23:03 Waşington Irwing | |
Waşington Irwing (1783-1859)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Meşhur amerikan ýazyjysy Waşington Irwing Nýu-Ýork şäherinde, baý söwdagäriň maşgalasynda dünýä inýär. Ol çagalyk ýyllary hem kitap okamagy gowy görýän eken. Hukukçylyk boýunça bilim alyp, aklawçy bolmagy niýet edinipdir, emma bahym ýazyjy bolmak kararyna gelýär. 1802-nji ýylda ol «Morning Kronikl» gazetinde ilkinji eserleri, şol sanda hem «Jonatan Oldstaýlyň hatlary» atly degişmeli oçerkleri bilen çykyş edip başlaýar. 1804-1806-njy ýyllarda Ýewropada syýahat edýär. ABŞ-na dolanyp baranyndan soň, «Salmagundi» atly almanahda esselerini hem oçerklerini neşir etdirýär. 1809-njy ýylda Irwingiň ilkinji kitaby – «Didrih Nikerbokerden Nýu-Ýorkuň taryhy» atly romany çap edilýär. Roman Walter Skottyň öwgüsine mynasyp bolýar we Irwingi amerikan edebiýatynyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hatarynda goýýar. Emma şöhrat ýazyja şatlyk getirmeýär, sebäbi şol ýyl onuň gelinligi aradan çykýar. Mundan soň Irwing hiç haçan öýlenmändir. 1812-nji ýylda, Angliýa garşy uruşda Irwing general Tompkinsiň adýutanty bolup gulluk edýär. 1812-1814-nji ýyllarda «Analetik» žurnalynyň redaktory bolýar.1815-1832-nji ýyllarda ýazyjy Ýewropada ýaşaýar, syýahat edýär. 1832-nji ýylda Irwing ABŞ gaýdyp baranynda, ol dünýä derejesinde meşhurlyk gazanan ilkinji amerikan ýazyjysy hasaplanýardy. Ýazyjy ömrüniň ahyryna çenli syýahat edýär we edebi döredijilik bilen meşgullanýar.Waşington Irwingiň iň belli eserleri – onuň «Rip wan Winkl» hem «Ukuly Köw hakda rowaýat» hekaýalarydyr. Olaryň esasynda dürli döwürlerde birnäçe kinofilmler düşürildi. Ýazyjynyň «Breýsbrij-holl» (1822), «Syýahatçynyň hekaýalary» (1824), «Hristofor Kolumbuň ömri we syýahaty» (1828), «Algambra» (1832), «Oliwer Goldsmit» (1849), «Muhammediň we onuň mirasdüşerleriniň taryhy» (1850) kitaplary şu gün hem elden düşürilmän okalýar. Irwing öz döwründe täze zehinlere, şol sanda Nataniel Hotorn we Edgar Allen Po ýaly ýazyjylaryň eserlerine okyjylaryň ünsüni çekipdir, ýaş ýazyjylara elinden gelen kömegini ýetiripdir. Onuň soňky kitaby - «Jorj Waşingtonyň ömür beýany» tamamlanman galypdyr. Ýazyjy 1859-njy ýylyň 28-nji noýabrynda aradan çykýar. Biziň döwrümizde ýazyjyny «amerikan edebiýatynyň atasy» hasaplaýarlar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |