09:42 Gündogar bilen günbataryň medeni gatnaşyklarynda Beýik Ýüpek Ýolunyň hyzmaty | |
GÜNDOGAR BILEN GÜNBATARYÑ MEDENI GATNAŞYKLARYNDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYÑ HYZMATY
Edebi makalalar
Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna gowşansoň, ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde we gaýtadan dikeltmekde ummasyz uly işler amala aşyryldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin” diýip arzuw eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen taryhynda görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary we howandarlygy dur. 2018-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly 2 jiltlik ajaýyp kitaby çap edildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady, söwda gatnaşyklardan başga-da, türkmen medeniýetini we ylmyny ösdürmekdäki goşandy hem uludyr. Mahmyt Kaşgarly, Ýusup Balasagunly, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Ibn Sina, Faraby, Biruny, Horezmi, Baýram Han, Garajaoglan, Döwletmämmet Azady... ýaly beýik türkmen alymlarydyr şahyrlarynyň ylmy mirasy, has takygy, türkmen ylmy Beýik Ýüpek ýoly arkaly dünýä ýaýrady. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezm, Amul, Merw, Abiwerd, Nusaý, Farap, Dehistan... ýaly gadymy türkmen şäherleri we galalary bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň üstünden geçen kerwenler üçin ynamly, howpsuz merkezler bolup hyzmat edipdir. Bu hakykata arheologik tapyndylar, ýazuw çeşmeleri we taryhy maglumatlar aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Gündogar bilen Günbataryň medeni gatnaşyklarynda söwda ýollarynyň, has takygy, Beýik Ýüpek ýolunyň bitiren hyzmaty diýseň uludyr. Söwda ýollary halklaryň taryhy we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Taryhyň başlangyjyndan bäri adamzadyň hyzmatynda duran Beýik Ýüpek ýoly müňlerçe ýyllap dürli medeniýetlere degişli ençeme halklaryň biri-birleri bilen ysnyşykly we agzybir gatnaşyk etmeklerine sebäp boldy. Gündogar äleminiň Günbatar tarapyndan ykrar edilmegini, esasan, Beýik Ýüpek ýoly üpjün etdi we bu ýagdaý, ilki bilen, syýahatçy täjirler arkaly amala aşyryldy. Şu sebäpli hem halklaryň medeni gatnaşyklary rowaç alyp, has-da kämilleşendir. Bu gatnaşyklar syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, harby, edebi we medeni ugurlarda has hem işjeň ýöredildi. Şonuň üçin hem bu gatnaşyklaryň ýüze çykarylmagy, öwrenilmegi we medeniýet babatda özara täsirlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ornunyň kesgitlenilmegi uly ähmiýete eýedir. Türkmenleriň taryh sahnasyna çykan döwründen başlap, birnäçe döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bolandygy mälimdir. Beýik Ýüpek ýoly türkmen halkynyň beýleki halklar bilen mäkäm jebisleşmeginde, agzybirligiň we parahatçylygyň saklanmagynda diýseň täsirli bolandyr. Sebäbi Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Onuň ugrunda ýerleşýän ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyk saklan türkmenleriň sebitdäki oňyn ýagdaýy sebäpli türkmen topragy howpsuz gatnaw ýoly bolupdyr. Bu ýol Göktürkmen, Garahanly, Gaznaly, Seljuk, Horezmşalar ýaly türkmen döwletleriniň söwda-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine alyp gelşi ýaly, jemgyýetçilik-medeni taýdan hem gatnaşyklaryň ösmegine oňyn şertleri döredýär. Bu meselede irki döwürlerden bäri, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýaşan halklaryň biri-birleri bilen jebisleşmeginiň we olaryň medeni ösüşlerine näderejede goşant goşandygynyň ýüze çykarylmagy has-da peýdaly bolar. “Beýik Ýüpek ýoly” söz düzümindäki “ýol” sözi irki döwürlerden bäri ulanylyp gelýän gadymy oguz-türkmen sözi bolup, ol barada türkmen dilinde ýazylan irki golýazma çeşmelerinde hem agzalýar. Türkmen diliniň irki sözlüklerinden Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwani lugat-at-türk” atly eserinde “ýol” sözüniň häzirki manyda hem ulanylýandygy ýatlanylýar. Eserdäki bir nakylda ýoluň bahasyna ýetip bolmajak bir nygmatdygy barada şeýle diýilýär: «Neçe mündüz erse, eş ezgü, neçe egri erse, ýol ezgü — Näçe akmak bolsa-da, ýoldaş ýagşy, näçe egri bolsa-da, ýol ýagşy. “Beýik Ýüpek ýoly” adalgasy ilkinji gezek XIX asyryň ahyrlarynda ulanylyp başlanýar. Bu adalgany ilkinji gezek nemes geografy we geology Baron F.Won Riçhofen 1877-nji ýylda ýazan “Hytaý” atly eserinde ulanýar. “Beýik Ýüpek ýoly” düşünjesi bilen ýeke bir ýol däl-de, birnäçe ýoluň ady aňladylýar. Merkezi Aziýanyň iň gadymy harby we söwda-ykdysady gatnaw ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly özüniň adyny Hytaýdan oguz-türkmen topragyna, ol ýerden hem Günbatar ülkelerine ýüpegiň bu ýol arkaly iberilmegi sebäpli alandyr. Ortaýer deňzini Gündogar Aziýa baglaýan, Aziýadan aňryk söwda gurşawynyň ençeme asyrlap pajarlap ösen döwründe dörän Beýik Ýüpek ýoly, esasan, Gündogardan türkmen topragynyň üsti bilen Günbatara çenli uzalan ýollaryň medeni ugruny öz içine alýar. Gysgaça aýdanyňda, bu ýol Hytaýdan başlap, türkmen topragynyň üstünden geçip, Ýewropa çenli uzalyp gidýär. Ady agzalan nemes alymyndan soň, “Beýik Ýüpek ýoly” adalgasyny Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky asyrlarboýy dowam edip gelen söwda-ykdysady işler barada gürrüň gozganlaryň hemmesi ulanyp başlaýarlar. Ýüpegiň we ýüpek dokamak senediniň ýüze çykarylmagy bilen, ýüpek ilkibaşda Hytaý topraklarynda, wagtyň geçmegi bilen Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky ähli ýerlerde esasy söwda serişdesine öwrülýär. Ýüpek, wagtyň geçmegi bilen, Hytaýda uly talaba eýe bolýar we gymmatlygy netijesinde-de, Hytaý mifologiýasyna çenli baryp ýetýär. Ýüpek we ýüpek önümleri irki döwrüň köp bölegine täsirini ýetirýär. Ol halkara söwdanyň hemme wagt esasy harydy bolmasa-da, üýtgewsiz gymmata eýe bolandyr. Günbatar ýurtlary ýüpek bilen tanyş bolansoňlar, ol iň köp talap bildirilýän önümleriň arasynda orun eýeleýär. Bu döwürde emele gelen söwda gatnaşyklary, esasan, gündogar-günbatar merkezindäki belli ýollar we söwda merkezleriniň çäginde ösendir. Ýüpek önümleri, hoşboý närseler, şaý-sepler, deri önümleri Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hytaýdan türkmen şäherlerine, ol ýerlerden hem başga ýerlere äkidilipdir. Bu ýagdaý şol döwürde güýçli bir söwda akymynyň bolandygyndan habar berýär. Merkezi Aziýada uly araçäklere eýe bolan türkmen halky özüne mahsus medeniýetleri döredipdir. Amyderýa bilen Hazar deňziniň arasyndaky giň topraklar asyrlarboýy türkmenleriň ata Watany bolup gelipdir. Türkmenler, ýaşaýan şertlerine görä, çarwa medeniýetinden başga-da, şäher medeniýetini hem ösdüripdirler. Türkmen topragy özboluşly merkez, araçäk wezipesini ýerine ýetiripdir. Alymlar gadymy türkmen topragynyň diňe bir arabaglanyşyk däl, eýsem, çöllerden geçen, söweşjeň we parahatsöýüji, söwda gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşan, öz medeniýetini ýaýradan we syýahatçylaryň arkaýyn syýahat etmeklerine we tejribe gazanmaklaryna oňyn şert döreden toprakdygyny nygtaýarlar. Merkezi Aziýada bürünç döwürden başlap, demirgazyk we gündogar sebitlerinde maldarçylyk bilen meşgullanan halklaryň ekerançylyk bilen baglanyşykly sebitara medeniýeti emele gelýär. Bu ýagdaý olaryň türkmenler bilen söwda gatnaşyklarynyň çaltlaşmagyna alyp gelýär. Bu ýollaryň emele gelmeginde türkmenleriň bitiren hyzmaty uly hasaplanylýar. Gadymy türkmen döwletleriniň Hytaý bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary uzak wagtlap dowam edip, Hytaýyň beýleki halklar bilen söwdalarynda bolşy ýaly, türkmenler bilen söwda gatnaşyklarynda ýüpegiň ähmiýeti elmydama möhüm orun eýeläpdir. Iki halkyň harby hem-de medeni ugurlarda özara täsir etmekleri dürli görnüşlerde täsirini görkezipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň geçiş ýollaryny öz gol astynda saklamak we onuň gözegçiligi üçin geçmişde köp göreşler bolup geçýär. Bu ýoluň haýsydyr bir bölegini öz gol astynda saklan döwletler gysga wagtyň içinde ösüp, medeni we ykdysady ýagdaýlary güýçlenipdir. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir harytlaryň alyş-çalşyny däl, şol bir wagtyň özünde ylymda, medeniýetde we sungatda ýetilen sepgitleri hem öz içine alýar. Ýüpegiň ilkinji öndürilip başlanan ýeri hasaplanylýan Hytaý ýüpegi bilen meşhurlyk gazanan döwletdir. Ýüpegiň öndürilişi ençeme asyrlap Hytaýda syr hökmünde gizlin saklanýar we beýlekiler tarapyndan gyzyklanma bildirilýär. Hytaýda ýüpek ähli ertekileriň we rowaýatlaryň gatlaryna hem siňendir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynda, zerurlyga laýyklykda, tebigatyň we yklymyň täsiri bilen oňaýly ýaşaýyş ýerlerinde şäherler we obalar gurlupdyr. Bular uzak ýerlere haryt we ýolagçy gatnadýan täjirlere düşelge bolup hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýoly, takmynan, 10 müň kilometr uzynlyga eýe bolupdyr. Bu söwda ugrunyň iň uzyn we iň möhüm gurşaw bolandygyny aýtmak mümkin. Soňky döwürlere çenli Hytaý bilen Günbataryň arasynda diňe ýekeje bir ýoluň bardygyna ynanylýardy we bu ýol ençeme ýyllap üýtgewsiz ulanylýar diýlip hasap edilýärdi. Emma taryhçy alymlar Beýik Ýüpek ýolunyň iki sany esasy güzeriniň, ýagny Demirgazyk Ýüpek ýoly (bozgr ýoly hem diýilýär) we Günorta Ýüpek ýoly ugrunyň bolandygyny nygtaýarlar. Bu ýollaryň ikisi hem Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup hyzmat eden türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Harytlary ilki Hytaýdan Merkezi Aziýa, ýagny türkmen topragyna getirer ekenler, bu ýerden hem merkezi aziýaly täjirler olary Amyderýa we Uzboýyň gadymy hanasynyň ugry bilen Hazar deňzine çenli, ol ýerden Ýewropa çenli ýetiripdirler. Taryhyň irki döwürlerinden başlap, adamzada hyzmat edip gelen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen söwda gatnaşyklary, esasan, gündogar we günbatar merkezindäki belli ýollar we söwda merkezleriniň töwereginde ösendir. Bu ýoluň ugrunda emele gelen häkimiýet göreşleriniň düýp sebäbini ykdysady sebäpler emele getirendir, ýagny her bir döwlet öz halkynyň ýetmezçiliklerini arkaýyn üpjün etmek üçin, döwrüň iň möhüm ulag we söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoluny gol astynda saklamaga synanyşýardy. Bu ýoluň käbir bölümlerini öz gol astynda saklan döwletler gysga wagtyň içinde ösüp, güýçlenip, şadöwletleri emele getirendir. Bu sebitlerde Göktürkmen, Garahanly, Seljukly, Horezmşalar ýaly türkmen döwletleri häkimlik edipdir. Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasynda jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady we medeni täsirleşmelerde hem köpri hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şonuň üçin ady agzalan gatnaşyklaryň ýüze çykarylmagy we medeni paýlaşykda Beýik Ýüpek ýolunyň ornunyň kesgitlenmegi diýseň uly ähmiýete eýedir. Gadymy türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylyp gelipdir. Türkmen halky ençeme asyrlap gündogardan günbatara giden kerwenlere türkmene mahsus parahatsöýüjilik, jebislik we adamkärçilik ýaly oňyn häsiýetlerini görkezip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Rahman ILMÄMMEDOW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |