WAKHA AÝDYMY
Neçüýn birden diñdi belent owazlar,
Wakha aýdymlary, ýanlanyñ ýene.
Ýaşasynlar bizi söýýän bu gyzlar
Hemem bizi söýýän gelinler bile.
Bulgurlary pürepürläp guý ýene,
Bu ajaýyp bulgurlaryñ düýbüne,
Goýy al şeraba ýüzügñiz oklañ,
Arzuwly ýüzükler bagt berer hökman!
Göterip badany, çekeliñ başa,
Ýaşa sen, eý, ylham, eý, akyl, ýaşa!
Eý, mukaddes Güneş, bu gün ýaldyra,
Atyp gelýän dañ şapagnyñ deñinde
Gör, nähili öçük görünýär çyra!
Galp danalyk ölmez aklyñ öñünde
Öçüp gidýär şu şem ýaly ömürlik.
Goý, ýaşasyn Kuýaş, ýok bolsun tümlük!
* * *
Bu durmuş saña al salsa,
Gaharlanma, gam çekme hiç.
Bu gün sabr et, kynam bolsa,
Şatlygam geler iru-giç.
Ýürek geljek güne ýeter,
Gussaly-da bu döwürler.
Bar zat ötegçidir, öter,
Öten zadam hoş görüner.
* * *
Asmanda Aý gamgyn bolup,
Şatlykdan joş urýan şapaga duşýar.
Olañ bir-ä ýanýar, birisem sowuk.
Lowurdaýar şapak meñzäp ýaş gelne,
Aýyñ ýüzi öliñ ýüzi deý soluk.
Bizem şeýle halda duşduk, Elwina!
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
■ SAFO
Ne bagtly juwan sen,
Saña haýran boldum men:
Açyk göwün, sada sen,
Gerçek asylzada sen.
Ne owadan nowjuwan,
Husnuña il bendiwan.
* * *
Maña giçki güller eziz görünýär
Ilkibaşda pajarlaýan güllerden.
Olar solan arzuwlarma jan berýär
Bu hasratly, bu jebirli günlerde.
Kä aýralyk süýji duşuşykdan, bes,
Ýaşaýşa has beter oýarýar höwes.
Terjime eden: Çary AŞYR.
Goşgular