20:07 Türkmenistanyñ halk artisti Wladimir Berşanskiý | |
TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI WLADIMIR ALEKSANDROWIÇ BERŞANSKIÝ
Teatr we kino sungaty
Hasap edip otursak, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredilenine 94 ýyl dolýar. Şunça ýyllap ýaşap, işläp ýören teatrda uly ösüşleriň bolandygy, bardygy hem aýan zat. Ýogsa-da teatryň döredijilik toparynda öz döredijilik ýüzüni äşgär görkezen, işe ýürekden berlen, has takygyny aýtsak, teatryň şowly işine ömrüni baglan artistler kän. Şolardan has hyjuwlylarynyň, teatryň ody bilen girip, küli bilen çykanlaryň, artistlik geljegine ynam döredenleriň, sungata ygrarlylarynyň birgidenini sanamaly bolsak, biz ozaly bilen, Türkmenistanyň halk artisti Wladimir Aleksandrowiç Berşanskiniň adyny tutmaly bolarys. Misilsiz zehinli, elmydama tomaşaçylaryň berekellasyny alan olary haýran galdyran hem tolgundyran bu artist hut şol hormata mynasyp. Söze öwrüm berip aýtsak, Wladimir Berşanskiý ýaşy babatda öz teatryndan on üç ýaş kiçi. Ýöne welin, ol özi üçin iňňän mährem saýan bu sahnasyny birnäçe ýyl mesgen edindi. Şonça wgtda-da ol rus, türkmen, daşary ýurt nusgawy, häzirki zaman mowzugyndan bolan eserleriň giň çygrynda täsin keşpleriň uzyn kökenini düzdi. Olaryň her haýsy barada uzak söhbet açmak bolardy. Ýöne nämedendir bilmedim, men sözi özüm üçin has täsin hem ýakyn bolan žurnalistden başlasym gelýär. Artist ol keşbi L.Gerçikow bilen A.Prohanowyň “Öz ýolumdan barýan” sahna eserinde döredipdi. Ol keşp şu günki günüň wakalaryna işeňňir gatnaşýan adam, biziň zamanymyzyň gahrymany. Sahna eseriniň Owganystanyň urşy bilen bagly mowzugy biziň ýurdumyzyň tomaşaçylaryny aýratyn gozgalaňa salýar. Artist Wladimir Berşanskiý bu oýundaky üýtgeşik ykbally gahrymanyň keşbini döretmek bilen döredijilik belentligine galmagy başardy. Eýsem onuň “Hatarçylar” spektaklynda döreden keşbi nähili? Starşina Dugin dokuz dowzahyň üstünden geçen adam. Ol ýazgarylan serkerde. Şeýle keşpde artistiň hyzmaty görünýär. Aýratyna Duginiň goja esger Matweý daýy bilen bilelikdäki sahnalarynda, bu gahrymanlaryň ahlak ýagdaýlarynyň çaknyşýan pursatlarynda Berşänskiniň artistlik ussatlygy ýokary hetdine ýetýär. Ol ýa beýleki bir keşp diýip oturmady. Wladimir Berşanskiý teatryň spektakllarynyň ählisinde diýen ýaly oýnaýar. Oýnaýan keşpleräm kileň baş keşpler. Beýle diýildigi onuň sahnadaky sözüniň möçberinem, sahnada köp ýa az görünýändiginem kesgitlänok. Beýle diýildigi onuň ussatlygyndan, kiçi diýilýän keşbi baş keşplik derejesine ýetirip bilýändiginden habar berýär. Onuň teatrda görnükli artistdigini tutuş teatryň repertuara, öz döredijilik repertuaram, yzly-yzyna peýda bolýan täze-täze afişalaram jedelsiz kepillendirýär. Men tomaşaçy hökmünde Berşanskiniň döredijiliginde bir zady aýratyn syzdym. Ol hyjuwly hereket edýän adamlara, hakykaty düşünjelilik bilen aýdýan adamlara, garşylyklara batyrgaý böwet bolýan adamlara mydama ýakyn durýar. Žurnalist Wolkow, starşina Dugin, inžener Çeşkow dagy hut şeýle adamlar. Artist teatrda, kinoda, radioda onlarça keşpler döretdi. Keşpler kök, artist bolsa bir adam. Elbetde, artist üçin adaty iş bolup görünýän bu işiň hupbat-hunabasy bar. Bu işde artiste üýtgeşik ukyp gerek. Galyber-se-de, artist öz döredijiliginde ýeten derejesine artykmaç mahabat berip, “Indi-hä bolaýan bolsa gerek” diýip säginmeli däl. Megerem, Wladimir Berşanskiniň oý-hyýallary hem şu pikirden ugur alýan bolsa gerek. Sahna çykýan her bir keşp onuň iş ukybyny barha taplaýandygyna, üstünlik diýeniň aňry pellesiniň ýokdugyna birkemsiz düşünýändigine güwä geçýär. Şu taraplar onuň döredijilik ýörelgesi boldy. Artistiň bu ýörelgesi Russiýa Federasiýasynyň Kemerowo oblastynyň Prokopýewsk şäheriniň teatryndan başlanypdy. Goý, göze ilip barýan uly keşpler bolmasyn, ýöne şol teatrda A.N.Ostrowskiniň, A.S.Puşkiniň, A.P.Çehowyň, N.W.Gogolyň meşhur sahna eserlerinde oýnalan keşpler Berşanskiniň ýugrumy ýeten döredijiliginiň hamymaýasy bolupdy. Ol teatr artisti sungat meýdanyna çykarypdy. Teatryň režissýory, artisti “ogulluga alan” atasy I.Falikow bolsa ýaş ýigidi çylşyrymly döredijilik ýoluna gönükdiripdi. Halypa şägirdi babatda ýalňyşmandy. Ol zähmet çekdi, ajaýyp keşpleri döretdi. E.Postanyň adybir sahna oýnundaky Sirano de Beržerak hem naýbaşy keşpleriň biri boldy. Tabşyrylan her keşbi oýnamaga ýaýdanmaga göwünjeň ýapyşýan Berşanskiý režissýor F.Demýançenko bu keşbi ynananda-da geň galyp ýa üýşenip-çekinip durmady. Gaýta filosof hem şahyr, tüýs gumanist, arassa ýürekli Sirano, artistiň özi aýtmyşlaýyn, onuň döredijilik ykbalynda ýatdan çykmajak gahryman bolup galdy. Artistiň döredijilik terjimehalynda bolşy ýaly, keşp tomaşaçylar köpçüligi üçinem tüýs öz häsiýetindäki Sirano de Beržerak bolup çykdy. Wladimir Berşanskiniň A.Gelmanyň “Hemmeler bilen ýüzbe-ýüz”, W.Merežkonyň “Gijeki güýmenjeler”, L.Razumowskaýanyň “Uýalar” sahna oýunlarynda oýnan keşpleriniň her biri onuň döredijilik açyşy boldy diýsek öte geçdigimiz bolmasa gerek. Nämeden diýeniňde, bulardaky gahrymanlaryň her birinde artist häsiýet ösüşiniň dialektikasyny yzarlaýar. Ol häsiýetleriň her birem artistden uly güýç talap edýär. Men şu ýazgyny taýýarlamagyň aladasyny edip ýörkäm, teatryň režissýory E.Gehow bilen gürrüňdeş boldum. W.Berşanskiý onuň goýan oýunlarynyň ählisinde çykyş edýärdi. “Meniň pikirimçe, artist Berşanskiý köptaraplaýyn, elmydama gözleýän artist – diýip, režissýor şonda gürrüň beripdi. – Gönimi aýdaýyn, onuň bilen işleşmek hem-ä kyn, hemem gyzykly. Ol başda meniň gahryman barada berýän görkezmelerimden her zat edýär, garaz, boýun gaçyrýar. Ýöne taýýarlyklaryň gidişinde, keşp janlanyp ugranda, kem-kemden razylaşyp başlaýar. Şeýdip režissýora-da gulak asýar, mamla ýerinde öz gepini gögerdýär. Onuň bu häsiýeti režissýora-da, özüne-de, galyberse, teatra-da peýda. Şeýle işlenende, keşp şowly çykýar. Öňräk biz A.Galiniň “Azdyrma” sahna eserini goýduk. Artist şol spektaklda Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti L.Owçinnikowa bilenem teatr sahnasynda bile çykyş etdi. Ol A.Ostrowskiniň “Haram pullar” sahna eserinde Glumowyň keşbinde çykyş edip, tomaşaçyny haýran galdyrdy. Hawa, Wladimir Berşanskiý barada gürrüň edere zat kän. Ol A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda SSSR-iň halk artistleri E.Ýewstigneýew, L.Markow, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artistleri T.Samoýlowa, N.Olýalin, L.Lužina, A.Nazarow dagy bilen bilelikde şowly çykyş etdi. “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň “Ar alyş jülgesi” atly filminde surata düşdi. Onuň dürli wagtlarda döreden gahrymanlaryna diňe bir ýurdumyzyň tomaşaçylary däl eýsem, iş sapary möwsümlerinde Barnaul, Wolgograd, Orenburg, Saratow, Týumen, Nowoçerkasskiý, Donesk şäherleriniň adamlaram tomaşa etdiler. Bulardan başga-da ol elmydama döredijilik ojaklarynda, bir görseň, kinokameranyň, ýene bir görseň, radionyň mikrofonynyň öňündedir. Şular ýaly döredijilik şowlulyklarynda, ýetişiklikde yhlasy zähmeti ol özüniň baş hemrasy hasaplaýar. Wladimir Berşanskiý barada ýene näme aýdyp bolar? Kän zat. Rugiýa TAGYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |