13:16 Watançylyk ruhy | |
WATANÇYLYK RUHY
Pedagogika we edep-terbiýe
Mähriban türkmen milletim! Edebiň ýagşysy Watany söýmekdir. Watan gymmatlygy Watanyň ezizligi bilen kesgitlenilýär. Çünki Ol adama berlen sanlyja ezizlikleriň biridir. Eziz diýmek bolsa – biri bar, ýeketäk diýmekdir. Ýeke-täk ezizlikleriň hatarynda Watandan başga Allanyň birligini hem-de janyň birligini ýatlap bolar. Bu üç ezizligiň haýsy has ýokary, olaryň ezizden ezizi haýsy diýip soralsa, şeýle diýgin: ezizlikleriň haýsy haýsyna gurban bolýan bolsa, soňkusy ýokarydyr. Jan Watana, Watan bolsa Alla gurbandyr. Eýsem, jandan eziz diňe Watan, Watandan ýokarda bolsa, diňe Alla bardyr. Çünki, Alla Watandan soňam gerekdir, Watan bolsa, jandan soňam zerurdyr. Düşün: kyýamat-magşarda Watan gaýyplyga, wepat edeninden soň bolsa, jan gaýyplyga öwrüler. Haýsy pursatda gopjagyny bir Alla bilýän harasat gününe çenli Watanyň goýnunda ýatjaksyň. Eý, türkmen balasy, özüňi akylly hem lezzetli bir gijelik söhbete myhman alýana gör, näçe wagt minnetdar bolup gezýärsiň, erkinlikde özüňi birnäçe gijeläp myhman alana, gör, näçe aýlar minnetdar bolýarsyň, iş ýa okuw, talap ýa sapar sebäpli, özüňi birnäçe ýyllap gujagynda ýaşadan ýat şähere ömürboýy alkyş aýdýarsyň, oýlan, eýsem, seni kyýamata çenli goýnunda saklajak Watan topragyna söýgi-alkyşyňy nädip beýan edersiň?! Sen janyňdan el üzeniňden soň, ýok, jan senden ýüz öwrenden soňam, saňa ýüz berýän, ýumşak topragyny saňa düşek edip berýän Watan dälmidir? Watanyň üsti hem eziz, asty hem ezizdir, çünki, üstünde – jan, astynda bolsa – iman bardyr. Jan hem, iman hem Watanyň barlygy mynasybetlidir. Bäş gün ömri Watanda geçirmek isleýärkäň, nädip baky ukyny Watan goýnunda geçirmek islejek däl?! Bäş gün ömre müň gün salam, baky düşek üçin müdimi minnetdarlyk bolsun! Sen janyň erkinde dälsiň, jan seniň erkiňdedir. Alla seniň erkiňde däldir, sen Allanyň erkindesiň. Emma, pikir et, Watan seniňki, senem Watanyňkysyň. Ömrüň hem Watandadyr, kazaň hem Watandadyr. Wagtyň hem Watandadyr, bakylygyň hem Watandadyr. Sen wagtdan çykyp gidersiň, emma Watandan çykyp gitmersiň. Adamda iki kämillik bardyr: Akyl kämilligi, Duýgy kämilligi. Akyl kämilligi – danalyk, duýgy kämilligi – ruhanalykdyr. Danalyga ylym hem üşük bilen, ruhanalyga terbiýe hem edep bilen ýetilýändir. Danalyk artykmaçlykdyr, ol her kime ýetdirmez, ruhanalyk zerurlykdyr, özüňde akyl bolmasa, akyldarlaryň akylyna sygnyp, edep tapyn. Duýgy kämilligi – Watany söýmek. Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir. Iň lezzetli hem iň kämil duýgy – özüňiň Watanyň bir parçasydygyňy duýup gezmekdir, çünki, bu duýgy seni ýalňyzlykdan halas edýär. Dirikäň – Watan ruhunyň, öleniňden soň – Watan teniniň bir parçasysyň. Sen Watansyz oňup bilmersiň, çünki, Watan diňe seniň daşyňda däl, eýsem, içiňdedir hem. Şonuň üçinem, Watanyňy taşlap, hiç ýere gidip bilmersiň. Eger ykbalyň şum gelip, ölüp, gaýyplyga öwrüleňden soň, ýat toprakda Watandan aýra ýatyp bilersiň. Emma bu betbagtlyklaryň içinde iň uly betbagtlykdyr – ötmeýän, gutarmaýan betbagtlykdyr. Seniň garyp mazaryň ýat topragyň inine siňmedik düwün bolup galar. Sen özüňi ýitirmän, Watany ýitirip bilmersiň. Sen Watansyz oňup bilmersiň, emma hakyky kämillik şudur: şeýle bir kämillige ýet, goý, Watan sensiz oňup bilmesin! Bu beýik hem ümmülmez Watana dahyllydygyňy duýup bilseň, bagtyň suratyny görersiň. Watanyň mährini syz, Watanyň mähribanlygyny duý, Watanyň söýgüsine sygyn! Watana sygynsaň, Watan ýüregiňe sygar: bu beýik daglar, bu tereň derýalar, bu giň sähralar, bu mähriban oba-şäherler – bary seniň ýüregiňde ýerleşer. Şonda ýüregiň Watanyň ululygyna barabar ulalar. Şonda kiçi däl, uly bolarsyň, bölek däl, bitin bolarsyň, parça däl, tutuş bolarsyň. Kiçilikden ulaldýan, böleklikden bitirýän, parçalykdan tutumlyga ýetirýän Watana alkyş hem şan-şöhrat bolsun! Ululyk – Watana barabarlykdyr. Watan – ululyk çägiňdir. Hiç haçan Watanyňdan uly bolup bilmersiň. Watan – ölçegiňdir. Ululygyňam – Watanyňdan alarsyň, agramyňam – Watanyňdan alarsyň, reňkiňem – Watanyňdan alarsyň. Watanyň asman bolsa, başarýanyň – uçmak, Watanyň sähra bolsa – başarýanyň ýöremek, Watanyň dag bolsa – başarýanyň dyrmaşmak, Watanyň deňiz bolsa – başarýanyň ýüzmek bolar. Alla seni ýaradyjydyr, Watan seni guraýjydyr. Watanyňy beýgeltseň, özüňem beýgelersiň, Watanyňy harladygyň – özüňi harladygyňdyr. Dirikäň kalbyňy hem teniňi Watan mähri bilen ýylat, öleniňden soň, bu mähir sowuk topraga ýaýrap, seni ýyly gujakda ýatyrar. Göbek ganyň daman ýeri seniň üçin Älemiň merkezidir. Çagalygyň geçen ýerleri gözüňe yssy gömer, çünki, ol ýerde seniň bigamlygyň, päkligiň we neresseligiň ýatandyr. Oglanlygyň geçen ýerleri gözüňe yssy gömer, çünki, ol ýerlerde seniň şadyýanlygyň, hezilligiň we bagtlylygyň ýatandyr. Ýigitligiň geçen ýerleri gözüňe yssy gömer, çünki, ol ýerlerde seniň söýgiň we ömrüňe umydyň ýatandyr. Orta ýaşyň geçen ýerleri gözüňe yssy gömer, çünki, ol ýerlerde seniň kämilligiň ýatandyr. Garrylygyň geçen ýerleri gözüňe yssy görner, çünki, ol ýerlerde seniň armanyň ýatandyr. Watan – ömrüňdir. Watan gözleriňde galar, sen Watanyň gujagynda galarsyň. Ölüm ýassygyndakaň, gözleriň nurunyň öçýänliginiň sebäbi, gözleriňdäki Watan mähriniň paýawlap, közüniň ýürekde köreýänligindendir. Watan seniň köküň – damaryňdyr. Seniň ata-babalaryň ystyhany şu Watan topragynda ýatandyr, sen şol kökden ösüp çykan daragtsyň. Atalaryň ystyhany ýer alyp, atalaryň gany siňip, mukaddeslige öwrülen topraga seniň damarlaryň kök bolup ýaýrandyr. Ol kökler çuňdur, ykbalyň hem durmuşyň ýowuz ýeline ömür daragtyň egilmän, sarsman dursa, sen minneti şol çuň köklerden çekmelisiň. Atalaryň perişde nazary, eneleriň ýürek mähri siňen Watany, heýem, özge toprak bilen deň tutup bolarmy?! Öz kökleriň arkaly sen ömür daragtyňa ýaşaýyş nemini getirýänsiň. Seniň ykbalyň, seniň ömrüň, seniň ahlagyň, seniň akylyň, seniň ruhy barlygyň şu Watanyň reňkindendir we şu Watanyň reňkindedir. Watanyň haýsy reňkde bolsa, seniňem reňkiň şoldur. Öwzaýyň, rejäň, tüýsüň we hiliň Watanyňdandyr. Duýgularyň açylanda, Watanyň – sähraň hem daglaryň gülälekleriniň açylyşyna meňzeşdir. Pikirleriň açylanda, olaryň goýazylygy we tagamy, Watanyň – sähra hem dag läleleriniň burk urşuna meňzeşdir. Watandan aýrylyp gidere ne gapyň bar, eý, türkmen?! Ýat ýerlerde myhman bolup bilersiň, emma hiç mahal mediwan bolmarsyň. Mysapyr bolup bilersiň, emma eýe bolup bilmersiň, çünki ýat ýerler eýelidir. Ýat ýerlerde ýaşaýyn diýip bir künç edinip bilersiň, emma Watan edinip bilmersiň. Çünki Watan alynmaýar, Watan diňe berilýär. Watan bellenilmeýär, Watan belleýär. Watan döredilmeýär, Watan döredýär. Sen – Watanyň döreden zadysyň! Ýat ýerlerde ýaşap bilersiň, emma diňe şu Watanda türkmen bolup bilersiň. Öz topragyndan aýrylan daragtyňky ýa guramak, ýa azmak bilendir. Azmak tüýsüň üýtgemegidir, türkmen tüýsüň üýtgänden soň, nädip türkmenligiňe galjak?! Watandan aýra düşmek ömrüň gutaryp, ýöne sulba bolup ýaşamakdyr. Watandan aýrylmak – öz-özüňi ýitirmekdir. Özüňi ýitireniňden soň, sen kim, näme bolarsyň?! Watan seniň geçmişiň, Watan seniň şu günüňdir. Eger geljegimem bolsun diýseň, hergiz Watanyňdan aýrylma! Aýrylma, her pursatda, her demde dideleriňe öz Güneşinden nur berip duran Watanyň ak gündizlerinden! Aýrylma, her pursatda, her dernde hakydaňa hem kalbyňa dür däneleri ýaly ýyldyzlaryndan şu günüň eşretini we ertiriň ynamyny berip duran Watanyň gök gijelerinden! Ykbally bolaýyn diýseň, Watanyň ykbalyndan aýrylma! Döwletli bolaýyn diýseň, Watandan ryskyňy aýrylma! Owadan bolaýyn diýseň, Watan gözelliginden ät galma! Kämil çykaýyn diýseň, Watana ýykyl! Beýik bolaýyn diýseň, Watan beýikligine akyl ýetirjek bol! Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, Watandan aýrylan ölinçä aglar! Köklerinden aýrylan daragt aglaman neýlesin?! Dirilik nemi gözýaş bolup endamyndan çykyp gutaransoň, daragt guraman neýlesin?! Ýaryny ýitirmek – ýaryňy ýitirmek, Watanyňy ýitirmek – baryňy we baryny ýitirmekdir. Hergiz baryndan aýrylma! Hergiz baryňdan aýrylma! Aýrylma, Watanyň käbeleriň saçy kimin ak gunduz gündizlerinden, türkmen! Aýrylma, Watanyň kyblalaryň kämilligi kimin älemleriň gapylaryny açýan göwherli gijelerinden, türkmen! Aýrylma, Watanyň balalaryň geljegi kimin ak şäherlerinden, türkmen! Aýrylma, Watanyň gözelleriň namysy kimin päk säherlerinden, türkmen! Oba-kendinden, ýol-ýodasyndan, jigerbendinden, çöl-adasyndan, dagyndan-deňzinden, Watanyň gün meňzinden aýrylma, türkmen! Aýrylma – ýüregiňi Watanyňdan aýrylma, türkmen! Köküňden aýrylma – gurar gidersiň! Örküňden aýrylma – azaşarsyň, ýitersiň! Özüňden aýrylma – ýara bolup azarsyň, şirin jandan aýra düşen süýek bolup ýazarsyň! Ömrüňden aýrylma – il-gün bilen ömürsiň, il-gün bilen bir sansyň, il-gün bilen hatarsyň! * * * Watan düşünjesi giňdir. Watan duýgusy çuňdur. Watançylyk edebi Watanyň nämedigine düşünmekden we göz ýetirmekden başlanýar. Her bir türkmeniň kalbynda döreýän watançylyk duýgusy watan düşünjesine akyl ýetirmek bilen berkidilmelidir. Aslynda-da biziň milli okuw däplerimizde «edep bilime, ylma esaslanýar», «esasy – ylym, miwesi – edep» diýen ýörelge güýçlüdir. Munuň özi biziň hereketlerimiziň düşünjeler tarapyndan sazlaşdyrylýandygyny aňladýar. Oňat ylym oňat ahlaga, oňat ahlak bolsa oňyn hereketlere getirýär. Amal ylym, taglym tarapyndan kesgitlenilýär. Amal bilen ylmyň, düşünje bilen hereketiň, söz bilen işiň, pikir bilen ahlagyň birligine gymmatlyk diýmelidiris. Başlangyçda ylmyň, netijede hem edebiň goýulmagy dogrudyr we kanunalaýyklykdyr. Sebäp diýeniňde, edep hukuk kanunlaryndan tapawutlylykda adamy mejbur etmäge däl-de, adam erkinligine bil baglaýar. Edep ylym hökmünde ruhy we ahlak gymmatlyklara adamyň gözüni açmak arkaly, şol gymmatlyklar boýunça ýaşamagy onuň öz-özüne buýurmagyny gazanmakdyr. Gymmatlyklara gözüňi açmak, elbetde, şahsyýetiň duýgy-düşünjesini terbiýelemelidigi aňladýar. Edebiň maksady her bir adamyň içinde doly bahaly şahsyýeti kemala getirmekdir. Şahsyýet bolsa aň-düşünjesiz, akyl-paýhassyz kemala gelmeýär. Eger hukuk ulgamy diýilýäni raýaty jemgyýetiň kanunlaryny ýerine ýetirmäge daşyndan boýun etmeklik bolsa, edep içinden – akyl we duýgy tarapdan täsir etmekdir. Edebiň güýji mejburylyga ýüz urman, şahsyýeti akyl we duýgy delilleri bilen jemgyýete ýaramly edip ýetişdirýändigindedir. Mysal tutup aýdanyňda, hukugyň delili – taýak, edebiň delili bolsa pikir we duýgy gymmatlygydyr. Edep sözi köne, gadymy türkmen sözleriniň biridir. Ol gaty gadymy zamanlarda-da dürli manylara we many jähetlerine eýe bolupdyr. Bularyň hemmesini aşakdaky esasy manylara syrykdyrmak bolar: terbiýe, tertip, utanç-haýa, sypaýylyk, däp-dessur. Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda şu manylar dürlüçe röwüş alyp, ahlaky gymmatlyklaryň bitewi ulgamyny kemala getiripdir. Şu kitapda hem edep milli türkmen ahlaky ýörelgeleriniň ulgamy manysynda teswirlenilýär. Bularyň maksady bolsa XXI asyryň – türkmeniň Altyn asyrynyň şahsyýetini kemala getirmekdir. Watan gymmatlygy düşünje hökmünde azyndan üç gymmatlygy öz içine alýar. Watan – birinjiden, döwletiň; ikinjiden, Ýurduň; üçünjiden bolsa, Milletiň bir bitewülikde göz öňüne getirilmegidir. Döwlet Watanyň birinji jähetidir. Döwlet mukaddesliginiň içinde bäş sany gymmatlyga akyl ýetirmek watançylyk edebiniň akyl gönezligini kemala getirer. Bularyň birinjisi Ruhnamadyr. Ruhnama – türkmen milletiniň Baş kitabydyr. Ruhnama – türkmeniň ýüzüniň tuwagydyr. Ruhnama – bir kitaba jemlenen türkmen dünýäsidir. Baş kitap – millionlarça şahsyýetden ybarat giden bir milleti tutuş göwrä, bitewi şahsa öwürýän kitapdyr. Göwreler özlügini bes edip, biri-biri bilen birigip bilmez, çünki, göwre maddadyr. Emma göwünler, kalplar, ýürekler we akyllar birigip, äpet bir tutuşlyga öwrülip bilýändir, çünki olar maddadan has ýokary derejedäki güýç-kuwwatyň – barlygyň görnüşleridir. Göwün, kalp, ýürek we aky! ruhy güýç-kuwwatyň görnüşi hökmünde ruhuň kanunlary boýunça ýaşaýar. Haçan-da Ruhnamany ele alanyňda, bir damjajyk bolup türkmen ruhunyň Ummanyna gatylýandygyňy ýada salgyn! Şonda Ummana goşulýan damjanyň rahatlygy, hoşlugy we şatlygy kalbyňa aralaşar. Ruhnamanyň türkmen ruhunyň ummanyna eltýän güzerlik manysyny ýada salsaň, ýüregiňde bu kitaba çemeleşmek edebiniň şertleri tebigy suratda peýda bolar. Bu şertiň düýp manysy bolsa Ruhnamanyň sözlerini manylary bilen birlikde öwrenmekden ybaratdyr. Ruhnamany manysyna düşünip oka! Manysy ulanman okalýan kitap tebibiň beren melhemini ulanman göterip ýörmek ýaly bir zatdyr. Manysyny ezmän okalýan kitap aby-haýýat suwny içmän, ýöne eliňi batyryp görmek ýaly bir zatdyr. Ruhnamany manysyna girip oka, manysyny ulanyp oka, manysyny ezip oka! «Tuwak» manysy aklanmak, haklanmak, delillenmek, ykrar edilmek, sana geçmek diýmekdir. Ruhnamany okasaň, aklanarsyň, haklanarsyň, ýaşaýşyň hem ömrüň delil tapynar, maksadyň hem niýetiň ykrar bolar, türkmen hatarynda sana geçersiň! Ruhnamany howlukman, her bir pikir dänesini kalbyňa siňdirip-siňdirip oka! Göwnüň nobatdaky pikir bilen mazaly dokunandan soň, dowamyna geçip oka! Teňňeli hazynanyň üstünden baryp, aljyran kişiniň elewräp ýörşi ýaly, belli bir dürdänesiniň başyny tutup bilmän oturma! Pikirlerini gyzylyň gyryndysy ýaly edip çöpleşdir, paýhas goruňa at! Boş ýerde namaz okap oturan bendä gabat geldiňmi?! Namazlyk – bendesi bilen Allanyň didarlaşýan giňişligidir. Saçaksyz, boş ýerde goýlan nygmaty gördüňmi? Saçak rysgaly egninde göterýän mukaddeslikdir. Ruhnamany saçak kimin, namazlyk kimin ýazylan zadyň üstünde goýup oka! Ruhnamany kalbyňam, bedeniňem tämizläp, şondan soň eliňe al! Ruhnamany doga kimin oka, doga okamak bendesiniň sözlemegi däl-de, Allanyň sözläp, bendesiniň diňlemegidir, Ruhnamany «menligiňi» aradan aýryp, oňa berlip oka! Ony oňa ýüregiňi berip, mähriňi berip oka! Ruhnama türkmeniň sesidir, şol sesi diňläp oka! Kitap okamak – söhbetdeşlikdir. Söhbetiň ýürekdeş bolmagy üçin, ruhy hylwatlygy gazanyp oka! Ruhnama aýawly garamagy öwren! Ol hiç mahal ýaramaz ýerde ýatmasyn, başga zatlaryň aşagynda galmasyn, onuň ýyrtylmagyna, sahabynyň hapalanmagyna, sahypalarynyň eplenmegine ýol bermezlik üçin, Ruhnama daşlyk tut! Ruhnamany ömrüň ötinçä oka! Çagalykda, ýetginjeklikde, oglanlykda, jahyllykda, ýigitlikde, kämillikde, gartaňlykda we garrylykda gaýtalap-gaýtalap oka, çünki, her ömür menziliňde, Ruhnamanyň many dürleriniň täze-täze taraplary açylar. Ömrüň her möwsüminde dünýäniň täze taraplary, başga owazlary açylýandyr! Watançylyk Kasamy watançylyk edebiniň ikinji bir ulgamydyr. Eziz Watanyň bir tesellisi –jäheti bolan döwletiň iki mukaddesliginde – Kasamda we Senada edebiň üç sany görnüşi berjaý edilmelidir. Bular: Söz edebi, Kalp edebi hem-de Hereket edebidir. Söz – kelamdyr. Hemme zat sözden başlanýar we hemme zat sözde tamam bolýar. Söz – başlangyç, söz – tamam. Hemme ýollar söze baryp ýetýär we diňe söz hemme zatlara baryp ýetýär. Mukaddes Kasamy we Döwlet Senasyny kelemäňi gaýtalan ýaly ýerine ýetirgin! Sözlerini ýoýman, owazyny bulaşdyrman ýerine ýetir. Çünki söz diýeniň namysdyr. Söz edebini kalp edebi bilen utgaşdyryp berjaý et. Kalp edebi – ýürekden sözlemek, aňryň bilen sözlemek, gara çynyň hem tutuş barlygyň bilen sözlemekdir. Sözüň bir ajap çeşmäniň çuňdan gelşi ýaly, aňryňdan gelsin! Bir dil bilen däl, eýsem, kalbyň bilen sözle! Sözleýärkäň, diliň ýürege baglylygy ýitmesin, ýürek bagyndan üzülen söz şahadan tänen ýaprak kimin jansyzdyr. Diliňi ýürek örküňden boşatsaň, söz many ugur-utgasyny ýitirer. Kalp edebi berjaý edilmän aýdylan sözüň ýürekden çykan sözden tapawudy birmeňzeş zikgelenen mis hem-de tylla teňňeler ýalydyr. Misiň soňy – zeň, tyllanyňky – jöwherdir. Söz kalpdan çykanda, gözler jöwherlenýändir. Söz boşlukdan gelende, gözlerde zeňpisint kölege, dilde kölegelilik peýda bolýandyr. Söz – ten, kalp – jandyr. Söz edebiniň, kalp edebiniň şertleri berjaý edilende, Kasamy we Senany agras, çynlakaý hem-de ýürekden ýerine ýetirmelidir. Kalbyň ýerine boşluk bolanda ses güýçli, emma pöwhe çykar, çünki boşlukdan çykýan ses şeýle bolýandyr. Hereket edebi bilen söz hem