09:31 Taraşa -3/ powestiñ dowamy | |
VII.
Powestler
Sorag edilýän, iş otagynyň ortasynda. Ýiti ýagtylyk oň gözüne düşýär. Arkasynda, gapdallarynda – tüm. Alnynda, ýüzbe-ýüz – Srubow. Sorag edilýän, diňe Srubow bilen ýagtylyk çägindäki goşa garawuly görýär. Srubow kagyza gümra. Sorag edilýäne üns bermeýär. Seredenogam. Ol bolsa howsalada, ýaňy dürterip ugran, naýynjar murtjagazyny tüýdýär. Jogaplaryny taýynlaýar. Srubowdanam gözüni aýyrmaýar. Onuň häzir sorap başlaryna garaşýar. Bihuda. Bäş minut – dym-dyrslyk. On. On bäş. Sorag edilermikä bir diýip müňkürlik aralaşýar. Belki, ony diňe boşatmak hakda karary yglan etmek üçin getirendirler? Erkinlik hakda pikirler ýeňil hem begençli. Birdenem, duýdansyz sowal: -Adyňyz, ataňyzyň ady, familiýaňyz? Sorady, kellesinem galdyrmady. Hamana, soran özem däl ýaly. Şol bir kagyzlary ondan-oňa geçirişdiren bolup oturyşy. Sorag edilýän tisgindi, jogap berdi. Srubow jogaby ýazmak hakda pikirem etmedi. Emma barybir sowal berildi ahyry. Sorag başlady. Diýmek jogaplaram berläýmeli. Bäş minut – ümsümlik. Soňra ýene-de: -Adyňyz, ataňyzyň ady, familiýaňyz? Sorag edilýän aljyrady. Ol başga sowala garaşýardy. Sägindi-de, jogap berdi. Özüni köşeşdirip ugrady. Ondan gaýtalap soranlarynyň üýtgeşik zady ýok. Täze arakesme. -Adyňyz, ataňyzyň ady, familiýaňyz? Bu welin, eýýäm çekijiň urgusy. Sorag edilýän serpmeden gaýdan mysaly. Srubow bolsa hiç zady aňmadyksyraýar. Ýene arakesme. Soň ýene sowal: -Adyňyz, ataňyzyň ady, familiýaňyz? Sorag edilýäniň deramaty giden, ol letde. Pikirini jemläp bilmeýär. Özüm arkalyksyz oturgyçda otyr. Diwardan daşda. Dogrusy, diwar görnenogam. Myllyk garaňkylyk. Ýaplanara zat ýok. Bu çyrada gözüňi iýýär. Garawullaň tüpeňleri. Srubow, ahyrsoňy başyny göterýär. Gurşun bakyş bilen basýar. Sowal berenok. Sorag edilýäniň haýsy harby bölümde gulluk edendigini, bölümiň nirde ýerleşendigini, haýsy wezipeleri ýerine ýetirendigini, serkerdesiniň kim bolandygyny gürrüň berýär. Geplände Srubow ynamly, edil gulluk terjimehalyndan okaýan ýaly. Sorag edilýän dil ýarmaýar, diňe baş atýar. Ol Srubowyň aýasynda. Teswirnama gol çekmeli. Okaman, sandyraýan eli bilen öz familiýasyny ýazýar. Diňe uzyn sahypany yzyna uzadanda, bolan zadyň elhenç manysy aňyna ýetýär – öz eli bilenjik özüniň ajal hökümine gol çekdi. Teswirnamaň jemleýji jümlesi Gubçekaň Kollegiýasyna ony iň ýokary jeza çäresine höküm etmäge doly hukuk berýär. ...gyzyl esgerleň, daýhanlaň atuwyna, saýgylanmagyna, gynalmagyna, obalaň ýakylmagyna gatnaşdym. Srubow kagyzy portfeline ýygşyrýar. Perwaýsyz oklaýar: -Indikini. Öňündäki hakda bolsa ýeke agzam geplänok. Hamana, bardygam bir ýokdugam. Srubow ejizleri, çalt boýun sunýanlary halanok. Oňa çakgan, batyr garşydaşlar, soňky demine çenli duşmanlar bilen duşuşyklar ýaraýar. Sorag edilýän ellerini owkalap, döwäýjek bolýar. -Ýalbarýan, rehim ediň. Men siziň şugulçyňyz bolaýyn, men size hemmeleri aýdaryn... Srubow oňa seredenogam. Diňe garawullara ýene bir gezek ýanjaýar: -Indikini, indikini. Bu kelmurtlyň soragyndan soň kalbynda ýürekbulanmaly galpyldy. Edil atdanlykda eli bilen eşekýassygy mynjyradan ýaly. Indiki artillerist-kapitan. Açyk ýüz, göni, ynamdar garaýyş, näme üçindir özüne çekýär. Ýüzüniň ugruna gürläp ugrady: Aklarda uzak gulluk etdiňizmi? Ilki başdanmy? -Artillerist? -Artillerist. -Siz Ahlabiniň eteginde söweşe gatnaşdyňyzmy. -Elbetde. -Siziň top bölümçäňiz obaň golaýyndaky tokaýdadymy? -Meniňki. -Ha-ha-ha!... Srubow frençiniň iligini ýazdyrýar, soň içki köýnegini. Kapitan geňirgenýär. Srubow hahahaýlaýar-da, sag egnini açýar. -Serediň, siz maňa neneňsi ýelmediňiz. Egninde üç sany çuň, gülgüne ýara yzy. Egni guran: -Men Ahlabinyň eteginde şrapnelden ýaralandym. Şo wagt polkuň komissarydym. Kapitan tolgunýar. Uzyn murtuny çowlaýar. Ýere bakýar. A Srubow bolsa oňa edil köne tanşy dek ýüzlenýär: -Hiç-le, bu aç-açan söweşde ahyry. Uzak sorag etmedi. Gözlenýänleň sanawynda kapitan ýokdy. Boşatmak hakda karara gol çekdi. Hoşlaşanlarynda uzyndan-uzyn, siňňin, adaty ynsan nazary bilen garanjaklaşdylar. Ýeke galdy, şybygyny otlady, ýylgyrdy-da, ýandepderçesine kapitanyň familiýasyny belläp aldy. Gapdalky otagda nähilidir birhili hysyr-pysyr bar. Boguk gykylyk. Srubow diňşirgendi. Ýene gykylyk. Gygyrýan agyz – deşik çelek mysaly. Ses edenok. Pyşşyldaýar. Ony barmak-gasňaklar bogýar. Deşiginden-ä suw syzýar. Barmaklaň yşyndan bolsa gykylyk. Srubow dälize okduryldy. Gapa bökdi. Ýazgy: “NOBATÇY SÜLÇI”. Temmelenen. Kakyp ugrady, eli agyrýar. Sapançaň sapy bilen urýar. -Ýoldaş Iwanow, açyň! Döwerin. Ýa döwdi, ýa-da Iwanowyň özi açdy. Gara, türk diwany. Üstünde işi derňelýän Nowodomskaýa çalam-çaş. Juw-ak, ýalaňaç butlar. Nepis içki geýmiň nagyşlak übtükleri. Ap-ak tammançajyk. Onsoňam ýüz. Olam ak. Bihuş. Iwanow bolsa, jim-gyzyl, gara der, myžžyk. Ýene ýarym sagatdan soň tussag edilen Iwanow bilen Nowodomskaýa Srubowyň iş otagynda. Çep diwara ugurdaş kürsülerde ýanaşyk otyrlar. Ikisiniň-de ýüzi gan-petsiz. Gözleri äpet, gara. Sag diwara ugurdaş diwandyr oturgyçlarda hemme jogapkär işgärler. Frençler, gimnastýorkalar, gaýyş penjekler, reňbe-reň balaklar. Garasam bar, gyzylam, ýaşylam. Ählisem kükedýär. Tüssäň aňyrsynda ýüzleriň barysy çalymtyk, bulançak. Srubow ortada, stoluň başynda otyr. Elinde ullakan galam. Gürleýär, çyzyşdyrýar. -Zorlaman näme, barybir atyljak bolsa? Gul göwün üçin nähili maýyllyk. Nowodomskaýaň haly teň. Kürsiň sowuk saplaryny buza dönen elleri bilen gysymlaýar. -Atmaga idin berlenmi – diýmek, zorlamaga-da idin berlen. Hemme zada ygtyýar berlen... Onsoň eger-de her bir Iwanowam... Ol sagyna