Adamda bir pursat bar, Oňa çagalyk diýilýär. Ol pursat dowam edýär, Ene göwsün emýänçäň. Adamda bir pursat bar. Oňa garrylyk diýilýär. Ol pursat dowam edýär, Gara ýere siňýänçäň. Iki pursat arasy, Oňa ömür diýilýär. Ol ömür dowam edýär, Gözüň açyp ýumýançaň.
"Есть только миг Между прошлым и будущим, Именно он называется "жизнь". Автор: Александр Зацепин, Композитор: Дербенёв, Поёт: Олег Даль, Фильм: "Земля Санникова"
Şu aýdym meniň çagalygymdan gowy gören aýdymym. Belki şu aýdymyň täsiri ýetendir, ýada onuň özenini aňasty düşünje terjime höküminde beýnime salandyr, ýöne nähili hem bolsa men paýlaşdym, awtorlyk dawam ýok, ýöne kalbymda dörän setirler höküminde paýlaşaýdym. Dogrymy aýtsam şu goşgyny paýlaşman köp gezdim, sebäbi şu aýdymyň terjimesi höküminde garaljagyna garaşýardym, sag bol, meniň garaşan teswirimi ýazanyňyza, minnetdar. Meni plagiat hasap etmegiňiz mümkin, ýöne ýaşlykdan galan täsiriň ýüregiňe sygman joşup çykmagy meniň öz duýgylarym, ol joşguna sebäp bolan setirler elbetde maňa degişli däl
Menem siziň goşgyňyzy okan badyma kellämde şol aýdym ýaňlanyp başlady welin, 1-nji teswir öz-özünden ýazylaýdy. Soň pikir etdim: özüni plagiýatlykda aýyplanýan hasap etmegi mümkin, şoň üçinem aýdymy tutuşlygyna goýdum, sebäbi siziň bu aýdymdan habarlydygyňyz meň üçin şübhesizdi. Maňa siziň reaksiýaňyz gymmatlydy. Onam aldym, hormatymam artdy.Respekt!
Men şujagaz setirleri ýazyp , paýlaşsamam paýlaşdym welin, şol aýdymdaky iki setiri ýokasynda goýaýmaly ekenim. Ýöne men öz pikirimi ýokardaky teswirimde ýazdym. Şu günler gozgalýan temalary okap şujagaz ýazan setirlem günüme goýmady.