13:20 Watançylyk ruhy / dowamy | |
* * *
Pedagogika we edep-terbiýe
Ata ýurdumyzyň iň köp bölegini Garagum sährasy tutýar. Garagum diýmek beýik gum, beýik sähra diýmekdir. Oguz han Türkmeniň kakasynyň Gara han ady-da beýik han diýmekdir. Ata-babalarymyzdan bize şu beýik sähra miras galypdyr. Şu ägirt uly mülk galypdyr. Ol uly hazynadyr. Emma biz üçin ol diňe hazyna däl, biziň üçin ol ata ýurtdur. Dünýäde iň uly many hem iň uly hezzet ata ýurduňa bolan söýgüdir. Watan söýgüsi iň belent sungatdyr. Çünki diňe şu söýgi, diňe şu duýgy bize özümizi Adam bolup duýmak bagtyny berýär. Watan ýöne baýlyk, ýöne hazyna däl, hazyna – baýlygymyz biziň özümizden başga, ikinji bir zatlardyr, biziň elimizdäki zatlardyr. Watan bolsa biziň özümizdir, biziň özümiz Watanyň aýasyndadyrys. Biz – şahalar, ata-enemiz bolsa daragtdyr. Biziň hemmämiz Watan atly daragtyň şahalarydyrys. Şonuň üçinem Watan bolmasa, bizem bolmazdyk. Millet – belli bir ýurt tutunan, belli bir topraga köküni uran halkdyr. Öýsüz maşgala bolmaz, ýurtsuz – millet. Beýik Türkmenistan ata-baba mülkümiz, mähriban öýümizdir. Biziň haýsydyr birimiz bolmasagam, bu Watan bolar, emma şu Watan bolmasa, biziň hiç birimiz hem bolmazdyk. Bu Watanyň diňe şu günki däl, eýsem, ertirki rysgalynam alada edip, men Garagumuň jümmüşinden Türkmen kölüni gurdurýaryn. Garagum çölüniň jümmüşinde zeý suwlary arassalanyp, biziň ýene onlarça ýyllardan içjek süýji suwumyza öwrüler. Bu toprak, hakykatdanam, Ene-dä! Ol balalarynyň ajysyny öz ýüregine siňdirip, oňa derek diňe süýjülikleri perzentlerine gaýtaryp berýär! Men Garaguma, Uzboýuň ýakalaryna kän aýlanyp gördüm. Göçülen ýurtlar, gömülen akabalar, unudylan mazarystanlyklar... hemişe gözüme ýaş aýladýardy. Şonda men dünýäde iň hasratly owazyň göçülen ýurduň üstünden öwüsýän şemalyň dilinden çykýandygyny gördüm. Türkmenistan diýarymyzyň ömürbaky ýaşajak ýurt bolmagy üçin ömrümi bagyş etmegi baş maksadym saýdym. Şäherler, obalar, köşkler, eýwanlar, mejlishanalar, köçeler, şaýollar, howlular, bazarlar, dükanlar, metjitler – ine, şu Watan kalba üýtgeşik bir owaz, üýtgeşik bir lezzet salýar. Men eziz Diýara aýlanyp görmegi juda halaýaryn. Şäherlere, obalara, bugdaýly meýdanlara baranymda görmedik dogan-garyndaşyny ilkinji gezek görýän oglanjyk ýaly begenýärin. Görmedik dogan-garyndaşyny görmek isleýän oglanyň çyn höwesi meni Diýarymyzyň täze künjeklerine atarýar. Eý, eziz türkmenim! Seniň öňüňem şu toprak, soňuňam şu toprakdyr. Çünki, biz şu toprakdan önýäris, şu topraga-da siňip gidýäris! Seniň aslyňam millet, seniň nesliňem milletdir! Bu diýýänim asman ýaly howalaly, emma toprak ýaly-da sada hakykatdyr. Bu diýýänim göwün ýaly şahyrana, emma akyl ýaly-da çyn hakykatdyr. Geçen arkalaryňa. göz aýla, edil öz arkaňdan näçe adamy atlandyryp bilersiň?! Ýedi, sekiz, on, on bäş? Aňyrsy?! Aňyrsy – türkmen milletidir! Eýsem, geljek nesliňden näçesini göz öňüne getirip bilersiň?! Ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, atlyk... Ondan aňyrsy? Ondan aňyrsy-da – diňe türkmendir! Beýik Taňra sygnyp, şu Watanyň – Döwletiň, Ýurduň, Milletiň şanyna, diýmek, öz hatyraňa mähir, söz hem-de hereket edebiniň şertlerini berjaý kyl! Şonda ýüregiň jaý tapar, akylyň kanagat, ömrüň bereket tapar. * * * Biziň ata-babalarymyzyň elmydama gapylary açyk bolupdyr. Olar gulp diýen zadyň nämedigini hem bilmändirler. Ogurlyk, kesekiniň zadyna el uzatmak diýen zat biziň halkymyzyň arasynda bolmandyr. Eger-de obada ogry bar bolsa, bütin oba ondan ýüz öwrüpdir, onuň bilen hiç kim salamlaşmandyr, hiç kim ony myhmançylyga çagyrmandyr. Türkmen üçin şundan elhenç jeza bolmandyr. Iliň üýşen ýerlerinde wejera edipdirler. Ogrynyň elini kesmek usuly hem ulanylypdyr. Ogryny oba näletläp, obadan çykaryp kowupdyr. Soň ony hiç bir oba kabul etmändir. Adam özüni ýalňyz duýan wagtynda, ol düzelip başlaýar, adamlaryň özi hakdaky pikirini üýtgetmäge' çalyşýar. Munuň özi biziň milli özboluşlylygymyzdyr, munuň özi biziň täsin ruhy terbiýämizdir, bu biziň taryhymyzdyr – türkmençiligimizdir. Türkmençilikde kyýamatlyk dogan okaşylsa, süýtdeşden aýry görülmeýär. Görogly bilen Agaýunus Öwezi kyýamatlyk ogul edip alýarlar. Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyr. Hatda duşmany öýüne myhman bolup gelse-de, onuň hununy geçipdir. Ýa-da myhman bir etmişli bolup gelse, öý eýesi ony yzyndan öç almaga gelenleriň eline bermändir. Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Her gün nahar bişirende «myhman paýyny» goşup bişiripdir. Ilimiz gadymdan bäri «Myhman ataňdan uly» diýen paýhasa eýerip gelýär. Ata-babalarymyz adamlaryň agzybir gatnaşykda bolmagy üçin köp tagallalar edýän eken. Eger bir säw bilen ara tow düşen bolsa, sylanýan ýaşulular bilen töwellaçy barylýar. Töwellaçynyň töwellasy alynmasa, türkmençilikde erbet görülýär. Bir ýere gitjek bolnanda, bir işiň başy tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwrenip, işe başlajak bolnanda halypadan, ýaşuludan ak pata alynýar. Görogly Harmandäliniň ýanyna gitjek bolanda Agaýunus: «Şähri-Bossanda Aşyk Aýdyň pir bardyr! Şonuň hyzmatyna baryp, bir aý-kyrk gün hyzmatynda bolgun, haýyr-patasyny alyp, onsoň barsaň, abraý taparsyň» diýýär. Biziň ata-babalarymyz köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň, ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir. Geňeşe, esasan, iliň ýaşululary, han-begleri ýolbaşçylyk edipdir. Olar meseläni orta atyp, iliň pikirini jemläpdir. Kähalat geňeşilýän mesele hakynda iki pikir ýüze çyksa, haýsy tarapyň sesi köplük bolsa, şolaryň gepi sana geçipdir. Biziň halkymyzyň öz-özüni dolandyryş düzgüninde geňeş, maslahat esasy omy tutýar. Bu soňky ýüzýyllyklaryň döreden däbi däldir. Maslahat geçirmek, il-halk bilen geňeş edip, mesele çözmek Oguz han atamyzdan gözbaş alýar. Türkmenistany Russiýanyň basyp almazyndan öňki türkmençilik zamanynda syýasy ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagy zerarly, umumy taýpa maslahatlary ýygy-ýygydan geçirilipdir. Şonda ilatyň ähli agzalaryna degişli möhüm harby-hojalyk meseleleri, uruş yglan etmek, ylalaşyk gazanmak, şertnama baglaşmak, täze ýere-ýurda göçmek, suwaryş desgalaryny, ýaplary gazmak, arassalamak, bent gurmak we olara gözegçilik etmek, ilaty, ekinleri, mallary duşmandan goramak, gala salmak, ýeri-suwy tireler arasynda paýlamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdyr hem-de belli karara gelnipdir. XIX asyrda türkmen taýpalarynyň oturymly ýerleri belli bir derejede kadalaşýar. Özara oňşuksyzlyklar azalýar we merkezleşen döwlet döretmäge meýiller döräp başlaýar. Esasan hem Bäherden, Bamy, Gökdepe, Sarahs etraplarynda teke türkmenleriniň agalygynyň we agzybirliginiň güýçlenip başlamagy goňşy döwletleriň patyşalaryny ynjalykdan gaçyrýar. XIX asyryň ortalarynda Eýran bilen Hywanyň arasynda türkmen topragy ugrundaky göreş has-da ýitileşýär. 1855-nji ýylda Sarahs söweşinde, 1857-58-nji ýyllarda bolup geçen Garrygala söweşinde, 1861-nji ýylda Mary söweşinde daşarky güýçleriň derbi-dagyn edilmegi türkmen tire-taýpalarynyň agzybirliginiň netijesidi. Bu söweşlerde teke, ýomut, gökleň, salyr, ärsary we beýleki tireler birleşip, ýow gaýtardylar. Eýsem, türkmen bäş müň ýyllyk taryhda ýetmişden gowrak döwleti nähili gurupdyr? Olary nähili saklapdyr? Sekiz asyrlyk döwletsizlik döwründe ýurduny nähili gorapdyr? Elbetde, munuň aslynda türkmeniň gahrymançylykly ruhy – halkymyzyň edermenlik, mertlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriniň jemi ýatandyr. Türkmenler özüniň söweşjeňlik sypatlarynyň aýdyň mysallary bilen taryha giren halk. Döwletiň wezipesini türkmençilik hem adat tutupdyr we halky agzybirlikde dolandyrypdyr. Ata-babalarymyz türkmen halkyny elmydama azatlykda, garaşsyzlykda, bagtly durmuşda görmegiň arzuwy bilen ýaşapdyrlar. Şol arzyly döwre ýetýänçä, halkymyz uzak taryh) döwürlerde ençeme ganly söweşleri başdan geçirmeli bolupdyr. Ata Watan üçin, onuň garaşsyzlygy üçin ýüz müňlerçe adam janlaryny gurban edipdi. Türkmen halkynyň üstüne ýaman niýet bilen gelen duşmanlaryň hijisi de halkymyzyň ýüzüni ýere salyp bilmändi. Çünki türkmen Watan üçin mert durup, janyny orta goýmagy başarypdy. Ata-babalarymyzda biziň şu günki neslimize görüm-görelde bolup biljek beýik ygrarlylyk, Watana buýsanç, çäksiz söýgi bardy. Watana bolan beýik buýsanjy we söýgini bolsa hiç bir güýç basyp bilmez... Geçmişde biziň halkymyzyň gylyç oýnadyp, jyza parladyp, duşman bilen gaýduwsyz söweş gurmagy başaran är ýigitleriniň bolandygyny biz taryhdan gowy bilýäris. Şolar bilen bir hatarda, goşunbaşy hökmünde harby ussatlyk görkezip, türkmen halkynyň taryhynda at galdyryp, oňa şanly sahypalar ýazan, bütin dünýä diýen ýaly owazasy dolan Oguz han, Frat, Süren serdar, Ärsak şa, Bumyn han, Atylla, Mahmyt Gaznaly, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburny, Ärtogrul Gazy, Aba serdar, Gowşut han, Soltannyýaz beg ýaly serkerdelerimiziň hem bolandygy buýsançly ýagdaýdyr. Bizde guwanara milli gahrymanlarymyz kän. Çünki biziň halkymyz üçin harby sungat ýat däl. Her bir ýüňi ýeten ýigidi esger hasaplap, aty mydama eýerlengi, ýaragy taýýar duran halk öz harby sungatyny arkaba-arka ýaş nesle öwredip geldi. Harby sungatymyzyň gözbaşy müňlerçe ýyllyk taryhy bolan türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han döwründen ugrugyp gaýdýar. Biziň ady rowaýatlara öwrülen atamyz beýik Oguz han döwletiň güýjüniň we halkyň abadançylygynyň, ilkinji nobatda, döwletiň içinde tertibiň berjaý edilmegine baglydygyny, her bir adamyň – begzadanyň hem, garamaýagyň hem öz borç-ygtyýarlaryny takyk ýerine ýetirmelidigini aýdypdy. Ýurdy gorap saklamagyň goşuna hem-de şol goşunda harby sungatyň düzgünleriniň berk ýerine ýetirilmegine baglydygyny-da Oguz han wesýet edipdir. Özi-de muny durmuşda subut edipdir. Oguz hanyň goşun düzümi ýedi görnüşden ybarat bolupdyr. Bularyň her haýsynyň ýörişde ýa-da söweşde özüniň ýerine ýetirýän wezipesi bolup, hemmesi bilelikde uly bir güýji emele getiripdir. Oguz handan soňky gurlan türkmen döwletlerinde-de, soňky sekiz asyrlyk özbaşdak döwletsizlik döwründe-de mydama türkmenleriň harby syýasatynyň özeni ýurduň, iliň-günüň bütewiligini üpjün etmekden ybarat bolupdyr. Hiç haçan türkmen ýersiz-ýere özgäniň üstüne sürünmändir, özgäniň ýurduna göz gyzdyrmandyr, özgäniň üstüne goşun sürmändir. Özgä meçew bermändir, özgä gylaw bermändir. Gaýtam urşanlary ýaraşdyrjak bolupdyr. Öz üstüne ýygyn çekip gelseler welin, türkmen garadan gaýtmandyr. Ýüňi ýeten goç ýigitler Watan üçin, iliň-günüň ar-namysy üçin başlaryny eteklerine salypdyrlar. «Düýä münüp, hataba bukmandyrlar». Her biri duşmana aldajy gurt bolup darapdyr. Magtymgulynyň aýdyşy ýaly: «Doňuz kimin topulyp, aýy kimin asylypdyr». Oguz hanyň wesýetine diň salyp görüň: « – Bir kişi günäkär bolsa, ol kişi patyşa oturan ýere ýakyn bolsa-da, uzak bolsa-da, ol günäkär kişi patyşanyň umgyndan bolsa, ýa özge ugurdan bolsa-da, hanyň bir kişisi barsa we temmi berse, oňa hanyň inisi we ogullary ýa-da beglerinden hiç kim arkasynda durup, gol ýapmasyn. Eger kim günäkäre arka dursa, ol arka duran kişini patyşa işigine getirip, arkasyny gylyç bilen çapyp, iki bölmek gerek, tä görene göz, eşidene gulak bolsun. Oguz neslinden, bozok ogullaryndan bir kişini patyşa etsinler. Iki kişini patyşa götermesinler. Sebäbi han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa, il bozular. Öten akyldarlar aýdypdyrlar: «Iki gylyç bir gyna sygmaz», «Bir aýaly iki är almaz» diýip. Bir ýurda iki töre sygmaz». Ine, bäş müň ýyllap türkmen halkynyň sygnyp gelen wesýeti. Bu wesýetiň berjaý edilmegi türkmeniň ömrüne dowamat beripdir. Oguz hanyň bäş müň ýyl mundan öň aýdan wesýeti hiç mahal hem ähmiýetini ýitirmändir. Göktürkmeniň ýadygärliklerinde hökümdaryň Taňry tarapyndan iberilendigi. ony oňat gylyk-häsiýetleriň bezändigi, adalatly, merhemetli. mähirli, jomart bolandygy bellenilýär. Garahanly döwleti Orta Aziýada gurlan ilkinji beýik türkmen musulman döwleti bolupdyr. Olaram Oguzyň wesýetini berjaý edipdiler. Şu günki nesil tarapyndan Oguz hanyň wesýetiniň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň jebisliginiň, abadanlygynyň, mizemezliginiň kepilidir. * * * Türkmen zenanlary halkyň başyna howp abanan halatynda erkekler bilen bir hatarda gahrymançylyk görkezipdirler. «Gorkut ata» kitabyndaky Burla hatyny alyp görüň. Ol ençeme oguz gyzlaryna baş bolup, batyrlarça söweşip, duşman hanlarynyň birini öldürýär. «Burla hatyn kim?» diýip duşman soranda, kenizleriniň ählisi: «Men Burla hatyn!» diýip, öňe çykýar. Burla hatyn bolup öňe çykmak – ölüm. Ýöne Burla hatynyň kenizleri öz howandary üçin ölmegi özlerine mertebe bilýärler. Edil şeýle waka Baýram han Türkmen bilen hem gaýtalanýar. Baýram han ýesir düşýär. Şonda duşman: «Baýram. han haýsyňyz?» diýip, ýesir düşenlerden soraýar. Bu soraga ähli ýesirler: «Men Baýram han!» diýip, öňe çykýarlar. Ine, bu sypatda türkmenleriň merdanalygy äşgär görünýär. Ýa-da Gökdepe galasyny goramakda türkmen aýal-gyzlarynyň görkezen gahrymançylygyny söz bilen beýan edip bolarmy? Türkmen urşa uruş diýmändir, «toý» diýipdir. Toýda özüni nähili howpsuz-hatarsyz, erkin duýşuň ýaly, söweşde-de özüňi toýdaky ýaly alyp barmaly, gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl diýen niýet bilen batyr ýigitler söweş meýdanyny özleri üçin toý meýdany hasaplapdyrlar. Uruş-söweş – yzanda-çuwanlygyň ýeri. Toý – şagalaň-şatlygyň ýeri. Söweşde ýeňseň – seniň üçin toý – şol. Görogly beg hem söweşe «toý» diýipdir. Hindistanda bolan mahalym maňa bir şekiljigi görkezdiler. Gündogaryň başga bir milletiniň peşeneli adamy ýylgyryp, elini arkasyna tutup dur. Şekiljigi beýlesine öwreniňde bolsa, arkasynda tutup duran elinde gylyç görýärsiň. Şeýlelikde, onuň ýüzi ýylgyryp, elinde bolsa gylyç tutup dur. Elbetde, munuň özi belli bir döwrüň pelsepesidir. Beýleki bir tarapdan, bu şekil öz ata-babalarymyzyň buýsançly halk bolandygyny ýene bir gezek ýatlatdy. Hiç bir babatda türkmen gözi gülüp duran, ýüregi ýigrençden doly halk bolmandyr. Beýle häsiýete namartlyk diýilýär. Namartlyk bolsa, biziň halkymyzyň ýek ýigrenýän zady. Ylaýtada, harby meselede namartlyga orun bolmandy Asla, türkmen namartlar bilen iş salyşmagy hem mert: hasaplamandyr. Ata-babalarymyzyň: «Gaçany kowujy bolma» diýen halk pähimi hem türkmen halkynyň mertliginiň bir beýanydyr, onuň harby sungatynyň guwançly keşbidir. Gaçany kowmaýşy ýaly, türkmen ýigitleri mälim etmezden hem söweşe başlabermändir. 1880-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 11-inde gije Gökdepe galasyny goraýjylara Marydan 2000 adam kömege gelýär. Güýjümiz köpeldi diýip, Gökdepäni goraýjylar şol gije duýdansyz hüjüme geçibermeýärler. Şol günüň ertesi ol Skobelewiň goşunynyň alkymyna baryp: «Marydan kömek geldi, biz taýýar, geliberiň!» diýip habar berýärler. «Görogly» şadessanynda beýle ýagdaýlara kän duşýan Ýekeje mysal: Görogly Reýhan Arapdan ar almaga baranda, görse, Reýhan Arap uklap ýatyr diýýä. Görogly şonda: «Namartlyk edip, uklap ýatan adamy öldürmäýin-le» diýip, turanda özüniň gelenini bilsin diýip, atyny onuň daşyndan üç mertebe aýlap, bir güjüme-de ok atyp gidýär. Harby sungatda-da türkmen ogly halk pähiminden ugur alypdyr. Halk pähiminde bolsa şeýle diýilýär: «Ýatana ýylan hem degmändir». Söweşde serdara uly orun degişli bolupdyr. Çaknyşykda garşydaşyňdan rüstem gelmek, agyr goşuny söweşden käbir ýitgisiz alyp çykmak serdaryň – goşunbaşynyň söweşjeň tilsimlerini kesgitläpdir. Harby demokratiýanyň kada-kanunlaryna laýyklykda türkmenler han, goşunbaşy, serkerde saýlap-seçenlerinde nesilden-nesle geçirmek düzgünine eýermändirler. Türkmenler öz serkerdelerini seçenlerinde, diňe şonuň ukybyna-gujuryna, aňyna-düşünjesine seredip, hemmetaraplaýyn ölçerip-döküp, çynlakaý pikir alyşmak arkaly saýlapdyrlar. Diňe bir goşunbaşy, han, serkerde saýlanjak adamyň özüniň däl, hatda maşgalasynyň hem ähli ahlak sypatlaryny nazarda tutupdyrlar. XIX asyryň ortalarynda Sarahs türkmenleri özüni han saýlamak islänlerinde, Gowşudyň agasy aýalynyň myhman kabul etmegi başarmaýandygyny aýdypdyr: «Han saýlansaň, öýde bar wagtyň bolýar, ýok wagtyň bolýar, elmydama myhman geler. Gelen myhmany kabul etmeli bolar. Meniň aýalym bolsa, myhman kabul etmegi oňaranok. Ýöne Gowşut serdar, han bolup biler. Serdar bolmak üçin ata-babalarymyzyň aýdan ýedi talaby Gowşutda dogry gelýär» diýip, hanlykdan ýüz öwrüpdir. Asla, güýjüňe baýrynyp, zor bilen goşunbaşy, serkerde bolaýyn diýip hem pikir etmändirler. Diňe uly il ynam bildirse, özüne-de ynamy güýçli bolanda, harby ussatlygyna göwni ýetse, şonda ol goşunbaşylyga razy bolupdyr. Serdar, serkerde, goşunbaşy harby tälime ussat bolanda, ol her hili ýagdaýlarda-da üstünlikli hereket etmäge ukyply bolýar. Garahan türkmenleriniň şalygynyň has-hajyby, meşhur türkmen akyldary Ýusup Balasagunly müň ýyl owal «Bilimnama» («Kut etgu bilig») atly meşhur eserinde goşun ýolbaşçysynyň söweş üstünliklerini beýik sungat hökmünde taryp edipdir. «Bilimnamada» söweşde duşmany ýeňmek üçin goşun serkerdesine mahsus bolmaly sypatlar şeýle kesgitlenýär: Birinji: dogry söz – ýoluny açar, Gepi iki çyksa, ynamdan gaçar. Ikinjiden: jomart bolmaly serdar, Bahyl bolsa onuň goşuny dargar. Üçünjiden: bolmaly ol dogumly, Eger gorkak bolsa, başy ölümli. Dördünjiden: başy çyksyn hileden, Şeýle bolsa, syrtmak salar şire-de... Magtymguly-da: Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga kişi gerekdir – diýipdir. Ýöne hile namartlyk däldir. Söweşdäki hile duşmana al salmagyň bir täridir. Hile – söweşjeň ata-babalarymyzyň harby sungatynyň bir görnüşidir. Soňky sekiz asyryň dowamynda türkmen halkynyň özbaşdak döwleti bolmandygy üçin, onuň bütewi goşun hem bolmandyr. Ýöne, bu ýagdaý türkmenlerden serkerde ýigitleriň bolmandygyny aňlatmaýar. Ilat ondan-oňa göçüp-gonup ýörse-de, olar öz mekanlaryny daşarky howpdan goramagy başarypdyrlar. Mertligi, dogumlylygy, birsözlüligi, jomartlygy, ugurtapyjylygy bilen türkmen ýigitleriniň dabarasy dag aşyp, at-owazasy illere ýetipdir. Orta asyrlarda köp döwletler türkmen ýigitlerini esgerlige alypdyrlar, harby ýolbaşçylar belläpdirler. Goşun serkerdeligini türkmen asylly adamlara ynananlarynda döwlet ýolbaşçylary öz tagtlaryndan hatyrjem bolupdyrlar. Görnükli akyldar, döwlet we harby işgär bolan Baýram han Türkmen Hindistanyň taryhyna ajaýyp sahypalar ýazypdyr. Ol harby serkerde hökmünde Mogollar imperiýasynyň, Hindistanyň ähli çäginde, Päkistanda oňat goşun birikmelerini döredipdir. Goşunyň söweşe ukyply bolmagy üçin ähli çäreleri görüpdir, serkerdeleriň ornuny, esgerleriň biliminiň nähili bolmalydygyny, olaryň haýsy dilde geplemelidigine çenli kesgitläpdir. Baýram han Türkmeniň bu häsiýetlerini soňra onuň ogly Abdyrahym han dowam etdiripdir. Batyrlygyň, goşuna ýolbaşçylyk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezendikleri üçin olara «Hanlaryň hany» diýen döwlet derejesi berlipdir. Hindistanyň taryhynda olaryň harby sungatyna aýratyn orun degişlidir. Şol döwürlerde Eýranda-da, Türkiýäniň sebitlerinde-de, Kawkazda-da, Orsýetde-de, beýleki ençeme ýurtlarda-da türkmen esgerleri Köşkleri gorapdyrlar, türkmen esgerleri ynamdar, wepadar, arassa adamlar bolupdyrlar. Halkymyzyň gahrymançylyk, batyrlyk, mertlik häsiýetleri goňşy ýurtlaryň, şeýle hem dünýä halklarynyň arasynda-da şöhrat tapypdyr. Owganystanyň ozalky Prezidenti Burnaniddin Rabbany bilen Aşgabatda duşuşanymyzda ol: «Siziň halkyňyz taryhda Watany goranda ýa-da başga bir söweşde henize çenli ýeňlip gaýdan türkmen bolmandyr. Söweşde ýaha ýeňiş gazanypdyr ýa-da başyny goýup gaýdypdyr...» diýip, halkymyzy ýürekden taryp etdi. Ata-babalarymyzyň söweşjeňlik ukyplary olaryň «gur. oýny», «it urşy» ýaly meşhur söweş tilsimlerinde has aýdyň ýüze çykypdyr. Hile bilen yza gaçyp, buky ýerde güýçden gaçan duşmany parçalamak täri Oguz hanyň goşunynyň «it urşudyr». Görogly beg: «Men hem bu urşy itden öwrendim, Kähi gaçyp, kähi kowmagyň gerek» diýip, Oguz han döwrüne. dörän «it urşunyň» asyl manysyny häsiýetlendirýär. Türkmen durmuşynda türkmen itine aýratyn orun degişlidir. Iti halkymyz tebigatdan saýlap alyp, kämilleşdirip, on; daşynyň goragçysy hökmünde özüne wepaly ýoldaş edip ýetişdiripdir. Ýaňykentden tapylan türkmen köpeginiň irki nesliniň şekiliniň müňlerçe ýaşynyň bardygy ýüze çykaryldy. Diýmek türkmen özüniň garadangaýtmaz, edermen, düşbi köpegi bilen taryhyň çarkandakly ýollaryny irki döwürlerden bäri bile geçipdir. Läheň göwreli, gazan kelleli, aýy penjeli, agzy kelteden ýasy, gözleriniň, gulaklarynyň arasy giň, döşi ýaýbaň aýaklary kelteräkden kuwwatly, gulagy, guýrugy kesik türkmen iti örän hüşgär we duýgur bolupdyr. Türkmen onuň urşujylyk häsiýetlerini özüniň söweş tilsimlerinde ulanyp, oňa «it urşy» diýip at beripdir. «Oguznamada» Oguz hanyň goşunynyň Yspyhan ýurtdurda agyr garşylyga duş gelişleriniň, ýedi günläp galany alyp bilmeýişleriniň beýany bar. Bu ýagdaýdan soň Oguz hanyň goşuny galany nähili söweş täri bilen boýun egdirip boljakdygy barada geňeş edýär. Ahyrda «it urşy» tilsimi bilen Oguz goşunlary Yspyhany eýeleýärler. Türkmenler öz söweşjeň häsiýetlerini, köplenç, garadan-gaýtmaz, batyr, hile gurmagy başarýan, ýyrtyjy haýwanlaryň urşujylyk sypatlary bilen utgaşdyrypdyrlar. «Gurt oýny» uruş tilsimide şolaryň biridir. Möjek ordasynyň gije ýarymdan agandan soň, daňa ýakyn goýun sürüsine daraýşy ýaly, «gurt oýnunda-da» goşun gündiz güýjüni asgyn görkezen bolup, yza çekilip, gije ýarymdan agansoň, duşmanyň üstüne hüjüme geçýär. Taryhda seljuk-türkmen goşunlarynyň duşmana «gurt oýnuny» görkezip, uly ýeňiş gazanandyklary barada maglumatlar bar: 1039-njy ýylyň Oguz aýynyň üçünji ongünlüginde Desi-Bezirgenanda bolup geçen seljuk-gaznaly urşunda Togrul begiň, Çagry begiň, Musanyň atlylary gije ýarymdan soň «gurt oýnuny» gurup, güýji artyk duşman goşunyny çym-pytrak edýärler. Toý-tomaşada adamlaryň göwnüni açmak, ruhuny götermek maksady bilen ýerine ýetirilýän dürli oýunlaryň hem türkmenleriň harby sungaty bilen bagly bolmagy ýöne ýere däl. Eýsem-de bolsa, toý gidip duran mahaly ýagynyň dökülýän wagtlary az bolmandyr. Toýunda-da türkmen ýigidini eli gylyçly, ok-ýaýly, naýzaly... görende, ýagy heder edipdir. Üç-dört bolup bir çanagyň daşyna üýşen adamlara mydama bir çemçäniň kem berilmegi çemçe ýetmezçiliginden däl, ýok, bu türkmeniň nahar iýende-de hüşgär bolmagy üçin tapylan çäre. Özüne gezegiň – çemçäniň ýeterine garaşyp oturanyň hüşgärligi sak bolýar, ol duşmanyň ýakynlandygyny aňlap bilýär. Toýuň toý şekilli geçmeginde harby sungatyň ähmiýeti uly bolupdyr. Gahrymançylyk häsiýetli şadessanlarymyzda altyn gabak atmak, göreş tutmak, at çapmak – bularyň bary toýuň bezegi bolan bolsa-da, munuň özi halkymyzyň öz milli harby sungatyny durmuş-ýaşaýşynyň özenine öwrüp bilen halkdygyny görkezýär. Türkmen halkynyň irki döreden iri halk döredijilik eserleriniň, esasan, harby-gahrymançylyk babatda bolmagy ýöne ýerden däl. Çünki, türkmen her zatdan ozal Watany, ony goramagy ilkinji orunda goýupdyr. Watany öz ömrüniň manysy hasaplapdyr. Türkmen şahyrlarynyň içinde harby-gahrymançylyk mowzugynda goşgy ýazmadyk ýekeje-de söz ussady ýok. Olar batyr ýigitleriň edermenliklerinden, watansöýüjiliklerinden ylham alypdyrlar. Türkmen söweş ýaraglarynyň hiline aýratyn üns beripdir. Ýarag edineninde, özüne mynasybyny saýlap alypdyr. Her öňýeten guraly ýarag hasaplamandyr. Görogly beg hem ýurt aşyp, özüne mynasyp ok-ýaý gözläp, baryp Yspyhan ilinden çykýar. Ok-ýaý türkmen enleriň ilkinji milli ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý olaryň gündelik durmuşynda esasy orun eýeläp, yrymlaryna, däp-dessurlaryna mäkäm ornaşypdyr. Durmuşda agzybirligiň güýjüni beýan etmek üçin hem tymsaly ok-ýaý bilen baglanyşdyrypdyr. Oguz han ogullaryny ýanyna çagyryp, olaryň birine sagdagyndan çykaryp, bir ok beripdir-de: – Al, döw! – diýipdir. Ogly oky aňsatlyk bilen iki bölüp taşlapdyr. Oguz han sagdakdaky oklaryň hemmesini birikdirip, oguna äberipdir: – Al, hemmesini birden döw! Ogly näçe synansa-da, başarmandyr. Oguz han ogullaryna düşündiripdir: – Eger, siz agzala, ýagny heriňiz bir kelle bolsaňyz, onda ýaňky bir okuň aňsat döwlüşi ýaly, sizi aňsat ýeňerler. Eger agzyňyz bir bolsa, şu bir ýere birleşen oklar ýaly sizi hiç haçan syndyryp bilmezler. Türkmen ok-ýaýa simwoliki many beripdir. Maşgalada ogul bolmagyny arzuw edip, öýüň töründen, ok-ýaý asyp goýupdyr. Hatda ir zamanlarda erkek adamlar dünýäden gaýtsa, olaryň başujundaky mazar daşlarynyň ýüzüne ok-ýaýyň şekilini çekmek däp bolupdyr. Şeýle şekiller Hazaryň demirgazyk-gündogar ýakalaryndaky orta asyrlara degişli mazarlarda häzire çenli saklanyp galypdyr. Gylyç hem türkmenleriň gadymy söweşjeň ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý uzak aralykdan söweşmek üçin gerek bolsa, gylyç ýüzbe-ýüz bolnanda ulanylýan ýarag. Gylyçlaryň köp görnüşi bolupdyr: egri gylyç, düýrme gylyç, uz gylyç we beýlekiler. Türkmenlerde gylyjyň ala-böle egri bolmagynda uly many bar. Egri gylyç diňe hüjüm edýäniň gylyjy, ol yza gaçýanyň gylyjy däl. Atyň üstünde öňe barýarkaň, kesip-çapyp barmaly gylyç ol. Yzyňa gaçanyňda, ol gylyç saňa kän peýda bermeýär. Sebäbi, egri gylyç bilen sançmak kyn. Diýmek, türkmenler gylyjy hem hüjüm üçin, öňe gitmek üçin ýasapdyrlar, gaçmak üçin ýasamandyrlar. Munuň özi türkmeniň ruhunda gaçmak diýen zadyň ýokdugyny görkezýär. Halk arasynda şeýle bir tymsal bar: Bir ýigit ussadan gylyç ýasap bermegi haýyş edipdir. Ussa elinde baryny edip ýasapdyr. Ýigit gylyjy alyp, eýlesine-beýlesine garapdyr-da: – Bir garyş uzynrak bolaýan bolsa tüýs bolaýjak eken – diýipdir. Ussa: – Gylyçlaşmaly bolanda, özüň bir garyş öňräk süýşäýerler. Şonda gylyç hem bir garyş uzar – diýip, maslahat beripdir. Bulardan başga-da, hanjar (gama), sapan, aýpalta, naýza (jyza), pyçak (ýanpyçak), gezlik, aksaply, gürzi, çomak, serdesse, gazma (taýak) ýaly irki türkmen söweş ýaraglary-da bolupdyr. Hatda gyrkylygy-da türkmen gerek ýerinde söweş ýaragy hökmünde ulanmagy başarypdyr. «Göroglyda» atdan başlap, söweş üçin derkar bolan gurallaryň görnüşleri, olaryň söweşde ýerine ýetirýän hyzmatlary birin-birin beýan edilýär. Söweş esbaplarynyň söweşde bitirýän işleriniň diňe goç ýigidiň edermenligine, söweş ussatlygyna baglydygy bolsa aýratyn nygtalýar. Eýranyň ozalky Prezidenti Rafsanjany doganym bilen Tähranda duşuşanymda, maňa bir gylyç görkezdi. Şol gylyjyň ýüzünde: «Türkmen hiç wagt gylyjy goňşusyna salmak üçin gynyndan çykarmaz» diýip ýazylgy eken. Ol türkmeniň mert şahsyýetleriniň, mert ogullarynyň biriniň gylyjy eken, häzire çenli Tährandaky muzeýde saklanyp gelýär. Türkmen halky, aslynda-da, hiç kime duşman bolan däldir. Biziň halkymyz diňe öz erkinligi, garaşsyzlygy üçin göreşendir. Elbetde, beýle göreşler gansyz bolmaýar. Ýöne halk – halka ýagy bolup bilmez. Diňe şol döwürde goňşy döwletleriň başynda oturan adamlaryň alyp baran basybalyjylykly syýasatlary halklary halklaryň garşysyna uruşmaga mejbur edýärdi. Şu gün öz Garaşsyzlygyny gazanan ýurdumyzyň taryhyny ýazanymyzda, biz şu ýagdaýlary aýyl-saýyl etmelidiris. Indiden beýläk ýurt-ýurda, döwlet-döwlete, adam-adama alagöz bolup ýaşamasa gowy. Taryh ylmy, ine, şu pikirden ugur alyp, taryhy hakyky bolşy ýaly görkezmelidir. Men Watan mukaddesligine halys ýürekden ynanýaryn, çünki nije müň ýyl bäri biziň ata-babalarymyz bu mähriban Watanyň gullugynda durupdyrlar. Olar asmanyň asuda, ýurduň abadan günleri bu watanda erkana ýaşapdyrlar, howp abanan güni bolsa, şirin janlaryny gurban berip, bu Watany aman saklap, Watana öwrülipdirler. Biziň mukaddes Watana ynamymyz mizemez bolmalydyr! Taryhyň haýsy eýýamyndan galan taryhy çeşmeleri okasaň, wakalaryň jümmüşinde däl bedewini arladyp, Tuguny pasyrdadyp türkmen halky bardyr! Türkmen halky Allatagalanyň keremi bilen mydama beýik döwletler gurup, döwran sürüpdir, pelegiň gerdişi bilen döwleti synyp, agyr külpetler başyna düşeninde hem serini belent tutup, ýene döwrüň belentligine galmagy başarypdyr. Türkmen halkynyň Allanyň ýalkan halkdygyna ynamym mizemezdir! Eziz türkmen, Watanyňa, pederleriňe guwan hem buýsan! Seniň mukaddes, ajaýyp Watanyň, merdana pederleriň bardyr. Men Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mizemez, berkarar döwletdigine ynanýaryn, çünki bäş müň ýyllyk ýazmaça taryhy bolan halkymyz döwlet gurmagyň-da, guran döwletini goramagyň-da hötdesinden gelipdir. Türkmen halkynyň buýsanjy Türkmenistanyň dünýäniň beýik döwletine öwrülip, dünýä ýaly mizemez boljakdygyna halys ýürekden ynanýaryn! Türkmen halkynyň beýikligi nämede? Türkmen halkynyň beýikligi sütün-sütün ata-babalaryny keramatlaşdyryp, ata-babalarynyň Hudaý tarapyndan ýalkanandygyna halys ýürekden ynananlygyndadyr. Ynam – adamy bagta ýetirýän gudratdyr. Ynam – bagtyň gapysydyr. Ata-babalarymyz öz topragyny sahawatyň, rysgal-döwletiň, bereketiň hazynasy diýip arzylap gelipdir. Türkmen halky şu topragyň üstünde ýaşasa, mydama bol-telkilikde baý bolup ýaşajakdygyna, çünki bu toprakdan beýikde baýlygyň ýokdugyna ynanypdyr, şol ynam hem eždatlarymyzy islän menziline, islän belentligine ýetiripdir. Biziň türkmen halkymyzyň bäş müň ýyllyk altyndan taryhy bar. Ol bäş müň ýyllyk taryhynda dünýäniň öňdebaryjy halky bolup, dünýä medeniýetine goşan goşandy abyrsyzdyr. Şu günki gün dünýäniň nazary ýene Türkmenistanda! Dünýä türkmen halkynyň beýik tutumyna, görlüp-eşidilmedik ösüşlerine haýran galýar. Diýmek, altyndan taryhy, göwherden şu güni bolan halkyň geljeginiň örän ajaýyp boljakdygy aýdyňdyr! * * * Watan – ruhuň giňişligi we ruhuň bakylyk mekanydyr. Şonuň üçinem, biziň Watan gymmatlygymyz garaşsyzlygyň gönüden-göni netijesidir. Watanyň duzy-da ene süýdi mysalydyr. Şonuň üçin Watany söýmek – käbäň eneňi söýmekdir, käbäň eneňi söýmek – ata Watany söýmekdir. Her bir milleti ruhy taýdan bitewileşdirýän mukaddes duýgular bolýar. Şol duýgularyň naýbaşysy bolsa Watan duýgusydyr. Şonuň üçinem, meniň ýolumda Watan gymmatlygy ähli gymmatlyklaryň seresidir. Biz, türkmenler, Hudaýa ynanyşymyz ýaly, Watanymyza ynanmalydyrys. Bendesiniň Hudaýdan öýke-kine etmeýşi ýaly, bizem Watandan öýke-kine etmeli däldiris! Biz edil Hudaýa sežde edişimiz ýaly, Watana sežde etmelidiris! Meniň ruhy ýolumyň dürli jähetlerini – taraplaryny emele getirýän beýleki gymmatlyklar ýaly, Watan gymmatlygy hem bir taryhy mana eýedir: bu hem beýlekiler ýaly, türkmeniň iň täze eýýamdaky ruhy bitewiligini kemala getirýän sütünleriň biridir. Ýöne şeýle gymmatlygyň beýlekilerden bir tapawudy bar: Watan gaty näzik, gaty süýji, juda ýürege ýakyn, adamlaryň her birine juda düşnükli, göze görnüp duran mukaddes gymmatlykdyr. Oguz han Türkmen, Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly ýaly ägirtleriň taglymatlarynda Watan döwlet-syýasy, ruhy, pelsepewi, ahlak manylardaky gymmatlyk bolup gelýär. Bularyň üstesine Watan – biziň ýolumyzda hakyky duýgy gözelliginiň, duýgy näzikliginiň düşünjesidir. Çünki Watan birlikdir, ýeke-täklikdir, üýtgewsizlikdir! Bir ömrümiz, ýeke janymyz, bir Hudaýymyz bar. Watan hem birdir. Watany başymyza täç etmelidiris! Watan – Allanyň başymyza geýdiren täjidir. Ýöne ýitireniňden soň zadyň gadyrynyň bilnişi ýaly, ol täji diňe Watandan aýra düşeniňden soň duýup galýarsyň. Men milletime ýüzlenip söz sözlänimde, Watana gezek gelende ýüregimiň has hem joşgunly urýandygyny, kalbymyň möwç urýandygyny duýup, her sapar özüm haýran galýaryn. Watan baradaky sözler kalbymyzy çagalyk päkligine, päkizeligine gaýtaryp getirýär. Watan duýgusy – ýüregiňi tämizleýji duýgudyr. Men beýik Watanymyzy ýöne ýere Biribar Hudaý bile bir sözde getiremok. Hudaý – ahlak gözelligidir, Watan – gözel ahlaklylykdyr. Hemmämiziň ýüregimizde, kalbymyzda Garaşsyz Watan bolmaly. Watan üçin, gerek bolsa, aç-horluga hem döz gelmeli, gerek bolsa, Watan üçin janymyzy gurban etmeli. Sebäbi, biziň yzymyzda galjak ýeke-täk baky miras Watandyr! Sebäbi, biz ölenimizden soň hem özge ýere çykyp gitmeris – mazarlarymyz Watanda galýandyr. Türkmeniň ýogalandan soň, nirede ýatjakdygy baradaky ölümiň öň ýanyndaky oýlanmalary we sargytlary mukaddesdir. Hiç kim nirede jaýlasaňyz, jaýlaýyň diýip sargyt etmeýär. Her kimiň ýakynynyň, dogan-garyndaşynyň ýanynda ýatasy gelýär. Her kirniň Watanda galasy gelýär. Şeýdip, Watan duýgusy ölüme-de ruhanalyk, hoşmanylylyk çaýýar. Watan duýgusy türkmeniň soňky başdan geçirýän duýgusyna öwrülýär. Şol sebäpden: her daban ýeri atalarymyzyň ganyna boýalan ýurdumyz biz üçin iň uly mukaddeslik, iň uly buýsanç! Biz öz ata-baba ýurdumyzda bina edilýän döwletimiziň her bir tutumynda şu mukaddeslikden, şu buýsançdan ugur alýarys. Şol mukaddeslik biziň üçin iň uly hyjuw, ruh hem-de güýç-kuwwat çeşmesidir. Watan beýikligi – ýüreklerimizdedir! Iň täze eýýamyň türkmeni bolmak şol içki beýikligi öz işlerinde amal etmekden ybaratdyr. Çünki Watanyň bähbidi diýmek seniň bähbidiňdir, Watanyň bähbidi diýmek seniň çagaň bähbididir. Biziň hemmämiz Watan üçin jan çeksek, onuň bähbidini ileri tutsak, halal zähmetimiz bilenem özümiz barýarys. Watany baýatman, baýap bolar, ýöne bu baýlygyň soňy puçdur. Watany beýgeltmän, beýgelip bolmaz. Beýiklik – diňe Watandadyr we beýiklik Watan bilendir. Watançylyk duýgusy – türkmeniň iň adamkärçilikli Duýgusydyr. Şu manyda ol enä bolan söýgi bilen manydaşdyr. Adamy ene bilen diňe ýüregi däl, eýsem, on iki süňňi hem baglanyşdyrýar. Şonuň üçinem, türkmen näçe kynçylyk görse-de horluk çekse-de, ene sözüne uly hormat goýýar. Biz hut söýşümiz ýaly, Watany söýmelidiris! Her bir adam Watanyny hem enesini söýşi ýaly söýmelidir! onuň gursagynda halallyk emele geler. «Ene hüwdüsi ýaly mylaýym, ene gujagy ýaly ýyly zat barmy?» diýseler, diňe: «Watan!» diýip jogap bererin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |