18:18 Ünslüligi güýçlendirmek isleseñiz... | |
ÜNSLÜLIGI GÜÝÇLENDIRMEK ISLESEÑIZ...
Psihologiýa
Ene-atalar köplenç çagasynyň ünsli däldiginden howsalalanýarlar. Ünssüz çaga adatça arkaýyn oturyp bilmeýär. Ol hatda gysgajyk ertekini hem soňuna çenli diňläp bilmeýär. Üns çaganyň mekdebe çenli, okuw döwürlerindäki ösüşini kesgitleýär. Ol üýtgäp durup bilýär. Meselem, howsalaly ýada ýadaw wagtyň ünsüňibir ýere jemlemegi, kabul edijilik başarnygy peselýär. Ýöne çagalarda ünsi maşk görnüşli oýunlaryň üsti bilen hem ösdürip bolýar. Biz sahypamyzyň şu sanynda olaryň birnäçe görnüşini okyjylara hödürleýäris. HEMME ZADY TAP 5-7 (10-a çenli) sany oýunjaklary ýa-da suratlary setir edip düzmeli we ýapmaly. Olary 10 sekuntlap açyp goýup ýene-de ýapmaly. Soňra bolsa çaga ýadynda galan şekilleri aýtdyrmaly. Ýene-de 8-10 sekuntlap goýup, ýapmaly we suratlaryň yzygiderligini soramaly. Iki sany şekiliň ýerini çalyşmaly we täzeden ýene-de 10 sekuntlap suratlary görkezmeli. Çagalar haýsy şekiliň ýeriniň çalşylandygyny bilmeli. Soňra bolsa suratlara seretmezden olary atlandyryp, haýsy reňkdedigini soramaly. SÖZLERI TAPMAK Çagabir sözlemiň, ýa-da uzyn sözleriň içinden iki bogunly, bir bogunly many aňladýan sözleri tapmagy öwrediň. HAÝSYDYR BIR ZADY GÖZLEMEK Ilki bilen çagalary otagdan çykarmaly. Şol wagtda kiçijik bir zady (bozguç, nyşanjyk, ýüzügi) görnüp duran ýerde goýuň. Çagalar gezekleşip nobat boýunça otaga girýärler. Olar bir gezek otagyň içine aýlanmaly we nähili täze zadyň peýda bolanyny anyklamaly. SURATLARY DEŇEŞDIRMEK Çagalara iki meňzeş suraty berip, olaryň içindäki käbir tapawutlary tapmagy haýyş etmeli. MEŇZEŞ SURATLARYŇ TAÝYNY TAPMAK Birnäçe suratlary iki-ikiden çekmegi çaga haýyş ediň we olary birmeňzeş dörtburç görnüşde kesişdiriň. 5-6 ýaşly çaga bilen 12 jübüt suraty alyp oýnasaň bolar, ýöne ulurak ýaşly bolsa, 50-ä golaý jübüt suraty alsaň bolar. Suratlaryň hemmesini arka tarapyna öwrüp, setirläp goýuşdyryň. Her oýunçynyň iki suraty açmaga mümkinçiligi bar. Eger iki meňzeş surat açylsa, onda ony açan özüne alýar. Eger-de ol meňzeş bolmasa, onda ýene-de öňki ýaly edip, yzyna öwrüp goýýar. Bu oýunda kim köp jübüt suratlary ýygnan bolsa, şol ýeňiji bolýar. BULAŞYK ÇYZYKLARY YZARLAMAK Ilki bilen galamyň kömegi bilen soňra bolsa, gözi bilen bulaşyk çyzygy başyndan soňuna çenli yzarlamagy soraň. ÝALŇYŞ TAPMAK Iki görnüşli gysga hekaýa taýýarlaň. Ikinji hekaýanyň biraz ýerine üýtgeşme giriziň. Çagalar ikisini hem okap görmeli we niresinde üýtgeşme girizilenini anyklamaly. Düzedişleriň hemmesini bilen ýeňiji bolýar. ÜNSLÜLIGI WE SYNÇYLYGY ÖSDÜRMEK HEREKETLERI GAÝTALAMAK Çaganyň garşysynda duruň we siziň hereketleriňizi gaýtalamagy haýyş ediň. KIM ÜNSLÜRÄK?! Çaga eýlesine öwrülmegini haýyş ediň we egin-eşigiňizdäki, töweregiňizdäki bölek zatlar barada soraň. Bu oýna birnäçe çagalar gatnaşyp, olaryň içinden biri synçy bolmaly. Çagalar bir hereket edip duran şekilde doňup durmaly. Synçy olary synlap, soňra otagdan çykmaly ýa-da eýlesine öwrülmeli. Beýlekiler bolsa ýa hereketini ýa-da egin-eşiklerinde bir zatlar üýtgetmeli (ýeňini eplemeli, ýakasyny gaýtarmaly). Synçy gelip haýsynyň näme hereketiniň üýtgänini bilmeli. Eger ol hemmesiniň tapawudyny bilse, onda onuň synçylygynyň güýçlüdigini aňladýar. GÖZLEG 10-15 sekundyň dowamynda çagaňyza töwereginden şol bir reňkli (birmeňzeş görnüşli, şekilli) oýunjaklary tapmagy haýyş etmeli. Şeýle görnüşli oýunlary oýnamak bilen çagalaryň ünsüni güýçlendirersiňiz. Oýunlar oýnalanda käwagt çagaňyz bilen ýeriňizi çalşyň. Goý, çaga siziň keýpiňiziň gowudygyny we özüniň deň hukukly agzadygyny duýsun. Çagalara şeýle oýunlary oýnamagy öz höwesi bolmasa mejbur etmäň. Miwe NABATOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |