarynyň özi bolsa bu tefsiri barada şygyr bilen şeýle diýýär:
Dünýäde tefsir köp, gerek barysy,
Barmyka içinde «Keşşaf» ýalysy.
Dogry ýol agtarsaň, oka, al many,
Nadanlyk – dert, «Keşşaf» onuň dermany.
2. «Esäsu'l-beläga» (Çeper sözleýişiň esaslary).
Bu möhüm eseri bilen Zamahşary diňe arapçanyň nusgawy söz hazynasynyň doly söz düzümini düzmek bilen çäklenmän, eýsem, goşan täzelikleri bilen täze dil ylmynyň düýbüni tutupdyr. Zamahşarydan öň arap diline degişli işleri ýerine ýetiren Halyl ibn Ahmet (w. 786-njy (hijri 170-nji) ýyl) «Kitäbu'l-aýn» atly eserinde sözleri agyzdan çykýan ýerlerine we kalp ulgamyna görä, Ibn Dureýd Muhammet ibn Hasan (w. 933-nji (hijri 321-nji) ýyl) «El-jemhere fi'l-luga» atly eserinde sülüs we kalp ulgamyna görä, Abu Nasr Ysmaýyl ibn Hammat Jöwheri (w. 1003-nji (hijri 393-nji) ýyl) «Täju'l-luga» atly eserinde sözleri bap we pasyl usulyna, ýagny üç harply kökleriň soňky we başky harplaryna görä düzüpdirler. Olaryň her haýsy hem öňkä garanyňda täzelik girizýärdiler. Zamahşary bolsa «Esäsu'l-beläga» atly eserinde bularyň hemmesinden hem has kämil bolan bir usul ulanýar, ýagny:
a) sözüň ikinji we üçünji harplaryny hem göz öňünde tutýan doly görnüşli elipbiý tertibinde düzgün-tertip esaslandyrýar;
b) örän çylşyrymly bolan «kalp» ulgamyny ýatyrýar;
ç) sözüň düýp manysy bilen çäklenmän, düşündirişler we mysallar bilen şol sözüň göçme manysyny görkezýär:
«Esasul-belaganyň» golýazma nusgalary Türkiýe Respublikasynyň Laleli kitaphanalarynda saklanýar.
3. «Etwäku'z-zehep fi'l-mewagyz we'l-hutab» (Wagyz-lar¬da we hutbalarda altyn halkalar).
Muňa gysgaça «Etwäku'z-zeheb» diýilýär, şeýle-de bu kitabyň «En-nesäihu's-sygar» (Kiçi nesihatlar) diýen ady hem bar. Bu kitap öwüt, hikmet we gözel ahlak möwzuklarynda çeper we kyssa görnüşinde ýazylan 100 sany makaladan ybarat.
4. «Makamat» (Mertebeler).
Bu eseriň başga bir ady hem «En-nesaihu'l-kibar» (Uly nesihatlar). Zamahşary bu eserini 1118-nji (hijri 512-nji) ýylda duçar bolan erbet keselinden gowulaşansoň ýazýar. Kitapda elli sany makam bar. Her makamyň başy ýazaryň özüne «Eý, Abulkasym!» diýip ýüzlenýän nesihatlaryndan ybarat.
5. «Mukaddimetu'l-edeb fi'l-luga» (Arap diline giriş usuly).
Horezmşalar döwletini esaslandyran Muhammet ibn Anuşteginiň (w. 1127-nji (hijri 521-nji) ýyl) ogly Horezm şasy Atsyza (höküm süren ýyllary 1127-1156-nji ýyllar) sowgat edilen bu eser arapça öwrenmek isleýänler üçin taýýarlanan amaly bir sözlük görnüşinde bolup, atlar, işlikler, ownuk bölekler, ýöňkemeler, zamanlar bolmak bilen bäş bölümden ybaratdyr. Eseriň asyl metini arap dilindedir. Bar bolan nusgalaryň käbirinde türkmençe, parsça terjimeler bar. Ýazaryň öz nusgasynyň bize gelip ýetmändigi sebäpli, Zamahşarynyň özüniň arapça metininiň aşagyna terjimesini ýazyp ýazmandygy, eger ýazan bolsa-da, muny haýsy dil bilen ýazandygy barada käbir çaklamalar bar.
«Mukaddimetul-edebiň» bir nusgasy Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan milli golýazmalar institutynda 1300 belgili bukjada saklanýar.
Şeýle hem alymyň şol hazynada 2712 belgili bukjada «Kitabu'l-huruf» atly bir golýazma nusgasy bar. Ol Zamahşa-rynyň «Mukaddimetu'l-edep» atly eseriniň 3-nji bölümi bolmaly. Sebäbi ýazaryň adyna hem Abulkasym Hekim (akyldar) diýlipdir. Ol hem Abulkasym Zamahşary bolmagy mümkin.
Bulardan başga-da Zamahşarynyň «Mukaddimetul-edebiň» «Harplar» (ownuk bölekler) atly eseriniň 3-nji bölümi başga ýygyndylar bilen bilelikde Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan milli golýazmalar institutynda 2913, 3818, 3027 belgili bukjalarda saklanýar.
6. «Jewähiru'l-luga» (Söz göwherleri)
Çeşmelerde bu görnüşde geçýän we bize gelip ýetmändigi aýdylýan bu eseriň aslyýetinde «mukaddimetul-edep» kitaby¬dygy, ýöne adynyň başgadygy hem aýdylýar.
Sebäbi Türkiýe Respublikasynyň Läle Ysmaýyl kitaphanasynda 674 belgili bukjada saklanýan nusgada «häzä kitabu «jewahiri'l-luga» el-musemmä bi mukaddimeti'l-edep» diýlip ýazylan sözler bar.
7. «El-mustaksa fi'l-emsäl» (Nakyllary derňeýji).
Bu kitap 4461 sany gadymy nakyllary öz içinde jemleýär. Mustafa ibn Ybraýym Geliboluly bu eserden käbir nakyllary saýlap alyp, pars we türk dillerinde düşündiriş berip «Zubdetu'l-emsäl» ady bilen neşir edýär.
Bu meselede şol ýylda 6000 arap nakyllaryndan ybarat «Mejmegu'l-emsäl» atly eseriň ýazary Ahmet ibn Muhammet Meýdany (w. 1224-nji (hijri 518-nji) ýyl) bilen Zamahşarynyň arasynda bäsdeşlik bolandygy aýdylýar.
8. «Talebetu'l-ufät fi şerhi't-tasarrufät» («Tasarru¬fat» atly kitabyň düşündirişinde saglyk islemek).
Bu kitaba ýazylan şerhleriň bir nusgasy hem «Şerhu risaleti't-tasarrufät» ady bilen Türkmenistanyň Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan milli golýazmalar institutynda 2468 belgili bukjada saklanýar. Şerh ýazan bolsa Muhammet Ysmatylla ibn Mahmyt ibn Ynaýatylla Buharydyr. Geň tarapy hem bu nusganyň 92 b waragynda: «Kemä ýerwi innehu fi ähiri umrihi rajega min mezhebihi» (şeýle hem rowaýat etmeklerine görä, «Zamahşary ömrüniň soňunda öz mugtezile mezhebinden dönendir») diýlip ýazylan arapça bir bellik bar.
9. «Egjebu'l-ajab fi şerhi lämiýeti'l-arab» («Lamiýetul-arap» atly kitaba ajaýyp düşündiriş).
Bu kitap Şanfaranyň «Lämiýetu'l-arap» («Lam harpy bilen başalaýan arap şygyrlary» atly meşhur kasydasynyň düşündirişidir.
10. «Muhteseru'l-muwäfeka beýne ehli'l-beýti we's-sahabe» («Pygamber neberesi bilen sahabalaryň arasyndaky ýakynlyk» atly kitabyň gysgaltmasy).
Hadys mowzugynda bolan bu eserini Zamahşary Abu Sagyt Ysmaýyl ibn Aly Samman Razynyň (ýazylan wagty hijri 443-nji ýyl) şol bir at bilen atlandyrylan kitabyndan gysgaldylmadyr.
11. «El-mufassal fi'n-nahw» (Nahuwda baplara bölüji).
Zamahşarynyň 1119-1121-nji (hijri 513-515-nji) ýyllarda ýazan dört bölümden ybarat bolan bu möhüm eseri atlaryň, işlikleri, ownuk bölekleri we manydaş sözleri öz içine alýan. «Mufassal» kitaby mowzuklarynyň çeper we ussatlyk bilen beýan edilişi, aýdyň we akgynlylygy jähtden iň köp okalýan we nusgawy bir eserdir.
12. «El-unmuzej» (Nusgalar).
«Mufassaldan» gysgaldylan bu dil kadasyna degişli kitaby hem uly abraýa eýe bolupdyr we oňa käbir alymlar tarapyndan şerhler ýazylypdyr.
13. «El-muhajät we mutemmem mehammi erbäbi'l-hajät fi'l-ehaji we eglutata fi'n-nahw» (Nahuwyň käbir aýratynlyklaryny sorag-jogap görnüşinde beýan eden eser).
14. «El-fäik we nesimu'r-raik fi garibi'l-hadis» (Hadyslardaky düşünilmegi kyn bolan sözleri düşündiriji sap şemal).
Bu hadys metinlerindäki düşünilmegi kyn bolan sözleri düşündirýän, şeýle hem elipbiý tertibinden sözlük görnüşinde taýýarlanan eserdir.
15. «Nikatu'l-igrab fi garibi'l-igrab fi'l-kuran» (Gurhandaky arapça bolmadyk sözleriň düşümlerinde fleksiýa bellikleri)
Bu eseriň bir golýazma nusgasy Kairde «Darul kutup» kitaphanasynda «App 8» belgili bukjada saklanylýar.
16. «Kitabu'l-emkine we'l-jibäl we'l-miýäh» (Suwlar, daglar we ýerler hakynda kitap).
Taryhy we geografiki sözlük görnüşinde taýýarlanan.
17. «Newabigy'l-kelim» (Meşhurlaryň sözleri).
Gysga pähim-paýhaslardan we edebi parçalardan ybarat bolan eser.
18. «Şerhu muhteseru'l-kuduri». («Muhteserul-kudury» atly esere düşündiriş).
19. «El-mufrad we'l-muellef» (Birlik san we goşma sözlem).
20. «El-mufred we'l-murakkeb» (Birlik san we düzme sözlem).
21. «Kitäbu'l-esmä fi'l-luga» (Sözlükde atlaryň kitaby).
Bu kitap hem «Mukaddimetul-edebiň» atlar bilen baglanyşykly bir bölümi bolmagy mümkin.
22. «Kitabu'l-ejnäs» (Dürli ugurlar barada kitap).
23. «El-minhäj fi usuli'ddin» (Fykh usulynda maksatnama).
24. «Mugjemu'l-hudud» (Şerigat jezalarynyň mese¬le-leriniň sözlügi).
25. «Ru'usu'l-mesäi'l fi'l-fikh» (Fykh ylmynyň esasy meseleleri).
26. «Zalletu'n-näşid» (Gözleýjiniň azaşmagy)
27. «Er-Raiz fi'l-faraýyz» (Miras ylmynda terbiýeleýji).
28. «Menäsiku'l-hajj» (Hajyň düzgün-tertibi).
29. «Mes'ele fi kelimeti'ş-şehäde» («Lä ilähe ilalla» sözüniň sintaksis derňewine degişli eser).
30. «Sahyhu'l-arabiýýe» (Arap diliniň dürs geplenilişi).
31. «Samimu'l-arabiýýe» (Arap diliniň dogry geplenilişi).
32. «El-emäli fi'n-nahw» (Nahuwda umyt).
33. «Mugjemu'l-arabi we'l-färisi» (Arapça-parsça sözlük).
34. «Rabigu'l-abrar» (Ýagşyzadalaryň bahary).
Taryhy, edebi we ylmy eserlerden saýlanan ýygyndy.
35. «Hasa'isu aşerati'l-kirami'l-berara» («Aşeraýi mubeşşire» (On sany buşlanan) diýlip tanalýan on sany sahabanyň terjimehalynyň beýany).
36. «Şeka'iku'n-Nugman fi menäkybi'l-imäm Ebu Hanife». (Ymam Agzam Abu Hanypanyň özboluşly häsiýetlerinli beýan edýän «Nygmanyň mertebesi» atly kitap).
37. «Şäfigy'l-yýý min kelämi'ş-Şäfigy» (Ymam Şapygynyň derde şypa sözleri).
38. «Muteşäbihu esämi'r-ruwät» (Hadys rowaýatçylarynyň atlarynyň arasyndaky meňzeşlik).
39. «Nuzhetu'l-mu'tenis» (Dostlukly gezelenç).
Başga bir ady hem «Nuzhetu'l-mu'tenis we nuzhetu'l-muktebisdir». Ol çeper hekaýalary, şygyrlary, hadyslary we käbir edebi parçalary öz içine alýar.
40. «Ed-durru'd-däiru'l-muntehab fi kinäýät we istigarat we teşbihati'l-arab» (Arap edebiýatynyň aňlatma söz öwrümi, metafora we meňzetme usulynda saýlanyp alnan tegelek dür).
41. «Kasydetu fi suali'l-Gazzäli an julusillähi ale'l-arş we kusuri'l-magrifeti'l-beşeriýýe» (Allanyň arşda oturmagy meselesi we adamzadyň ony bilmeginiň bolup bilmejekdigi barada Ymam Gazalynyň soraglaryna kasyda)
42. «El-muntehab min zalleti'n-näşid» («Zalletu'n-naşid» atly eserden bölekler).
43. «Diwanu'z-Zemehşeri» (Zamahşarynyň diwany).
44. «Mersiýýe li Ebu Mudar» (Abu Mudara mersiýe).
45. «El-keşfu fi'l-kyra'et» (Okamagyň usulyýeti).
46. «Diwanu'l-hutab» (Hutbalar diwany).
47. «Diwanu'r-resä'il» (Risalalar diwany).
48. «Diwanu't-temessul» (Meňzetme diwany).
49. «Nesä'ihu'l-muluk» (Patyşalara nesihat).
50. «Risäletu'l-esrar» (Syrlar risalasy).
51. «Risäletu'l-mubkiýýe» (Agylar risalasy).
52. «Risäletu'n-näsyha» (Nesihat beriji risala).
53. «Sewä'iru'l-emsäl» (Nakyllaryň bilezigi).
54. «Şerhu ebýäti'l-Keşşäf» («Keşşafyň» beýtleriniň düşündirişi).
55. «Şerhu ebýäti kitäbi Sibeweýh» (Sibeweýhiň kitabynyň beýtlerine düşündiriş).
56. «Tesliýýätu'z-zarir» (Körlere güýmenje).
57. «Zyýädätu'n-nusus» (Metinleriň artdyrylyşy).
58. «El-kystas fi'l-aruz» (Aruz ölçeginde terezi).
59. «El-aklu'l-kulli» (Külli akyl, ýagny Jebraýyl perişde).
60. «Makalat» (Makalalar).
61. «Esäsu't-takdis» (Mukaddesligiň esaslary).
62. «Esraru'l-mewäzyg» (Mowzuklaryň syrlary).
63. «Fususu'n-nusus» (Metinleriň gaşlary).
64. «Kelimätu'l-ulemä» (Ulamalaryň sözleri).
Zamahşarynyň bulardan başga-da heniz ady doly öwrenilmedik birnäçe eserleri bardyr.
«ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY» KITABY BARADA
Zamahşarynyň bu kitabynyň ýazylyş usuly özünden öň ýaşap geçen Ibn Kuteýba Dineweriniň «Uýunu'l-ahbar» (Habarlaryň gözleri) we Ibn Abdyrabbihiň «el-Ykdu'l-ferid» (Taýsyz monjuk) atly eserleriniň mowzugyna meňzeýär. Ýöne Zamahşary bu kitaplardan ýekeje maglumat hem almandyr. Zamahşary bu kitabyny meşhur tefsiri «Keşşafdan» soň ýazypdyr. Muny onuň özi kitabyň giriş bölüminde hem agzap geçip, şeýle diýýär:
«Men bu kitaby ýazmak bilen özümiň «El-keşşaf an hakaýyky't-tenzil» atly tefsirimi okanlaryň kelleleriniň dynç almaklaryny, pikirlenmek, onuň syrlaryny we ylmy hakykatlaryny çykarmak bilen ýadan kalplarynyň rahatlanmaklaryny, onuň çylşyrymly we syrly meselelerini anyklajak bolup tapdan düşen pikirleriniň nepeslerini dürsemeklerini üpjün edip, onuň ýetmeýän ýerlerini doldurýanlara gaýtalama bolmagyny, ondan asgyn gelenleriň özlerini dürsemekleri üçin bu kitaby gülälekli meýdan we miweli baglar bilen gözelleşdirip, bezäp, onuň şahalarynda oýnaşyp, gülleriniň ysyndan doýup, bişen miwelerinden hoşlanmaklary üçin, gözleriň onuň seýrek aýnalaryna seredip karar tapmaklary üçin, burunlaryň onuň ösen ýakymly ýelleriniň ysyny almagy üçin, agyzlaryň onuň bişen miweleriniň terligi bilen lezzet tapmagy üçin, gulaklaryň onuň ylham beren şaggyldyly suwlaryny diňlemegi üçin, bedenleri onuň kölegesinde salkynlamaga çagyrmak üçin, beden guşlarynyň täze şahalara gonup, guşlaryň saýraýyşlarynyň ýakymly bolmagyny niýet edindim. Bu bir dostlukly gezelenç we amatly pursatdyr. Kim bular bilen bile bolsa, ol hiç zada mätäç bolmaz. Kim bular bilen dost bolsa, оňа özge dost gerek bolmaz».
Kitap şygyr bilen kyssa utgaşdyrylyp ýazylan togsan sekiz bapdan ybarat. Zamahşary kitabyň her bir babynda öňürti şol babyň mowzugy bilen baglanyşykly Muhammet alaýhyssalamyň, sahabalaryň , tabygynlaryň , abytlaryň, zahytlaryň, takwalaryň, akyldarlaryň, beýleki pygamberleriň sözlerini getirýär, soň bolsa mowzuk bilen baglanyşykly şygyrlardyr atalar sözlerini, nakyllary hödürleýär.
Kitap ýygyndylar toplumyndan ýygnalan we halkyň arasyndan toplanan pähim-paýhaslardan, dana sözlerden ybaratdyr. «Ýagşyzadalaryň baharynda» pygamberlerimiziň, beýik-beýik akyldarlaryň, danalaryň, pähimli alymlaryň parasatly öwüt-nesihatlary, pentleri hem olaryň durmuşlaryny, garaýyşlaryny öz içine alýan rowaýatlar, tymsallar arkaly watanperwerlik, ynsanperwerlik, jomartlyk, pespällik, mertlik, myhmanparazlyk, sadalyk ýaly biri-birlerinden çuň taglymlar ündelipdir. Şalar adalatlylyga, pespällige, begler adamkärçilige çagyrylypdyr.
Ol pentdir-nesihatlaryň, rowaýatlaryň, tymsallaryň ynsanlarda ýagşy gylyklary, ynsanperwerligi-watanperwerligi terbiýelemekde hyzmaty örän uludyr. Meselem, olaryň birinde pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam ene ýere tagzym etmegi ündäpdir hem sebäbini düşündirýär. Ene ýer ynsana hyzmat edýär, ol hem düşek, hem ýapynja, hem eklenç çeşmesi. Rysgalyňy toprakdan gözle. Dünýä gelip ene topraga hyzmat etmedik, bir nahal ekmedik, il-gününe, halkyna hemaýat etmedik ýigit hakyky ýigit däldir.
Husytlyk, açgözlik, Taňrydan, adamkärçilikden daş düşüp nebsiňi şagladyp mal üstüne mal ýygnamak, jaý üstüne jaý salmak ýaly häsiýetler paş edilipdir. Meselem, ýene pygamberimiz bilen baglanyşykly bir rowaýatda ynsanlara aýaklarynyň astyndaky ýer ýaly ýumşak bolmak, jomartlykda akar suw ýaly bolmak pent edilýär. Akar suw garyba-da, baýa-da deň. Ondan ynsanam, haýwanam hatda topragam islän wagty teşneligini gandyryp bilýär. Akar suw biminnet. Bu ajaýyp kitapda göreje nur berýän gudratyň biri akar suw hasap edilýär. Olaryň ikinjisi akar suwdan ganan gök çemenzarlyk, kalba, göreje nur berýän üçünji zady beýik akyldar Hasan Basry mähirli, owadan ýüz hasap edýär.
Ýene Aý hem Gün ýaly rehimli-merhemetli bolmak pent edilýär. Sebäbi olar ýagşynyňam, ýamanyňam üstüne dogýar, deň şöhle saçýar, garaňkylygy ýagtaldýar.
«Ýagşyzadalaryň baharynda» ata Watana, ene topraga bolan söýginiň täsin nyşany bilen baglanyşykly şeýle hakykat beýan edilýär.
«Sabyr Zul Ektaf Ruma ýörişe gidipdir we ýesir düşüpdir. Şol ýerde hem näsaglapdyr. Rum patyşasynyň gyzy oňa aşyk bolupdyr. Gyz sussy pes hem mejalsyz Sabyr Zul Ektafdan:
― Göwnüň näme isleýär? ― diýip sorapdyr. Ol hem:
― Dijläniň suwuny we Istehriň topragyny ysgamagy ― diýip jogap beripdir.
Gyz birnäçe günden soň onuň islegini berjaý edipdir. Onuň watanyndan bir gysym toprak we suw getirdip, eltip beripdir.
Sabyr Zul Ektaf öz ýurdunyň topragyny ysgap, suwuny içip, hakykatdan hem sagalypdyr.
Eziz topragyň gudraty baradaky tymsallary, rowaýatlary «Ýagşyzadalaryň baharyndan» isledigiňçe getirip oturmaly. Ýöne olaryň hiç birem düşündirişe mätäç däl.
«Ýagşyzadalaryň baharynda» öň hem aýdyp geçişimiz ýaly, kitabyň ýazylyş usuly Ibn Kuteýba Dinaweri bilen Ibn Abdyrabbihiň kitaplarynyň ýazylyş usulyna meňzese-de, Mahmyt Zamahşarynyň olaryň kitabyndan ýekeje setiri, ýekeje sözi almazlygy kitabyň ähmiýetini ýene-de bir gezek artdyrýar, oňa özboluşlylyk durkuny berýär. Kitapdaky maglumatlaryň, gürrüňlerdir rowaýatlaryň, pähimdir paýhaslaryň agramly bölegi Zamahşarynyň arap ýurtlaryna syýahat eden wagty halkyň arasyndan ýygnap alan maglumatlary, dost-ýarlaryndan eşiden gürrüňleridir. Zamahşary bu kitaby barada «Newabygy'l-kelim», «Diwan», «en-Nesaihu's-sygar» ýaly beýleki eserlerinde babyň meselesi bilen baglanyşykly maglumatlary ýatlap geçýär.
Kitapda türkmen edebiýaty hem dili, medeniýeti hem sungaty bilen baglanyşykly maglumatlar azda-kände duş gelýär. Aýratynam türkmeniň beýik alymlary Abdylla ibn Mübärek, Bişr Hafy (Eýmen Baba), Abubekr Horezmi, Abu Abdylla Merwezi, Ybraýym Edhem dagylaryň aýdan sözleri eseriň içinden eriş-argaç geçýär. Kitapda Nusaý, Merw, Abywert, Horezm (Köneürgenç), Merweruz (Tagtabazar), Tabarystan, Gürgen ýaly ata-babalarymyzyň ýaşan ýer-ýurt atlary hem geçýär.
Ibn Hallikan «Wefeýatu'l-agýan» atly eserinde kitabyň adyna «Rabygu'l-abrar we nususu'l-ahbar» , Ýakut Hamawy «Irşadu'l-erip» atly eserinde «Rabygu'l-abrar fi'l-edebi we'l-muhadarat» , Hajy Halyfa «Keşfu'z-zunun» atly eserinde «Rabygu'l-abrar», Brokelman GAL atly eserinde «Rabygu'l-abrar» , emma GAL, Suppl. atly eserinde bolsa «Rabygu'l-abrar fiýmä ýesirru'l-hawatyr we'l-efkar» diýip görkezýärler. Biz kitabyň adyny golýazma nusgasyna salgylanyp «Rabygu'l-abrar» (Ýagşyzadalaryň bahary) diýip goýmagy makul bildik.
Dürli döwürlerde alymlar bu kitaby gysgaldylan görnüşde ýazypdyrlar. «Rabygu'l-abrardan» saýlanyp alnanlar we gysgaltmalar:
1. Ýazaryň özüniň «El-muhtar min rabygy'l-abrar» (Rabygu'l-abrardan saýlanyp alynan bölekler ) atly gysgaltmasy.
2. Muhammet ibn Halyl Kabakybynyň ýazan gysgaltmasy (w. 1445-nji (hijri 849-njy) ýyl).
3. Muhammet ibn Kasym ibn Ýakubyň (1533-nji (hijri 940-nji) ýylda ýogalan) «Rawzu'l-ahýar» (Haýyrlylaryň bossany) atly kitaby.
4. Ýazary näbelli «Zehru'r-rabyg» (Baharyň ilkini gülleri) atly gysgaltma.
5. Ýazary näbelli «Enwäru'r-rabyg» (Baharyň nurlary) atly gysgaltma.
Kitabyň golýazma nusgalary bolsa şu kitaphanalarda saklanýar:
1. Bagdat şäheriniň «Mektebetu'l-ewkaf» kitaphanasynda 386, 387, 388, 389 belgili bukjalarda (4 jilt görnüşinde).
2. Şol ýerdäki, 7149 belgili bukjada, eseriň diňe 7-nji baby ýerleşipdir (başy «Mantyk we şygyr baby»).
3. Şol ýerdäki, 10071 belgili bukjada, eserden bir bölek (başy: «Ýigrimi üçünji bap»).
4. Leýden şäheriniň kitaphanasynda 0470 belgili bukjada 4 jilt görnüşinde).
5. Berlin şäheriniň kitaphanasynda 8531, 8532, 8533 belgili bukjalarda.
6. Stambul şäheriniň Aýasofiýa kitaphanasynda 3989, 2985 belgili bukjalarda.
7. Konýa şäheriniň Ýusup Aga kitaphanasynda 4900 belgili bukjada.
8. Stambul şäheriniň D. Ybraýym kitaphanasynda 948 belgili bukjada.
9. Leýpsig şäheriniň kitaphanasynda 0601 belgili bukjada.
10. Pariž şäheriniň kitaphanasynda 3499, 2500, 3985, 7642 belgili bukjalarda. Bularyň käbirleri bu kitabyň gysgaltmasydyr.
11. Londan şäheriniň Britaniýa muzeýiniň kitaphanasynda 1134/5 belgili bukjada.
12. Mançester şäheriniň kitaphanasynda 0424 belgili bukjada.
13. Stambulyň Fatyh kitaphanasynda 3893-A belgili bukjada.
14. Marokka şäheriniň kitaphanasynda 01337 belgili bukjada.
15. Kair şäheriniň kitaphanasynda 0157/3 belgili bukjada.
16. Maşat şäheriniň kitaphanasynda 03018 belgili bukjada.
17. Rampur şäheriniň kitaphanasynda 093/1 belgili bukjaday.
18. Buhara şäheriniň kitaphanasynda 07/416 belgili bukjada.
19.
Bu nussgalaryň hemmesini gözden geçirmeklige mümkinçilik bolmansoň, haýsy nusganyň doly, haýsysynyň bolsa gysgaldylandygyny, olaryň aratapawutlary, meňzeşlikleri, göwrümleri, mazmunlary barada anyk bir zat aýtmak mümkin däl. Şonuň üçinem biz bu nusgany taýýarlanymyzda onuň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Aýasofiýa kitaphanasynda saklanýan 2985 belgili bukjasyndan peýdalandyk. Bu golýazma XIII asyryň ahyrlarynda göçürilipdir. Bu golýazma örän galyň bolup, bölümlere bölünmändir.
Golýazmanyň birinji sahypasynda hem kitabyň ady «Rabygu'l-abrar Lijarulla el-Allama el-Humama» (Beýik Alym Allanyň goňşusynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly kitaby), onuň aşagynda bolsa: «Bu golýazmanyň (depderiň) bahasy 15 dinar» diýlen ýazgy bar.
Bu terjimede esasy üns berilmeli zatlaryň biri hem kitabyň içindäki hadyslardyr. Sebäbi Zamahşarynyň bu kitabynda hadys diýip gelýän bölekleri, sözüň doly manysynda Muhammet alaýhyssalamyň aýdan sözleri bolman, halk arasynda ýaýran gürrüňlerdir. Şonuň üçinem bulary gönüden-göni hadys hökmünde däl-de, edebiýatyň bir bölegi hökmünde kabul etmelidir. Biz Muhammet alaýhyssalamyň ähli hadyslaryny öz içine alýan «Kutubi sitte» atly ygtybarly hadys ýygyndysy kitabyny seljerenimizde, kitabyň içinde Muhammet alaýhyssalamyň adyndan getirilýän hadyslaryň hemmesini tapyp bilmedik. Şonuň üçinem bu meselä ünsli çemeleşmek gerekdigini okyjylara ýatladýarys.
Bu nusga türkmen diline terjime edilende, mümkin boldugyça onda agzalýan şahs, ýer-ýurt atlary düşündiriş bilen üpjün edildi. Gerek ýerlerinde hem käbir sözlere, adalgalara düşündirişler berildi. Çykgytlardaky görkezilýän seneler hijri senesi bilen görkezildi.
Rahman ILMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras»
merkeziniň uly ylmy işgäri.
Edebi makalalar