TÜRKMEN GOLÝAZMALARY DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANÝAR
Gadymy türkmen medeniýetini öwrenmek barada ygtybarly çeşmeler hökmünde orta asyrlarda ýazylan golýazma kitaplary hasaplanylýar. Golýazmalar mirasy türkmen halkynyñ iñ esasy milli we medeni baýlygy hem-de hazynasy bolup durýar. Olar iñ aýawly görnüşde goralup saklanylmaly gymmatly çeşmelerdir. Golýazmalar özleriniñ asyl nusgalygy we ygtybarlylygy bilen taryhyñ dürli döwürlerinde dilimiziñ ösüşine özüniñ täsirini ýetiripdir. Golýazmalar dili, edebiýaty we milli mirasy öwrenmekdr hem deñsiz-taýsyz hazynadyr. Dürli ugurlarda ýazylan golýazma kitaplary bolsa, şol bir wagtyñ özünde, türkmen medeniýetini biziñ häzirki günlerimize ýetirmekde uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Olar gadymy we häzirki türkmen medeniýetini öwrenmekde bize ýagty nur saçýar.
Hemmämize belli bolşy ýaly, türkmen dilli golýazmalar özleriniñ gadymylygy, asyl nusgalylygy, arassalygy we nepisligi bilen tapawutlanýarlar. Türkmen halkynyñ geçmiş edebi mirasyna, ajaýyp ýazuw ýadygärliklerine bu günki gün Gündogary öwreniş ylmynda ýokary baha berilýär.
Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Milli golýazmalar institutynyñ işgärleriniñ dürli ýurtlaryñ kitaphanalaryna guralan iş saparlary türkmen halkynyñ medeni mirasyna dahylly baý edeni hazynalaryñ üstüni açdy, olaryñ elektron nusgalary ata Watanymyza getirildi.
Daşary ýurtlardan gelýän golýazmalar bilen bir hatarda, Türkmenistanyñ YA-nyñ Milli golýazmalar institutynyñ hazynasyndaky edebi çeşmeleri öwrenmäge, Türkmenistanyñ öz raýatlarynyñ şahsy kitaphanalarynda saklanyp galan gadymy golýazmalary toplamaga berilýän ähmiýet hem gün-günden artýar. Häzirki wagtda institutyñ golýazmalar hazynasynda arap, pars, türkmen dillerinde ýazylan 10 müñe golaý golýazma bar.
2013-nji ýylda Türkmenistanyñ YA-nyñ Milli golýazmalar institutynyñ baýry alymlary A.Aşyrowyñ, A.Mämmetjumaýewiñ we G.Guzuçyýewanyñ taýýarlamagynda türkmen dilinde "Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ milli golýazmalar institutynyñ golýazmalarynyñ teswiri (türkmen dilindäki golýazmalar)" atly kitap çapdan çykdy. Bu kitaba 600 töweregi türkmençe golýazma boýunça düzülen jemi 800 sany ylmy teswir girizildi. Kitapdaky teswirlerde, mümkin boldugyça, sene yzygiderliligi saklandy. Işde Gündogar golýazmalaryny öwrenýän dürli ýurtlardaky ylmy merkezlerde işlenilip düzülen kadalardan hem-de golýazmalar institutynyñ alymlarynyñ işläp düzen kadalaryndan ugur alyndy. Golýazmalara teswir berlende olaryñ göçürilen döwrüne we eserleriñ mazmunyna üns berildi.
Bu kitap çapdan çykansoñ türk diline terjime edilendigini aýratyn bellemelidiris. Türkiýe Respublikasynyñ "Türk dünýäsi fondy" guramasy bilen bilelikde maña hem bu teswiriniñ türk diline terjimesini amala aşyrmak miýesser etdi. 2015-nji ýylyñ dekabr aýynda hem bu kitap Türkiýe Respublikasynyñ Eskişehir häkimligi we "Türk dünýäsi fondy" guramasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynda türk dilinde çap edildi. 2016-njy ýylyñ 29-njy ýanwarynda hem Stambul şäherinde bu kitabyñ tanyşdyrylyş dabarasyna dürli halkara guramalarynyñ wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen dilinden türk diline terjime edilip çap edilen bu teswir kitaby türkmen golýazmalarynyñ dünýäniñ ylmy jemgyýetçiliginiñ onuñ mazmuny bilen tanyş bolmagynda, dünýä ýaýradylmagynda, türkmen medeniýetiniñ ösen derejesini açyp görkezmekde uly bir başlangyjyñ ajaýyp miwesidir. Bu kitap teswir, katalog ylmy bilen bagly bolansoñ, türkmen ylmynyñ halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyna, halklaryñ dost-doganlyk gatnaşyklarynyñ ösdürilmegine uly itergi berer. Halklaryñ medeni aragatnaşyklarynu has-da ýakynlaşdyrar we jebisleşdirer.
Rahman ILMÄMMEDOW,
Türkmenistanyñ YA-nyñ Milli golýazmalar institutynyñ uly ylmy işgäri.
Edebiýat täzelikleri