00:56

Tüşi mergen

Taryhy şahslar
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 629 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Ependi  
284
Täsin. Öňki taryhyň içine giren ýaly bolýaň. Gelneje gowy düşündiripdir.

0
2 Haweran  
411
Şu makala şulary goşmak isleýän. Allaýar aga bu makalany ýazyp ýörendigini eýýäm birnäçe wagt bäri aýdypdy. Men oña Tüşi mergeniñ suratynyñ bizde bardygyny aýdanymda begenip guş bolup uçdy we suraty bilen bile saýtda paýlaşmagy haýyş etdi. Tüşi mergeniñ agtygynda-da onuñ çekilen portret suraty bar eken. Ony-da golaýda bereris.

* * *

Meniñ atamyñ atasy Döwletmyrat Tüşi mergeniñ uýasy Perijemalyñ adamsy eken. Döwletmyradyñ özem Tüşi bilen ýa özleri ýa kakalary doganoglan bolmaly, ýöne olaryñ kakasynyñ adyny, gynansak-da bilemzok.
Perijemal bir sebäp bilen aradan çykansoñ, Döwletmyrat ondan bolan ýeke ogly Hojamyrady alyp, Sumbaryñ boýundaky Kürüždeý obasyna süýşýär. Onuñ Kürüždeýe gelenden soñ alan aýalyndan üç ogly - Berdimyrat, Atamyrat, Baýmyrat dünýä inipdir.
Ýogalan birinji aýalyndan galan ogly Hojamyratdanam dört ogul bolup, dördünjisi Çaryýar meniñ garry atam bolýar, dört doganyñ dördüsem urşa gidip gelmeýär. Çaryýaryñ aýaly - garry enem Aşyrgül 100-e golaýlap (2008 ý.) ýogalypdy, arman, onuñ geçmişe degişli berýän gyzylyñ gyryndysyndan gymmat gürrüñlerini çaga bolup diñlemändiris, belläp almandyrys...
(Çaryýardan iki ogul - meniñ atam Gurbanmuhammet we Annamuhammet galypdyr. Atam Gurbanmuhammet 84 ýaşap (2019 ý.) ýogaldy, inisi Annamuhammet häzir aýatda diri).
Tüşi mergeniñ hakyky ýegeni Hojamyrat tebip adam bolupdyr. Onuñ tebipçiligi barada aýratyn gürrüñ etmekçi.
Onuñ ogly - garry atam Çaryýar Hojamyrat hem urşa gitmänkä şol wagtky Tutlygala kolhozynyñ (häzir biziñ obamyz Kürüždeý oba geñeşligine birikdirilen) başlygy bolup işläpdir.
Doganoglanlary we Tüşi mergeniñ ogullary ýaly atamyñ atasy Döwletmyrat (Güjükow) hem kolhoz-sowhozlary düzmäge işjeñ gatnaşan adamlaryñ biri bolupdyr.
Kakamyñ uly dogany kolhoz daganda köne materiallary dörüp ýörkä, Döwletmyradyñ kolhozyñ hasabyna öz şahsy hojalygyndan näçe öküz, näçe ownuk mal goşanlygy hakda maglumata gabat gelendigini gürrüñ beripdi.

* * *

Kakam pahyr hem edil Tüşi mergen ýaly boýy kiçeñräkden gelen, ýöne çakdanaşa gujurly, çakgan adamdy. Makalada Duzlydepe obasynyñ kolhoz başlygy diýilýän Baýgeldi aganyñ aýaly bizden bolmaly.
Öñler obalarda toýda göreş bolardy. Şol toýlaryñ birinde ýañy mekdebi gutaran ýaş ýigit bolan kakam özünden iki esse-üç esse daýaw, pil ýaly adamlary ýeke badak atanda dikbaşaşak gaýtaryp duran eken. Her gezegem "ýykylan göreşden doýmaz" diýlenini edip, toý bolýan obanyñ (Duzlydepe) adamlary ýer eýesi bolansoñ tarapgöýlük edip "çal" edipdirler we täzeden tutluşdyrypdyrlar. "Meret däli" diýlen bir daýaw pyýadany dagy üç sapar başyndan aýlap zyñansoñ, ýañky Baýgeldi aganyñ ogly Oraz Baýgeldi ylgap baryp, kakamyñ boýnundan gujaklap, "daýyjan, berekella!" diýip, yzyndanam "Eheýý, duzlydepeliler, çykaryñ ýene nähili pälwanyñyz bolsa!" diýip gygyrandygyny agalarym häzirem buýsanç bilen ýatlaýarlar.
Şeýle-de Tüşi mergeni görenler atam Gurbanmuhammede-de "Gury awa bilen Tüşi mergen bir almany iki bölen ýaly meñzeş" diýipdirler.

* * *

Tüşi mergeniñ özem aýdylyşyndan 110-dan geçen bolmaly, Bagdagül ýeññemiziñ aýtmagyna görä ganly 37-iñ öñüsyrasy ýogalypdyr.
Şoña esaslanyp, meñ çakymdan Tüşi mergeniñ doglan ýyllary 1825-1830-nji ýyllara gabat gelýär. Diýmek, ol Dykma serdar bilen şepe bolşy ýaly Nurberdi han, Gowşut han, Orazmämmet han, Durdy ýanyk han... ýaly han-begleriñem ýakyndan tanaýan, gatnaşan, şol han-begler, serdarlar bilen deñ derejede sylanýan agyzly-täsirli adam bolmaly.

P.S. Çakym umuman dogry bolup çykdy. Ýakynda Tüşi mergeniñ mazaryny görmek nesip etdi. Onuñ mazar daşynda 1822-1932-nji ýyllar ýazylgy eken.

* * *

Şeýle adamlaryñ neberesinden bolmak, isleseñ-islemeseñ kalbyñda buýsanç duýgusyny döredýän eken.
Atalarymyzyñ ruhuny şat edip, tirsegine galdyrandygy ü.n Allaýar aga hem näçe minnetdarlyk bildirsemem az bolar.
Allaýar aga öñem Tüşi mergen barada ýazypdy. Ýöne onuñ täze ele salan maglumatlary esasynda ýazan bu makalasy bize aýratyn uly sowgat boldy.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Gowy, örän gowy, gerekli maglumatlar. Eliñize saglyk!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]