WIRUS URŞUNYÑ GIZLIN SYRLARY
Fort-Detrikdäki zäherleýjiler
Men ''LG''-niñ ABŞ-daky habarçysy bolup işleýärkäm Waşingtonyñ ''Päk ýürekli hökümet ugrundaky amerikan gra£danlary'' diýen guramasyna häli-şindi baryp durýardym. Bu näumyt şygar salyhatly adamlaryñ bir toparyny özüne birleşdirýärdi, olar höküm sürüji saýlantgylaryñ käbir mekir kezzapçylygynyñ üstüni açmagy başardylar. Mysal üçin, bu guramanyñ aktiwistikasy Sýuzan Teýlor meni döwlet arhiwlerinden tapylan hat bilen tanyşdyrdy, bu hat Tanzaniýadaky içaly-rezidentden MRU-yñ ştab-kwartirasyna iberilipdir. Ine, şol gülkünç melgun hat:
''Biz tanganik krokodiliniñ öt haltasyny size ýetirmek barada öñde goýlan wezipäni iki hili ýerine ýetirýäris. Birinji warianty: biziñ agentlerimiziñ birine ýerli krokodili yzarlamak, tutmak, içini arassalamak, soñra bolsa onuñ öt haltasyny hem-de zäherli gaýry iç-goşlaryny Birleşen Ştatlara ýetirmek işini tabşyrmaly. Ikinji warianty: krokodili tutmaly we ony janlylygyna ABŞ-a getirmeli. Biziñ iki adamymyz şu ýerdäki jadygöýleriñ reseptleri boýunça zäheri nähili taýýarlamalydygyny jikme-jik görkezýän instruksiýa düzer. Olar süýrenijileriñ iç-goşundan beýleki zäherleri taýýarlamak hakyndaky goşmaça maglumatlary üpjün edip bilerler''.
Samsyk oýun etme däldir-dä? Asla beýle däl. Dokumentde ㅡ MRU-nyñ hakyky möhri we 1962-nji ýylyñ 7-nji fewraly diýlen sene goýlan. MRU-nyñ dokumentleriniñ maña görkezilen ikinjisi bolsa 1966-njy ýyl diýlip bellenen hem-de MRU-nyñ polkownigi J. S. Kingiñ botaniki zäherli madda bolan ''hondodendron toksikoferum'' maddasyny gözlemek üçin Amazonkanyñ jeññelliklerine üstünlikli ekspedisiýa gurandygy hakynda ýazan raportynyñ gysgaça beýanyny berýär. MRU Latyn Amerikasyndan hem kurare zäherini hem-de Wenesuel ensefalomiýelitini iberipdi. Alýaskadan ''ustrisa toksini'' diýilýän örän güýçli biologiýa ýaragyny aldy: onuñ on gramy ilatly territoriýanyñ üstüne sepilende göz-açyp ýumasy salymda 14 müñ adamy öldürýär. Şu sanalyp geçilen ähli eýmenç ok-ýaraglar Merilend ştatyndaky Fort-Detrik gorhanasynyñ 459-njy bunkerinde saklanýardy.
Baryp kyrk ýyldan bäri Fort-Detrik harby şäherjigi daşyna köp hatar sim çekilip hem-de gije-gündiz sakçy postlary goýlup daşky dünýä bilen arasy germelen. Munuñ içine diñe saýlama harby gullukçylar we MRU-nyñ işgärleri girip bilýär, ýöne olaryñ hökman ýörite propusklary hem-de mama, bubon gyrgyny, tropiki ysytma, otbaş kesellerine hem-de bu ýerde Waşington razwedkasynyñ hem Pentagonyñ biohimikleriniñ köp ýyllap synag eden ölüm howply her dürli ýokanç kesellerine garşy 20 sany dürli sanjym alandygy hakyndaky medisina şaýatnamasy bolmaly.
Zäher muşdaklarynyñ üçüsi otbaş keselinden öldi. 50-nji ýyllaryñ aýaklarynda koreý urşunyñ jygba-jygly wagty Fort-Detrikdäki zäherleýjiler özlerine tejribe geçirmek üçin berlen ýesirleriñ onlarçasyny o dünýä iberdiler. 1955-nji ýylda olar Floridadan gelen on-on iki amerikanlyny şol ýerde öz poligonlarynda gökbogma basillasyny tejribe edenlerinde gabra saldylar. 60-njy we 70-nji ýyllarda olar Hindi-Hytaý ýurtlarynyñ üstünden we Kubanyñ üstünden ekinleri ýok edýän bakteriologik zäher sepdiler. Indi bolsa, 1982-nji ýylyñ fewralynda Salwadoryñ profsoýuzlarynyñ merkezi komitetiniñ yglan edişi ýaly, Salwador gozgalañçylarynyñ jemlenen raýonlaryny amerikan gemorragik konýunktiwit poroşogy bilen samolýetdan bombalaýarlar.
459-njy bunkeriñ labaraotoriýasynyñ alym arwahlary Fort-Detrikde bakteriologik ýaraglaryñ 37 görnüşini oýlap tapdylar. Oña MRU-nyñ tehniki hyzmat bölüminiñ naçalnigi biohimik d-r Sidneý Gottlib müdirlik edýärdi. Gizlinlikde saklanýan bu zalymy 1977-nji ýylda, haçanda ony MRU-nyñ bikanun hereketlerini derñemek baradaky senat komissiýasyna çagyranlarynda £urnalistlere ýekeje gezek göz-açyp ýumasy salym görmäge mümkinçilik berdiler. Gottlib daşyndan göräýmäge sarpaly adam ýaly: başy çalaran, oñat geýnüwli, içgide, öz aýdyşy ýaly, süýtden başga zady bilmeýän. Gezim edip ýörkä ol özüniñ gowy görýän zadynyñ ㅡ gadym halk tanslaryny öwrenmekdigini aýtdy. Emma welin senata öñünden oña temmi bermejekdiklerine söz berip, ondan MRU-nyñ nähili usul bilen Fidel Kastrony we Patris Lumumbany zäherlemekçi bolandygyny soradylar.
Gottlibden soraşylyp görülmegi şu zatlary takyklady: MRU Fidel Kastro ''dostlukly sowgatlar'' bilen üç gezek adam ibermäge synanyşypdyr, şol ''sowgatlaryñ'' içine botulinus awysy siñdirilen sigarlar, inçekesel basillalary siñdirilen akwalangist kostýumy, ''gara ýaprak'' zäherini atýan awtoruçka salnan, Lumumbany öldürmek üçin bolsa, Gottlibiñ aýdyşy ýaly, ol Fort-Detrikde ''afrikan resepturasy boýunça'' bakteriologik zäher taýýarlapdyr we şonuñ bilen hut özi Kongo gelipdir, ýöne şol wagt MRU-nyñ agentleri eýýäm özleriniñ ýigrenýän adamsy bolan kongolezleriñ baştutanynyñ janyna kast etmegi guramaga ýetişipdirler. Şeýle bolansoñ ol MRU-yñ beýleki bir pidasyndan hakyny alýar: ol sowgat görnüşinden Bagdada bir yrak harby serkerdesine brusellýoz basillalary siñdirilen ýüpek elýaglyklarynyñ bir toplumyny iberýär...
Senatyñ Gottlibe rehimdarlyk bildirmegi onuñ kömekçisi Çarlz Sensenini şeýle bir ruhlandyrdy, hatda ol MRU-nyñ eden gabahatçylyklaryny seljermek üçin Waşingtonyñ jemagatynyñ hyryn-dykyn ýygnanan Kapitoliýa zalyna girip, bihaýalyk bilen şeýle diýdi:
ㅡ Şu ýerdäki ähli senatorlary, olaryñ gullukçylary poliseýleri hem-de tomaşaçylary, şol sanda ýüzlerçe £urnalistleri gabra dykmak üçin meniñ birje çümmük däri-dermanym ýeterlikdir!
Ilki göräýmäge Sensini hem sypaýy adam ýalydy: gözi äýnekli ýylgyryp duran godana, kellesi takyr, ýañaklary güpberip duran we çişik, egninde masgarabazlaryñ geýýän gözenek-gözenek gülli penjegi bar. Emma ol agzyny açandan zal onuñ aýylganç sözlerinden doñup galdy. Senseni metroda ýakynlap gelýän otlynyñ öñüne ㅡ relse bildirtmän bir çümmük biologik zäheri taşlap, ägirt uly şäheriñ birgiden ýerasty stansiýalarynda ýokanç keselini ýaýradyp biljekdigi ýa-da esasy suw prowodyny deşip, oña zäher sepip goýberip onlarça müñ adamy gyryp boljakdygy, ýa-da hut şol maksat bilen öz zäherini örän hereketli awtomobil ýoluna sepip biljekdigi barada eýmenmän gürrüñ berdi.
