09:33

Taraşa -2/ powestiñ dowamy

III.

Arly gijeler, üçegi owadan baýdakly, diwary gyzyl ýazgyly, sakçylarynyň telpegi gyzyl ýyldyzly, ak, daşdan üçgat jaý, penjireleriniň ýalpyldawuk dörtburç, aç gözleri bilen şähere siňe-siňe garaýar, çoýun gözenekli derwezeleriniň doňan dişlerini syrtardýar, tussag edilenleri desseläp gapýar-da, çeýneýär, olary ýerzeminleriniň daş bokurdaklary bilen ýuwudýar, daş garnynda sülekeýdir hyllygyna garyp eredýär, nejasaty bilen daşaryk zyňýar, gusýar, köçä oklaýar. Daňdanam, ýadaw halda, çoýun dişleridir äňlerini jygyldyly palladyp, derweze astynyň yşgalaňyndan ganyň gyzyl dillerini çykarýar.
Ertirlerine penjireleň dörtburç gözleri garalyşyp, öçýärler, tuguň gangyzyllygy, ýazgylar, garawullaň telpegindäki ýyldyzlar has ýiti ýanýar, yşgalaňdan somalyp, ýanýodalarydyr galdyrawuk ötegçileň aýaklaryny ýalaýan ganly dilleň lowurdysam ýitelýär. Irdenlerine ak jaý has ýüregedüşgünç ilgezik, tutanýerli, simleň demir ösüngileri bilen tutuş şäherdäki sowet guramalarynyň ala-beder ýazgyly binalaryny elleşdirip çykýar.
-Gubçekadan jaň edýäs. Haýal etmän habar beriň... Gubçekadan. Ýigrimi dört sagadyň dowamynda dykgatymyza ýetiriň... Gubçeka teklip edýär, iňňän tiz, şahsy jogapkärçiligiň astynda... Şu günüň özünde sapaklar tamamlanmak Gubçeka düşündiriş beriň... Gubçeka talap edýär...
Hemme zatda-da şeýle. Sowet guramalarynyň ala-mula ýazgylary jaýlaram, uly-kiçi, daşdan-agaçdan, tapawudy ýok, telefonlarynyň gara gulaklaryny gerip, örän ünsli hem gyssanmaç diňleýärdiler. Çekanyň talap edişi ýalam berjaý edýärdiler – haýal etmän, häzir/pylança sagada çenli, ýigrimi dört sagadyň dowamynda, okuw dersleri tamamlanýança.
Gubçekada bolsa – tüpeň bilen ýaraglanan adamlar, her meýdançada, her dälizde, her gapynyň öňünde-de, howluda-da durlar, gaýyş kurtkaly, mata gimnastýorkaly, frençli, sapança bilen ýaraglanan ynsanlar bolsa kagyzly stollaň başynda otyrlar, otagdan otaga portfelli ylgaşýarlar, hiç zat bilen ýaraglanmadyk gyzlar, owadanja, birneme kelesaňrak, gowy ýa erbet geýnüwli, maşynkalarda şakyrdaýarlar, ygtyýarly wekiller, ynamdar adamlar, WÇK-nyň batalýonynyň gyzyl esgerleri, çilim çekýärler, komendanturada gürleşýärler, naharhanaň hyzmatçylary mejimede bölümlere çypar, toýun bulgurlarda ýuwanjak çaý, çowdary unudyr şeker şiresinden kemput paýlaýarlar, ýyrtyk possunly çagyrylanlar ýa şikaýatçylar (Çeka hemişe jinde geýnip gelýärler. Kimiň özünde bolmasa, tanyşlaryndan diläp alýarlar), howatyrlanma bilen rugsatnamalary alýarlar, şaýatlar sabyrsyzlyk bilen sorag edilerine garaşýar, olaram, beýlekilerem şikaýatçydan, şaýatdan aýyplanýanlara ýa-da tussaglara öwrülmäge gorkýarlar.
Irdenlerine Srubowyň iş otagyndaky stolda bukjalaň münderi durýar. Bukjalar dürli-dürli – ak, sary, gazet kagyzyndan, köne arhiw işlerinden. Salgylar ýazylan ýerinde-de burum-burumlyja, sünnälenip ýazylan, ýeser kätiphana ýazuwy ýa sowatsyz çyr-çyrşaklyk, galagop intelligent haty, yhlas bilen kagyza nagyşlanan hatyn nepislikleri, çap maşynkalarynyň deňme-deň inedördülligi. Srubow tiz-tizden bukjalary ýyrtýar-da, göz gezdirýär.
-Gubçeka üns berse gowy bolardy... Iki heleýiniň üsti açyldy. Partiýaň at-abraýyna şikes ýetirmek... Akgöwün.
-Men, çuňňur ynançly kommunist hökmünde dymyp bilemok... gabahat hadysa: käbir myhmanlar hyzmatçylara – hanymjyk, ezizjigim diýip ýüzlenýärler, ýogsa bu wagt sowet häkimiýeti berkarar edilip, ýoldaş diýip ýüzlenmekden başga zat bolmaýar ahyry, sizem, edil... Muny bilmek degişli bolan hökmünde derwaýys...
Srubow şybygyny doldurdy. Kürsüde jaýlaşykly oturdy. “Iňňän gizlin”, “hut öz eline” diýen ýazgyly bukja. Gazet kagyzyndan. Ýyrtdy.
“Men arag tabdym 3-njaý rotyň sergerdasi agk Gat...”.
Soň ka kagyzyň ýüzünde Sibirde Kolçagyň näme edendigi, indi sowet häkimiýetiniňem näme edýändigi barada pikir ýöretmeler bar. Iň soňunda bolsa netije: “...we soň uçunam any (rodyň kamannyryny) hukmony ýädeýde ýuok atmali, o işjileň diýhangler wilen berloşmagna pisgäl werýa, gzyzyl asgyrlaň arsynna ýowuldoşlyg gol gysyşdyýmy gedogon idýä. Wwýý palitruk Pattykin”.
Srubow gaşyny çytyp, şybygyny sorýardy.
Ak kagyzda ýagly reňk bilen gara gabyr depejigi çekilipdir, depejige myh kakylan. Aşagynda ýazgy: “Ganojak çekistlere ölüm...”.
Seňrigini ýygyrdy-da, küldana zyňdy.
“Ýolloş başlyk, men siziň bilen danyşmag isteýän, jünki çekistler örän öznejekiji. Begres ýakaly gön penjekli gezýärler, böwürlerinde-de hemişe sapança. Olar edermen, emjeklerinde bolsa gyzyl ýyldyzlar... Men size garaşýan...”.
Srubow hahahaýlap goýberdi, şybygy stoluň örtügine döküldi. Haty taşlap, köreýän temmäkini kakmaga başlady. Gapy kakyldy. Idin berlerine garaşman Alekseý Bože girdi. Ullakan ellerini stoluň gyrasyna goýup, gyrpmazak dym-gyzyl gözleri bilen Srubowa dikildi. Pugtadan parahat sorady:
-Buwun nemederismi?
Srubow düşündi, ýöne näme üçindir gaýtadan sorady:
-Nämäni?
-Kontraboşlamany.
-Hä, näme?
Božeň dörtburç, ýasy, eňekmen ýüzi nägile terpendi, bitişik gara gaşlary gymyldady, bäbenegi jym-gyzyl.
-Özüňiz bilýäňiz.
Srubow bilýär. Alabaharda garry daýhany sürüme dartýar, garry işçi kärhanaň gussasynda, garry emeldar nepagada süllerýär, käbir garry çekistler bolsa uzak wagtlap atmaga ýa-da atuwa gatnaşyp synlamaga mümkinçilikleri bolmasa, olary keselbent tukatlyk basmarlaýar. Ol bilýär, her bir hünär adamda öçmejek tagma galdyrýar, diňe şol hünäre mahsus ýörite hünär häsiýetlerini terbiýeleýär, belli bir derejede ruhy zerurlyklary, islegleri, hatda tebigy zerurlyklaram şetrtlendirýär. Bože bolsa – garry çekist, Çekada-da ol hemişe diňe ýerine ýetiriji – atýançy bolupdy.
-Çydar dagy eder ýaly däl, ýoldaş Srubow. Ikinji hepde işsiz geçip barýar. Gerk-gäp içerin, soň näme etseňiz edäýiň.
Bože, dörtburç, inedördül, tokgaboýun, tüňňimaňlaý, nalajedeýinlik bilen sömelip durşuna Srubowdan çişip gyzaran gözlerini aýyrmaýardy.
Srubowyň bolsa bar pikiri-zikiri Hanym hakda. Ol duşmanlaryny ýok edýär. Ýöne olaram Hanymy ýaralaýarlar. Şu Bože-de Hanymyň gany, Hanymyň ýarasyndan akan gan ahyry! Ýaradan çykan gan bolsa gutulgysyz garalýar, çüýreýär, heläk bolýar. Serişdäni Maksada öwren ynsan, Hanymyň ýolundan azaşýar-da ölýär, soňam çüýreýär. Çünki maksat biderejik, ýöne şol birwagtda-da ol Hanymyň ýoly bilen barýarka, Onuň bilen bilelikde BEÝIK. Hanymsyz, Ondan üzňelikde bolsa ol diňe ujypsyzlyk. Şoň üçinem Srubowda Bože babatda haýpygelmede ýok, duýgudaşlygam.
-Süllümbaý bolsaň – ýerzemine dykaryn.
Gapyny kakmazdan, rugsat soramazdan, deňizçiň ýaýkyldawuk ýöreýşi bilen Wanka Mudynýa girdi, stoluň gabadynda, Božeň ýanynda sömeldi.
-Çagyrypsyňyz. Geldim.
Gözüne bakmaýar – öýkeli.
-Içýäňmi, Wanka?
-Içýän.
-Ýerzemine salaryn.
Mudynýaň ýaňaklary şarpyk çalnan dek lapylady. Elleri gara deňizçi tužurkasyny (penjegini) tolgunmaly çekişdirýär. Sesinde kine ynjysy.
-Beýtmeg-ä adalatsyzlyg-aý, ýoldaş Srubow. Men sowet häkimiýetiniň ilkinji gününden bäri bärde. A indi bolsa akgwardiýaçylar bilen bir çukura.
-Içme.
Srubow sop-sowuk, biparh. Mudynýa çalt-çalt gözüni gyrpýar, lopby dodaklary gyşarýar.
-Göni şumat diwara söýäň – başaramok. Müň adamy atdym – tüýümem gymyldamady, içmedim. Emma doganymy tepbetledimem welin, içmäge başladym. Gözüme görünýär, o meniň. Men oňa – geç, Andrýuşam, a ol bolsa – “Wanşa, doganjygym” diýýär-de dyzyna çökýär... Owf... Her gije görünýär...
Srubowyň haly teň. Pikirleri lokga kesek, mata gyýkyndysy, çigin-çigin, bölek-büçeklik. Bulam-bujarlyk. Hiç zada düşüner ýaly däl. Wanka içýär. Bože içýär, özi içýär. Näme üçin olara gadagan? (Wah, hawa-da, Çekaň abraýy. Olar-a aç-açan içýärler. Hawa. Soňam, aslynda Hanymyň haky bir barmy? O nämäni bilýär-ä? Hä, Ol? Ine-dä özara gatnaşyklar, adatlaň ähmiýeti. Bulam-bujarlyk. Eňňerelik. Goluny galgadýar).
-Baryň, içiň. Ýöne, aç-açan beýtmäň-ä.
Işik ýapylansoň hata ýüzüni berdi, pikir etmezlik üçin, pikir etmezlik üçin, pikir etmezlik üçin...
“Men merkezi adam, ýöne... üstesine ol jogapkär işgär ahyry... Kerosin Respublika zerur... we şahsy keýpiň üçin ýarym put ýeralmany iki funt kerosine çalyşmak...”.
Biri-biriniň yzyndan, kimdir biriniň kimdir birinden satyn alan, alyş-çalyş eden iki funt duz, funt çörek, ýarym funt gant, on funt un, üç sany çüý, oltaň jübti, bir oýnam iňňe baradaky arzalar nazarynyň öňünden akyp geçip ugrady (çünki indi sowet hökümeti ahyry, hemme zadam diňe degişli gollar, möhürler bilen tassyklanan idinnamalaryň berýän rugsady bilen ednilmeli ahyry). A eger-de agzalan zatlaryň haýsam bolsa biri idinnamaň esasynda alnan bolsa, onda şikaýatlarda idinnamaň özüni bikanun ýa-da nädogry berlendigi habar berilýärdi.
Üç-dört sany degerli maglumat – kontrrazwedçik kesekiň familiýasyna duwlanýar, Gubsownarhozyň ammaryndan sütükli deriler yzygiderli ogurlanýar, jeza beriji partiýaň hataryna sümülipdir. Ýene-de hoşniýetliler: görgürler, göregenler, bitaraplar, bigäneler, garaşsyzlar. Kagyz şybyrdysynda – ýalynjaň pyşyrdyjyk. Olar: “degişli ýeriniň dykgatyna ýetirmegi” eý görýärler. Olar Srubowyň ýeňinden emaýly ýaramsaklyk bilen tutýarlar-da ony öz ýatyşhanalaryna dartýarlar, gijeki golçalarynyň içini sereşleýärler (belki, adam lül-gammar bolandyr, munam lukmanlar seljerip, takyk anyklap bilýärler ahyry). Olar onuň öňünde özleriniň, özgeleriň, ýakynlarynyň garyndaşlarynyň tanyşlarynyň kirli içki eşiklerini hellewledýärler. Syçanlar kibi, olar özgeleň ýerdölelerine, ammarlaryna sümülýärler, zibilhana girýärler, hemişe-de ýaransaň ýylgyryp, ahlaklylygyň asylzada gözegçilerine kybap keşbiň perdesini ýüzlerinde saklap, kellejiklerini silkeleý-silkeleý soraýardylar:
-A siziň pikiriňizçe bu nähili? A bu nähili? Hä? Hiç zatmy? Ynkylaba garşy ýykgynçylygyň ysy gelýän ýal-a, hämi? Ine bärigem bir serediň! Ine bu ýerde bolsa ýaman şübheli. Ýokmy? Hä?
Iň soňunda-da olar asudalyk bilen çete çekilýärdiler-de, bu zatlaň özlerine dahylynyň ýokdugyny, özleriniň ahlak borjunyň, “bulary bilmek degişli edilen şahsyň dykgatyna” şu zatlary ýetirmekden ybaratdygyny biperwaýlyk bilen yglan edýärdiler.
Srubow, gyzyl galam bilen keseligine rezolýusiýa goýýardy. Iki sany harp – A.S. bilen irimçik gol çekýärdi. Bukjalary ýyrtýar. Setiraşa çalt, sabyrsyz okaşdyrýar. Onuň adyna esasan golsuz arzalar, meýletin şugulçylaň bolgusyz, ownuk-uşak habarlary gelýär. Çynlakaý maglumatlar, gizlin ynamdarlaň (agentleň) habarnamalary – gönüden-göni agentura bölümine, ýoldaş Ýan Pepele gowuşýardy.
Srubow dynmady. Bez boldy. Dikeldi. Otagda iri ädimler bilen künçden-künje gadam urdy. Şybyk öçüpdi, olam ony çeýneýär, sormaýar. Ýelmeşek kir tenini gijidýär. Srubow eginlerini silkdi. Gimnasýorkaň ýakasyny açdy. Içki köýnegi doly tämiz. Düýnjük hammamdan soň geýipdi. Hemme zat arassa, özem päk. Emma kirlilik duýgusy hiç ýitmeýär.
Gymmatbaha ýazuw stoly, mermerden ýazuw enjamlar toplumy. Rahat, zynatly kürsüler. Diwarlar täzeje bezegörtükli (oboýly). Sowuk, lowurdawuk, tekepbir tämizlik. Srubow öz iş otagynda özüni oňaýsyz duýýar.
Penjirä süýşdi. Köçeden barýarlar. Barýarlar: başagaý sowişgärler portfelli, öýbikeler örme sebetli, dürlisypat adamlar haltaly-haltasyz. Diňe portfelli hem-de papagy, ýeňleri gyzyl ýyldyzly adamlar ulagda. Ýanýodalardyr ýollardan mas ýüklenen tyrpaňňyrly sowet alaşa-adamlary süýrenip barýar.
Onuň otagyndan başlap, hereketdäki tutuş şu köçedenem ýüzlerçe duýgur siňir-simler çekilen. Onuň ýüzlerçe meýletin şugullary, hemişelik gizlin ynamdarlarynyň düzümi bar, şolaryň her biri bilenem ol yşyklaýar, diňleýär, al salýar. Ol kesekileň pikirlerinden, niýetlerinden, etmişlerinden mydama habarly. Ol alyp-sataryňam, garakçyňam, ynkylabyň duşmanynyňam derejesine çenli pese düşýär. Adamlaň pisat işleri gaýyrýan, poh-püsür döredýän şol ýerine-de ol hökman gollarynam uzadaýmaly, o taýyny arassalaýmalam. Şu müddet oň kellesinde harpma-harp zompuldap çykdy-da, çet ýurt sözi gyşyk-çaýşyk basgançak deý süýndi (soňky döwür olar oňa ýapyşak sakyrtga deý ýelmeşipdiler), a-s-s-e-n-i-z-a-t-o-r. Srubow muňa hatda gülümsiräbem goýberdi. Ynkylabyň poh ardyjysy (Rewolýusiýaň assenizatory). Elbetde, oň adamlar bilen asla işi ýok diýen ýaly, onuň bar pişesi jemgyýetiň zibili. Olar gymmatlyklara gaýtadan baha kesdiler ahyr. Öň gymmat bolan zat – indi gerekmez, gadyrsyz boldy. Janly adamlaň dogruçyl zähmet çekýän ýerinde onuň köri ýok. Oň borjy ynkylabyň ganly-bulançak derýasynda hapa-hupany, zyňyndylary, galyndylary süläp alyp, Hanymyň topragasty päk çeşmeleriniň hapalanmagynyň, zäherlenmeginiň öňüni almak.
Şu uzyn söz şol durşuna-da oň kellesinde galdy.
...Mudynýa, Bože – ikisem taplanan frontçylar, hakyky ýoldaşlar. Ikisiniňem Gyzyl Baýdak ordeni bar. Iwan Nikitiç Smirnow olary Gündogar frontdan bäri tanaýar, hut şolam olar barada diýipdi: “Şular ýalylar bilenem biz öleris...”. Ýöne arak? A oň özi? Onsoňam biziň ählimiziň – men, Mudynýa, Bože, galan hemme hemmeleriň... näme ähmiýetimiz bar? Hawa, biziň ählimiziň Hanym üçin näme ähmiýetimiz bar?
Kakamyň şol haty. Alanyma iki gün boldy welin, henizem kellämden çykanok. Elbetde özümiňki däl o pikirler, kakamyňky... Göz öňüne getir, sen adamlary bagtly etmek, olara parahatçylykdyr asudalyk bagyşlamak üçin ynsan ykbalynyň ymaratyny bina kylýaň, emma munuň üçin saňa birje müjülje jandarjygy jebir-süteme sezewar etmek zerur, şonuň gözýaşlarynda-da şol binany gurmaly. Şeýle ymaratyň binagäri bolmaga razy bolarsyňmy? Men, seniň kakaň, jogap berýän – ýok, hiç haçan, a sen bolsa... Sen millionlap ezýetde öldürilenleň, atylanlaň, ýok edilenleň üstünde ynsan bagtynyň binasyny dikelderin öýdüp pikir edýäň... Ýalňyşýaň... Ynsan ganynda döredilen “bagtdan” geljegiň adamzady ýüz dönderer...
Sabyrsyz Ýan Pepel sabyrsyz ardynjyrady. Srubow tisgindi. Stola ýakynlady, kürsüde oturdy, aň salmazdan Ýan Pepele-de oturmaga mürehet etdi. Ony diňleýär, ýöne Pepeliň aýdýanyny eşidenok. Oňa bu jelegaýda däl, boram-boş gözleri bilen äňedip otyr.
Pepel möhümini aýdyp, turanda, Srubow sorady:
-Siz, hiç haçan, ýoldaş Pepel, zuluma zulum bilen jogap bermek meselesiniň üstünde oýlanyp görmediňizmi? Siz atylanlara, has dogrusy atylýanlara haçanam bolsa bir wagt gynanyp görüpdiňizmi?
Pepel, gara gaýyş penjekde, gara gaýyş jalbarda, gara, ýasy kemeriň halkasy bilinde, gara, belentgonç, ýalpyldadylan ädikde, tämiz syrylan, timarlanan, Srubowa hötjet, sowuk mawy gözleri bilen dikanlady. Inçemik, kiçijik örküçli, dürsýasaw burnunam, kesgin, dörtburç eňeginem ýokaryk göterdi. Çep ýumrugyny tokga daş ýaly edip jübüsinden çykardy. Sagynyň ýaýbaň aýasy sapança gabynda.
-Men bar işji, siz bar intellihent. Mende bar ýigrenç, sizde bar pelsefe.
Başga hiç zat diýmedi. Ol mesawy gürrüňi halanok. Kärhanada ulalan. On ýyllap depesinde-de, aýagynyň astynda-da ýylan dek towlanyp, enjamlaň kemerleri haşşyldan, keseçleň gyýaklary jygyrdan, tekerleň enjamlara bat berýän pyrlampajy başyny aýlan. Ýaňraşmaga wagt ýok. Ýetiş, pyrlan. Şoň üçinem gepe gysganç bolupdyr. Ýöne oňa derek bakyşynyň gymmatly tizligini edinipdir. Köňlüne enjamyň demir kesirligini siňdiripdir. Kärhanadan urşa giden, uruşdanam – ynkylabyň goýnuna, Hanymyň gullugyna gaýdan.
Emma, şol işçiligine-de galypdyr. Ol gullukdaka, iş otagyndaka-da hereketlendiriji kemerleň haşşyldyly süýşüşinem, diriligiň gyýakly çarhynyň tagyrdysynam eşidýär. Iş otagynda-da ol edil ussahanasynda, abzal stolunyň ýa-da enjamynyň başynda duran ýaly. Sowatsyz, ýöne çalt ýazýar. Kagyzlar ýonuşga dönüp oň stolundan kätip gyzyň öňüne gaýýar. Şagyrdap jaň gelýär, telefony garbaýar. Bir gulagy bilen diňleýär, beýlekisi kätip gyzyň işlände takyrdaýşyna gözegçilik edýär. Takyrdyň arasy üzüläýdigem gygyrýar:
-Ýeri, bol, bol, çap et! Bahym!
Telefona-da çalgyrt gygyrýar:
-Ýakşi. Diňleýäm.
Haýdap barýarka-da säginmän öz ynamdarlaryna tabşyryk berýär, geçip barşyna şikaýatçylara ýa ýanyna gelenlere bir-iki agyz oklap geçýär. Çalt, çalt. Enjamda oturmaga-da, uzak pikirlenen bolmaga-da puryja ýok. Kärhanaň enjamlary bar bady bilen işleýär.
Ine şu pille-de, Srubowyň ýanyndan çykyp, öz otagynda ýanyna gireni gözleri bilen edil atagzy gysan dek gapjady, kürsüde oturtdy – isgenjä (gysaja) gysdy. Soňam çekiç-soraglary bilen ýokardan aşak inip ugrady.
-Näme? Ynama menasyplykme? Ýakşi. A sowethäkimiýetne duýgudaşme? Doly? Ýakşi. Ýöne soňurraga çen mantykle boleýliň...
Şu ýerde Pepel kätip gyzyň ýanynda aýdasy gelmeýänini kagyza ýazdy.
“Kim sowethäkimiýetne duýgudeş bolso, ondo ol kömek etdisi bar bermäge. Bizde siziňki bolorme gizlin hoborçy?”.
Oturan seňseleýär, ýarymrazy, ýarym ret etmesini pessaý hümürdeýär. Pepel bolsa ony eýýäm öz ynamdar adamlarynyň sanawyna girizip otyr. Onuň öňüne çap enjamynda ýazylan kagyzy somlaýar – bu gizlin habarçylar üçin gözükdirme.
-Razeme? Ýakşi. Okaýeň. Ynama menasyplyk bereris.
Elbetde ol, edil beýleki onlarça işgäri babatda bolşy ýaly, oňa-da ynanmak hakda pikirem etmeýär. Olaryň her biriniň berýän maglumatynam, bitiren işinem ilik-düwme barlaýaram, olary gözegçilikdenem sypdyrmaýar. Çekada işleýän iki ýyldan gowrak wagtynda onda hiç kime ynanmazlyk endige öwrülip gidipdi.
Srubow iş otagyna bolsa ýelmeşek ädimjikleri bilen zybyrdyklap, tagzym edip, epilip, ýalym-ýulum gülümjiräp polkownik Krutaýew sümülýär. Göwresi halparan, çalmurt, ýylçyr, göwşüllän serkerde şinelinde, stoluň beýle tarapynda ornaşýar.
Srubow garşysynda.
-Men size türmedekäm sowet häkimiýetine uzak mahallardan bäri dowam edýän mähirli duýgulam hakda ýazypdym, ýoldaş Srubow.
Polkownik arkaýynlyk bilen aýagyny aýagyna atdy.
-Men aýtdym, aýdarynam, siz meni işe kabul etmek bilen özüňize gymmatly hünärmeni hem-de jany-teni bilen berlen wepadar kommunisti işgär edinersiňiz.
Srubowyň Krutaýewiň ýüzüne tüýküresi geldi, soňam oňa şapbat baryny ýagdyryp, ony depgi astyna alasy gelip gyjyndy. Murtuny çeýnäp, sakgalyny agzyna dykyp, zordan saklandy. Dymyp diňledi.
Krutaýew şelaýyn ýylgyryşda myllyk dodaklaryny süýndürip, jübüsinden kümüş çilimdany çykardy.
-Mümkinmi? A siz?
Polkownik ýerinden gobsunyp, açyk çilimdany stoluň üstaşyr uzatdy. Srubow ýüz dönderdi.
-Şu gün muny size subut ederin, jany-teni bilen berlen ýoldaş Srubow hem-de kesgirden-kesgir aňly Gubçekaň başlygy!
Srubow sesini çykarmady. Krutaýew elini şineliniň böwürki jübüsine sokdy.
-Tomaşa ediň bakaly, bu juwanjyga.
Fotosuratjygy uzatdy. Birneme ýellenenräk, gyzykly ýüz, kapitanyň pogonlary. Gylyçdyr şöhratbagly Wladimir (orden).
-Onsoň?
-Aýalymyň dogany.
Srubow kibtini gysdy.
-Bolanda nä?
-A oň familiýasy, gadyrdanjan ýoldaş Srubow.
-Kim o?
-Klimenko. Kapitan Klimenko – goşun kontrazwedkasynyň başlygy.
Srubow oňa tamamlamaga mümkinçilik bermedi.
-Klimenko?
Krutaýew hoşal. Öçügsi garry gözlerine, ýagjymak mekir

IV

Eller galpyldysyny köýnegiň ýukajyk gatlarynda gizleýär. Ýarym sallanan kirpikler gözleriň galagop ýylpyldysyny ýapýar. Ýöne Walentina agyr dem almasynam, elheder almagyň sowuk tozgasynda ýüzünem gizläp bilmeýär.
Ýerde açyk çemodanlar. Sekiçede ütüklenen eşiklerdir daşlyklar dörtburç münderjikler bolup dur. Geýimtekje boş çekerlerini öweldýar. Olaň gulplaram ýasy dişlerini syrtardýar.
-Andreý, ýüzüňde gan-pet ýok, spirtiň ysy aňkap duran, eşigiňde gan yzlary bilen öýe gelýän şu gijeleň... Ýok, bu eýmenç. Men çydamok, – Walentina tolgunmasyna erk edip bilmedi. Sesi döwülýär. Srubow ukudaky çagany görkezdi:
-Ýuwaş.
Penjiräň erňeginde, arkasyny ýagta öwrüp oturdy. Aýnalaň al altynyna hüwjük kelläňdir tagaşyksyz eginleň gara kölegesi çyrşaldy.
-Andrýuşa... Birmahal şeýle ýakyn, düşnükli... Indi bolsa mydam içimtap, mydam ýüzi perdeli... Bigäne... Andrýuşa, – ärine garşy ümzügini atdy. Ebeteýsizlik bilen, böwür berip sekiçä özüni goýberdi. Daşlyklaň ak münderjigini ýere ýykdy. Demir ýeňselikden ýapyşdy. Başyny eliniň üstüne sallady:-Ýok, başaramok. Sen şu elhenç guramada gulluk edip başlalyň bäri men senden gorkýan...
Andreýden seda çykmady.
-Sende äpet, edil ýöne hiç hili çäklendirilmedik häkimiýet bar, senem... Men utanýan, aýalyňdygyma...
Yzyny aýtmady. Andreý çaltlyk bilen kümüş çilimdany çykardy. Çilim müşdügini gapagyna güýç bilen gaharly urdy. Otlady.
-Ýeri, soňl-a sözüňi.
Diwar sagadynda leňňerbanyň her urgusyndan soň towlaňňyr (pružina), göýä agaç ýanýodadan ýöräp barýan kimdir biri sagdyn aýagynyň ökjesi bilen beýleki, şikesli aýagyna pert-pert kakyp, şarkyldap, ony süýräp alýan mysaly hyžžyldaýar. Kiçijik Ýurka belent düşejiginde mysylaýar. Walentina dymýar. Penjireleň aýnasy sary ýokunduly çalymtyk. Eşiktekje, sekiçeler, çemodanlardyr sebetler, bulaşyk gara çişlere dönüpdir. Burçlarda kölegeleň ýumşak draprisi (epinli tuty) asyl-asyl, otag diwarlarynyň durulygyny ýitirip, gümürtik tegelenipdir. Andreý diňe çiliminiň köz-nokatjygyny görýär.
Edil şonuň ýaly ýene bir nokatjygam jigerine sünjülýär, ýürek ýanyp-bişip agyrýar.
-Dymýaňmy? Onda men aýdaýyn. Sen birtopar maýda-çüýde nejisjikleň öz äriňe jellat diýýänine utanýaňmy? Şeýlemi?
Walentine tisgindi. Başyny göterdi. Çilimiň ýiti, owadan garaçygyny gördi. Tersine bakdy.
Andreý, çilimi öçürmän, galyndysyny zyňdy. Gözüne ýerdäki uşajyk ot iňňesi dürtüldi. Ynjyly dürtüldi, edil Andreýiň jigerine sünjülişi ýaly. Walentina ýüzüni aýalary bilen ýapdy.
-Diňe maýda-çüýdeler däl... Käbir kommunistlerem...
Soňam, lapykeçlik bilen, özüne zor salyp, çala eşitdirip, soňky delilini öňe tutdy:
-Onsoňam Ýurka bilen bir azykpaýda oturmak ýüregime düşdi. Beýlekiler-ä oňarýar, a sen bolsa Gubçekaň başlygy, özüňem oňaraňok...
Andreý ädigi bilen çilimi zarply mynjyratdy. Gahary geldi. Özüni ýakynlygy bilen wejera eden, göwnüne tüýküren bu heleýe gödeklik baryny eňterip, ony peseldesi, üstüne tüýküresi geldi. Şeýle dar dünýä garaýyşly, özüne ruhy taýdan düýpgöter keseki şu ownukçyl heleý bilen nikada durandygyna, Srubowy yzaly utanç gaplap aldy. Çyrany ýakdy. Çemodanlar, bir otaga tötän taşlanan öwsele harmany. Özlerem şeýle. Şoň üçinem biri-birine bigäne. Saklandy, dymdy.
Walentina bilen ilkinji duşuşyklaryny ýadyna salyp başlady. Ony şu nalajedeýinje, görmeksizje, maýdaçyl heleýjige näme dartdyka? Hawa, hawa, ol onuň mertebesini peseltdi, öz ýakynlygy bilen ony wejera etdi, sebäbi ol özüni hakykatda düýbünden däl bolan şahsyýeti hökmünde görkezdi. Ol ähtiýalan ussatlyk onuň pikirlerini, isleglerini çirtmege düşürdi, olary inçe hilegärlik bilen gaýtalap, olary özüniňki hökmünde beýan etmegi başardy. Ýöne, näme, aýal bilen, diňe şol aýalyň ynançlarydyr pikirleriniň, onuň bilen ýakynlyga girýäniň pikirdir ynançlaryna doly deňme-deň gelýändigi üçin ysnyşýarlarmy? Bäş ýyl bäri bile. Nähili bidereklik! Ýogsa, öň ony oňa tarap dartan başga-da nämedir bir zatlar bolupdy ahyry? Şol nämedir bir zadam, bu heleýiň ony taşlap gitmek hakda gutarnykly netijä gelen şu müddetinde-de bardyr-a. Näme şo, “şol nämedir bir zat”? Srubow özüne hiç düşündirip bilmeýärdi.
-Onda näme, diýmek, sen hemişelik gidýäň-dä?
-Hemişelik, Andreý.
Aýalynyň sesinde, hatda keşbiniň terzinde-de – pugtalyk.
Öň üns bermändir.
-Ýeri bolýa-da, jylawyň boýnuňda. Dünýe giň. Sen özüňe laýyk ynsana gabat gelipsiň, menem gelerin-dä...
Özüniň bolsa gursagy para-para. Näme üçin agyrýarka? Walentina babatda “şol nämedir bir zadyň” henizem pytraman, abat saklanyp galandygyndanmy? Ogly. Ol ikisiniňki. Ikisine-de mähriban. Onsoňam kine. Jellat. Sözem däl bu – dürre. Ondan ýaňa şeýlebir agyrýar welin, ýakyp-ýandyryp barýar, çydar ýaly däl. Kalby onuň bilen besse-besse saýgylanan. Ynkylap emr edýär. Hawa. Ynkylapçy öz borjuny soňuna çenli berjaý edendigine buýsanmaly. Hawa. Ýöne, söz, söz. Nirädir bir ýere, sekiçäň astynda, geýimhana dykylaga-da düýrükseň. Goý, hiç kes görmesin. Özüňem – hiç kimi.

V

Srubow, Hanymy her gün iki reňkli eleşan lybasda görýär – gyzyl hem çal. Onsoň Srubow pikir edýär.
Ýalan badyhowalykda terbiýelenen buržuaz ynkylaplary üçin – Hanym gyzyl geýimli hem gyrmyzy reňkli. Ýok. Diňe gyrmyzylyk bilen Ony häsiýetlendirip bolmaýar. Gozgalaňlaryň ýalny, pidalaň gany, göreşe çagyryş – bu gyzyl reňk. Işçileň ajy derine eýlenen günler, açlyk, gedaýçylyk, zähmete çagyryş – bu çal reňk. Hanym gyzyl-çal reňkli. Biziň – Gyzyl Tugumyzam – ýalňyşlyk, nätakyklyk, ýarymgeplilik, öz-özüňi aldamak. Oňa çal zolagam çatylmaly. Ýa-da, belki, ony tutuşlygyna çalreň etmeli. Çal meýdanda-da gyzyl ýyldyz. Goý, hiç aldanmasyn, özüne ham-hyýalam döretmesin. Ham-hyýal näçe az bolsa – şonça-da hata, göwnigeçme az bolýar. Dünýägaraýyşam sersagrak, mäkämräk.
Ýene-de pikir edýär:
-Näme, dagy bu gyzyl baýdak göterile-göterile şyrky çykarylmadymy, sosial-demokrat diýen sözüňem ulanyla-ulanyla lenji çykmadymy? Näme dagy, ony göterip, parladyp, onuň aňyrsynda işçi synpydyr ynkylabyň jellatlary bukulmadymy? Näme, ol Tawrida bilen Gyşky köşkleriniň depesinde, Samaranyň Esaslandyryjy komitetiniň binasynda galgamadymy? Näme, kolçakçy diwiziýa şo tuguň astynda söweşmänmidi? A Gaýdeman, Wanderwalde, Kerenskiý...
Srubow urşujydy, ýoldaşdy, ullakan gara ynsan gözli aňrybaşy adaty adamdy. Ynsan garaklaryna bolsa gyzylam gerek çalam, olara reňklerdir ýagtylyk zerur. Ýogsa olary tukatlyk gabsaýar, olar solýar.
Srubowyň her güni – gyzyl, çal, çal, gyzyl, gyzyl-çal. Eýsem çal hem gyzyl dälmi – öý dökmeler – sandyklaň naftalin rahatlygynyň agdar-düňderligi, özgeleň öýleriniň ürküzilen ümsümligi, rekwizisiýalar (emlägiň tölegli alynmagy), konfiskasiýalar (emlägiň muzdsuz alynmagy), tussaglyklar, wehimden ýaňa gyşaran ýüzler, tutulanlaň hapa hatarlary, gözýaşlar, towakgalar, atuwlar – çym-pytrak edilen kelleçanaklar, bugaryp duran beýni üýşmejikleri, gan. Şoň üçinem ol kino gidýär, baleti halaýar. Şol sebäpdenem aýalynyň giden gününiň ertesi teatrda täze balerinaň gastrolynda otyr.
Teatrda diňe orkestr, çyra aýlawy, sahna ýog-a. Teatr – bu ýene tomaşaçylaram. Saz topary gijä galsa, sahna ýapylsa, onda tomaşaçylaň köri ýok. Tomaşaçylaram – ýüzlerçe gözler, onlarça dürbüler, lornetler, Srubowy synlaýarlar. Srubow nirä öwrüläýsin – gözleň, gözleň, gözleň ýylpyldawuk aýna tegelejikleri bolup dur. Lýustradan, dürbülerden, lornetlerden, gözlerdenem – olaryň şöhlesi. Hemmesiniň görüş merkezinde – Srubow. Aşaky orunlardan, aýmança orunlardan, ýokarky aýlawly gatdaky orunlardanam eşidiler-eşidilmez pyşyrdyň şemalpisint tolkunjyklary ýaýraýar:
-Gubçekaň başlygy... Gubýerzeminiň hojaýyny... Gubjellat... Gyzyl žandarm... Sowet garawuly... Garakçybaşy...
Tolgunýar Srubow, meňzi agarýar, oturgyçda oýkanjyraýar, agzyna sakgalyny dykýar, murtuny çeýneýär. Onuň gözlerem, reňklerdir nur gerek adaty ynsan gözleri, garalýar, ýigrençden dolýar. Onuň argyn beýnisi dynçlyk küýseýär, tikenleri bilen syh-syh bolup, pikir seçýär.
“Sowet teatrynyň mugt tomaşaçylary. Sowet gullukçylary. Belet men, size. Ýarym göwşüllän, pogonlary goparylan iňlis frençliler. Ýarym öňki gul bikeleri, ýama-ýama köýnekli, kirli, mäjerlenen sütük boýunlykly (goržet). Hymy-symylaşýaşýaňyz. Gözjagazlaňňyzy mäzerdýäňiz. Mergiden gaçan dek tasap towusýaňyz. Nejisje janjagazlar. Birek-biregiň üstünden şugullamagy bolsa dowam edýäňiz-ä? Çuň duýgy bilen, tabynlygyňam sadyklygy bilen tutuş kagyzlaň ýüzünde germesatan bolýaňyz-a. Ýigrenjiler. Bilýän, bilýä-ä-n, siziň araňyzda partiýaň hataryna sümülen kommunistjikler bar. “Sosialist” diýilýänjeler bar. Siziň köpüňiz dem tutulýan uwlama bilen aýdyma gygyrypdyňyzam, gygyrýarsyňyzam – hemme näletkerdelere şepagatsyz kasaa... Ar hem ajal... Ur olary, ýok et, zalym näletsiňmişleri! Duşmanlarymyzyň gany bilen boýarys biz. Emma, ýigrenjiler, çekistlerden welin çeke durýarlar, çeke durýarsyňyz. Çekistler – ikinji dereje. Eý haramzadalar, ikiýüzlüler, nejis tämizjesireýänler, kitapda, gazetde, siz nazary nukdaýnazardan ak zuluma garşy gyzyl zulum bilen göreşmäge garşy däl, onuň hökmanylygyny ykrar edýärsiňiz, emma siziň ykrar eden nazaryýetiňi amal edýän çekisti welin, äsgereňzok. Siz aýdarsyňyz – duşmanyň ýaragsyz. Ýöne ol dirikä – ol ýaragsyz däl. Onuň baş ýaragy – kellesi. Bu bir gezek subut edilmedi. Biziň elimizde bolup, ýok edilmedik Krasnow, ýunkerler. Siz zulumgär ýykgynçylary, ynkylapçy-sosialistleri gahrymanlyk şuglasyna besleýärsiňiz. Näme, eýsem Sazonow, Kalşew, Balmaşew edil şeýle jellatlar dälmidi? Elbetde olar muny owadan ýaldyr-ýuldurlygyň şuglasynda, görlüp-eşidilmedik badyhowalyk bilen, dyňzan bolup, müňzän bolup gaýyrýardylar. Emma bizde bu adaty bir gündelik iş. Siz bolsa işden öler ýaly gorkýarsyňyz. Biz ymgyr gara, hapa işi ýerine ýetirýäris. A siz gara işiň azapgär zähmetkeşlerini halaňzog-a! Siz hemme ýerde, ähli zatda, hatda hajathanada-da naşyja päkizeligi eý görýärsiňiz ahyry. Ony arassalaýan poh ardyjydan bolsa, siz, seňrigiňizi ýygryp, ýüz öwürýärsiňiz. Ganlyja jylkadan kakmajy gowy görýäňiz. Emma “gassap” siz üçin paýyş söz. Siziň hemmäňizem, garaýüzlükçiden (radikal monarhist) başlap sosialiste çenli, ölüm jezasynyň gerekdigini aklaýarsyňyz. Ýöne jellatdan welin gaça durýaňyz, ony hemişe-de ýyrtyjypisint Malýuta hökmünde şekillendirýärsiňiz. Jellat hakda siz mydama-da ýigrenç bilen gepleýärsiňiz. Emma, men welin, size diýýän, nejisler, biz – jellatlaryň, özümize hormat goýulmagyna hakymyz bar...”.
...Ýöne ol, oýnuň başlaryna çen oturmady, zyňlyp galdy-da, çykalga ýöneldi. Gözler, dürbüler, lornetler, böwründen, arkasyndan, çat maňlaýyndan yzarlaýar. Ol nädip sesli hüňürdänini özem duýmady – ýigrenjiler. Soňam tüýkürdi.
Öýüne ýüzüni agardyp dolandy, duluklaram öz-özünden dartylyp gidýär. Gapyny açan gara köýnek-ýaglykly kempir, oň gözüne mähirli-synçy äňetdi:
-Sen ýaraňokmy, Andrýuşa?
Srubowyň eginleri mejalsyz sallanyp durdy. Ol ejesine halys bolan, agyr nazar bilen garady, ne reňk, ne nur berilmedik gözlerem öçük, lapykeç.
-Men ýadadym, eje.
Bada-badam sekisinde süýndi. Ejesi aşhanada gap-gaçlary takyrdadýar. Agşamlyk taýynlaýar. Ýöne Srubowyň diňe ýatasy gelýärdi.
Düýşünde-de Srubow mähnet enjamy görýär. Üstünde-de kän adam. Baş hünärmenler dolandyryjy orunlarda, ýokarda, tutarlary süýşürýärler, çarhlary towlaýarlar, alysa tiňkäni dikip durlar. Olar arasynda köprüçeleň germewinden eglip, gollaryny kelemenledýärler, aşakda işläp ýören kimdir birlerine nämedir bir zatlary gygyrýarlar, diňe öňe-de görkezýärýärler. Aşakdakylar ýangyç ýükleýär, suw sordurýar, ýaggaply ibirtde-zibirt. Hemmesem gurumdan ýaňa hüýt-gara, arryk. Iň aşakda, çarhlaň ýanynda, ýalpyldawuk pyçak-çarhlar pyrlanýar. Olaň gapdalynda Srubowyň gullukdaşlary – çekistler. Çarhlar gangyzyl mäjumyň içinde aýlanýar. Srubow mäjuma siňe seredýär – gurçuklar. Sap-sap bolup enjama tarap süýşüp gelýärler, ýumşak, gyzyl gurçuklar, enjamyň iç-goşuny hapadan dolduryp, ony zaýalap taşlamaga dalaş edýärler. Pyçak-çarhlar olary dograýar, dograýar. Dym-gyzyl çig hamyr syçrap tekerleriň astyna gaçýar, topraga basgylanýar. Çekistler çarh-pyçaklardan daşlaşmaýar. Olaryň töweregem etiň ysyndan aňkaýar. Ýöne Srubow hiç düşünip bilmeýär: näme üçin, çig däl-de gowrulan etiň ysy.
Birdenem gurçuklar sygra öwrülýär. Kelleleri bolsa adamyňky. Adam kelleli sygyrlaram edil gurçuklar mysaly – süýşenekläp, dyrmaşyp gelýärler, gelýärler. Özi işleýän çarh-pyçaklar olary dogramaga ýetişmeýär. Çekistler elleri bilen olaryň ýeňsesine pyçak sünjüp ugraýarlar. Ýene-de dökülýär, dökülýär enjamyň aşagyna gyrmyzy hamyr. Sygyrlaryň biriniň gözem göm-gök. Guýrugy – gyzyň altyn saçy. Srubowa dyrmaşýar. Srubow onuň iki gözüniň arasyna ýelmeýär. Pyçak yzyna çykanok. Ýaradan ganyň, gowrulan etiň ysy ýüzüne hapylady. Dymyk. Srubow demigýär.
Sekiçäň gapdalyndaky stoljagazda ýalpak tabakda iki üwmeç (kotleta). Ýanynda çarşak, çörek kesimi, süýtli bulgur. Ejesi oýaryp bilmän, goýup giden bolmaly. Srubow oýandy-da, gygyrdy:
-Eje, eje, sen näme üçin maňa et goýduň?
Kempir ukuda, eşitmeýär.
-Eje!
Düşeginiň garşysynda tekjeli aýna. Onda jaýty burun, gan-petsiz keşp. Howatyrdan püre-pür äpet gözler. Bulam-bujar saç, sakgal. Srubow gymyldamaga-da üýşenýär. Aýnadaky ekiztaýy ony sypdyrman yzarlaýar, ähli hereketini gaýtalaýar. Ol edil çagajyk deý, nalynýar:
-Eje, eje.
Uklap ýatyr, eşitmeýär. Öýde ümsümlik. Sagat leňňerbanynyň şikesli aýagy şarkyldaýar. Sagat gyryk şyrkyldaýar. Srubow sowaýar-da, düşegine ýelmeşip doňýar. Ekiztaýy garşysynda. Mejnun bakyşy sak. Ol garawullaýar. Srubow ýene-de ejesini çagyrmak isleýär. Dilini aýlara deramaty ýok. Sesem ýitdi. Diňe şo-o-l, aýnadaky beýleki dodaklaryny sessiz gymyldadýar.

VI

Srubowyň gimnaziýadaky, uniwersitetdäki, ynkylapdan öň gizlin partiýa işindäki ýoldaşy Isaak Kats, Gubsekanyň Kollegiýasynyň agzasy, Srubowyň kakasynyň – lukmançylyk ylymlarynyň doktory Pawel Petrowiç Srubowyň ajal hökümine gol çekipdi. Şol, moskwaly, garasakgal, tylla äýnekli lukmanyň ölüm jezasyna. Ol lukmanam, wagtynda oglunyň bilelikde derslere taýynlanýan ülpedi, gimnazistjik Katsyň çypar kekejini wäşilik bilen sypalardy, “Ika” diýip onuň adyny tutardy, Katsam oňa: “Pawel Petrowiç” diýip ýüzlenerdi.
Atuwyň öňisyrasynda, ýerzeminiň çyg dymyklygynda çykarynýarka-da Pawel Petrowiç, Katsa diýipdi:
-Ika, Andreýe aýt, men oňa-da, saňa-da ýigrençsiz ölýändirin. Men bilýän, adamlar haýsam bolsa bir başpikire uýup, ondan ýaňa şeýlebir batyl bolýarlar welin, olar sagdyn pikirlenmegem, agy garadan saýgarmagam bes edýärler. Bolşewizm – bu häzirki pursatda rus halkynyň agramly böleginiň ýolugan wagtlaýyn hassalyk hadysasy, guduzlyk tutgaýy.
Çuw-ýalaňaç, garasakgal lukman, suw berlen kümüşsaç başyny biraz gapdala egdi, tylla çarçuwajykly äýnegini aýyrdy, komendanta uzatdy. Elini eline owkalabam, Katsa tarap ätdi:
-Indi bolsa, Ika, seň eliňi gysmaga rugsat ber.
Şonda Katsam, gözler-ä mydama mylakatly, sesem hemişekisi dek begresi-mymyk bolan lukman Srubowa elini bermän bilmändi.
-Tizden-tiz gutulmagyňy arzuw edýän. Garry lukman hökmünde maňa ynan, edil meniň seni hapgyrtmadan bejeren, gimnazist döwrüňdäki ýaly ynan, seniň keseliň, edil tutuş rus halkynyň keseli dek, hökmany ýagdaýda bejerip boljak ýarawsyzlyk, wagtyň geçmegi bilen yzsyz-tozsuz hem ebedilik ýitip gider. Hemişelik ýiter, çünki keselläp sagalan bedende ýeterlik derejede garşylykjisim emele gelýär ahyry. Hoş.
Şeýle diýibem lukman Srubow, erkini elden bermekden çekinip, tersine döndi, bükrerilibem, diwara garşy gyssanmaç ätdi.
Şu gün atuwlara gatnaşmaga borçly, Gubçekaň Kollegiýasynyň agzasy Isaak Kats bolsa, ýerzeminden ümdüzine tutduryp, gaçyp gitmän zordan saklandy.
Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Pawel Petrowiç Srubowyň atylan gijesi, Gubçekaň Kollegiýasynyň agzasy Isaak Kats telegramma bilen edil şo öňküsi dek Gubçekaň Kollegiýasynyň agzasy wezipesine başga şähere – Andreý Srubowyň işleýän şäherine geçirildi. Gelen ilkinji günem Isaak Kats Andreý Srubowyň öýünde oturyp, Andreý Srubow bilen bile kofe içýärdi. Srubowyň ejesi, ýüzüniň gany öçük, garagarak kempir bolsa, gara köýnekli, gara ýaglykly, kofe gaýnadyp beripdi, soňam ogluny aşhanadan çagyrypdy-da, garaňky dälizçede pyşyrdap diýipdi:
-Andrýuşa, Ika Kats seň kakaňy atdy, senem onuň bilen bir saçagyň başynda otyrsyň.
Andreý Srubow aýalary bilen ejesiniň ýüzüne mähirli galtaşyp pyşyrdapdy:
-Eziz ejemjan, ejemjanjygym, bu hakda gürlemegem gerek däl, pikir etmegem. Hany, bize ýene-de bir bulgur kofe bersene.
Özüniň şo hakda gürläsem gelmeýär, oýlanasam. Ýöne Ika Kats gürlemezligi gelşiksiz hasaplaýardy, şoň üçinem gürleýärdi. Gürleýärdi, çemçejik bilen bulguryny bulap, şyňňyrdadyp, özüniň gyzylymtylrak, çypar tüýli, gök damarlak elini ünsli synlap, çypar, buýrasaç başyny aşak sallap, bugaryp duran kofeň üstüne eglip, onuň – ýiti, kesgin, gaýnaýan süýdüň ýumşak ysyna garyşýan ysyny işdämen sorup...
-Atmasaň düýbünden boljak däldi. Garry, Bolşewizme garşy göreşmegiň jemgyýetini – BGGJ-ni gurnapdyr. Şeýle “bggj-leň” bütin Sibirde döredilmegi hakynda arzuw edipdir, jemgyýetiň medeniýetli gatlagynyň sowetlere tersa, pytraňňy wekillerini birleşdirmek isläpdir. Derňewiň dowamynda, ol, olary: “bggjeçiler” diýip atlandyrdy...
Gürleýär, ýüzüni welin, bulgurdan galdyrmaýar. Srubow diňleýär, haýaljakdan şybygyny doldurýar, onuň gürläsiniň gelmeýändigini, ýöne diňe sypaýyçylyk üçin gürleýändigini duýup, Katsa seredenok. Srubow kakasynyň atylmagynyň zerurlykdygyna, özüniňem ynkylapçy-kommunist hökmünde munuň bilen şertsiz, nägileliksiz ylalaşmalydygyna özüni ynandyrmaga çytraşýar. Emma, gözlerini goňur suwuklykly bulgury gyzyl, kelte barmaklary bilen gysymlaýan ele – kakasynyň ölüm hökümine gol çeken ele tarap dartýar. Ol zordan dodagyny açyp, ýasama it ýylgyryşy bilen diýýär:
-Bilýäňmi, Ika, bir sadagöwün çekist Kolçagy sorag edýärkä diýipdir: “siz näme üçin we näçeleri atdyňyz?”, Kolçak jogap beripdir: “Biz siziň bilen, jenaplar, göwnüme bolmasa, uly adamlar ýaly, geliň, nähilem bolsa çynlakaý zat barada gürrüň edeliň”. Düşündiňmi?
-Bolýa, gürlemäli.
Katsyň özi bilen şeýle çalt ylalaşmagyndan, oň nöwert deý ýylmanak, gyzyl, etlek, gaňyrçagrak jaýtyburun keşbindäki, petrewük, ýaşyl gözlerindäki agaçpisint biperwaýlykdan ýaňa Srubowyň ini tikenekläp gitdi. Kats dymyp, sesli ýuwdup, kofe içmäge başlanda, Srubowyň pikirleri çaltdan-çalt, biri-biriniň yzyndan eňip, kellesinde at salýardy. Aklama-pikirler. Kimiň öňünde? Belki Hanymyň öňündedir, belki öz-özüniň öňünde. Srubowyň gözlerinde yza, utanç, isleg, ýeňilmez hyjuw möwç urýar – aklanmak. Eger-de daşyňdan aýtmaga gaýratyň çatmasa-da, iň bolmanda içiňden, aňyňda özüňi aklamak, aklamak, aklamak.
“Men berk bilýän, her adam, diýmek kakamam – et, süňk, gandan ybarat. Men bilýän, atylanyň jesedem – et, süňk, gan. Ýöne näme üçin bu eýmenç gorky bar? Näme üçin ýerzemine düşmekden elheder alyp başladym? Näme üçin men Katsyň ellerine jiňkerilýän? Sebäbimi? Sebäbi erkinlik bu garadangaýtmazlyk. Çünki erkin bolmak, bu ilki bilen gaýduwsyz bolmak. Şoň üçinem men heniz doly azat däl. Emma muňa men günäkär däl. Ýüzlerçe ýylky gulçulykdan soňky azatlyk hem häkimiýet – bu ýeňil ýük däl. Çynmaçyn hanymjygynyň ýepbeşdirilen aýaklaryndan sargysyny aýyr – ýykylar durar, öz çolak-mulak aýajyklaryny derde ýarar sypata getirip, adam ýaly ýöremegi öwrenýänçä emedekläp bizar bolar. Ojagaz hanymjygyň küýseglerdir matlaplary, hyjuw-yhlaslary, belki ummandanam kändir, emma çolak jontuklary oňa päsgel berer. Şeýle jotdajyklar, elbetde, Napoleonda-da, Smerdýakowda-da bolandyr. Eýsem biziň haýsymyzda myžžygy çykarylan aýaklar ýokdy? Öwrenmek, türgenleşmek, has dogrus-a bärde, gaýtadan doglup, endamyňa başga ham ösdürmeli bolaýmasaň”.
Kats içip boldy. Bulgury goýman, daşyndan oýlandy ýa-da Srubowa aýtdy:
-Elbetde, bärde geplän, aglan, akyl satan bolmak nämä derkar. Biziň her birimizem, megerem, horkuldamaga haklydyrys-la. Ýöne synpy göreş bütewiligine şepagatsyz, zabun, zalym. Synpy göreş hiç haçanam jesediň üstünde säginmez – ätläp geçer. Eger-de biziň ikimizem mürepbeleşsek, onda biziň üstümizdenem ätlärler.
Şol wagt Gubçekada, No 3 ýerzeminde bolsa dyzlaryň saňňyldysy, elleriň titremesi, ýüz on iki adamyň dişiniň şakyrdysy eşidilýär. Galyň possunçasynyň aşagyndan gyzyl galifesi yşyraýan komendantam, bägülreň, taýpy ýüzli, elinde ak kagyz – sanaw, bir ýüz on iki tussaga, jemlenip, goşlary bilen çykmagy buýurýar. Galpyldam, saňňyldam, bogazlaň tüýdüge dönmesem, gözýaşlar, sojamalar, iňňildi... hemmesi-de, hut şol elgoşly çykmalydygy barada buýruk sebäpli. Ýüz on iki sowet häkimiýetine garşy pitnä gatnaşanlar, olar elleri ýaragly tutulan, özlerem bilýärler, ählisini atarlar, ýöne umyt edýärler, eger-de goşlary bilen çykarýan bolsalar – atuwa äkidýärler.
Ine-de ýüz on iki sany, gara, çypar goýun derisinden içmekli, kokap duran possunly, possunçaly, ala-mula it, sugun, geçi, göle derisinden çolama-içmekli, penjekli, tüýlek telpekli, uzyngulak gulakjynly, nagyşlanan ham ädikli, adaty çarykly adamlar, giň komendanthanada goşlaryny dag deý üýşürip, ýerzeminden çykýarlar. Zeýden, tümlükden, alakalardan, ýaýkyldap duran, heňli tekjelerden, gorkudan, gutulgysyz ajalyň öňýanyndaky garaşmakdan, alasarmyk ýarymbihuşlykdan, ukusyz gijelerden... saýlanyp, Gubçeka bilen WÇK-nyň batalýonynyň klubyndaky tomaşahana ýönelýärler. Şo baryşlaryna-da, ýagty, giň mermer basgançaklardan, sakçylaň heýkele dönüp duran, howanyň bolsa elektrik nurdan-a dym-dykyz, kaloriferleriň (ýyladyş enjamlary) gurak demindenem ýyp-ýylyjak meýdançalaryndan geçip gaýdýarlar. Uzyn, alabeder, ýüzkelleli, yslak mahluk, çokaýlardyr ham ädikleň mymyk şybyrdysyna beslenip, komendantyň yzyna düşüp, üçünji gata tabynlyk bilen galdy-da, tomaşahanaň ähli oturgyçlaryny ala ham bilen örtdi.
Sahnaň perdesiniň gyzyl matasynda ýazgy: “ALDAWA SALNAN DAÝHANLARDAN SOWET HÄKIMIÝETI AR ALMAÝAR”.
Ýazgyny bogna bölüp, zordan aýyl-saýyl etdiler-de, şadyýan umyt bilen dem aldylar, içlerine jan girdi, pyşyrdaşyp ugradylar. Emma, diwarlaň ýüzünde arça agaçlarynyň ýaşyl salkymlarynda eýmenç, biri-birine gapma-garşy, gorkuzýan başga ýazgylaram bar:
“OKTÝABR YNKYLABYNYŇ DUŞMANLARYNA ÖLÜM”.
“ANTANTA WE ONUŇ HYZMATKÄRLERINE ÖLÜM”.
Epinlerini gabsan saňňyldydan ýaňa, ala hamy galpyldy gaplady. Pyşyrdam güýçlendi, hörpündäki howsalasy artdy.
-Öl-ö-lü-ü-m... Öl... ölü-ölü-m... ölü-ölü-ölüm...
Zalda deriň, kirli içki eşigiň, dolagyň, turşy içmegiň, temmäkiň dürüşde ysy. Komendant penjiräň ýokarky gözüni açmagy buýurdy. Alabeder, çöpürlek mahluk, temek ýelkenlerini nebsewür çişirdi-de, ereýän garyň ter yzgaryndan, topragyň ilkinji sowuk deriniň ser sämedýän serginliginden döşüni dolduryp sordy. Mahluk lapykeçlik bilen bimaza gozganjyranda, oturgyçlar şatyrdady, jygyldady. Sagdyn, berdaşly mahlugy, toprak özüne çekýär, ol onuň gara emjegine agyz urup, özüniň ullakan, zähmet derinden ýaňa öl-myžžyk göwresi bilen oňa gysmyljyrasy gelýär.
Srubowam, Katsam, zala girenlerinde, tussag edilen daýhanlaň ýüz-gözünde çal tukatlygy gördüler, düşündiler, bu nalajy lapykeçlik, bikärlikden, ýerzeminiň dymyklygyndan, ajala garaşmagyň hupbatyndan, topraga, onda işlemäge bolan sabyrsyzlykdan emele gelen. Srubow çalt, çeýe gadam bilen sahnaň mündi. Uzyn boýly, jalbardyr penjegiň gara gönünde, garasakgal, garasaç, böwri sapançaly, arkasynda gyzyl perde, ol şo durşuna bürünçden guýlana çalym edýär. Boýun egdirilen, berdaşly alabeder mahlugyň gözlerine gaýratlylyk bilen çiňerildi. Birinji söz – ýüzlenmesini ol ýeňşe ynamly tabyn edijiniň şatlygy bilen aýtdy:
-Ýoldaşlar...
Pessaý, haýaljakdan, çalaja heňlendirip söze başlady. Edil ýyrtyjyň hötjet gaty ýüňüni ugruna sypan ýaly. Mahlugyň tutuş alabeder hamynda ýeňiljek, gyjykly tisginmäni döretdi. Tabyn edilen ýyrtyjyň kapasasyny ap-arkaýyn açýan eldekileşdiriji deýin, Srubow, asuda yglan etdi:
-Bir sagatdan siz goýberilersiňiz.
Ýüz on iki jübüt göz, alawly şatlyk bilen uçgun syçratdy. Alabeder mahluk tolgunmaly begenç bilen hyňrandy. Penjiräň açyk gözünden ereýän garyň ser sämediji hoşboýlygy dynuwsyz akýar. Burun deşikleri ýel gapan ýelken deý giňeýär, bahar serhoşlygy başlary aýlaýar. Srubowam alkymlan ýazyň gammar demine, ýüz on iki adamyň haýwany şatlygyna heýjana geldi. Sözleriň heýjaneleklikden ýarsan, ullakan, ýalynly burumlary gursagyny dyňzadýar. Daşyna çykybam olar, güneşli, gözüňi gamaşdyrýan uçgun ýagmyry bolup, mahlugyň alabeder hamyna seçelendi-de, şatyrdap, onuň tüýüni çirkizip, gyzyl, gök, ýaşyl közjagazlar kimin ibirt-zibirt gaýmalamaga başladylar.
-Ýoldaşlar, Ynkylap – azygyň mejbury alynmagam däl, atuwlaram, Çeka-da däl.
Ataş deňzinde kakasynyň gara-köýük sudury peýda boldy, dessine-de ýom-ýok boldy, ýanyp-köýdi.
-Ynkylap – zähmetkeşleň doganlygy!
Bu çärä ýörite niýetlenip taýýarlanan aýdym-sazly dabaradyr sahna oýnundan soň erkinlige goýberilen alabeder mahluk, dokmäde hyrryldy bilen, ýüzlerçe aýaklaň güpürdisini döredip, serpik derwezeden köçä ylgady.
Ýaşaýyşyň sebäpsiz, sermest, haýwany şadyýanalygy bilen çekistlerem serhoş boldular. Şol gije, gyzyl baýdakly, gyzyl ýazgyly, derwezleridir gapylary garawully, ak, üçgatly, daş bina öň görmedigini gördi.
Derwezeden hahahaýlaşyp, ala-gykylyk bolşup, Gubçekaň işgärleri çykdy. Gubçekaň başlygy oglanjyk mysaly ylgap öňe geçdi-de, bir gysym gar garbady, onam Wanka Mudynaň tumşugyna mäjerledi. Wanka gülküsine demigip, şadyýan çyňsady.
-Men häzir size, ýoldaş Srubow, başlykpaý ýelmärin!
Tutuksy Bože Mudynýany goldady. Bada-bat Srubowyň arkasyna, ýeňseçukuryna goşa sowuk tokga patylady. Srubow bolsa çekistleň hümerine ýene bir logalany iberdi, çekistlerem uly arakesmede köçä ylgan bigam okuwçylar deý, çirkin gowur bilen gar zyňyşmaga başladylar. Gar tokgasy – gülki tokgasy. Gülki – gar. Diriligiň, dynnym ýalyjagam ýasamalyksyz, sebäpsiz-bahanasyz, sermest, haýwany heýjanalygy.
Srubowy boýdan-başa gara bürediler, agartdylar. Hatda eldegrilmesiz şahslar – garawullaňam ýüzlerine degdi.
Hoşlaşdylar-da, ýakalaryndan öl geçen, jym-gyzyl, lowlap gyzýan elleridir ýaňaklary bilen, argyn halda dagadylar.
Srubow burçdan aýlananlarynda Katsyň elini gysdy-da, oňa durlanan, ýyldyrawuk gara gözleri bilen dikanlady.
-Duşuşýançak, Ika. Hemme zat oňatlyk, Ika. Ynkylap – bu durmuş. Ýaşasyn Ynkylap, Ika!
Öýünde-de Srubow işdämen agşamlyk edindi. Naharyň başyndan turup barýarka-da, gamgyn, gara zenany bagryna basdy – ejesi, onuň bilen otagyň içinde pyrlanmaga başlady. Ejesi sypjak bolup dyzaýar, gatyrganjagynam bilmeýär, güljeginem, oslagsyz walsyň däli aýlawlaryna demigip gygyrýar:
-Andreý, sen aklyňdan azaşypsyň. Goýber, Andreý...
Srubow bolsa diňe gülýär.
-Hemme zat oňatlyk, eje jan! Ýaşasyn Ynkylap, eje jan!

Dowamy bar >>
Категория: Powestler | Просмотров: 80 | Добавил: Bagabat | Теги: Wladimir Zazubrin | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Taraşa / powest - 01.02.2024
Ene / powest - 13.01.2024
Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024
Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024
Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024
Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]