17:29 Ukrain depderinden | |
UKRAIN DEPDERINDEN
Goşgular
• Garşylamak üçin Türkmenbaşyny Kiýewiñ milleti köçä çykypdyr, Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY! Siren, kaştan gülden keşte çekipdir, Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY! Howasy bulutly, ýagyşly Kiýew, Türkmen gardaşyna haýyşly Kiýew, Aşgabadym ýaly güneşli Kiýew, Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY! Türkmenden hiç kimse görmänsoñ zyýan, BEÝIK TÜRKMENBAŞYM äleme aýan! SERDARYMY Kuçma çagyrdy myhman - Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY! Türkmeni dost tutan batmaýar gussa, Kiýew, Iliçewsk hem-de Odessa - Bu gün begenjinden gülgün öwüsýä, Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY! BEÝIK HOWANDARYNY gör, Seýitbaýyñ, Mährine eýlenip, mylaýym Maýyñ, Ukrain dostlarmyz hyzmata taýyn - Garşylamak üçin TÜRKMENBAŞYNY! 13.05.2001 ý. Kiýew. • Ukrain öýünde türkmeniñ gazy TÜRKMENBAŞYM bilen Kuçma gol çekdi, - Tapyldy gadymky dostlugyñ yzy. Olar halky üçin bäş ýyllyk ýakda, Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy. "Dostluk" diýilýän zat nähili gowy, Nähili ýakymly dostluk owazy! Ýanyp dur, öwrülse nurbatyñ towy, - Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy! Elbetde, mugt zat ýok, bahasyn tölär, Bir bolar dostlugyñ ygrary, sözi. Owkadyny arkaýynja taýynlar, - Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy! Dostlugynda Türkmen asla gowşamaz, Dosta hemdem eýlär mydama ýazy. Ukrainaly dostlarymyz üşemez, - Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy! Bagt dälmi, ojakda ýanyp dursa ot, Şu dälmi, her kimsäñ höwes, yhlasy! Doganlaşdy Kiýew bilen Aşgabat, - Ukrain öýünde Türkmeniñ gazy! 14.05.2001 ý. Kiýew. • Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly BEÝIK SERDAR TÜRKMENBAŞYÑ Jöwher dek akylyndan, BEÝIK SERDAR TÜRKMENBAŞYÑ Ýüpek dek ýakymyndan, BEÝIK SERDAR TÜRKMENBAŞYÑ Perişde şekilinden, Alnyp ýasalypdyr, gör, Sogap bakylygyndan - Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly. "Ile döwlet geler bolsa, Bagşydyr ozan geler", Diýip, aýdan ekeni, Gadym türkmen danalar. Danalaryñ dahanyndan Döküler dür däneler, Diýýän ýaly: "Biz illerde Indi yrsgal käneler" - Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly. Ýurtlaryñ dostluk ýagdaýy - Şahyrdan belli bolar. Şewçenkonyñ, Magtymgulyñ Daşy ter gülli bolar. Adyl Şalar şahyryny Mydam beýgeldibiler, Bagtly Şahyrlar, görüñ, Şeýle heýkelli bolar - Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly. Şahyryñ sylanmagy - Halkynyñ sylanmagy. Şahyra üns berilse - Durmuşyñ gowlanmagy. Aýdym-saz, Şygyr ýañlansa - Işleriñ şowlanmagy. Neneñ gözel görünýär, Gujakda goýulmagy - Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly. BEÝIK SERDAR egninde - Halkynyñ garamaty, Beýik Şahyr göwnünde - Iline delalaty, Çyn Şahyry, Çyn SERDARY - Il saýýar öz ganaty, TÜRKMEN-UKRAIN DOSTLUGNYÑ, Ebedi alamaty - Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly. BEÝIK TÜRKMENBAŞYM ýaly Bolansoñ Adam merdi, Türkmen bilen dostlaşýar, Dünýäñ ençeme ýurdy. Unudylmaýar Şewçenko, Magtymguly ägirdi, Söýgüsinden saýradýar, SEÝITBAÝ ýaly şägirdi - Aşgabatda - Şewçenko, Kiýewde - Magtymguly. 14.05.2001 ý. • Türkmenbaşyñ Ukraina sapary SERDARYMYÑ niýeti - Dostlaryny köpeltmek, Şonuñ üçin SERDARYÑ At-abraýy ýokary. Dosta wepadar bolmak, Maksady kömek etmek - BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ Ukraina sapary. Keşbi keşdeli Kiýewi Çoýdy bolsa-da salkyn, Garagumuñ gyzgyn ýeli Ýöne bolmaz ýakary. Begendirdi kyrk milýonly Ukrainañ halkyn, BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ Ukraina sapary. BEÝIK SERDARYM bilen Kuçma şertnamalaşdy, Gazymyzyñ Ukraina Gümana däl, akary. Bu GEPLEŞIK ýurtlar üçin Ykdysady ösüşdi - BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ Ukraina sapary. Türkmen sazyn joşgun bilen Ukrainada ýañlatdy, Şaýat - Seýitbaý Gandym TÜRKMENBAŞYÑ nökeri. Türkmen sözün Ukrainada Makullatdy, diñletdi - BEÝIK TÜRKMENBAŞYNYÑ Ukraina sapary. 15.05.2001 ý. Seýitbaý GANDYMOW. | |
|
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |