09:37 Wladimir Zazubrin | |
WLADIMIR ZAZUBRIN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Wladimir Ýakowlewiç Zazubrin (Zubsow) (1895-1923) – rus ýazyjysy. Ol Penza şäherinde demirýol gullukçysynyň maşgalasynda dünýä inipdir. Kakasy Ýakow Nikolaýewiç Zubsow 1905-nji ýyldaky birinji rus ynkylabyna (rewolýusiýasyna) işjeň gatnaşandygy üçin 1907-nji ýylda Penzadan Syzran şäherine polisiýanyň aýan gözegçiliginiň astyna sürgün edilýär. Şol sebäpli W.Zazubrin ýetginjeklikden ynkylap işi barada anyk düşünjä eýe bolýar. 1912-nji ýylda ol Syzran hakyky hünärmen mekdebiniň bäşinji synpynyň okuwçysyka gizlin okuwçy žurnaly bolan “Seslenmeleriň” ýaşyryn neşir edilip başlanmagyny gurnaýar. Şondan bir ýyl soň ol ýerli sosial-demokratlar bilen aragatnaşygy ýola goýýar, soňam Syzranyň bolşewikleriniň ýolbaşçylarynyň biri hökmünde hereket edip başlaýar. 1915-nji ýylda Zubsowy hünärmen mekdebiniň ahyrky klasyndaka okuwdan çykarýarlar we tussag edýärler. 1916-njy ýylyň ahyrynda Bolşewikleriň Rus sosial-demokratik işçi partiýasynyň Syzran komiteti, öz ýoldaşlarynyň tiz-tizden tussag edilýändigine şübhelenip, bu şowsuzlyklaryň öňüni almak maksady bilen W.Zazubrini Patyşa Russiýasynyň howpsuzlyk edarasy bolan žandarmeriýasyna “işe” ýollaýar. 1917-nji ýylyň martyna çenli ol şol ýerde gulluk edip, öz partiýadaşlaryny gizlin maglumatlar bilen üpjün edýär. 1917-nji ýylyň awgustynda W.Zazubrin öz komitetleriniň buýrugyny berjaý edip, goşun gullugyna gidýär we Patyşa Pawel adyndaky ýunkerleriň harby orta mekdebine okuwa alynýar. Şol ýerde-de ol mekdebiň ynkylap geňeşiniň hataryna goşulýar. Oktýabr rus ynkylaby wagtynda ol Petrogradda bolup, 1918-nji ýylyň fewralynda ýene Syzrana dolanýar. Ol ýerde ýene-de partiýanyň tabşyrygy boýunça “ak goşunlaň” hataryna girýär hem-de 1919-njy ýylyň iýunynda aklaryň Patyşa Mihail adyndaky 15-nji atyjylyk meýletin polkuň bölüminiň serkerdesi bolýar. Şol ýerde-de podporuçik W.Zubkow (Zazubrin) özüniň hem goňşy bölümleriniň esgerleridir serkerdelerini gyzyllaryň tarapyna geçmäge yrýar. Öz ýanlary bilen top alyp, olar gyzyl partizanlara goşulýarlar. Şolar bilenem Kansk şäherini eýeleýärler. Şol ýerde-de W.Zazubrin “Gyzyl ýyldyz” gazetini çap etmegi guraýar we özem edebiýat işi bilen meşgullanyp ugraýar. Onuň “Iki dünýä” atly, kolçakçylaryň goşunlarynyň derbi-dagyn edilmegi baradaky seneýazgy-romany 1921-nji ýylda çap edilip, W.I.Leniniň, M.Gorkiýniň ýokary baha bermeklerine mynasyp bolýar. W.Zazubriniň, 1917-1922-nji ýyllardaky, ynkylap we raýatlyk urşy döwürleri hakyndaky jinnek ýalam bassyr-ýussursyz “Taraşa” (agaç bölejigi, “Щепка”) atly powesti bolsa 1923-nji ýylda ýazylandygyna garamazdan, diňe 1989-njy ýylda, M.Gorbaçýowyň yglan eden aç-açanlyk ýyllarynyň ahyrynda neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilýär. W.Zazubriniň özi 1937-nji ýylda aýaly bilen bilelikde tussag edilip, şol ýylyň 28-nji sentýabrynda-da “halk duşmany” hökmünde atylýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||