äňetdi, soň çepine. Hemmeler dymýar. Çal çilimçelerini soran bolýarlar. -Ýok, hemme zada rugsat berlen däl. Diňe ygtyýar berlenine ygtyýar berlen. Galamy döwdi. Dergazap bolup, stoluň üstüne zyňdy. Tarsa turdy-da, iýmeşik çöpürlek, gara sakgalyny taýzartdy: -Ýogsa bu ynkylap bolmaz-da, dini eden-etdilik bolar. Gyzyl zulum däl-de uşak-düşek kümsükçillik bolar. Ýene galam aldy. -Ynkylap – bu meniň çep aýagymyň küýsän zady däl. Ynkylap... Galamy bilen çyzdy. -Birinjiden... Soňam assajadan, bogna bölüp, nazymly: -Gu-ra-ma-çy-lyk. Dymdy. -Ikinjiden... Ýene çyzdy-da, diýdi: -Me-ýil-na-ma-la-ýyk-lyk. Üçünjiden... Kagyzy ýyrtdy: -Ha-a-sap-ly-lyk. Stoluň başyndan çykdy. Otagda iki-baka gezmeläp ugrady. Sakgaly bilen saga, sakgaly bilen çepe. Oturanlary diwara gysylmaga mejbur edýär. Elleri bilenem ýerden göterýär-de kerpiç örýär, indikini, tutuş hatary. Binýadyny dyndy. Sementleýär ony. Diwarlar, üçek, tüsseçykarlar. Ägirt enjamhanaň ymaratyny bina edýär. -Ynkylap – enjamhana! Her enjamyňam, her şaýjagazyňam täk özüne mynasyby. A tebigy güýç nä? Tebigy güýç – bu bug, ýöne gazana gabalmadyk, zemin üste ýyldyrymlap ýaýnaýan elektrik togy. Ynkylap özüniň depginli hereketine, tebigy güýji tertip-düzgüniň, maksadalaýyklygyň demir çarçuwasyna gysan pursatyndan başlaýar. Elektrik togy diňe ol simleriň polat torunda zerur ugruna gönügýärkä elektrik togy. Bug bolsa diňe gazandaka bug. Ine indi, enjamhana işe başlady. Içine girdi. Enjamlaň arasynda gezmeläp ýörşüne, barmagyny çommaldyp görkezýär, düşündirýär: -Ine biziňki. Näme bilen işleýär? Jemgyýetiň öz-özüni goramak maksadyndan ugur alyp joşdurylan köpüň gazaby bilen... Srubowyň pikirleri, diňleýjileň kellesine, biri-birine çyntyksyz ýabşyrylýan, pugta demir kerpiçjikler deý örülýär. Tamamlady, komendantyň öňünde togtady, gaşyny çytdy, birdem durdy-da, gutarnykly çütr-kesiklik bilen (sesi nägilelige ýol berenok) diýdi: -Häziriň özünde ikisinem atyň. Ony birinji. Goý, aýal ynjalsyn, ynansyn. Çekistler gowur bilen dessine turdular. Garanjaklaman çykdylar, sessiz. Diňe Pepel bosagada gaňryldy-da, Srubowyň özüniňki ýaly, berk suňşurdy: -Bu bar dogre. Enkelab – hiç hili filozofýa. Iwanowyň kellesi döşüne sallandy. Agzy biygtyýar açyldy. Hemişe dim-dik ýöreýärdi welin, bu wagt gowkuldap başlady. Nowodomskaýa erksiz iňledi. Jemaly – alebastr. Ýene huşundan gidip, ýüzin gaýtdy. Srubow onuň belentgonç, ýylyjak, ýyrtyk (ýerzeminde alaka gemren) galoşyny saýgarmaga ýetişdi. Sagada garady, gerindi, telefona süýşdi-de, jaň etdi: -Eje, senmi? Men öýe barýan. Soňky döwür Srubow, garaňkylykdan gorkup ugrady. Onuň gelerine ejesi hemme otagda çyrany ýakdy. VIII Srubow täsinligi synlaýar – Ak hem Gyzyl, adaty günleň çal kerebini dokaýar. Onuň, Srubowyň, günleriniň. Ak, kerebi edaradan edara, dergähden dergähe çekýär, ak, üçgat tamyň töwereginde darajyk, ýöne mäkäm halkajyklary galdyrýar, rişdeleň ujunam bir ýere, şäher etegindäki guberniýaň ýer bölüminiň mellekleriniň sakçysynyň çüýrän külbejigine eltýär. Ak, kerebi gijelerine, garaňky künjeklerden, yns-jynssyz çatryklardan geçirip dokaýar, Gyzyldan gizlenýär, Gyzyl özüni görmeýändir, bilmeýändir öýdüp pikir edýär. Gyzyl bolsa, öz kerebini Agyň toruna ugurdaş örýär – sapakma-sapak, düwünme-düwün, halkama-halka, ýöne rişdeleň ujuny welin başga ýere çekýär – ak, üçgatly, daş bina. Gyzyl, gije-gündiz dynman, ýeke salymlygam arasyny üzmän dokaýar. Akdan bukulýar, özem pugta ynanýar, Ak bilenogam, görenogam. Agyňam, Gyzylyňam, işi alňasak-dartgynly, her haýsynyňam bar umydy kerebiniň mäkämliginde. Öz kerebi bilen beýlekiň kerebini çoçgara çolaşdyryp, tary-mar edip goýbermekde-de ähli hasap-hesibi. Hut şol gyssanmaçlykda, dartgynlylykda, eserdeňlikde-de – özüniňdir özgäň kerebiniň bulam-bujarlygynda-da – Srubowyň adaty günleriniň many-mazmuny. Hepdeläp ýatman ýa-da çykarynmazdan, oturgyçda stoluň başynda, üstünde, tyrpaňňyrda, eýerde, ulagda, wagonda, sähel säginilende ukuňy almaga çytraşmak, aýak üstünde, ýolda barýarka gury-gurak iýip, kabul etmek, garşy almak, sorag etmek, onlarça ynamdaryňa jikme-jik tabşyryk bermek, okamak, ýazmak, ýüzlerçe kagyza gol goýmak, kelläňi zordan götermek, lütüň çykmakdan ýaňa aýagyňy zordan süýremek – adaty günler. Ine şeýdibem, çykarynman, stoluň başynda, kürsüde gatap galyp ýa-da bir, iki sagatlyk diwanda süýnüp, ynsanlaň üznüksiz hapa süýşürgeniniň astynda, kagyzdan ak daglaň astynda gögümtil-çalymtyk temmäki tüssesiniň buludynda Srubow, eýýäm sekizinji gije-gündizini işleýär. (Dogrus-a, Çekadaky gulluk gyzyl-çal, çal-gyzyl. Gyzyl hem Ak, Ak hem Gyzyl. Kerebiňem üznüksiz bulam-bujarlygy – eýýäm üçülenji ýyl). Ine, ahyry, hemme taýýarlyk işleri edildi, ähli görkezmeler berildi, bigäne kerep öz kerebiň bilen mäkäm çolanyldy, idinnamalardyr tassyknamaly işgärler ýollanmaly ýerine ýollanyldy, olar ähli edilmeli zatlaram öz wagtynda hem ýerinde berjaý ederler, ak, üçgatly jaýda-da ümsümlik hem ynssyzlyk (diňe astky gatda WÇK-ň batalýonynyň rotasy galdyrylan), sekizinjiden dokuzynja geçýän gijesi, soňky hepdäň gyzgalaňly işiniň netijesine garaşylmaly pursat gelip ýetende, gabaw işine, öý dökmelere, tussag etmelere laýyk iki sagat galanda, ukyň tutup ölüp barýarkaň, gözleňňem gyp-gyzyl – stoldaky gara mişi sahapbukjany açyp, başlarsyň: bir barmagyň bilen kagyz bölejikleriniň münderlerini dörjeläp, olary gaýtadan okamaga, üzlem-saplam bölek-büçek oýlar hyň berýän, agyr kelläňe eliňi diräp, pallamaga, käte-de birem tüsselemäge. Şolam dynçlyk Ine eliňe iler, jedwelpisint zolaklar bilen bezelen kagyzyň ullakan sahypasy. Ine kelläňe geler: “Fransiýada gilýotina (kelle kesilýän enjam), jemagat öňünde jezalandyrmalar bardy. Bizde ýerzemin. Yglan edilmeýän jezalandyrma. Jemagat jezalandyrmalary, hatda iň zalym jenaýatçyňam ölümini azapgärligiň, gahrymançylygyň şan-şarafat ýalkymyna besleýär. Jemagat öňünde jezalandyrmak, duşmana ahlak güýjüni berýär, onuň bähbidine wagyz edýär. Köpçülikleýin jezalandyrma jenaýatçyň garyndaşlarynadyr ýakynlaryna onuň jesedini, soňky sözüni, soňky wesýetini, anyk ölüm senesini... galdyrýar. Munda jezalandyrylýan, asla başbitinligine ýok edilmeýänem ýaly. Ýerzemindäki aýan edilmeýän jezada bolsa hiç hili daşky ýaldyr-ýuldurlyk ýok, hökümem yglan edilmeýär, ol duýdansyz, duşmanlara-da mynjyradyjy täsir edýär. Mähnet, rehim-şepagatyň yşnagy-da ýok, hemme zady görýän enjam, öz pidalaryny tapba tutýar-da, üweýär, edil et üweýji enjamdan geçiren ýaly edip. Beýle jezadan soň takyk ölüm senesem ýok, soňky sözlerem, jeset-de ýok, hatda gabyram. Boşluk. Duşman gutarnykly ýok edilen”. Ýene kagyz: resmi görnüşdäki sahypa – Kontrrewolýusiýa bilen göreş boýunça Guberniýaň Adatdan Daşary Toparynyň (Komissiýasynyň) başly... Kagyzyň yzy gyşyk-çaýşyk ýyrtylyp aýrylypdyr. Abat galanja böleginde ýazylgy: “1. 9 s. Arutýew bilen duşuşyk. 2. Hojalyk müdirinden soramaly: näme bu aý porsan kakadylan ýag berildi. 3. Ertir umumyşäher ýygnagy. 4. Ýurasige jalbarjygy üçin we haýsydyr bir süýji zatjagaz.”. Ýene kagyz: Öý dökmegiň gol çekilen teswirnamasy. Boş gyrasynda gök galam bilen ýazylan: “Gyzyl zulumy, ýerine ýetiriji jelladyň işi nazaryýetçy-öňbaşçyň işinden hiç hili tapawutlanmaz ýaly edip gurnamak zerur. Biri aýtdy – zulum zerur, beýleki öz-özi atýan enjamyň düwmesini basdy. Esasy zat, gan görmeli däl. Geljekde “ösen” adamzat jemgyýeti artykmaçlardyr jenaýatçy agzalaryndan bogujy gazyň, elektrik toguň, ölüm howply bakteriýalaryň kömegi bilen dynar. Şonda ýerzeminlerem bolmaz, ganojak çekistlerem. Jenap alymlar, danyşment sypatda, jinnek ýalam gorky-ürküsiz diri adamlary mähnet diktokurtga gaplara, demir ýa aýna armytçeleklere dykarlar-da, dürli suwuklyklaň birleşmeleriniň, biri-birine ýetirýän täsirleriniň, olary gaýtadan işlemegiň kömegi bilen adamlary köwüşýagyna, wazeline ýa-da çalgy ýaglaryna öwrüp ugrarlar. Wah, bahymrak şol dana himiýaçylar adamzadyň eşreti üçin öz barlaghanalaryny açaýsadylar, onsoň jellatlaram gerek bolmaz, ganhorlugam, uruşlaram. “Zulum” diýen sözüň özi ýiter ýeriň ýüzünden. Galar diňe, himiki reaksiýalardyr eksperimentler...”. Soň ýandepderçesindäki ýazgy gözüne ilýär: 1. Gazede hyrly ýaraglary bellige aldyrmak hakda buýrugy çap etdirmäge tabşyrmaly. 2. Ýörite bölümiň başlygy bilen geňeşmeli. 3. Gyzyl Zulum hakyndaky pikirleri yzygiderli ýazyp goýmaly. Wagt bolanda – kitap ýazmaly. 4. Professor Bespalyh bilen elektronlar hakda gürleşmeli. Soň öňünden çykýar: Çyzuw üçin ýalpyldawuk kagyzyň bölegi. Öz-özi atýan jellat-enjamyň çyzgysy. Ulanylan bukjaň iç ýüzünde gyzyl syýa bilen owunjak edilip ýazylypdyr: “Biziň işimiz adatdan daşary agyr. Biziň guramamyzam ýöne ýere adatdan daşary topar (ÇK) adyny götermeýär-ä. Elbetde, jedelsiz hakykat, hemme çekistler adatdan daşary adamlar däl. Bir sapar ýokary wezipeli ülpedim maňa, elli sany ynkylabyň duşmanyny atan çekistiň elli birinji bolup atylmaga mynasypdygyny aýtdy. Örän ajaýyp. Diýmek, onda näme gelip çykýar – biz birinji derejeli adamlar, zulumy zerur diýip tapýarys. Bolýa, oňatlyk. Mysal üçin şeýle şekil emele gelýär – nanlyk däneler üçin zyýanly mör-möjekler bar. Olaryň tebigy duşmanlary bar – edil şolar ýaly mör-möjekler. Alym-agronomlar ikinjileri birinjileň üstüne küşgürýärler. Ikinjiler birinjileri iýip ýok edýär. Çöreklik galla, zaýasyz agronomlaň girisine düşýär. Zyýanly mör-möjekleň tepbedini okan bedibagt ýoklaýjylar bolsa indi geregem däl, äwmezeklik bilen akja kökejikleri gäwüşeýänleň hataryna olar goşulmaga degişlem däl”... ...Ýöne kelläň-ä hum dykylan ýaly bolsa, gözleň gyp-gyzyl, ukam gurşun labyryny eginleňňe, gerşiňe atsa, diňe galýar – sahapbukjany kükregiň, ýüzüň, sakgalyň bilen ýapmak, oňa çekgäňi beribem ýatmak, ýatmak, ýatmak... Penjireleň aňyrsyndaky gök tümlükde bolsa aýaklaň gybyrdawuk tarpyldysy, görünmezek kölçeleň ýüzündäki buzuň şytdyldysy, mähelläň gowury, ertir mynajatyna barýanlaň güwweldeýän tolkunlary. Baş ybadathanaň jaňhanasyndaky jaň, iň irisi hem könesi, köneliginden ýaňa çal-ýaşyl, gara demir dili bilen mis çal-ýaşyl dodaklaryny ýalta ýalaýar-da, hüňürdeýär: “Do-o-o-mi-do-o-omimi-do-o-omi-i-m...”. Iş otagynda temmäki, dymyklyk, elektrik lýustraň ýiti ýagtysy, üznüksizem saňňyldy, telefon jaňynyň çekiçjiginiň şaňňy saňňyldysy. Srubowyň iki gulagyna-da demir siňekler süýşenekläp girýär: “Jyr-r-r-jyrrrr-jyr-r-r-r...”. Ahyry özüniňkini gögertdiler-oýardylar. Kellesi öňküsindenem beter, gabaklary çylpyk, ýelmeşipdir. Agzynyň içi öt atylan ýaly. Emma kellesindäki pikir welin, dürs, dury – başlad-ow. Hakykatdanam başlady. Çep eli telefony gulagyndan aýranok. Telefondan habarlar, telefondanam – görkezmeler. Stolda şäheriň kartasy. Gözi şonda. Sag eli, eýelenen etrapçalary, pynhan bukalga-öýleri, gizlin ýarag ammarlaryny belgileýär, Ak bedähediň inçejik, bulaşyk kerebini kelte, kese çyzyklar bilen ýyrtýar, kesýär. Srubowyň dodagynda ajy, kinaýaly gülümsireme. Şäheriň depesinde gijäň yzgarly syýagöklügi, çyralara beslenen ybadathanalaň ýalkymy, begençli pasha ýaňlary, mähelläň şybyrdyly aýak sesi, posalar, hristoslaşma. Hristos direldi! Şol birwagtda-da şäheriň depesinde ajy gülümsiremedir rehimsiz garaklary bilen Hanym dur – eleşan sypatly, ýarym aç, hökmürowan, ýalaňňyt aýaklary bilen agyr basyp, hristoslaşýanlaň zer çaýylanja şatlygyny mynjyradýar, dorakdyr kökeden dikeldilen datly ähremleň üstünden dabanyny goýberýär. Ybadathanalaň karnizlerindäki şemdanlar, otgapjyklar, otgolçajyklar söndi, jaň sesi galdy, gaçanlaň, öýlerinde gizlenenleň aýak sesleriniň şybyrdysam, güpürdisem ýitdi. Şäheriň depesinde dym-dyrslyk, zarňyldap duran ümsümlik, eýmenç wehim, bahar gijesiniň gara syýagöklüginde Hanymyň görgür dergazap gözleriniň gögi. Srubow iş otagynda oturyp bilmedi. Katsy gabawdan yzyna çagyrdy-da, öz kürsüsinde oturtdy, özi ulagynda şäheriň içi bilen myçyp gaýtdy. Dabaraly arryldydyr pyşgyrma bilen, çyralaryň läheň gözlerini ýalpyldadyp, köçelerde berdaşly mahluk pelesaň kakýar. Emma Ak ýok. Ak, howlulaň buljumyna, tümkünjeklere, ýerastyna dykylyp, basyrynyp ýatyr. Srubowyň hakydasynda, guramanyň baştutanynyň – guberniýaň ýer bölüminiň mellekleriniň garawuly Iwan Nikiforowiç Çirkalowyň, öňki kolçakçy-polkownik Çudaýewiň tussag edilişi tagmalanyp galdy. Polkownik, buýsançly parahatlyk bilen saklanýar. Srubow welin saklanyp bilmedi, heşelleli ýaňsylady: -Hristos direldi, jenap polkownik! Ony öz ulagyna mündürýärkä-de, üstüne goşdy: -Heý, mellekçi, mellekçi, ekeniň-ä şalgam – gögerenem harturp. Çudaýew sesini çykarmady, papagyny gözüne çen çümürdi. Bezemen geýnüwli hatynlar-a gorka-gorka, penjeklerdir akja köýnekli erkeklerem çekinjeň durlar. Solomin bolsa, sandyklaň güýedermanyň porsusyna eýlenen asudalygyny para-para edip ýörşüne, şol bir arkaýyn parahatlygy bilen burnuny şuguldadýar. -Aýdyň-ow, siz buržuýlar näçe san? Heriňe possun galdyrarys. Artanyny alýas. Ýene-de alnan ýaraglaň üýşmegine göz gezdirýärkä, Srubowyň ýüregi buýsançly, şadyýan gürsüldäp başlady, mäkäm gyzyl güýç emer-damaryna ýaýrady. Galany – gije, gündiz, köçeler, köçeler, saklawlaň zynjyrjyklary, zynjyrlary, gulagynda şemalyň şuwwuldysy, benziniň ysy burnunda, beýnisinde, ulagyň oturgyjynyň sandyramasy, gapysynyň gürpüldisi, aýagynda deramatsyzlyk, kellesinde hüňňüldi, agyrlyk, gözünde yza, öýler, otaglar, burçlar, ýatyşsekileri, adamlar – oýa, çal keşpleri ukusyzlygyň alamatlaryndan besse-besse, ýaňyja ukudan oýarylan, haýrany-serasyma, gorkuly, ukuly, çekistler, gyzyl esgerler, tüpeňler, granatlar, sapamçalar, temmäki hem-de çal-gyzyllyk, gyzyl-çallyk, ýene-de Ak, Gyzyl hem Gyzyl Ak. Gijeden, gündizden we ýene-de gijeden soň bolsa, arzaçylary, tussag edilenleň garyndaşlaryny kabul etmeli. Olaram esasan boşatmagy haýyş edýärler. Srubow, ünslem, biparham. Kürsüde oturanam bolsa ol, göýä elýetmez belentlikde ýaly, oňa alnyndakylaň ýüzleri düýbünden görünmeýär. Hol allowarra aşakda, nähilidir birhili garaja nokatjyklar müňňüldeşip ýörler – bar bolany. Kempir ogly üçin özelenýär, aglaýar. -Rehimiňiz insin, ýekejäm-ä... Dyza çökýär, ýaňaklary gözýaşda, öl-myžžyk. Başyndaky ýaglygyň çowuna süpürinýär. Srubowa onuň ýüzi iňňebagjygyň başyndanam müjülje bolup görünýär. Kempir oň aýagyna tagzym edýär. Kellesini egýär, galdyrýar welin, – iňňebagjygyň elektrik logalajygy ýagtylyp, garalýar. Kempiriň sesem onuň gulagyna çalaja eşidilýär: -...ýekejäm-ä... Ýöne ol oňa näme aýtsyn? Duşman hemişe duşman – maşgalaly ýa-da ýalňyz – tapawudy ýok. Onsoňam barybir dälmi – bir nokat köp ýa az. Bu gün Srubow üçin adamlar ýok. Ol hatda olaryň bardygynam unutdy. Haýyşlar tolgundyranok, bildirenok. Ret etmek aňsat. -Ol siziň ýekäňizmi, dälmi, biziň işimiz ýok. Günälimi – atarys. Bir iňňebagjyk başy zym-zyýat boldy, beýlekisi emele geldi. -Ýeke-täk ekleýjimiz, ýanýoldaşym... bäş baş çagamyz. Gadym kyssa. Munuň bilenem şeýle. Maşgala ýagdaýy nazara alynmaýar. Iňňebagjyk gyzarýar, agarýar. Srubowyň ýüzi, daşdan çapylan dek gymyldysyz, öliň reňkinde gan-petsiz, ol towakgaçy aýalyň heýýatyny başyndan uçurýar. Girýär, çykýar gara nokatjyk-iňňebagjyklar. Hemmesi bilenem Srubow birmeňzeş – eglişiksiz rehimsiz, sop-sowuk. Bir nokatjyk stola ýakyndan-ýakyn süýşdi. Yza tesende bolsa stolda kiçijik gara üýşmejik galdy. Srubowyň aňyna örän haýal ýetdi – para sokýar. Özüniň elýetmez belentliginden dynnymça-da peselmezden telefony göterdi-de, oňa sähelçe buzjagaz-sözleri okaldy. Nokatjyk wehimden ýaňa gara-ört boldy-da, başly-barat samyrdap ugrady: -Siz alaňzok. Siziň başgalaňňyz alýar-a. Bolupd-a... -Derňew, sizden kimiň alandygyny anyklar. Alanlaram atarys, sizem. Ýene başga-da gelýänler bar – hemmesem edil şeýle nokatjyklardyr iňňebagjyk kellejikleri. Kabul edişligiň tutuş dowamynda ol özüni şeýlebir ýeňil duýýardy – aň ýetmez belentlikde ahyry ol. Ýöne dogrusy, biraz üşäpdi. Megerem, şundan bolmagam ahmal, ýüzi mermeriň aklygy bilen örtülipdi. Ýakynlary, garyndaşlary, elbetde, iki bükülip ýalbaryp, titir-titir titräp, zir-zöwran aglap, bendilikdäki mähribanyna geçirjek horaşaja düwünçegini bagryna basyp, uzyn nobatda sadylla durup, tussag edilenlere süýji pasha höreklerini, ýokumly kökelerini, reňklenen ýumurtgalary geçirmek bolýar – başga hiç zat – sebäbi ak, üçgatly, daş bina doňýürek, polatdan berk. Emma, sagadyň dili ýaly hemmä birmeňzeş şepagatsyz hem zabun adalatly. Bendileň mähribanalary bolsa, dünýeden bihabar, tussaglar, gursagy hek bilen çyrşalan tertip sanly surata alnyp, ýerzemin No 3-den türmä, türmeden gollary daňylgy, ýerzemin No 2-ä, ondanam No 1-e, diýmek gonamçylyga, barýan güzapýoluny geçenlerinden soňam, hatda howludaky zibilhanada olaryň eýýäm arhiwe tabşyrylan jenaýat işlerine girizilmedik garalamalar (Gubçekada günüň dowamynda bölümlerden süpürilip aýrylan garalamalar, kagyz bölekleri hemişe otlanylýar) tütäp durka-da, hatda jyrk-sary, semiz, ýalaňňy gülgüneguýruk alakalar, olaryň ganyny uçluja, gyzylja diljagazlary bilen-ä ýalap, mäkäm dişleri bilenem gan daman agaçlary gemirýärkälerem, öz tagamlarydyr kökejiklerini geçirmäge gelip bilýärler. Gyzyl tugly, gyzyl ýazgyly, garawully, ak, üçgatly, daşbina, derwezesiniň çoýun gyýaklaryny biperwaý syrtardyp, derwezäň astyndan ganly, gyzyl, hekiň akjymak hyllygyna bulanan (howa ýyly günler meýitleri äkidýän ulaglardan syrygan ganyň üstüne hek sepeleýärler) dilini somlaýar. Ol öz göwsünde işleýänleňem, olaryň bärik getirýänleriniňem, özleri bärik gelýänleriňem... hasratyny-da bilmeýär, garamaňlaýlygynam. IX Kollegiýanyň ýygnagynda akgwardiýaçy guramanyň düzüm gurluşy gutarnykly anyklandy: Topar A – on bäş sany bäşem, esasan sowet edaralarynda gulluk edýän, işjeňden-işjeň kolçakçy serkerdeler. Olaryň wezipesi partiýa mekdebi bilen top ok-därileriniň ammaryny basyp almak eken. Topar B – on sany bäşlik, öňki serkerdeler, öňki täjirler, öňki ownuk telekeçiler, dükançylar, esgerlikde gulluk edenler, birnäçe sanam Gyzyl Goşunyň serkerdeler düzüminden adamlar. Wezipeleri – telegrafy, telefon bekedini, Guberniýaň ýerine ýetiriji komitetini eýelemek. Topar W – ýedi bäşem, ýygyndydan ýygnanan üflisler. Wezipesi – demirýol menzilini eýelemek. Bellenilen nokatlar basylyp alnandan soň, olary garawullamak üçin ýeterlik derejede ýaragly adamlary bölüp bermek, ähli toparlary birleşdirmek, käbir gyzyl goşun bölümlerini öz tarapyna çekmek we Gubçekany zabt edip almak, sowet häkimiýetine wepaly goşun birlikleri bilen söweş etmek. Bu guramanyň, otuz iki sany bäşemden başga-da, hemaýat edýän, maýda-çüýde ýumuşlaryny bitirýän köp sanly duýgudaşlary bar eken. Kollegiýanyň ýygnagynda Srubow özüni iňňän ajap duýýar. Ol gözýetmez beýiklikde. Ynsanlar bolsa – nirededir bir hol, ho-o-l pesde. Şol beýiklikdenem hut onuň özi, edil aýasyndaky ýaly Ak bedähediň kerebiniň mekir çoçgaryny görüpdi, görübem ony jyrym-jyrym edipdi. Srubow öz kuwwatyny syzmagyň buýsanjyndan püre-pürdi. Sülçi habar berýär: -...guramanyň işjeň agzasy, onuň wezipesi... Hemmeler ünsli diňleýär. Iş otagynda doly ümsümlik. Katsyň burny bitik. Onuň ýuwaşja myşşyldysy eşidilýär. Elektrik çyrajygy üzlem-saplam gyrpyldaýar. Sülçi tamamlady. Dymyp, Srubowa äňedýär. Srubow soraýar: -Siziň netijäňiz? Sülçi elini eline owkalap, kibtini gysýar-da, düýrügýär: -Çak edýän, iň ýokary jeza çäresi. Srubow baş atýar. Soňam hemmelere ýüzlenýär: -Teklip bar – atmaly. Garşylyk? Sorag? Morgunow gyzardy, özem duýman murtuny çaýly bulguryna batyrdy. -Elbetde. -Gümpüldetmeli-dä, onda? Srubowyň keýpi kök. Kats sümgürinip, tassyklady: -Gümpüldetdik. -Indikini. Sülçi saçynyň gara kirpisinden elini ýöredýär-de, täze habaryna başlaýar: -Guramada ýarag getirip berýänçi eken... -Muny näderis, ýoldaşlar? Kats kellesi sallady-da, elýaglygyny almak üçin kisesine elini sokdy. Pepel dykgat bilen çilim çekmäge başlady. Morgunow oýa batyp, bulgurdaky çaýyny çemçe bilen bulaýar. Hamana, hiç kim hiç zat eşitmeýän ýaly. Srubow sähelçe dymdy. Soň aýgyt bilen, sesli, hemmeleň deregine dillendi: -Kabul. Familiýalar, familiýalar, familiýarlar, harby derejeler, wezipeler, atlar. Bir sapar Morgunow garşylyk görkezdi-de, delillendirmäge başlady: -Meniň pikirimçe, bu adam ýazykly däl... Srubow ony aýgytly hem ýigrenç bilen saklady: -Ýeri, siz, ganda batyrylan maňyz, kesiňsene sesiňizi! Çeka – synpy haklaşygyň ýaragydyr. Düşündiňizmi? Eger-de haklaşygyň bolsa, diýmek onda – kazyýet seljermesi däl. Şahsy jogapkärçiligiň biziň üçinem şertsiz ähmiýeti bar, ýöne ol adaty kazyýet ýa-da Ynkylap tribunaly (harby kazyýeti) üçin bolşy ýaly däl. Biziň üçin synpy degişliligi, durmuşy ýagdaýy has wajyp. Diňe olam däl. Ýan Pepel, dogumlylyk bilen düwlen ýumrugyny hellewletdi-de Srubowy goldady: - Enkelab – hiç hili filozofýa! Atmaly. Katsam atuwy goldady-da, batly sümgürip ugrady. Srubow çäksiz belentlikde. Gorky, zalymlyk, gadagan edilen zat – ýok. Ahlakdyr ahlaksyzlyk, asyllylykdyr azgynlyk hakda gürrüňler bolsa – ugursyzlyk, köre-kör jahyllyk. Ýöne, dogrusy, ynsanjyk-iňňebagjyjaklar üçin bu zibiliň hemmesi derwaýys. Ýöne, oň – Srubowyň näsine derkar? Oňa şol iňňebagjyjaklaň pitnesine ýol bermezlik wajyp. Nädip, nähili usul bilen – bahasy gara şaýy. Şol birwagtda-da Srubow munuň beýle däldigi hakda-da pikirlenýär. Hemme zada rugsat berlen däl. Ähli zadyňam çägi-serhedi bar. Ýöne ondan nädip geçjek däl? Nädip onda saklanjak? Ýüzi agarýar. Gaşlarynyň arasynda gasyn. Srubow habar berýänçi-sülçä gulak asmaýar. Ygtyýar berlen zadyň ahyrky nokadynda nädip saklanmalydygy hakynda oýlanýar. Onsoňam nirde ol? Nähilem bolsa birhili örän ýiti zadyň üstünd-ä bir aýagy bilen dur, beýlekisi bilen gollaryny hallanladybam deňagramlylygyny saklamaga çyr-çytyr. Muny kynlyk bilen başarýar. Diňe ýygnagyň soňragynda, göwnüne bolmasa ol iki aýagy bilenem pugta, durnukly dikelmegiň hötdesinden gelen ýaly boldy. Ahyrky çyzykda saklanmagyň usulyny tapandygyna-da biçak begendi. Seredilip otursa, hemme zat üçgyraň, uçlak ähremjige (piramida) bagly eken-ä. Onuň barlygynyňam öz beýnisindedigini ol aňşyrdy. Ol ähremjigem demriň mäkämligidir tämizliginden guýlan. Onuň düzümi – buýtar-suýtarsyz tankytlaýjy hem gözegçilik ediji elektronlar. Ýylgyrdy-da, öz kellesini sypalady. Gymmatbahaly ähremjik zompa çykyp gidibermez ýaly, saçyny kelleçanagyna has jebisräk ýapbaşdyrdy. Rahatlandy. Teswirnamaň aşagyna birinji bolup gol goýdy. Anyk, iri towlamlar bilen, üstünden basyp, ýazdy: “Srubow”, “o”-dan inçejik sapajygy dartdy-da, ony “w” harpynyň öwezini dolýan, çişik, uzyn taýagyň ujuna birikdirdi. Tutuş goly – myha dakylan agaç ýonuşgasynyň çowly bölejigi. Kollegiýaň agzalary demsalym sägindiler. Her haýsy ilki kimdir başga biriniň syýagalamy alaryna garaşýar. Ýan Pepel aýgyt bilen Srubowyň syýagalamyny garbady. “Agzalar” diýen sözüň gabadyndan çalt çyrşady – Ýan Pepel. Srubow gaşlaryny tutuksy bürüşdirdi. Teswirnamaň ak kagyzyndan ýüzüne gar basan çukuryň aňzagy hapylady. Dirä gabryň gyrasy ýakymsyz. Ol bigäne. Emma ol aýagyň astynda. Höküm edilenleň iň soňkusynyň familiýasy bilen Srubowyň golunyň arasy – bir santimetr. Santimetr ýokaryk galdyr – olam başy ölümlileň hatarynda. Srubow hatda pikirem etdi, kätip gyz sanaw düzende ýalňyşyp, ony-da şolar bilen bir ýere goýup biler. Dargamakçy bolanlarynda bolsa Katsyň deňlenen ýeňsesi ünsüni çekdi. Biygtyýar degişdi: -Seniň, Ika, nähili ajaýyp serkerde ýeňsäň bar – dik, giň. Isleseňem sowa geçmersiň. Kats agardy, gaşyny çytdy. Srubowy oňaýsyzlyk gaplady. Birek-birege seretmän, hoşlaşman, dälize çykdylar. Srubow tarapyndan gara sahapbukja salnan, iň soňky kagyz sahypasy (öçüp barýan aňyň iň soňky ýylpyldylary) owmaçlanandy, gyşyk ýyrtylan, setirleriň egrem-bugram, düwün-düwün göm-gök damarlaryna beslenendi. “Eger, Çirkalow-Çulaýew guramasyny tutuşlygyna bäşem-bäşemden ýerzeminde atjak bolsaň, kän wagt sarp etmeli bolardy. Muny tizleşdirmek üçin ýarysyndan gowragyny şäher etegine çykartdym. Birbada hemmesini çykaryndyrdyk-da, gabyr-händegiň raýyşynda uzaboýuna hatara duruzdyk. Bože olary zolaklaşdyrmaga (kössek bilen çapmaga) rugsat sorady – rugsat bermedik. Bir gezekde on adamdan, sapança bilen ýeňsesinden atdyk. Höküm edilenleň käbirleri gorkudan ýaňa händegiň raýyşyna çökýärdiler-de, oňa aýagyny sallaýardylar. Käbiri aglaýardy, mynajat edýärdi, rehim etmegimizi dileýärdi, gaçmaga synanyşýardy. Ýöne töwerek atlylaň sapy bilen gabalgydy. Atlylar birinem sypdyrmadylar – çapdylar. Krutaýew uwlap, meni çagyrmaklaryny talap edýärdi – “Ýoldaş Srubowy, çagyryň! Gymmatly görkezmelerim bar. Atuwy biraz togtadyň. Men entek deregiňize ýararyn. Men durky-düýrmegim bilen kommunist!”. Ýanyna baranymda bolsa, ol meni tanamady, gözlerini bimany petredip, arlady durdy – “Ýoldaş Srubowy, çagyryň!”. Barybir ony atmaly boldy. Onuň çakdanaşa ganly geçmişiniň bardygy ýüze çykaryldy, üstesine-de üstünden ýazylýan arzalaram ýürege düşdi, galyberse-de ol eýýäm bize berip biljek ähli zadyny beripdi. Ýöne ol adamlaň aglaba köpüsi meni haýran galdyrdy, buýsandyrdy. Megerem, Ynkylap, hatda belent mertebe bilen ölmegem öwreden bolsa gerek. Ýadyma düşýär, oglanjykkam okapdym, ýapon urşunda kazaklar hunhuzlary öz gabyrlaryny gazmaga mejbur edipdirler, soňam olary gabryň erňeginde gezekme-gezek oturdyp, ýeke-ýekeden kellelerini kesipdirler. Meni şolaryň ajal urgusyna garaşanlaryndaky gündogar rahatlygy, mizemez arkaýynlygy haýrana goýýardy. Indi bolsa men, Aýyň nuruna görünýän, ýalaňaç adamlaň uzyn hatarynyň, doly dym-dyrslykdyr rahatlykda, edil direm däl-de gipsdir-alebastrdan heýkeller deýin doňup durşuny, synlap, tas aňkaryp galypdyryn. Esasanam zenanlar öte mert saklanýardylar. Onsoňam ýeri gelende aýtmaly, adatça aýallar erkeklerden owadan ölýärler. Händekden biri gygyrdy: “Ýoldaşlar, ymykly dynçlaýyň-a!”. Solomin händege, meýitleň üstüne bökdi, olary depeläp, esli gezdi, agdar-düňderläp gördi, arasynda ölmedikdir öýdenini gaýtadan atdy. Her niçigem bolsa, atmak kyndy. Gije aý-aýdyňam bolsa, bulutlaşykdy. Aý atylanlaň gana boýalan ýüzlerini, meýitleň keşbini ýagtyldanda men näme üçindir öz ölümim barada oýlandym. Olar öldi – senem ölersiň. Zeminiň kanuny zalym hem ýöntem – dogul, dogur, öl. Şonda men adam hakda pikir etdim – heýem bir ol, telekoplarynyň gözi bilen Älemiň efirini burawlaýan jandar, Zeminiň serhetlerini tary-mar ediji, asyrlaň kirşenini köwleýji, ieroglifleriň syryny ýorujy, häzire açgöz ýapyşýan, geljege batyrgaý topulan, ol, topragy, suwy, howany basyp alan, heý, ol hiç haçan ebedi diriligi ele alyp bilmezmi? Ýaşamak, işlemek, söýmek, ýigrenmek, ezýet çekmek, okamak, terjibe, bilim lükgesini toplamak, soňam porsap duran maslyga öwrülmek... Bidereklik... ...Biz gün doganda dolandyk. Ulaga barýarkam garynjaň hinine basdym. Onlarça murça ädigime ýapyşdy. Gidip barýan, özümem oýlanýan: öz-ä bir möjejikdir welin, şolam ýaşamaga, iýmäge, dogurmaga bolan hukugy üçin ajal söweşine baş goşýar. Möjejik möjejegiň bogazyny çeýneýär. A biz bolsa pelsepe satýas, durmuşdan üzňe dürli nazaryýetleri depe turuzdyk, indem kösenip ýörüs. Pepel aýdýar: “Enkelab – hiç hili filozofýa!”. A men bolsa “filosofiýasyz” ädimem ädip bilemok. Hakykatdanam diňe şeýlemikä... dogul, dogur, öl?” X Soň ruhy kesellileň hassahanasynda ýatyşsekisi. Ilk-ä iki aýlyk zähmet rugsady. Saglygyny dikeltmäge. Soň Gubçekaň başlygyny wezipesinden aýyrdylar. Çagasyny göresi gelip içgysma. Gaty uzaga çeken üznüksiz serhoşluk. Şujagaz aýlaň içinde ýaman kän zatlar boldy. Ine indi bolsa sorag edilýär. Srubow – arryk, jyrk-sary, gözüniň astynda gök halka. Gaýyş penjegi göni süňke geýdirilen ýaly. Tenem ýok, etem. Demini hyrlap, üzlem-saplam alýar. Sorag edýänem Kats. Onuň ýüzi – tos-togalak çäýnek. Burny – uçlyja tüýdäk, aşak sallanýar. Ýeriňden turaga-da, bar güýjüň bilen ýigrenji tüýdüjege başam barmagyňy dürtäýesiň, iň bolmanda şeýdibem bolsa oň pyssyldysyny gapdyraýasyň gelýär. Özem otyr-a, hut onuň – Srubowyň stolunyň başyndan başlyksyran bolýar. Şirmaýydan, ak syýagalamy gyzyl penjesi bilen garbapdyr-da, onam başbitin syýa boýapdyr. Soragam – jebir. Ýeri bolýar, bolmanda sorag edýän bolsa. Ýog-a, sorag etmek nire – nutuk okaýar: partiýaň abraýy, Çekaň mertebesi. Tüýdüjegi bilen ýokarylygyna, ýokarylygyna dyzaýar, Srubowyň hut ýüregine onsuny sünçýär-de, dörjeýär. Srubow sakgalyny ýolaýjak bolýar. Dişini gysýar. Lowlap ýanýan, ýigrençden pürepür gözleri bilen Katsy penjä gysýar. Damarlarynda bolsa kine kükürt sirkesi bolup lasyrdaýar. Ýakyp barýar, mäjumlaýar. Çydamady. Zyňlyp galdy-da, sakgalyny gözüne dürtäýjek bolup, gygyryp ugrady: -Düşünýäňmi, sen, esgi, men tutuş ganym bilen Ynkylaba gulluk etdim, men oňa hemme zadymy bagyşladym, men indi sykylan meýmuruş. Maňa şire gerek. Düşünýäňmi, eger damarda gan galmasa, öwezine şerabyň şiresi. Dem salymlyk, Kats, sülçi, Gubçekaň başlygy, öňki Ika öwrüldi. Srubowa mähirli, up-ullakan gözleri bilen garady: -Andreý, näme üçin gatyrganýaň? Men bilýän, sen Hanyma ýagşy gulluk etdiň. Emma sen döz gelip bilmediň-ä? Katsyň Ika bilen göreşýändigi, munuňam özi üçin yzalydygy sebäpli, ol ýüzüni ejirli kürşertdi-de, diýdi: -Hany, meni öz ýeriňe goýup gör. Aýt, hany, sen Hanymy masgaralap, Hanymyň mertebesini gaçyryp başlaňda men näme etmelidim? Srubow goluny salgady-da, otag içre pelesaň kakmaga başlady. Süýekleri dyzynda şatyrdaýar. Gönjalbary çaşly şagyrdaýar. Katsa seredenok. Bu lellime üns bereniňe bir degýärmi? Onuň alnynda Hanym örboýuna galdy – aňýetmez beýik hem husyt oýnaş. Oňa bagyş etdi ömrüniň iň ajap ýyllaryny. Hatda ondanam beter – bütin ömrüni bagyşlady. Hemmesini aldy – janyny, ganyny, gaýratyny. Soňam lütjek gedaý, teýim-takyr talanan halyna zyňyp goýberdi. Ol doýmaz-dolmaza, diňe ýaş, sagdyn, bolganlylar ýaraýar. Leji çykan meýmuruş mundan beýläk gerek däl. Agyzdan galanlar zibil händege dökülmeli. Hanymyň geçen ýolunda şeýle soňky damjasyna çen, nem syzmaz derejede içilip taňkyradylanlaň, gurbaty gaçyp egbarlanlaň, hiç kese gerekmez ülhitleň... gör niçesi çaşyp ýatyr! Srubow aýdyň görýär Ony – zalym hem nurana! Gargyşlary, lapykeçligiň ajysyny lowlap duran läbik tokgasy deý Onuň ýüzüne oklasy gelýär. Emma, eli diýen etmeýär. Dili mejalsyz. Görýär Srubow, Hanymyň özem – eleşan jindeli gedaý. Ol ölhit garyp, şonuň üçinem şepagatsyz. Emma, maýybam bolsa, agyzdan galan gemrik süňkem bolsa, ol diri, ýaşasam gelýär. Zibilçi bolsa sübsesini somlap, eýýäm geldi. Ine, çat maňlaýynda otyr – tüýdüjegem dik gögüne bakýar. Ýok, ol händege zyňylmagy islänok. Ony ýok etmeli diýen netijä gelendirler. Emma, bu başardaýmaz. Ol ýitirim bolmagyň hötdesinden geler. Tapmazlar. Ýaşamaly, ýaşamaly... Goý, stoluň üstünde papagy galsyn. Ol mekir, zäherli ýylgyryş bilen Katsa ýüzlenýär: -Graždanin Gubçekaň başlygy, men entek tussag edilen däldirin-ä? Maňa hajathana çykmaga rugsat beriň? Ýüzüniň ugruna-da işige ümzügýär. Soňam däliziň ugry bilen tas ylgap diýen ýaly eňýär. Ýene Gubçekaň başlygy Katsa öwrülen Kats bolsa, ýeke sellemlik ejizligi üçin gyzarýar. Telefonyň çarhyny zarply aýlaýar-da, türmäň başlygyndan anyklaýar: ýekelik tussag otagynyň boşy barmyka? Çilim otlaýar-da, Srubowa garaşýar, merdemsi asudalyk bilen ony tussag etmek hakynda karara gol çekýär. Ýöne Srubow eýýäm köçede. Ýanýodalar adamdar hümer, dar. Ol ýoluň ortarasy bilen haýdap barşyna, uzyn, süňklek aýaklary giň-giň oklaýar. Gollaryny kelemenledýär. Saçy şemala çar ýana hüžžerilýär. Bilesigelijiler säginip, oňa barmak çommaldýarlar. Ol bolsa hiç zady görmeýär. Diňe ýadynda saklaýany: gaçmaly. Birnäçe sapar haýsydyr bir künjeklerden öwrüldi. Köçeleň atlarynyň, jaýlaň tertip belgileriniň ähmiýeti ýok. Esasy zat: diňe bukulmaga ýetişmek. Daljygýar, ýykylýar, turýar, ýene aňyrlygyna. Gürpüldäp haýsydyr bir gapylar açylýar. Gaçyşynyň şowuna boljakdygy hakyndaky gämik-umydy ösýär, örňeýär. Yzyndan ýetip bilmezler... Birdenem, edil betbagtlyk deý oslagsyz, gara, zat ötmez diwar ýoluna böwet bolýar. Arkasynda bolsa ekiztaýy dur. Görüp otursa, ol hälden bäri yzyndan kowup gelýän eken. Gaňrylmansoň – görmändir. Indem ol göwnühoş – ýetdi. Hanha, tutulan balyk deý agzy bilen howa garbaýar, tumşugyny eňşidýär... ...Srubow şu müddet özüniň öýünde, aýnaly tekjäň öňünde durandygyny hiç aňşyrmaýar. Bu sapar ekiztaýdan gorky göwnünde ýokdy. Ol şol bada ony ýok etmegi ýüregine düwdi. Palta pejiň gapdalynda ýatan ýerinden onuň eline özi bökdi. Ony bar güýji bilenem ekiztaýyň ýüzünden aýlap saldy. Parran geçdi – sag gözünden çep gulagynyň ysyrgalygyna çenli böwüsdi. Ol samsyk, paltaň zarbasy degip barýarka, hahahaýlap güldem. Şol sähne gülküsi bilenem ol ýerde ýylpyldawuk jäjem bolup ýaýrady. Bir ýagysy gümlama iberildi. Indi diwar. Ony dikenler onuň öňüni germäris öýdüp bihuda göwün ýüwürdýärler. Ony atmak hiç kime-de başartmaz. Ol hemme kişini aldar. Goý pikir etsinler, ol çykarynýandyr öýdüp, ol bolsa diwary paltalar. Çapym-çapym pytradar-da, gaçar. Ýeňsesindäki gapyda ejesiniň üç ýuwlan esgä çalymdaş, howatyrly keşbi: -Andrýuşa, Andruşa... Otagyň suwagy dökülipdir. Pürsüň sap-sary böwri görünýär. Urýar. Agaç gyýkyndysy seçilýär. Ýene urýar, ýene, has güýçli. Palta sapyndan sypýar. Täterimiň teýine. Şuň ýaly ýerde peýdasy bolmasa diş nämäňe derkar? Gyýaklary bilen, penjeleri bilen gemrer, ýyrtar, barybir gaçyp gider. -Andreý Pawlowiç, Andreý Pawlowiç, siz näme edýärsiňiz? Kimdir biri egninden çekýär. Seredip görmeli. Belki, ekiztaýy ýene ýerden dikelendir. Diýmek, tamam-tepbet öldürip bilmändir. Srubow, pessejik boýly, godolakja, garamurt adamyň gözüne çiňerilýär. Hä-ä, kireýçi ýaşaýan Sorokin. Ýöntemje ynsanjyk, durmuş ätiýaçlyk bölüminde işleýär. Munuň bilen özüňi salyhatly, merdana alyp barmaly, özem bu pisden daşrak duranyň kem däl. Tekepbirlik bilen kellesini dikeltdi: -Haýyş edýän, birinjiden-ä esentanyşsyramak gerek däl, maňa hapa elleriňiz bilen galtaşmalam däl. Ikinjidenem, pugta unutmaň, men kommunist we isaýy ismleri, dürli şepagatly Andreýlerdir, ilkinji çagyrylan Wasiliýleri, ýa-da nähilidir-ä şo taýda... aý şolmuş-da, düýbünden ykrar edemok. Eger-de siz üçin maňa ýüzlenmek lazym bolsa, onda baş üstüne – meniň adym Meýmuruş... Näme üçindir dessine lagşady. Başy aýlanýar. Çydar ýaly däl. Gyzyp-sowap, taňkyrap galaýdymyka ýa? Ulagda şäheriň daşyna gidip geläýseňdiň, şu pille. Dogrusy, şu ýöntemjä birneme ezýet bermek gerek öýdýän. Görlüp otursa, ol muňa razy eken-ä, hatda begenýärem. Ejesem şu ýerde, ýylgyrýar, baş atýar. -Aýlanyp gel, Andrýuşa, aýlanyp gel, mähribanym. Girelge otagçasynda özüne palto geýdirmäge rugsat berdi. Kellesine bolsa iň ýeňil papagy atdylar. Näçe ýeňil bolsa şonça-da gowy. Daş işikde gaňryldy. Ejesi näme üçindir aglaýar. Süňňi bilen elenýär, silkinýär. -Eje, bu gün Ýurige ertirliginde etüwmeç bermegi unutma... Ejesi kelam agyz jogap bermedi, aglap dur. Awtomobil näme üçindir ýa-ha benzinde işleýär, ýa-da ony goşulan at çekýär. Hawa, hawa, özem ony halys lagar düşen, maýryk alaşa süýräp barýar. Aý bolýa-da, bary gyradeň. Esasy zat, oturyp bilseň bolany. Sorokinem hiç, onuň bilen hatda gürleşseňem boljak. -Sorokin, siz bilýäňizmi, men enjam kärhanasyndan ahyry. Işçi. Gije-gündiziň dowamynda ýigrimi dört sagat. Her niçigem bolsa oturmak kyn. Belki, süýnseň bolar? Sorap görmeli: -Sorokin, sekiçe uzakdamy? Men öler ýaly ýadadym. Bäh, birhilijek adam-aý, şu Sorokin. Gözli töňňe. Dymyp otyr. Ýaman ýoldaş – bilinden aýy dek dolap aldy. Çatrykdan orkestrli adamlar çykdy, depelerinde al baýdak parlaýar. Orkestrden seda çykanok. Diňe aýaklaň kesgin, anyk tarpyldysy. Srubowyň gözünde gyzyl baýdak gyzyl ümür bolup akýar. Aýak sesleri – sallardaky paltalaň sesi (ol muny hiç haçanam huşundan çykarmaz). Srubowyň göwnüne bolmasa, ol ýene gan derýasyndan ýüzüp barýan ýaly. Ýöne salda ol däl. Ol saldan gopdy-da, tolkunlarda taraşa deý gaýýar. Sallar bolsa deňesinden ozup geçýärler. Kenaryň ugrunda köpgatly gämiler. Olarda, dym-dykyz gyzyl ýüzli, çyglyp, emer-damarlaryny gögerdip işleýän, gidip barýan ýüzlerçeleriň, tüsseçykar tokurtgalaryň up-uzyn galamlaryny al-asmana galdyryşlaryna, tüsse bilen asmanyň mawy kagyzynyň ýüzünde gyşyk-myşyk çyzyklary çyzyşlaryna, Srubowyň azajyk gülküsi tutýar. Çaga ýaly olar. Şolar öz depderjiklerini şeýle çyrşak-myrşak bilen bezeýärler-ä. Porsy duman derýanyň üstünde aňkaýar. Kenarlar kert gaýa dek üstlerine abanýar. Gijengöz suw perisi, ýaýkyldap, garşysyndan ýüzüp gelýär. Altyn gulpagynda gyzyl merjen täç. Hüwjük, göwüslek, syrtlak aýjynam onuň ýanynda. Çişik, gara çöpür basan arwaham suwuň ýüzünden toprakdan ýörän dek gadam urup gelýär. Suwdan somalýar: eller, aýaklar, ýarymzaýa, töňňepisint, hüýt-garalan kelleler; aýallaň saçlary bolsa suwoty deý çolaşypdyr. Srubow agarýar, ýöne näçe zor salsa-da, gözleri elheder almakdan ýaňa ýumulmaýar. Gygyrmak isleýär – dili äňine ýelmeşen. Sallar bolsa, şol deňesinden ötüp dur, ötüp dur... Köpgatly gämilerem düzüm-düzüm. Saz topary Srubowyň oturan paýtunçasy bilen deňleşdi. Birdenem gümmürdäp goýberdi. Srubow ses zarbasyna çydaman kellesini gysdy. Bu galmagal oň üçin aýaklaň tarpyldysam däl, deprekleň zaňňyrdysam, surnaýlaň zoguldysam – bu pille onuň üçin zemin endireýär, ýanardag gümmürdäp çogýar, köz gyzyl ganly läbik garagyny gapýar, kellesine, hut beýnisine şar-gara, gyzgyn kül dökülýär. Ine-de ol, ýagyrnysyndan, egninden, gara başyndan basýan, ýakyp-ýandyryp barýan gara ýüküň agramyna ýegşerilibem, Srubow, elleri bilen beýnisi gara ataşdan penalap, barybir görýär, ýanardagyň bokurdagyndan akyp gaýdýan bulançak-ganly derýa, gözbaşynda darajyk bolsa-da, ortasyna ýetiberende giňäp, durlanyp, tämizlenýär, aýagujunda-da lowurdap duran gip-giň ýaýynlykda yrňyldap ýatan uç-gyraksyz güneş ummanyna öwrülýär. Sallaram deňesinden, gämilerem. Srubowy ysgyn-deramatyň soňkuja sarkyndysyny jemleýär-de, egninden tümýüki silkip gaçyrýar, ýakynyndaky köpgatly mähnede topulýar. Emma onuň böwri ýyp-ýylmanak, taýgynçak. Aslyşara zat ýok. Srubow paýtunçadan bökdi-de, daş düşelen köçä gürpüldedi, gollaryny kelemenledip, ýüzjek bolýar, ýüzmek isleýär, gygyrmaga dyrjaşýar, emma diňe boguk hyrryldaýar: -Men... men... men... Gerşinde, gerdeninde, kellesinde, beýnisinde bolsa ýene gara kül ýakyp barýan gara dag deý basyp, mynjyradyp gelýär, ýakýar, ýakýar, mäjum edýär... ...Şol gün. WÇK-ň batalýonynyň esgerleri klubda şaşka oýnaýarlar, hoz döwýärler, Wanda Klembowskaýaň pianonada “düşnüksizligi” çalşyna gulak gerýärler. Ýefim Solomin köpçülikleýin ýygnakda, beýik çelegiň üstünde gürleýär: -Ýoldaşlar, biziň partiýamyz, Iý-Da-Py, biziň mugallymlarymyz Marksa we Lenina – bugdaýymyz saýlama-da, seçilenem. Biz kommunistler – hiç neneň dä, bugdoýo garynnaş. Hany, partýa girmedikler – ýamyz, myllyklyk. Partiýada däl – o bilýämi, näm, nirä? Hijem haçan. Olaňka görä, ganojagam, Çeka-da diňe şowir ganhorlyk. Olaňkyça Wanka-da öllürip ýör, Mitka-da öllürip ýör. A emma-ja ol düşünýämi, Wanka-da, Mitka-da, jemagat, ganhorlyk däl-de, jeza bermek bolso – jemagatyň işi... Hanym bolsa, dildüwşükleň jäjeminden, ýykgynçylygyň mergimuşyndan ýaňa gan gusýar, onuň garnam (injilçe – goýny) enelikdir açlykdan ýaňa güberilip çişýär. Endam-jany ýaralardan besse-besse, duşman ganyna-da, öz ganyna-da (näme, Onuň gany dälmi, eýsem – Srubow, Kats, Bože, Mudynýa) boýalan, eşigi sal-sal, çal-gyrmyzy jinde-de Ol, bitlän, gödeňsi köýnekde, Hanym ýalaňaç aýaklaryny diräp, Beýik Düzlükde mäkäm durşuna, bütin dünýä görgür gözleri bilen gazaply garaýar. 1923 ý.
| |
|
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |