ÜÇ WAGŞYNYÑ DOSTLUGY
Ala syrtlan, sary şagal, ak aýy
Dost bolup bir ýerde gurýarlar öýi.
Bular köp ejizi iýýärler basyp,
Gaýtawul görmänsoň dişleri ösüp,
Ýolbarsyň kastyna ýola düşýärler,
Barýarkalar bir goç guza duşýarlar.
Ol üç dost guzyny alýarlar ara,
Guzy gutulmaga tapmaýar çäre.
Aýy diýer: "Has ýakyn dost üçümiz,
Şagal batyr, sen biziň ýaş kiçimiz.
Bir küýze suw getir nirde bar bolsa,
Onsoň güýç synanşars ýolbars zor bolsa.
Gelende guzyny deňje paýlarys,
Doýuryp garnymyz göwne jaýlarys".
Şagal agasynyň göwnünden turup
Gidýär gür tokaýyň içine urup.
Aýy diýer: "Dostum, bujagaz guzy,
Üç paýlaşyp iýsek doýurmaz bizi".
Syrtlan diýer: "Şagal begiň janyny,
Sorajak ýok, alsak onuň ganyny,
Maslygyny hol gorpda jaýlarys,
Guzyny hem aramyzda paýlarys"
Şagal-da barýarka pozdy pikirin,
Aýynyň, syrtlanyň gazdy çukurun.
Olaryň kastyna awy atýar küýzä,
Keýpi köklerin diýp dolanýar yza.
"Doganlary" ony baran dessine,
Öldürip, sokýarlar gorpuň astyna.
Bet päller guzyny soňuna goýup,
Küýzäniň awuly suwundan doýup,
Dodaklarny ýalamaga gitdiler,
Guza ýetmän, ýykylyp gum gapdylar.
Boldy maslyklary iýmit gurt-guşa,
Boljagy şu her kim kast etse başga.
▶ AZGYNYÑ ÝAZGYDY / basnýa
1. Gatyryň möjegiň ýatagyna girşi
Garrap saç-sakgaly çalaran möjek
Bir şum tilkä diýer: "Men seni iýjek!"
Tilki diýer: "Aga, iýme sen meni,
Ýagly etler bilen bakaýyn seni".
Möjek diýer: "Menem haýwanlaň piri,
Aldap gitseň, uzak gezmersiň diri..."
Tilki diýer: "Mende ýalan söz bolmaz,
Peleň-de mençe iş bitirip bilmez..."
Tilki çal möjegi gowaga salyp,
Ýola düşýär ondan rugsat alyp.
Barýarka öňünden çykýar bir gatyr,
Gatyr keselläpdir açypdyr gotur.
Tilki diýer: "Dost, seni dert bürüpdir,
Ýüzüňe ölümiň reňki urupdyr.
Bir meşhur tebip bar, jan berýär ölä,
Ata-ogul boldy ol meniň bile.
Eltdigim ol seni keselden açar,
Bu dertli günleriň başyndan geçer".
Ýaňky gatyr bolsa dost bilip ony,
Belanyň körügne ugraçar göni.
Garaňky gowaga giren dessine,
Möjek alýar ony azyň astyna.
Nury ANNAGYLYÇ.
(1911-1958)
Goşgular