kalp edebiniň azabyny ýerine gowşur! Adamyň adamdan parhy sözländen hem beter hereket edende aýan bolýandyr! Sözüňi, ynanjyňy hereketleriň bilen tassykla! Hereket – peýandyr, nämäniň-nämedigi diňe peýanda, ahyrky netijede belli bolýandyr. Kimiň ozandygy, kimiň ýeňlendigi çapyş ýolunda däl-de, pellehanada belli bolýandyr. Hereketleriň – seniň pellehanaňdyr. Hereket – wepadyr. Söýgiňi diliňe alma, wepaňy görkez! Biziň watançylyk Kasamymyz türkmeniň örän gadymdan gelýän ynanmak hem ynandyrmak dessur-adatlarynyň nusgasynda tebigy suratda dörändir. Ata-babalarymyz, köplenç, dört zatdan ant-kasam edipdirler: ene süýdünden, çörekden, öwlüýäden hem-de Gurhandan. Bularyň düýp manysy bitewülige wepalylygyňy tassyklamakdan ybarat bolupdyr. Kasama biwepalyk etmek bitewülige haýynlyk etmek hasaplanypdyr. Doganlaryň arasyndaky antda ene süýdi ölçegdir, çünki doganlar bir enäniň süýdüni emendirler. Söweşe gidýän ýigitler çörekden ant edipdirler, çünki çörek olaryň bitewüliginiň, birliginiň nyşanydyr. Bir ynanç – maksat arkaly bitewülik bolanlar öwlüýäden ant edipdirler, çünki öwlüýä ynanç birligidir. Musulman ymmatynyň bitewüligine wepalylyk kasamy Gurhandan ant içmek görnüşinde kabul edilipdir. Watançylyk Kasamy – türkmene, Türkmenistana wepalylyk ähtidir. Watan abraýy, Watan birligi üçin özüňden geçmäge taýýarlygyň tekrarnamasydyr. Biziň Döwlet Baýdagymyzda, Döwlet Tugramyzda hem-de Türkmen döwletiniň Tugunda Watanyň yşaraty taýdan bitewileşdirilen jemaly bardyr. Men Ruhnamada türkmen ruhunyň bäş müň ýyllyk döwrüni bäş sany uly eýýama bölüp, her eýýamy dürli oňonlar bilen aňlatdym. Sebäbi oňon – yşarat, nyşan many umumylaşdyrmasy üçin örän amatlydyr. Tugra hem yşaratdyr. Ol giden bir ululygy – türkmeni we Türkmenistany kiçijik aňlatmalar arkaly beýan etmäge mümkinçilik berýär. Ol türkmen ruhunyň we barlygynyň jemalyny aňlatmak artykmaçlygyna eýedir. Tugumyzdaky we Tugramyzdaky bäş göl bäş welaýatyň mizemez hem baky jebisliginiň yşaratydyr. Tugramyzdaky bedew keşbi biziň Watanymyzyň taryhynyň gadymylygynyň, öz ösüşinde ýyndamlygyň hem-de arassa – halallygyň nyşanydyr. Bedew türkmen üçin mal hem däldir, ulag hem däldir. Bedew türkmeniň kalbynyň we durkunyň yşarat suratydyr. Bedew pany dünýäde baky döwran sürmegiň serişdesidir. Ol azatlyk hem erkinlik ölçegidir, çünki bedew münen türkmeni hiç bir zat tabyn edip bilmez. Tugumyzdaky we Tugramyzdaky Aý, bäş ýyldyz, ýaşyl reňk, beýleki nyşanlaryň hemmesi türkmeniň ykrarynyň we bakylygynyň nyşanlarydyr. Biziň her birimiziň ýüzümiziň suraty aýry-aýrydyr, dürli-dürlüdir; emma biziň kalbymyzyň bitewi suratlary bar – olar Tugumyz we Tugramyzdyr. Bir zada üns etdiňizmi: haçan-da döwlet Senamyz ýaňlananda, haçan-da Tugdur Tugranyň öňünde duranymyzda kalbymyzy üýtgeşik gudratly duýgular gaplap alýar. Sebäbi olarda tutuş milletiň güýç-kuwwaty jem bolandyr. Onuň täsirinden ýaňa kalbyň heýjana gelýär. Şeýle heýjanly täsiri türkmen sährasynyň uçgyraksyzlygynyň öňünde durkaň, türkmen daglary bilen ýüzbe-ýüz bolup, bu ýüzbe-ýüzlükde öz kinniwanjalygyňy aňlaýarkaň ýa-da gijeki ýyldyzly Älemi synlaýarkaň, başdan geçirýärsiň. Tuguň we Tugranyň gaşynda durýarkaň, göz edebini we pikir edebini berjaý et! Göz edebi – synlamak edebidir. Munuň düýp manysy şeýledir: bir hakykaty göz öňüne getirmekden ybaratdyr. Bu hakykaty aýan etmek üçin deňeşdirmä ýüzleneýin. Alymlar älemiň ol çetine çenli uzaklyk, ýagny Älemiň giňligi 13 milliard ýagtylyk ýyly diýip kesgitleýärler. Muny haýsydyr bir aralyk görnüşinde aňlamak mümkin däl, çünki, bu biziň kiçijik göz öňüne getirmämize sygardan juda uly zat. Ýöne bu hakykata diňe matematiki amallarda syn edip bolýar. Alty million 500 müň türkmeniň gabat garşysynda durmak fiziki mümkin zat däldir. Emma bu ruhy taýdan mümkindir – Tugra we Tug şol alty ýarym millionyň bir ölçege getirilmesidir. Hut şonuň üçinem Tugramyzda we Tugumyzda alty ýarym millonyň barlygy jemlenendir, ol barlyk kalbyňa guýlup ugranda, kalbyň heýjana geliberýär! Döwletiň bu mukaddes nyşanlaryny mazaly synla! Bu ajaýyp jemallara gözüňi hem kalbyňy dokundyr! Şonda ýüregiň hasam päklenip, pikirleriň durlanyp, sen öňkiňdenem has türkmenleşýäniňi duýarsyň. Kasam hem Sena ýerine ýetirilende, başyňy dik hem buýsançly tut! Eliň aýasyny açyp, barmaklaryňy göneldip, eliňi ýüregiň üstünde goýup, ýerine ýetir! Ýüregiň urgusy eliňe geçip, ondan bütin durkuňa ýaýrasyn! Şonda ýüregiň urgusy külli türkmeniň ýürek urgusyna goşulyp, türkmen bakylygynyň bitewi owazy ýaňlanyp gider. Tugy hem Tugrany öz başyňdanam ýokarky belentlikde tutup ýöre! Diwaryň ýüzüne dakylanda, olar adam boýundan has ýokarda dursun! Olara seredilende, başyňy belent tutup seretmegi endik edin! Tugra hem Tug – başymyzyň täjidir, Tug al-asmanda pasyrdap, türkmeniň belentligini dünýä jar etsin! Döwlet Tugumyz türkmeniň ruhy kimin belentde bolsun! Tugly hem Tugraly bolmak, Döwlet mukaddeslikleriniň öňünde baş egip, tagzym etmek düşünip bilene uly bagtdyr. Ata-babalarymyz şol bagta ýetip bilmän gitdiler. Mukaddesliklere wepaly bolmak olaryň dirilikde ynjan ruhuny şat etmekdir. * * * Watan düşünjesiniň ikinji düzüjisi ýurtdur. Biz Türkmenistan atly beýik ýurduň eýeleridiris. Mende ýurt hem-de ýurtlulyk duýgusy ir kemala geldi. Elhenç tebigy heläkçilik zerarly diňe mähriban ejemden, eziz doganlarymdan däl, eýsem, atam ojagyndanam jyda düşdüm. Emma adamyň tebigaty şeýle eken, ol kalbynyň çuňlugynda öý, mesgen duýgusyny götermese, ýaşap bilmeýär. Ýitirilen ojak duýgusynyň ornuny meniň kalbymda oglanlykdan ýurt duýgusy eýeledi. Ylaýta-da talyplyk ýyllarymda Watanymdan alysda şol ýurt duýgusyny men juda ýiti duýup ýaşadym. Şol wagtlar meniň bar hyýalym ata ýurt bilen baglanyşykly boldy. Merkezi gazetlerde «Türkmenistan» diýen şeýle seýrek söze gabat gelen wagtlarym üýtgeşik hasratly süýjüligi syzardym. Setanda-seýranda tomusky dynç alşa gaýdaýsam, diňe otla münerdim, sebäbi otly bilen Türkmenistanyň köp ýerlerine syýahat edip bolýardy. Emma bu syýahatyň hiç mahal yzy üzülmän, hyýalymda Türkmenistanyň şol otlynyň barmaýan ýerlerine syýahat ederdim. Arzuwym ýurdumyň ähli künjüni, ähli oba-şäherlerini aýlanmakdy, görmekdi Ýurt duýgusy süýji, kalbyň juda alyslygyndan dömüp çykýan mähriban hem täsin duýgudyr. Söýmediklere betbagt diýýärler. Dogry. Ýöne hut ýurduny söýüp bilmedikler, hakykatdanam, ruhy betbagt adamlardyr. Bu duýgyny, bu söýgini hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaz, bu duýgyny hiç bir zat, hiç bir gymmatlyk bilen çalşyp bolmaz. Bu duýgynyň süýjüligi we lezzeti bilen dünýäniň hiç bir zady deňleşip bilmez. Bagtly bolmak isleseňiz, ata ýurduňyza söýgini ýüregiňizde oýarmaga çalşyň! Biz Türkmenistan atly beýik ýurtda ýaşaýarys. Her bir türkmen balasy mähir edebiniň, bilim edebiniň hem-de iş edebiniň şertlerini bilmelidir we berjaý etmelidir. Mähir edebiniň şerti ýurduňy söýmekdir. Nesihatym: siz öz söýgiňizde asylly boluň! Ata ýurduňyza bolan söýgiňizde gyzyň söýgüsi ýaly asyllylyk bolsun! Türkmen gyzy däliräp, akylyny aldyryp däl-de, asyllylyk bilen, sagdyn söýgi bilen söýýändir. Nesihatym: siz öz söýgiňizde edepli boluň! Ýurduňyza bolan söýgiňizi ýerlikli-ýerliksiz güjeňlemäň, sessiz hem pessaý söýüň. Pessaý akýan derýanyň ömri hem uzakdyr – ol baharyň sili ýaly göz açyp-ýumasy salymda geçip gitmez, pessaý akýan söýgi derýasy hökmürowandyr – onuň öňünde hiç bir böwet durup bilýän däldir. Her bir pursatda ata ýurduň mährine çekip duran damaryňyz söýgüden doly bolsun! Türkmen balasynyň esasy damary ata ýurda çeken damar bolmalydyr. Ýurduňyzyň gök ýagyşly baharlaryny, sary epgekli tomsuny, çaga dogran enä meňzeş güýzüni, türkmeniň kalby ýaly ak garly gyşyny söýüň! Söýmekden armaň, çünki bu söýgüde siziň ýüregiňiziň armaçysy goşalanar! Ýurt söýgüsi pasla-da, ömür möwsümine-de bagly däldir, ol tükenýän, gutarýan däldir, çünki ol çeşmesi özünde bolan ýeke-täk barlykdyr. Bilim edebiniň şerti ata ýurduňy bilmek, tanamak, öwrenmek işidir. Türkmenistan dünýäde iň gözel hem iň baý diýardyr. Şeýle uly ýurduň miras galmagy ata-babalarymyzyň gahrymanlygynyň, mertliginiň esasy hem gutarnykly subutnamasydyr, bize başga subutnama, başga delil gerekmez. Bu ýer giňişliginde beýik Garagum çöli, Köpetdag, Köýten, Balkan ýaly beýik daglar bardyr. Türkmen raýaty, balan) olary-da, goja Hazaryň suw giňişliklerini-de, Amyderýa. Murgap, Tejen, Sumbar derýalaryny-da bäş barmagy ýaly bilmelidir. Bilmek – akyldandyr. Sagdyn ýurt söýgüsiniň çeşmesi bilmekdir. Bu giňişlikde ýaşaýan ähli janly-jandarlar. gül-pürçük baglar, gür tokaýlaryň agaçlary hem siziň üçin ezizdir. Dogan dogany tanamalydyr, dogan dogany söýmelidir. dogan dogany sylamalydyr. Çagalykdan ýurt mähri bedeniňe hem ýüregiňe siňse, çyn merdana, hakyky türkmen bolup ýetişersiň. Bu ýurduň tikeni-de ýat ýerleriň gülünden mähirlidir, göze yssydyr. Çünki, olara ata-babalarymyzyň mähri siňendir. Olar diňe Günüň ýylysy däl, eýsem, şol ata-baba mähri bilenem ýaşaýandyrlar. Oka, öwren, bil! Bilmek söýgiňi artdyrar. * * * Garaşsyz Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde, demirgazyk giňligiň 42°48’ bilen 35°08’-inde, gündogar uzaklygyň hem 52°27’ bilen 66°41’ aralygynda ýerleşýär. Onuň çägi günbatardan gündogara tarap 1100 kilometre, günortadan demirgazyga bolsa 650 kilometre çenli uzalyp gidýär. Ol demirgazyk ýarym şaryň aram guşaklygynyň çöller zonasynda ýerleşýär. Türkmenistanyň tutýan meýdany 488,1 müň inedördül kilometre barabardyr. Onuň ýeriniň 80 göterimine golaýyny Aziýanyň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum, galan bölegini bolsa baýyrlyklar, daglar, derýalar, köller, suw howdanlary, medeni oturym (oazis) tutýar. Türkmenistan tutýan meýdany boýunça Orsýetden, Gazagystandan hem-de Ukrainadan soňra Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) degişli ýurtlaryň arasynda dördünji orunda durýar. Onuň tutýan meýdany Angliýanyňkydan 244 rnüň km2, Italiýanyňkydan 187 müň km2, Ýaponiýanyňkydan bolsa 166 müň km2 köpdür. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan, demirgazyk-gündogarda Özbegistan, günortada Owganystan we Eýran, günbatarda bolsa Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan we Orsýet bilen araçäkleşýär. Türkmenistanyň iň demirgazyk araçägi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň Ýaňgala harabaçylygynyň golaýyndaky Üstýurduň belent çüňki hasaplanýar. Ýurdumyzyň gündogardaky iň çetki nokady Köýtendagyň gündogar gerşi bolan Hezretaksar depesi, günbatar nokady Hazar deňziniň kenaryndaky Suwe burny saýylýar. Ýurduň günorta nokady Serhetabat etrabynyň ilersindäki Çilduhtar diýlen oba hasaplanýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň bütin serhediniň uzynlygy 4600 kilometre golaýdyr. Bitarap Türkmenistan ýerasty hem ýerüsti tebigy gymmatlyklara, baýlyklara juda baýdyr. Bu ýerde nebitiň, tebigy gazyň, ýoduň, bromuň, bentonitiň, nahar duzunyň, natriý sulfatynyň, gipsiň, dürli gurluşyk materiallarynyň we beýleki käbir gazylyp alynýan baýlyklaryň uly gorlary bar. Türkmenistanyň iň esasy ýerasty baýlygy nebit we gazdyr. Ýurduň çäginiň dörtden üç böleginiň nebit we gaz babatdaky geljegi uludyr. Türkmenistanda nebit häzirki wagtda Günbatar türkmen pesliginden alynýar. Bu ýerde nebit bilen ugurdaş gaz hem çykýar. Türkmenistanyň çägini 7 sany iri gazly topara bölmek mümkin. Günbatar Türkmenistan, Merkezi Garagum, Böwrüdeşik-Hywa, Türkmenabat, Üňüz aňyrsy Garagum, Murgap, Garabil-Bathyz. Günbatar Türkmenistanda gaz nebit bilen ugurdaş Günbatar türkmen pesliginde neogen çökündileriniň gatlaklaryndan alynýar. Türkmenistanyň çäginde Tüwergyrda, Uly Balkanda, Köýtendagda daşkömrüň çykýan ýerleri bar. Tüwergyr kömür käni Türkmenistanyň günbatarynda Garabogazkölden 60 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýär. Bu ýerde Gapakly, Çaýyrly, Amanbulak, Salakbent, Üçtagan, Çagyl ýaly onlarça kömürli känler bar. Tüwergyryň kömri goňur kömür bolup, ýura döwrüniň çökündileriniň arasynda duş gelýär. Ol galyňlygy 0,3 metrden 2 metre çenli bolan birnäçe gatlakdan durýar. Geçirilen gözleg-buraw işleri netijesinde Gyzylgaýa we Çagyl obalarynyň aralygynda 10 metre çenli galyňlykdaky kömür gatlaklarynyň barlygy anyklanyldy. Umuman, Tüwergyr sebitlerinde 2 milliard tonna çemesi kömür bar diýlip çaklanylýar. Tüwergyrda, Köýtendagda we beýleki käbir ýerlerde paleogen çökündileriniň arasynda marganesiň birleşmesi duş gelýär. Köýtendagda ýura döwrüniň hek daşlarynyň arasynda linza we ştok görnüşinde gurşunyň we sinkiň gorlary bar. Köýtendagda mezozoý çökündileriniň arasynda mis magdany hem duş gelýär. Günbatar Köýtendagda köp sanly barit magdanynyň çykýan ýerleri mälimdir. Şolaryň käbirinde baritiň düzüminde gurşun we sink hem bar. Soňky geçirilen barlaglar netijesinde simap almak üçin çig mal bolan kinowaryň çykýan 200-e golaý ýerleri anyklanyldy. Simaply minerallar Köýtendagda, Uly Balkan daglarynda hem duşýar. Köpetdagda witeritiň, flýuoritiň çykýan ýerleri hem bar. Ýer gabygynda köp ýaýran himiki elementleriň biri alýuminidir. Ol, esasan, boksit magdanyndan alynýar. Boksit Türkmenistanda Tüwergyrda tapyldy. Ol ýura döwrüniň çäge-toýun çökündileriniň düzüminde duş gelýär. Türkmenistan kükürde, nahar we kaliý duzlaryna, natriý sulfatyna (mirabilite), magniý duzlaryna, nebitdakyla (ozokerit), ýoda, broma baýdyr. Türkmenistanyň çäginde mineral duzlaryň ähli görnüşleri diýen ýaly duş gelýär. Garabogazkölde natriý sulfatynyň, bişofitiň, epsomitiň ägirt uly mukdary bar. Mundan başga-da, bu ýerde magniý, stronsiý, rubidiý, bor, brom we başga seýrek duş gelýän elementler hem gabat gelýär. Häzirki wagtda «Garabogazsulfat» önümçilik birleşigi ýylda bir million tonna golaý natriý sulfatyny öndürýär. Türkmenistan nahar duzuna baýdyr. Iň uly duz känleri Hazar boýundaky Guwluköl, Jebel stansiýasynyň golaýyndaky Babahoja, Günorta-Gündogar Türkmenistanda Soltan Sanjar hem-de Magdanly känleridir. Mundan başga-da, Bathyzdaky Ýeroýlanduzda, Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanda Zeňňibaba, Duzgyr belentliklerinde we beýleki käbir ýerlerde hem nahar duzunyň köp mukdary bar. Häzirki wagtda senagat möçberinde Babahojanyň we Guwlukölüň duz känleri peýdalanylýar. Türkmenistanda ýaşma, halsedon, oniks ýaly gymmat bahaly we bezeg daşlary hem duşýar. Ýaşma Tüwergyrda duşýar. Ol dürli reňkde bolup, jaýlaryň içki diwarlaryny bezemekde ulanylyp bilner. Tüwergyrda halsedonyň hem dürli görnüşleri duşýar. Bu gymmat bahaly daş Uly Balkan daglarynda-da bar. Türkmenistanda gymmat bahaly daşlaryň iň owadany menner görnüşli oniksdir. Ol ir wagtlardan bäri zergärçilik önümlerini öndürmekde ulanylýar. Oniks daşlarynyň esasy bölegi Köýtendagyň karst gowaklarynda jemlenipdir. Mermer görnüşli oniks Köpetdagda hem duşýar. Türkmen halky iki ýarym müň ýyl bäri gowaça ekýär. Biz bol pagta hem bugdaý hasylyny ýetişdirmegi oba hojalygyndaky esasy wezipämiz etmelidiris. Bize ata-babalarymyzdan tebigy baýlyklary boýunça dünýäde iň baý ülke miras galypdyr. Ata-babalarymyz alys ýurtlary basyp alsalar hem ýene ata Watanyna dolanyp gelipdirler. Ata-babalarymyzdan miras galan Watany, ene topragy gözüň göreji deý gorap saklamak biziň mukaddes borjumyzdyr. Bu toprakda özüne bendileýji güýç-gudrat bar. Bu toprakdan başga bir ýurda sapara gitseň, birki günden soň ýüregiň atygsap ugraýar: toprak özüne çekýär, tizräk ata Watana dolanyp barmak isleýärsiň. Aglap dünýä inenimizde, göbek ganymyzy özüne siňdiren, bizi çagalykdan apalap, ösdürip-kemala getiren, şirin nazu-nygmatlary bilen ekläp-saklan, hasratly günümizde köşeşdirip diňdiren, bagtly çagymyz ada şemaly bilen şatlygymyzy dünýä ýaýan ene toprak-da şudur. Bagtly çagymyz depämiz gök direse-de, biz göklerde ýaşamzok, ýene şu topraga gaýdyp gelýäris! Büdränimizde, bize başga direg bolýan ýok, ýene şu topraga ýapyşýarys! Hatda peýmanamyz dolanda-da, bizi başga zada däl, şu topraga dözýärler. Biziň agylarymyz hem gülkülerimiz şu ene topragyň goýnuna siňip galýar. Diňe şu ene topraga we şu ýurda söýgi iň belent söýgüdir. Çünki diňe şu söýgüde adamyň bütin ömrüne barabar çäksizlik hem tükeniksizlik bardyr. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |