01:38 Utanç gider, namys gider, ar gider | |
UTANÇ GIDER, NAMYS GIDER, AR GIDER
Goşgular
- 1 - Ýagşy bilen ýamana goýmany başar parhy, Ömür gysga pursatdyr duýmarsyň, geçer gider. Bir şaýada deňelmez neşekeşligiň nyrhy, Baýlygyň tüssä döner, gözüňden uçar gider. Ilki seni şa eder, el çek ondan wagtynda, Kim oturdy ömürlik, patyşanyň tagtynda. Soňra ol gedaý eder, derek goýmaz ebtiňde, Çagalaň aç hor bolar, göz ýaşyn saçar gider. Aldananlar bir sen däl, aldananlar kän boldy, Iki sorup bendeler, öz ýanyndan han boldy, El çek haram neşeden, besdir indi çen boldy, Saýlap söýen ýaryňy, özgeler guçar gider. Keýpiňi sazlan günüň, çykdyň atyň üstüne, Neşe tapmadyk günüň, gaçdyň aýak astyna, Çägeden bina gurma, soň ýykylar üstüňe, Sopbaş ýeke galarsyň, dostlaryň gaçar gider. Tapan günüň şa bolduň, tapmadyk günüň azar. Bar pikiriň neşede, öýüňden bolduň bizar. Turgul, oýan ukudan, töweregňe sal nazar, Dünýe kerwene meňzär, gonar-da göçer gider. Dünýäň ykjam gämisin, salgyma çalyşmagyn, Biakyl balyk deýin, çeňňege ilişmegin, Dünýäň gözelligin söý, hiç keýpe dalaşmagyn, Ýagşy işe baş goşsaň, göwnüňi açar gider. - 2 - Eý, neşekeş, gulak salsaň sözüme, Gül keşbiň saralyp, ondan nur gider. Neşeden başga zat ilmez gözüňe, Ilki senden baýlyk gider, zer gider. Diňe ýamanlykdyr, betlikde päliň, Neşe tapman, agyr düşüpdir halyň. Haram neşe diýip urduryp ýoluň Işiň oňmaz, elleriňden kär gider. Azardan içleriň ot bilen ýalyn, Gözüňe görünmez, güldür, gyz-gelin. Kuwwat her kimdenem gidýändir welin, Ýöne, senden möhletinden ir gider. Soldurma durmuşyň gyzyl gülüni, Köpçülikde gysga eder diliňi. Dilegçi gezersiň serip eliňi, Utanç gider, namys gider, ar gider. Göwnüň islär, ýaşamagy meslikde, Ömrüň ötürersiň, sussy peslikde. Tagam tapyp, haram ölen maslykda, Meýlisiňde şagal oýnar, şir gider. Mertligiň ýat bolar, gaýratyň gaçyp, Şeýtanyň taýýarlan zakgunyn içip, Neşekeş, özüňden öz göwnüň geçip, Göwräň içire gaýrat galmaz, är gider. Azat NURGELDIÝEW. 1997 ý. | |
|
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||