18:31 Adama bir ömür az bolýar eken | |
ADAMA BIR ÖMÜR AZ BOLÝAR EKEN
Goşgular
Ertir näme boljak, eý, eziz Dünýäm. Bu gün-ä azajyk sen azar berdiň. Ýöne sen ýenede, ses üýnsüz dymýaň, Şu dymyşlyk meniň iň agyr derdim. Eý, dünýäm, jogaba garaşýan senden. Men sende iň ýakyn syrdaşym gördüm. Diýdiň :-näm boljagny soraýaň menden, Sen maňa iň nadan soragy berdiň. Kimiň ýaşajagny, kimiň öljegni, Men däl, ony özi saýlaýar, Ertir. Ertir ykballarnyň niçik boljagny, Bilmän, millionlarça adamlar ýatyr. Biri irden turup işe gitmeli, Biri tutan maksatlarna ýetmeli. Ýöne, umyt galyp wysallygyna , Köp adamlar turman baky ýatmaly. Sag bol, dünýäm, beren jogaplaryňa, Häzir barlygyma Hudaýa şükür. Häzire çen eden sogaplarymy, Ýatlap bilemok men etsemde pikir. Indi men otyryn gepledip içim, Ýatlap geçen günlem, ýekänme-ýekän. Eden günälerňi ýuwmaklyk üçin, Adama bir ömür az bolýar eken. 11.06.2020 ý. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||