ㅡ Men nyşanlary zäherleýji maddalar bilen urýan geñ ýaragyñ baş in£eneri ㅡ diýip, Senseni öwündi. Ol ''ustrisa toksininiñ'' zarýadlary bilen atýan awtoruçkalary, hasa-taýaklary, saýawanlary hem-de optiki nyşana alýan sesssiz pistoletleri ýasapdyr. Şeýle pistoletleriñ, Senseniniñ ýaşyrman aýdyşyna görä ''MRU elli sanysyny zakaz edipdir we ony haýal etmän ulanypdyr''. Ýagny daşary ýurtlarda syýasaty kast etmeler üçin peýdalanypdyr.
OTBAŞYNYÑ TÄZE MEKANY
Biz şu gün MRU-yñ ''Biologiýa urşunyñ mikroorganizmleriniñ sklady baradaky adatdan daşary halatlar üçin plan'' diýlip, sözbaşy goýlan içerki gulluk memorandumyny getirip görkezýäris. Bu dokumentiñ 1970-nji ýylyñ 16-njy fewraly diýlen senesi bar. Munda ýatlanylýan toksinler (awylar) mikroorganizmlerden tapawutlanyp, köpelip bilmeýärler. Dokumentiñ terjimesinde känbir ähmiýeti bolmadyk jikme-jiklikler taşlanyp geçildi.
''MRU-yñ direktoryna.
1969-njy ýylyN 25-nji noýabrynda prezident Nikson goranmak ministrligine bakteriologiýa ýaragynyñ häzirki bar bolan zapasyny ýok etmegiñ proýektini taýýarlamagy buýurdy (Muña ol 1970-nji ýylyñ 14-nji fewralynda ähli toksinli ýaraglary goşdy).
Goranmak ministrligi bilen dowam edýän ylalaşyga görä, Fort-Detrikde saklanylýan we ýörite operasiýalar bölümi tarapyndan penalanylýan biologik mikroorganizmleriñ hem-de toksinleriñ MRU-da çäkli möçberi bar. Bu zapas inwentarizasiýanyñ umumy spisogyna goşulmandyr. Şu aşakdaky mikroorganizmler we toksinler bar: otbaş, tulýaremiýa, wenesuel ensefalomiýeliti, koksidioz granulemasy, brusellýoz, inçekesel, salmonella tifimurium (azyk zäheri), mama, stafillokokal enterotoksin (azyk zäheri), A tipli klostridium botulinus (ölüm howply azyk zäheri), paraliç edýän ustrisa zäheri, kreýt (ölüm howply ýylan zäheri), içege grippi, toksiferin (ysmaz edýän serişde).
Goranmak ministrligi bakteriologiýa ýaragynyñ häzirki zapasyny ýok etmegi karar edäýse, onda hatda MRU-yñ çäkli anonim gorhanasynyñ ýok ediläýmegi hem ähtimal.
Eger MRU-yñ direktory bu aýratyn rezerwi saklap galmak isleýän bolsa, onda goranmak ministrligi ýokarda agzalan karary kabul eden halatynda MRU-yñ häzirki zapasyny Merilend ştatynyñ Bartimordaky Bekton-Dikinson firmasynyñ Hantingdon ylmy barlag merkezine geçirmegi maslahat berýäris. Munuñ üçin gizlin ülpetimiz bilen eýýäm ylalaşyga gelindi we ondan MRU-yñ gorhanasyna gözegçilik etmek hakynda kepilnama alyndy, munuñ üçin potratça her ýyl 75 müñ dollardan köp bolmadyk hak tölemeli bolar.
MRU-yñ direktorynyñ planlaşdyryş baradaky orunbasary
Tomas Karamessines''.
ABŞ-yñ hökümetiniñ bakteriologiýa ýaragynyñ halkara möçberinde gadagan edilmegine goşulýanlygy hakynda şol wagt bütin dünýä jar eden deklarasiýasy gör, ine, nähili bolup çykdy? 1970-nji ýylda MRU-yñ direktory Helmsiñ, onuñ orunbasary Karamessiniñ hem-de olaryñ baş alhimigi ㅡ zäherleýjisi Gottlibiñ özleriniñ zäherlerini assyrynlyk bilen dürli gizlin jaýlara ibermegi dilleşendigi diñe bäş ýyldan soñ aýan boldy. Baltimora firmasynyñ skladynyñ kärendesine ýaşyryn alnandygyndan başga-ga Gottlib Baltimorada täze laborotoriýa enjamlaşdyryş, onda ýokanç keselleriñ mikrooýandyryjylaryny köpçülikleýin öndürmegi üpjün edýän ''Biogen'' atly agregat gurdular. Bu baradaky dokumental subutnamalary ýokarda agzalan ''Päk ýürekli hökümet ugrundaky amerikan gra£danlary'' diýen guramadaky meniñ tanyşlarym tapdylar.
1975-nji ýylyñ tomsuna çenli MRU-nyñ Waşingtonda ABŞ-nyñ döwlet departamenti bilen ýanaşyk jaýda laboratoriýany hem-de zäherli ''ustrisa toksini'' strihnini, kepjebaş ýylanynyñ zäheri hem-de beýnä, böwrege, gan damarlaryna zyýan ýetirýän toksinleri (awylary) bolan sklady bardy. Ol ýerde zäherleýji maddalaryñ jemi 19 görnüşi saklanýardy. Olara MRU-yñ tapyp iberen adamy doktor Natan Gordonyñ baştutanlygynda Gottlibiñ kömekçilerinden üçüsi erk edýärdi.
Gordon pensiýa gitjek bolanda örän geñ gizlin syry agzyndan sypdyrdy: MRU-yñ zäherleriniñ Fort-Detrikden äkidilmegi bilen bir wagtda ABŞ-nyñ goşunynyñ bakteriologik ok-ýaraglarynyñ hemmesini diýen ýaly ýok etmegiñ deregine I£wuddaky Merillend harby gorhanasyna berlipdir! Özem bu hereketi ýaşyrynlyk bilen... Ak tam tassyklapdyr. Şoña görä-de 1975-nji ýylyñ güýzünde Pentagonyñ resmi wekili: ''Toksinler bilen eksperiment geçirmek işi 1970-nji ýyldan bäri Ijwudda alnyp barylýar hemem netijeli dowam etdirilýär'' diýip arkaýyn boýun aldy.
Ijwud gorhanasy (arsenaly) onuñ golaýynda ýerleşýän Fort-Detrigiñ ''ekiz'' taýydyr: bu ýerde hem goşun bunkerleri we synag poligony tikenli sim bilen germelen hem-de ýaragly sakçy goýlan. Gorhanananyñ iki ýüz biohimikleriniñ hem-de harby-tehniki işgärleriñ 4700-siniñ arasynda ýokanç kesellerden ejir çekenleriñ sany ýarym müñe ýetýär. Gorhananyñ territoriýasy bilen galtaşýan deñiz buhtasynda Ijwudda jemlenen bakteriologiýa toksinlerinden ýaña balyk öldi. Şu ýerlerde geçirilýän howply eksperimentlerde ''Waşington post'' gazetiniñ maglumatlaryna görä, Merilend uniwersitetiniñ ''medisina mekdebi'' diýlip atlandyrylýan fakultetiniñ hem köpden bäri eli bar.
Merilend uniwersitetiniñ ''medisina mekdebinden'' d-r Jerald Kli MRU-yñ zaýawkasy boýunça özüniñ kaktuslardan, marihuanalardan hem-de zäherli meksikan kömeleklerinden nähili edip toksinli substansiýany alandygyny indi aç-açan öwünip aýdýar. Onuñ uniwersitetdäki kärdeşi farmakolog Jon Krants adam organizminiñ gan aýlanyşygyna täsir edýän preparaty oýlap tapanlygy üçin MRU-dan sahylyk bilen joşulan dollar peşgeşini aldy. Merilend uniwersitetiniñ medisina professory Riçard Hornik bolsa türmede ýatan bendilere gyrgyn, garahassalyk, dümew, ganly içgeçme, gyzzyrma keselleriniñ mikroölçeglerini üç ýyllap synag etdiler. Gyzzyrmany bolsa belläp goýuñ!
Iona ANDRONOW.
Publisistika