22:37 Garraýanňa gynanma, adam | |
GARRAÝAÑMY GYNANMA, AGAM
Goşgular
Geçen ýyllam gaýyp gitdi, Tozga deýin hersi birýan. Hiç düşünip bilemok men. Nirden gelip, nirä barýan. Çagalygym düýn ýalydy, Bardy kakam, bardy ejem. Kalbym şatlykdan doludy. Garraryn öýtmezdim hijem. Bu gün bolsa çal saç goja. Agtyklam jagylda-jugul. Göwnüme kakam çalaja, Diýýän deý:-bu durmuş, ogul. Ömür şeýdip geçip barýar, Ornun özgelere berip. Göreçlerem öçüp barýar, Öz görmeli zadyn görüp. Ulalmak isläp çagakam, Arzuwdadym, ýöne arman. Garrylyk geläýýär eken, Duýman durkaň, salym bermän. Garraýanňa gynanmaly däl, Agtyk görseň, çowluk görseň. Diýdiler durmuş uzak ýol, Gysga eken ýöräp ýörseň. * * * Çaga ýaly, düýşümde Asmanlara uçaýyn. Birden gözüm açsam-da, Ýene ýere gaçsam-da, Per ýassyga gaçaýyn. Derýalarda akaýyn. Deňizlerde ýüzeýin, Soň kenara çykaýyn, Gülälekli, maýsaly. Hezil edip gezeýin. Dynç alaýyn birsalym... Ah arzuwlam, arzuwlam. Hany indi ol düýşlem. Durmuş atly ter almam Bolupdyr dişlem, dişlem. * * * Geçdi gitdi, geçdi gitdi bu pursat, Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak. Durmuşyň gyzygy bormydy heýde, Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||