09:30 Taraşa / powest | |
TARAŞA
Powestler
I. Howluda ýük ulaglarynyň polat aýaklary tagyrdady. Daşdan bina tutuşlygyna saňňyldy. Üçünji gatda, Srubowyň stolunda syýadanlaň mis gapajyklary şyňňyrdady. Srubowyň reňňi öçdi. Kollegiýaň agzalarydyr sülçi, gyssanmaç çilime ýapyşdylar. Her haýsy tüsse perdesiniň aňyrsynda. Gözleri ýerde. Ýerzeminde Wasiliý ata döş hajyny depesine göterdi. -Doganlar hem uýalar, soňky sagadymyzda mynajat edeliň. Gara-ýaşyl keşişköýnek (rýasa), aşaklygyna pöwän garyn, kelleçanagy şytyr, togalak – sežde çörekçesi heňlän. Burçda durdy. Sekilerden, şybyrdap, gara kölegeler syrylyp düşýär. Iňläbem ýere bagryny berýärler. Beýleki künjekde, poruçik Snežniskiý gögerip, hyýgyldaýar. Egnaşyr kemerçeden kelteje syrtmak bilen ony praporşik Skaçkow bogýar. Serkerde howlugýar – göräýmesinler diýip üýşenýär. Ýaýbaň arkasy bilen gapa tarap öwrülýär. Snežniskiň kellesini dyzynyň arasynda gysýar. Hemem dartýar. Özi üçin bolsa onda ýiti çüýşe döwügi taýýarlanyp goýlan. Ulaglar howluda dükürdeýär. Üçgatly, daş jaýda hemmelerem bilýär, olar jeset daşamak üçin getirildi. Lopbuş, tüýlek ýylan bolup, giň ýeňde haçly el towlanýar. Öçügsi ýüzler ýerden dikelýär. Öli, öçük garaklar ýaşaryp, hanasyndan çykyp gelýär. Ha:jy aýdyň görýäni az. Käbirleri diňe ýukajyk kümüş zolagy saýgarýar. Galanlary – garaňky boşlugy. Ruhany:ň dili äňine, dodaklaryna ýelmeşen. Dodaklary melewşe, sop-sowuk. -Atanyň hem ogluň hakyna... Çal diwarlarda çal der. Künçlerde ebedi doňaklygyň ak, nepis nagyşlary. Gaýýan ýapraklara dönüp, aşakda sežde sözleri şygyrdaýar. Urunýar ynsanlar. Olaram diwarlar deý sowuk der basan. Ýöne saňňyldaýarlar. Diwarlar bolsa gymyldysyz – olarda daşyň synmaz mäkämligi. Komendant al papakly, gyzyl galifeli (jalbar), gara-gök gimnastýorkaly (harby köýnek), egnaşyram goňur iňlis portupeýaly, egri mauzeri bolsa gapsyz, ýalpyldawuk ädikli. Tämiz syrylan, gülgüne ýüzi dellekhanaň penjiresindäki gurjagyňky deý. Ol iş otagyna sessiz girdi. Iç işikde sömeldi-de, doňdy. Srubow çala başyny galdyrdy. -Taýynmy? Komendant gysgajykdan çasly, gygyrýana ýakyn, jogap berdi: -Taýyn. Ýene doňdy. Diňe çüý-garaçykly gözleri, ýiti aýnapisint ýylpyldy bilen birahat. Srubowyňam, otagda oturan beýlekileňem gözleri şeýle – aýnapisint, ýylpyldawuk, ýiti howsalaly. -Birinji bäşligi çykaryň. Men häzir. Äwmän-alňasaman şybygyny doldurdy. Hoşlaşanda, el gysyp, başga tarapa seredýär. Morgunow elini bermedi. -Men siz bilen – seretjek. Ol Çekada (ÇK – Adatdan daşary komissiýa) birinji gezek. Srubow dymdy, ýüzüni çytdy. Gara possunçasyny, uzyngulak, çypar telpegini geýdi. Dälizde çilim otlady. Şilliňden dolmuş Morgunow, içmekli, telpekli, yzynda büküdip dur. Üçekde çyralaň alawly gabarçyklary. Srubow gulakjynyny çümürdi. Maňlaýyny, gözüniň ýarysyna çenli ýapdy. Aýak astyna seredýär. Parkediň çal, agaç dörtburçjyklary. Olary sapaga düzüp, dartýarlar. Olar Srubowyň aýagynyň aşagyna süýşenekläp girýär, ol bolsa näme üçindigini özem aňşyrman, çalt sanaýar: -...Üç... ýedi... on bäş... ýigrimi bir... Aşakda çal, diwarlarda ak – bölümleň atýazgylary. Seredenok, ýöne gördi. Olaram sapajyga düzülen. ...Gizlin-dessin... kontrrewol... girmek gadag... banditçilik... jenaý... Altmyş ýedi çaly sanansoň, bulaşdy. Togtady, yzyna öwrüldi. Morgunowyň çypar murtuna gyňrarylyp garady. Düşünensoň – gaşyny bitişdirdi-de, elini salgady. Ökjeleri tyrkyldadyp öňe ümzükdi. Aňynda ýanýajar: “...Manti-menty... santi-menty... santi...”. Içi ýanýar, ýöne sypyryp aýryp bilenok. -... Santi-menty... menty-santi... Basgançak meýdançasynda garawul. Ýeňsesinde tomaşaçy, gerekmejek şaýat. Srubowyň ýüregi bulanýar, özüne seredilýändigine-de, şunuň ýaly ýagtydygyna-da. A bärde bolsa basgançak. Ýene başlady. -...Iki... dört... bäş... Meýdança boş. Ýene-de: -...Biri... ikisi... sekiz... Ikinji gat. Täze sakçy. Deňesinden, böwürläp. Ýene basgançak. Ýene. Ahyrky sakçy. Tizräk. Gapy. Howly. Gar. Dälizden ýagty. Şu ýerde-de tüpeň naýzalary. Giden bir haýat. Onsoňam Morgunow, salyhatsyz, çep ýeňine ýelmeşýär, gürrüňi bilen çolaşýar. Wasiliý ata galdyrylgy haç bilen. Höküm edilenler onuň ýanynda dyza çöküp dur. Ýöne her haýsy özbaşyna süýkdürip sarnaýar. -Ýa-a-gşy-y-za-a-da-a-la-a-r bi-i-le-e-n ra-a-ha-a-tly-y-... Diňe aýallar bäş sany. Erkekleň sesi eşidilmeýär. Wehim, kükrekleredir bokurdaklara polat halkany mäkäm urdy, gysdy. Erkekler inçejikden üzlem-saplam jygyrdaýarlar: -Ýa-a-gşy-y-za-a-da-a-la-a-r bi-i-le-e-n... ýa-a-gşy-y-za-a-da-a-la-a-r... Komendantam possunçaly. Oňkam sary. Ýerzemine ak sanaw-sahypaly düşdi. Gapy gümmürdedi, agyr kildi bilen. Semaçylaň dili ýok. Dahany gyzgyn çägeden dykyn. Hemmesi dikelip bilmedi. Süýşenekläp burçlara, sekilere, olaň astyna gizlenjek bolýarlar. Goýun sürüsi. Diňe çyňsamalary pişigiňki. Ruhany diwara ýaplanyp, pessaý sakawlaýar: -... ra-a-ha-a-tly-y-... Seslem howany hapalaýar. Komendant kagyzyny bulaýlady. Oň sesi, çygly, basyp-bogup gelýän – gara ýer ýaly. Bäş familiýany tutdy – mynjyratdy, gömdi. Ýerlerinden gymyldamaga gurbat ýok. Howa, edil nejasat çukuryndaky dek galagop boldy. Komendant keşdi çekmezlik bilen burnuny gysdy. Uzynmurt ýasawul ýakynlady-da, sorady: -Bizi nirä? Hemme bilýär – atuwa. Emma hökümi eşitmändiler. Gutarnykly, anyk bilmek isleýärler. Nämälimlik has erbet. Komendant zabun, agras. Şeýdibem, ýüzugruna, jinnekçe-de gyzarman, müýnürgemän, göz göze bakyp, yglan etdi: -Omska. Ýasawul kikirdedi, çökdi. -Ýerasty ýol bilenmi? Polkownik Nikitiniňem gülküsi tutýar. Giň, gwardiýa gerşini egdi-de, sakgalyna: -Hi-hi... Özem görenok, özüniňem, goňşusy general Treuhowyň astyndanam sekiniň üsti bilen aşaklygyna, öl akymjyklar syrygýar. Ýerde-de olar läbik, onsoňam çalaja bug göterilýär. Bäşisini alyp ugradylar. Işik çykalgany pugta germedi. Howla çykylýan gapak şakyrdady. Ulaglaň gohy has dury. Ýerzeminiň demir gapysyna urulýan doň kesegiň takyrdysyna meňzeýär. Bentlengileň göwnüne bolmasa, özleri diriligine gömülýän ýaly. -Tyr-tyr-tyr-tyr-tyr. Fhr-tyr-tyr. Fhr-tyr-tyr. Kapitan Boženko diwara ugurdaş dikeldi. Hekgerildi. Başyny dikeltdi. Üçegiň astynda ysgynsyz çyra. Kapitan oňa gözüni gypdy. -Meni, gardaş, tapmazlar. Emedekläbem sekiniň aşagyna sümüldi. Künjekde poruçik Snežniskiý hemmelere göm-gök, jansyz dilini çykarýar. Ony Skaçkow komendantdan bukdy. Ýöne öz damagyny çalmady. Elinde aýna gyýygyny pyrlap, bogny ysmady. Üçekdäki kindiwanja ýalyn pakgarçygy duýdansyz parkyldady. Ondan çogan iriň gara mum bolup hemmeleň garagyna doldy. Tüm. Tümlükde gorky däl – göwnüçökgünlik. Oturmagam, garaşmagam mümkin däl. Dyrnaklardyr dişler bilen yzgarly daşlara ýapyşyberesiň gelýär. Srubow bilen bäş sany çykarylanlaň göwnüne bolmasa, garly howly ap-aklyga çenli gyzdyrylan demir zal ýaly bolup göründi. Üçgatly, daş guýunyň düýbünde haýaljakdan pyrlanyp, zal adamlary holtumyna dolady-da, howlynyň gabat-garşy ahyryndaky beýleki ýerzeminiň gapagyna garşy zyňdy. Towlam-basgançagyň darajyk bogazynda ikisiniň demi tutuldy, başy aýlandy – ýykyldylar. Galan üçüsini ýere ýazdylar. Ýerzenminiň toprak astyna üýşmek bolup togalandylar. Sekisiz ikinji ýerzemin, basma rus G harpy ýaly egri. Daş harpyň gysga gaňyrçagynda, girelgeden uzagrakda, tümlük. Uzyn guýrugynda – gün. Çyralar her bäş ädimden güýçlenýär. Ýerde ähli depejiklerdir çukurjyklar bildirýär. Hiç haçanam bukulyp boljak däl. Diwarlar kerpiç gaýalara dönüp alkymyňda sepleşýär, ýiti, anyk burçlary bilen bitişen. Depäňden üçegiň daş, boşgaryn harsaňy labyryny atýar. Gaçyp bilmersiň. Ondan başga-da garawullar – arkaňda, öňüňde, gapdallaňda. Tüpeňler, gylyçlar, sapançalar, gyzyl, gyzyl ýyldyzlar. Demirdir ýarag adamlardan kän. “Diwar” ýagty guýruk bilen yş düşmez egremçäniň serhedinde akjarýar. Petlesinden goparylan bäş gapy, kerpiç gaýa söýelgi. Bäşe golaý çekistler. Ellerinde up-ullakan sapança. Mäşeleri – garareň sorag belgileri – gurulgy. Komendant höküm edilenleri saklap, buýurdy: -Çykarynmaly. Buýruk, urgy ýaly. Bäşisiniňem dyzy dartyldy-da, epilip gitdi. Srubow bolsa komendantyň emriniň özüne-de degişlidigini duýdy. Aň ýetirmezden possunçasynyň iligini ýazdyrdy. Şol birwagtda-da aňy, munuň bolgusyzlykdygyna, özüniň gubçekaň başlygydygyna, atuwa ýolbaşçylyk etmelidigine ynandyrjak bolýar. Kynlyk bilen özüne erk etdi. Komendanta, beýleki çekistlere äňetdi – hiç kim oňa üns berenok. Jezalandyrmalylar titreýän elleri bilen eşiklerini çykarýardylar. Üşän barmaklary diýen etmeýär, ýygrylmaýar. Ilikler, ildirgiçler ýazmaýar. Bagjyklar, düwünler çolaşýar. Komendant çilimi çeýnäp, gyssaýar: -Çusrak, çusrak. Biriniň kellesinde köýnegi bulaşdy, olam ony çykarmaga howlukmaýar. Ilkinji bolup çykarynmagy hiç haýsy islänok. Biri-birine gyýtagyny aýlap, haýal-ýagal. Horunjiý Kaşin bolsa asla-da çykarynmaýar. Büküdip, dyzyny gujaklap otyr. Küteklik bilen saralan, ýyrtyk ädiginiň burnundaky şo bir nokada tiňkesi dikilgi. Oň ýanyna Ýefim Solomin golaýlady. Rewolweri sagynda, arkasyna gizlenen. Çepi bilen kellesini sypady. Kaşin tisgindi, geň galyp agzyny açdy, gözem çekistde. -Nä pikire çümdüň, gadyrdan? Ýa gorkaýdyňmy? Eli bilenem saçyny sypaýar. Ýuwaşjadan, hiňlenjireýän dek gürleýär. -Gorkma, gorkma, gadyrdan. Ölümjigiň entejik daşda. Bumad-a eýmener ýaly zat ýog-a. Hany, bol baka:ly, men saňa keltekçejigiňi çykaryşaýyn. Çep eli bilenem, serkerdäniň frençiniň iligini, mähirli bolsa-da, pugta-ynamly açýar. -Gorkma, gadyrdanym. Indi bolsa ýeňjagazyňy çykaraly. Kaşin palçyk boldy. Tabyn erksizlik bilen gollaryny gerdi. Ýüzünde gözýaş. Emma ol olary aňşyrmaýar. Solomin ony halys gönertledi. -Indi bolsa jalbarjygyňy. Hiç, hiç, gadyrdanym. Solominiň gözleri dogruçyl, mawy. Ýüzi eňekmen, açyk. Eňeginde kirlänräk sürteç, patallagynyň iki tarapynda seýrek seçek. Ol Kaşini aladaçyl sanitaryň hassany edişi dek çykaryndyrdy. -Tammanjygyňy... Srubow, höküm edilenleň ahwalynyň çykgynsyzlygyny şeýlebir yzaly aýdyňlyk bilen syzdy. Göwnüne bolmasa, zulumyň ýokary derejesi atuwda däl-de, şu çykaryndyrmakda ýaly boldy durdy. Içki eşikden ýalaňaç topraga. Eşiklileň arasynda eşiksiz. Kemsidilmegiň ahyrky çägi. Ajala garaşmagyň ezýeti töwerekdäki gurşawyň adatylygy bilen hasam güýçlenýär. Hapa asty, çaň basan diwarlar, ýerzemin. A belki-de olaryň her birem Esaslandyryjy mejlisiň başlygy bolmagy arzuw edendir? Belkem, Russiýada gaýtadan dikeldilen patyşalyk dolandyryşynyň birinji ministri bolmagy? Ýa-da belki imperatoryň hut özi? Srubowyň özem diňe bir RSFSR-iň (Rus Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasy) däl, hatda BDSFSR-iňem (Bütindünýä Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasy) Halk Komissary bolmagy arzuw edýärdi. Srubowyň göwnüne bolmasa-da, häzir olar bilen onam atjaklar ýaly boldy. Sowuk inçejik iňňeleri bilen ýagyrnysyna dürtülýär. Elleri portupeýasydyr gataňsy sakgalyny tüýdüşdirýär. Çuw-ýalaňaç, süňklek adam, pensnesini ýyldyradyp dur. Ol birinji bolup çykaryndy. Komendant oňa burnuny görkezdi. -Aýryň. Ýalaňaç komendanta tarap biraz egildi-de, ýylgyrdy. Srubow, inçemik, intelligent keşbi, akylly nazardyr mele sakgaljygy gördi. -O nähili onsoň men? Men onda diwaram görüp bilmerin-ä. Soragynda-da, ýylgyryşynda-da ýöntem çagasöwlik. Srubowyň kellesinde bolsa pikir: hiç kim hiç kimi atmakçy bolanok. Çekistler hahahaýlaşdylar. Komendant çilimini gaçyrdy. -Siz gowy oglan, al kakmyş. Ýöne hiç, biz sizi elteris. Pensneni bolsa, her niçigem bolsa çykaraýyň. Beýleki, semiz, kükregi gara ýüň, agyr, ýogyn sesli diýdi: -Men soňky görkezmämi bermek isleýän. Komendant Srubowa gaňryldy. Srubow ýakyn geldi. Ýandepderçesini çykardy. Pikirlenmezden, tankytlamazdan görkezmäň manysyny ýazmaga başlady. Aýgytly pursadyň tesdirilendigine begendi. Çişik bolsa ýalan sözleýär, bulaşýar, süýndürýär. -Tokaýjygyň ýakynynda, derýajyk bilen batgaň arasynda, gyrymsylykda... Özüniň gulluk eden aklarynyň topary, nirededir bir ýerde kän altyn gömendigini gürrüň berýärdi. Çekistleň hiçisi oňa ynanmaýar. Hemmesem onuň diňe wagt utmaga dyrjaşýandygyny bilýär. Ahyrynda höküm edilen atuwyny süýşürip, özüni ýolbelet edinmegi hödürledi, şonda ol tyllaň nirde gömlendigini görkezjekmiş. Srubow ýandepderçesini kisesine saldy. Komendant gülüp durşuna, ýalaňajyň egnine şarpyldatdy: -Taşla, daýy, gatyry towlamaňy. Söýen. Eýýäm hemmesi çykaryndy. Sowukdan ýaňa ellerini owkalaýarlar. Ýalaňaç aýaklary bilen duran ýerlerinde gozganjyraýarlar. Içki geýimleri, eşikleri alabeder üýşmek. Komendant eli bilen yşarat etdi – çagyrýar. -Düzüliň. Garaýüňlek semiz uwlady-da, gözýaşa gark boldy. Kütek, biperwaý keşpli jenaýatçy bandit gapylaň birine ýakynlady. Çaýşyk, çöpürlek, mähnet dabanly aýaklaryny giň, durnukly goýdy. Jeza beriji topardan çöpaýak rotmistr gygyrdy: -Ýaşasyn sowet häkimiýeti! Onuň gabat-garşysynda paşşykburun, ýasyýüz, taýpy eňek Wanka Mudynýa sapançaly söm-saýak boldy. Rotmistriň öňünde damarlak, tenşekile beslenen deňizçi ýumrugyny galgatdy. Soňam dişiniň arasyndan ukuly tüýkürip, ernini gyşartdy: -Gygyrma – rehim etmeris! Parahorluk üçin höküm edilen kommunist, togalak, syrylan kellesini aşak sallap, boguksy diýdi: -Bagyşlaň, ýoldaşlar! Melesakgallyja şadyýan bolsa, eýýäm pensnesiz, şo ýerde-de hemmeleri güldürdi. Geçip durdy-da, samsyjak terzde diýdi: -Gör-ä muny, o dünýä gapylar nä tüýsli eken – petlesiz. Indi bilerin. Ýene-de Srubow olary atmazlar diýip oýlandy. Komendant bolsa, gülüp durşuna buýurdy: -Aňryk bakyň. Höküm edilenler düşünmedi. -Ýüzüňizi diwara, bize-de arkaňyzy öwrüp duruň. Srubow, olar öwrülmäge başlan badyna çekistleň bäşisiniňem birden sapançany göterip, her haýsynyň ýeňsesinden atjakdygyny bilýärdi. Ýalaňaçlar eşiklileň özlerinden näme isleýändigine ahbetin düşünýänçäler, Srubow sönen şybygyny dolduryp, otlamaga ýetişdi. Häzir öwrülerler – soň tamam. Garawullaň, komendantyň, sapançaly çekistleň, Srubowyň ýüzi birmeňzeş – dartgynly-öçügsi. Diňe Solomin doly rahat dur. Onuň ýüzi, adaty bir gündelik işdäkiden beter ünjüli däl. Srubow gözüni şybyga – köze dikdi. Barybirem aňşyrdy, Morgunowyň juw-ak bolup, agzy bilen howany garbap, aňrysyna bakýandygyny. Ýöne haýsydyr bir güýç ony bäş ýalaňaja tarap dartýar, olam olara ýüz-gözüni eňşidýär. Şybykdaky köz tisgindi. Gulaga ýakymsyz bir zat uruldy. Ap-ak, çig etden läşler ýere gürpüldedi. Tüsseleýän sapançaly çekistler çalt yza tesdiler-de, bada-badam gulaklary gaýtardylar. Atylanlaň aýaklary ysytmaly titreýär. Semiz zowwam çyňsama bilen soňky sapar sojady. Srubow oýlandy: “Ruh barmy ýa ýok? Belki, jan çyňsama bilen çykýandyr?”. Çal şinelli iki sanysy, çakganlyk bilen jesetleriň aýagyna syrtmak ildirýärdiler-de, olary ýerzeminiň garaňky egremçesine süýreýärdiler. Ýene-de iki sanysy pil bilen ýer gazyp, bugaryp duran gan çeşmejiklerini gömýär. Solomin, rewolwerini biline gysdyryp, atylanlaň içki eşiklerini saýlap-seçýär. Yhlas bilen tammany tammana, köýnegi köýnege ýabşyrýar, üstki geýmem aýratyn goýýar. Indiki bäşlikde ruhany bar eken. Ol özüne erk edip bilmeýär. Kelte aýaklyja çişik göwresini zordan süýreýär, inçejigem endireýär: -Mukaddes Huda jan, mukaddes mäkäm... Onuň gözleri hanasyndan çykyp gelýär. Srubow, ejesiniň hamyrdan torgaýjyklary büküp, olara-da kişmişden göz goýşuny ýadyna saldy. Ruhanyň kellesi, peçden çykarylan, kişmiş-gözleri howurdan ýaňa pökgeren torgaýyňka kybapdaşdy. Wasiliý ata dyzyna gürpüldedi: -Doganjyklam, mähribanlam, heläk etmäweriň... Srubow üçin ol eýýäm adam däldi – hamyr, hamyrdan torgaý. Beýle zada jinnek ýalam gynanç ýok. Ýürek rehimsiz gazap bilen gatady. Çürt-kesik dişinden syzdyrdy: -Iňlemäňi bes et, hudaýyň tüýdügi. Moskwa gözýaşlara ynanmaýar. Onuň gödek pugtalygy beýleki çekistlere itergi berdi. Mudynýa çilimçe towlanýar: -Syrtyna ýeke depim – sem bolar. Boýy uzyn, çaýkanjyrap ýöreýän Semen Hudonogow, pessejik boýly, dörtburç, çaýşygaýak Alekseý Bože ruhanyny garbap tutdular-da, ýere ýykdylar, eşigini sypyryp ugradylar, ol ýene-de süýkdürip, çagşan çarçuwadaky aýna deý jygyldamaga başlady: -Mukaddes Huda jan, mukaddes mäkäm... Ýefim Solomin saklady: -Degmäň, atamjana. Özem çykarynar. Ruhany dymdy – bulançak gözleri Solomine dikilen. Hudonogow bilen Bože çekildiler. Solomin mylakatly. -Jinde-de bolsaň, gadyrdanym, agyrja bolar-la. Jinde diýilýäni aşak çekýä-dä. Ruhany ýerde ýatyr. Solomin onuň başujunda, uzyn, çal şineliniň syýlaryny dyzyna dartyp, çommalyp oturyşyna, ruhanyň gara repsden içki köýneginiň iligini ýazdyrýardy. -Bu bar-a, neme, o zadam däl-le, gadyrdanym, çykaryndyrýanymyz. Ine seni ýene hammamda-da düşürindirsek gowy bolardy. Haçanam bolsa, adam tämizden arassaja bolanda, onda oňa ölmegem ýeňiljek bolýa-da. Häzirjek, häzirjek, bu üpül-sapyllygyň barysyny senden ýok edeli. Onsoň senem meniň elimde edil etenejik ýaly ganatjyklaňňy giň geräýersiň. Ruhanyň içkisi inçe süýüm nahdan. Solomin usullyk bilen onuň topuklaryndaky bagjyklary çözdi. -Jindedekä diňe ganhorlar öldürýär. A biz bolsa öldüremzok-da jezalandyrýas. Jeza bolsa, gadyrdanym, beýik iş. Serkerdeleň biri çilim haýyş etdi. Komendant berdi. Serkerde çekip durşuna, gaşlaryny bürüp-ýazyp, äwmezlik bilen tüssä gözüni süzýär. -Bizi atanyňyz bilen ulagy ýola goýmarsyňyz, azyk meselesini çözmersiňiz. Srubow eşitdi-de, öňküdenem beter içi ýandy. Beýleki ikisi, misli hammamyň öňhanasyndaky dek, gülşüp, bolgusyzja lakgyldap çykarynýardylar, özlerem, göwnüňe bolmasa hiç zady aňşyrmaýan, görmeýän, görmegem islemeýän ýalydylar. Srubow olary dykgatly synlanda, munuň ýasamadygyna düşündi – ikisiniňem gözleri ölüdi, elheder almakdan ýaňa peträp durdy. Bäşinjisi, zenan – daýhan aýal, çykaryndy-da, parahat çokundy, sapançaň öňüne geçdi. Çilimli, Srubowyň içini ýakan, arkan öwrülmek islemedi. -Maňlaýymdan atmagyňyzy haýyş edýän. Srubow kesgin suňşurdy: -Tertibi bozup bilemok – diňe ýeňseden atýas. Öwrülmegi buýurýan. Ýalaňaç serkerdäň erki ejiz. Öwrüldi. Gapyň agajynda nijeme deşijekleri gördi. Onuň kindiwanjadan kiçijik möjejige öwrülesi, soňam şu deşijekleň birine sümlüp, gizlenesi, ahyrynda-da, ýerzeminden nähilem bolsa bir yşjagaz tapyp, erkinlige uçup gidesi geldi. (Kolçagyň goşunynda ol gullugyny korpusyň serkerdesi – doly general bolup tamamlamak hakda göwün ýüwürderdi). Birdenem oň özüne saýlap alan deşijegi äpet deşige öwrüldi. Serkerde oňa ýeňillik bilen bökdi-de, öldi. Açyk sag gözündäki garaçygy, edil onuň kellesini deşip geçen gülläniň gapydaky täze deşigi deý giň hem tagaşyksyzdy. Wasiliý ataň garny – çanakdan çişip, ýere gaçan hamyr. (Wasiliý ata hiç haçanam arhireý bolmak barada pikir etmändi. Emma protodýakon bolmagyň welin, kül-külündedi). Bularam garaňky egreme aýagyndan çekip süýrediler. Olaň ählisem – her biri özüçe – ýaşamagy, kimdir birem bolmagy arzuw edendir. Ýöne olaň her haýsyndan diňe üç, dört put bugaryp duran et galansoň, bu hakda gepläniňe bir degýärmi? Gan gömlüp, jesetler aýrylýança indiki bäşemi getirmediler. Çekistler çilimçe ýasanýarlar. -Ýefim, senem gurbakga ýaly bolup, hemişe olar bilen hülli-hülli edýäň?-dörtburç Bože soraýar. Solomin barmagy bilen patallagyny gaşaýar. -A nä, olary gižželäp, olara hüžžerip nätjek? Ol tutulmanka duşman. Bärde bolsa o dilsiz-agyzsyz haýwandyr-da. Ine öýde, çomruçylykda mal soýmaly bolardy, şonda-ha hemişe-de mylaýymlyk bilen nemedilýä. Bararsyň, sypalarsyň, duraweri, Alabederjäm, dur hany. Onsoň olam durar. Maňa bolsa geregem şo, sebäbi çeýeje bolýa-da şonda. Atýanlar bäş – Ýefim Solomin, Wanka Mudynýa, Semen Hudonogow, Alekseý Bože, Naum Nepomnýaşih. Olardan hiçisem soňky bäşemde zenanyň bardygyna aň salmady. Ählisem diňe bäş sany bugaryp duran, gana boýalan etden läşleri görýär. Üçüsi enjam dek atýar. Garaklaram boram-boş, öli, aýnapisint lowurdyly. Ýerzeminde näme etselerem, biygtyýar edýärler. Höküm edilenler çykarynýança, durýança garaşýarlar, soň sapançalaryny oý-pikirsiz, duýgusyz galdyrýarlar, atýarlar, yza gaçýarlar, boşan okdaraklaryny oklusyna çalyşýarlar. Meýitleri aýryp, täzeleri getirerlerine garaşýarlar. Diňe iş kesilenler gygyrsa, garşylyk görkezse, üçüsiniň gany ýakyp barýan gazap bilen köpürjikläp başlaýar. Şonda hapa-paýyş sögünýärler, ýumruklaryny düwüp dübleýärler, sapançaň sapyny somlap topulýarlar. Şonda-da olar rewolwerlerini ýalaňňatylaň ýeňsesine göterenlerinde, ellerinde, kükreklerinde sowuk galpyldyny duýýarlar. Bu-da sowa atany ýa ýaralany üçin eýmenmek. Sebäbi bir okda öldürmeli. Eger-de ölmedik, çygyrsa, ganly gakylyk goparyp hyrkyldasa, ýerzeminde dymyklyk peýda bolýar, onsoň gidip, tä essiň aýylýança içesiň gelýär. Emma oňa-da gurbatyň galmaýar. Kimdir äpet, hökmürowan biri, gyssanmaç eliňi göterip, ýaratyny gaty bahym gümlama ibermäge mejbur edýär. Wanka Mudynýa, Semen Hudonogow, Naum Nepomnýaşih şeýle atýardy. Ýeke Ýefim Solomin özüni erkana hem ýeňil duýýar. Ol pugta bilýär, akgwardiýaçylary atmak, edil mal soýan dek zerur. Pyçagyň öňünde sadyklyk bilen boýnuny goýýan sygry ýigrenmeýşi ýaly, ol özüne açyk ýeňselerini öwürýän jezalandyrylýanlar babatda-da hiç hili ýigrenç duýmaýar. Ýöne onda atylýanlara dözmezçiligem ýok. Solomin bilýär, olar ynkylabyň duşmany. Ynkylaba bolsa ol, edil ýagşy hojaýyna gulluk eden dek, yhlasly, ynsaply hyzmat edýär. Ol atanok, işleýär. (Galyberse-de Ol Hanym (terj. bel.: Ynkylaba, Rewolýusiýa) üçin kimiň nädip atýandygynyň ähmiýetem ýog-a. O Hanyma diňe öz ýagylaryny ýok etmek möhüm). Dördünji bäşemden soň Srubow höküm edilenleň ýüzlerini, sypatlaryny saýgarmagy, olaň gykylygyny, iňňildiisini eşitmegi bes etdi. Temmäkiňdir sapançalaň tüssesi, gandyr demiň bugy – seňselediji duman. Ak bedenler hellewleýär, janhowluna çabalanýar. Diriler dyzanaklap özelenýär. Srubow dymýar, synlaýar hem şybyk tütedýär. Atylanlary süýräp aýyrýarlar. Ganyň üstüne gum sepýärler. Çykarynan diriler, eşigi sypyrylan merhumlaň ornuna geçýär. Bäşemiň yzyndan bäşem. Ýerzeminiň garaňky ahyrynda, çekist gapakdan düşürilýän halkany gapýar, ony atylanlaň boýnuna ildirýär-de, ýokarylygyna gygyrýar: -Çek! El-aýagy kelemenleýän meýitler üçege garşy galýar-da, ýitýär. Ýerzemine bolsa, gorkudan ýaňa tammanyna meýdan edýän, gara dere batýan, zaryn eňreýän dirileri getirip durlar, getirip durlar. Ýük ulaglarynyň polat aýaklaram tagyr-tagyr, tagyr-tagyr. Ýerzeminden howla tarap dyzaýan boguksy haşlamalar bilen... Çekýärler. Çekýärler. Komendant geldi. -Ulag, ýoldaş Srubow. Mehaniki zawod. Srubow baş atdy, howlyň ot uçgunly zaly hakydasyna geldi. Pyrlanýar zal, ynsanlary ýerzeminden ýerzemine oklaýar. Bütin binada ýalyn, enjamlar tagyrdaýar. Ýüzlerçe adam arly gije-gündiz başagaý. Bu taýda: “rrr-wah-rr-rrr-wah”. Zarňyldaýan şagyrdy bilen, kelleçanaklary, öz-özi towlanýan burawlar şatyrdap deşýär. Tütemezek, gyrmyzy ýonuşga seçilýär çar ýana. Çalgy ýagy beýniň gan lagtalary bolup zyňylýar. (Diňe, artezian guýusyny gazanlarynda ýa nebit gözlänlerinde ýeri burawlanoklar-a. Käte, deşip arassa topraga ýetmek üçin bütewi daş gatlagynam, magdan siňirlerinem geçmeli bolýar ahyry. Geçmeli bolýar, kelleçanaklaň süňkden gatlaklaryny, beýnileň şülepisint läbiginem. Lagym tokurtgalary bilen gan çüwdürimlerinem akdyryp äkitmeli bolýar). Bugaryp duran ganyň, iýiji ynsan deridir nejasat-peşewiň ysy bilen bark urýar, ýerzemin. Özem ümür, ümür, tüsse. Çyralar, gapylyp barýan ot-gözlerini zor salyp üçekden petredýärler. Sowuk derden ýaňa öl-myžžyk diwarlar. Ysytma tutýan dek urunýar ýerzeminiň toprak asty. Aýaklarynyň aşagynda-da sary-gyzyl, ýelmeşek, porsy helemek. Howa gurşundan ýaňa agralan. Dem almak kyn. Zawod. -Rrr-wah-rr-rrr-wah! Süýreýärler. -A-ha-i-i. M-e-n-i! -Gymmatly görkezmäm bar. Atuwy bes ediň. Tta-a-h-wah-rrr. Süýreýärler. -Ýeri, çykaryn. Çykaryn-a. Geç. Öwrül. -Wa-a-a-ý. A-a-a. Tta-a-h. Çekýärler. -Ýaşasyn hökümdar imperator. At, gyzyl haramy! Hudaý jan, rehim eýle. Ýok bolsun, kommunistler. Rehim ediň. Sizem-ä atybilipdim, gyzyltumşuklar. Rrr-rrr. Süýreýärler. -Bigünä ölýänle-e-e-... -Bes et. Rrr. Süýreýärler. -Ýalbarýa-a-a-n. Rrr-wah-rr. Süýreýärler. Wanka Mudynýa, Semen Hudonogow, Naum Nepomnýaşih, ölüň reňkinde, gana boýalan ýeňli possunçalarynyň öňüni argynlyk bilen açýarlar. Alekseý Bože gandan ýaňa joşgunly gyzaran bäbenekli, dodaklarynyň gyrmyzy syrtarmasyndaky sary dişleri bilen, murtuny gara guruma meňzedip dur. Ýefim Solomin, agras, asuda işjanlylyk bilen, jaýty burnunyň astyny owkalap, sakgal-murtundan gatan ganyň kesmeklerini goparyp durşuna, gyzyl ýyldyzly ýaşyl papagynyň, ýarym gopuk, şyrky çykan gaşyny düzedýär. (Ýöne bu O Hanyma gyzyklymy, eýse? Oňa diňe birlerin-ä öldürmäge mejbur etmek, beýlekilerine-de ölmegi buýurmak derwaýys. Diňe şo. Çekistlerem, Srubowam, höküm edilenlerem, bu zawod enjamynyň öňüni alyp bolmajak ylgawynda şol bir, birmeňzeş bolgusyzja pyýadajyklar, kindiwanja hyrjagazlar. Bu kärhanada kömür hem bug – O Hanymyň gazaply güýji, bärde Ol Bike – zalym hem ajaýyp). Srubow, possunçanyň gara sütügine, gulakjynyň çypar sütügine, öçmezek şybygynyň çal tüssesine çolanylgy, Onuň demini duýdy. Bu, şo täze dartgynly güýjüň ýakynlygyny syzmakdan ýaňa-da teniniň eti zarňyldap, damarlaryny dartdy, gany çalt aýlanyp ugrady. Onuň üçin Onuň hatyrasyna Srubow hemme zada taýyn. O Hanym üçin ganhorlugam – bagt. Eger-de gerek bolsa, ol säginmän, höküm edilenleň ýeňsesinden özem gülle ýelmäp ugrar. Goý, ýekeje çekist dagy ýöwsellemäge, yza tesmäge het edäýsin – ol şu ýeriň özünde ony duran ýerinde ýok eder. Srubow heýjanelek aýgytdan püre-pür. Onuň üçin Onuň hatyrasyna. Emma arasynda bökdençligem döräýýär. Ýaş gwardiýaçy çykarynmak islemeýärdi. Inçejik begzada dodaklaryny çöwrüp, kinaýaly gürleýär: -Men özümi ýallakçylaň çykaryndyrmagyna endik edipdirin. Özüm-ä çykarynjak däl. Naum Nepomnýaşih ýigrenç bilen onuň döşüne sapançaň nilini dürtdi. -Çykaryn, nejis. -Ýallakçy beriň. Nepomnýaşih bilen Hudonogow keçjalyň aýagyndan tutdular-da, ýykdylar. Gapdallarynda huşundan gidip diýen ýaly general Treuhow ýatyr. Hyrkyldaýar, bogulýar, özelenýär. Onuň bogazy, edil ýalynly çägä suw akýan dek hyrryldydan doly. Oňam eşigini sypyrmaly boldy. Solomin, gyzyl lampasly jalbary sypyranda, tüýkürinjiräp, ýüzüni kese-kese sowdy. -Tüf-aý saňa! Dem alar ýaly däl. Negözel geými zaýalapdyr-a. Gwardiýaçy, eşigi sypyrylan, dikeldi, goluny döşünde çilşirdi-de, bir ädimem gymyldysyz, doňup dur. Buýsanç bilenem yglan etdi: -Myrtarlaň öňünde pyrlanman. At, rus serkerdesiniň kükreginden. Soňam Hudonogowyň göni garagyna gakylyk harkyldadyp goýberdi. Guduzlan Hudonogow serkerdäniň agzyna mauzeriň nilini dykdy-da, jebis gysylan dişleriň ak syrçasyny kül-uşak edip, atdy. Serkerde kellesini nalajy silkip, gollaryny kelemenletdi-de, ýüzin ýazyldy. Janhowluna urunýan beden türgeniň mermer çykynlary bilen oýnady. Srubowyň bu görmegeý kişä ýeke minutlyk haýpy geldi. Bir sapar ol köçede döwlen aýagy bilen urunýan berdaşly tohum ata-da şunuň ýaly gynanypdy. Hudonogow ýeňi bilen ýüzünden gakylygy süpürýärdi. Srubow oňa talap ediji belledi: -Tolgunmaly däl. Soňam, hökmürowan hem gaharly goşdy: -Indiki bäşemi. Derrew. Hyllygyňyzy akdyrdyňyz. Bäşemden iki aýal bilen praporşik Skaçkow galdy. Ol henizem öz damagyny çalmandyr. Şu wagt ýalaňaçka-da elinde kiçijek aýna gyýygyny saklaýar. Göwüslek, sallanyp duran syrtly, belent timarlanan saçly hatyn saňňyldap, diwara tarap gidesi gelmeýär. Solomin onuň goltugyndan tutdy: -Üýşenme, mähribanjam. Gorkma, owadanjam. Biz saňa hiç zat etmeris. Gör-ä ine, bärde, başga-da heleý bar-a. Ýalaňaç aýal eşikli erkege tabyn boldy. Topugyna ýakyn inçelýän, apalanan aýagyny sandyradyp, ol ýerzemin astynyň ýylyjak, ýelmeşek süýgeşikliginde dähedem-dessemläp barýardy. Ýüzüne alada çaýylan Solomin ony emaý bilen idýärdi. Beýlekisi – uzyn boýly, saryýagyz näzenin. Çözlenen saçlary bilen dyzyna çenli örtünipdir. Gözleri göm-gök. Gaşlary gür, gara. Ol barypýatan çaga sesi, birneme sakawlap dillendi: -Siz bir b-bil-biläýsediňiz, ýoldaşlar... nähili ýaş-ýaşasymyň gelýänini... Gözündenem çuňňur göklügini hemmesiniň depesinden eňterýär. Çekistler sapançalaryny galdyrmaýarlar. Her haýsynyňam gözi – köz. Ýürekdenem aýaga syzlap duran, süýji melullyk zarbygyp urýar. Komendant dymýar. Däri tüssesine kakan sapançaly bäşler gymyldysyz durlar. Hemmesiniňem gözi şoňa örklenen. Şeýlebir dym-dyrslyk. Üçekden yzgar damjalary damýar. Ýere ýumşaksy typbyldy bilen urulýar. Ganyň, bugaryp duran etiň ysy Srubowda haýwany, topragy bir zady oýarýar. Garbasaň bu gökgözjäni, bagryňa bassaň. Dyrnaklaň, dişleň bilen ýapyşsaň, agyz ursaň oňa. Şorumtyk, gyrmyzy mejnunlykda gark bolsaň... Ýöne Srubowyň aşyk bolan, ähli zada wada beren Şo Hanymam bärde. (Ýöne, elbetde, O Hanymy gökgözlüje bilen nähilem bolsa gapma-garşy goýmak ýa deňeşdirmek aklyňa sygjak zat däl, bimany bolgusyzlyk ahyry). Şoň üçinem – aýgyt bilen iki ädim öňe. Kiseden gara brauning. Gös-gönem gaşlarynyň gara ýaýynyň arasyna, ap-ak alnyna nikelli gülle. Zenan tutuş göwresi bilen aşak çökdi, ýerde süýndi. Maňlaýynda, mele gulpagynda hurmaýy gyzyl merjen damjalar mar dek towlanýar. Srubow elini goýbermedi. Skaçkow – çekgesine. Göwüslek ýanynda bihuş. Oň üstüne Solomin egildi-de, tokgaja gülle bilen pöşşük timarlanan saçly kelleçanagynyň gapagyny pytratdy. Brauning jübä. Yza tesdi. Ýerzeminiň garaňky ahyrynda biri-biriniň üstüne münderlenýän meýitler, üçege ýarmaşýar. Olardan syrygýan gan ýerzeminiň ýagty ganatyna bulajyk bolup akýar. Sütüni süýnen Srubow çeşmejik däk, bütewi dym-gyzyl derýany görýär. Seňselediji ümürde hemme zat gyp-gyzyl. Jesetlerden başga hemme zat. Olar ak. Üçekde gyzyl çyralar. Çekistler boýdan-başa gyzyl geýnen. Olaň ellerinde-de rewolwer däl – palta. Jesetler ýykylmaýar – aksütün gaýyňlar gürpüldäp gaýdýar. Gaýyňlar teni maýyşgak. Olarda dirilik hötjetlik bilen göreşýär. Çapýarlar olary – olar epilýär, jatyrdaýar, uzak wagtlap ýykylmaýar, ýykylanlarynda-da iňläp şatyrdaýarlar. Ýerde-de ölüp barýan şahalary bilen saňňyldaýarlar. Çekistler ak pürsleri gyzyl derýa zyňýar. Derýada olardan sal ýasaýarlar. Özlerem şo-o-l çapyp durlar, çapyp durlar. Zarbalaryndan otly uçgunlar seçilýär. Gana boýalan köpürjik-gyýaklary bilen kerpiç-kenarlaryny gemirýär gyrmyzy derýa. Aksütün sallar hatar-hatar akyp barýar. Her haýsy bäş pürsden çatylan. Her haýsynda-da bäş çekist. Saldan sala böküp Srubow, buýruk berýär, ýolbaşçylyk edýär. A soň, gije, gyzyl ukusyzlygyň hunabasynda, pökgerip gyzaran gözleri bilen, säheriň öňisyrasyndaky galpyldy bilen saňňyldap başlanda, derýanyň gan-tolkunlary göz gamaşdyryjy ýagtylyk bilen lowurdady. Gyrmyzy gan, lowurdap duran ýalynly läbik deý tutaşdy. Titreýänem ýerzeminiň asty däl – Zemin elenýär. Çogup, gümmürdeýär, ýanardag. Rrr-wah-rr-rrr-wah. Sil aparan, ýer bilen ýegsan edilen ýerzeminiň diwarlary. Howly, köçe, şäher gark edilen. Ýangynly läbik bolsa, akýar, akýar. Ýalynly tolkunlar bilen Srubow elýetmez belentlige göterilen. Nurana, lowurdyly giňişlik gözüňi gapýar. Emma ýürekde wehim-de ýok, ikirjiňlenme-de. Ýer titremäň gümmürdisinde Srubow, gaýduwsyz belent baş bilen, alyslara nebsewür bakýar. Kellesinde-de diňe birje pikir – Hanym hakda. II Aýy ölügsi ysytma sandyradýar. Şol ysytmadyr aňzak zerarlam mahym maýdaja saňňyldy bilen endireýär. Daşynda-da uçgunsyçrawuk dury tüsse dek oň nepesi. Topragyň depesinde ol hapasow pamyk bulutlara dönüp goýalýar, ýeriň ýüzünde ýaňy sagylan süýt deý bugarýar. Howludaky süýt-duman içre, üşäp gögeren gar üýşmekleri hatar-hatar küýkerilip durlar. Penjireleň erňegine sallam-sajak ýelmeşen, üçeklerden eleşan sallanýan gök garda, ak, üçgat, köpgözli, doňan diwarlaram gögeripdir. Dürlireňk sary (dogrusy, gije bolany üçin birmeňzeş gara reňkli) possunçaly ikisiniň ýüzi howlukmaçlygyň öçügsi ysytmasynda titreýär. Olar ýük ulagynda duran ýerlerinden ýerzeminiň gara kekirdegine syrtmak sallap, bil büküp, gol uzadyp garaşýarlar. Ýerzemin sojaýar ýa üsgürýär: -Çe-e-k-k. Onsoň bugaryp duran bokurdakdan daşyna üflenen ýa-da tüýkürilen, gana boýalan gök-sary, süýnmek gakylykmy ýa sülekeý deý kementde meýitler ýokary galyp başlaýar. Edil ýerdäki gakylykdyr tüýkülikde gezen ýalam, olaryň üstünde ýöreýärler, olary ýük ulagynyň gerşine mas ýüklemek üçin basgylaýarlar. Soňra, sowap gögerýän jesetleň gerişleri, misli gar üýşmekleriniň örküji dek bükrerilip, ulagyň germewinden ýokarda görünmäge başlanda, olary çal ümüre duwlaýan ýaly mawut bilen basyrdylar. Ýük ulagam polat aýaklaryny güpürdedip, gök gara çuň çomýar, küýkeren üýşmekleň gerşini döwüp, gardan süýekleň owranýan gütürdisinde, demir şagyrdysynda, hereketlendirijiň pyşgyrýan sojamasynda, nebitdir ganyň gangyzyl-gara derine batyp, derwezeden çykýar. Çal ümürde çal sudur bolup mazarystanlyga barýar, onuň gadamyna köçeler, öýler galpyldaýar, köpbilmiş adamjyklaram ýatyşsekilerinden zöwwe galýarlar. Penjireleň doňan aýnalaryna olaň ukuly burunlary dykylýar, ýelmeşýär. Dyzlaryndan deramat gidýär, sekileň saňňyldysynda, penjirelerdir gap-gaçlaň şyňňyrdysynda, çylpyklan ukuly gözleri elheder almakdan ýaňa petreýär, ukudan soň porsap duran agyzlary nalajedeýin ýigrenç bilen gorkuly pyşyrdaýar: -Çeka... Çekadan... Çeka harydyny daşaýar... Howluda-da aýaklary bilen (ýöne, polatdan däl-de, diri ynsanyňky, özem juda ýadaw aýaklary bilen) üýşmekleň gök örküçleri gütürdedip döwýärdiler – Srubow, Solomin, Mudynýa, Bože, Nepomnýaşih, Hudonogow, komendant, iki sany pilli hem garawullar (garawullara indi garawullara hiç kim ýokdy). Solomin Srubow bilen aýakdaş gelýärdi. Galanlary yzda. Solominiň şineliniň sag ýeňinde-de, döşüniň sag tarapynda-da, sag ýaňagynda-da gan yzy bar – ol aý nuruna gurum dek gara. Gürlände oň sesi tapsyzam bolsa şähdaçykdy, ol ullakan, kyn, emma wajyp hem peýdaly işi bitiren adamlar ýaly gürleýärdi. -Şo uzyn, görmegeýi bar-a, agzyna atanymyz, ine şony gökgözlüjä ýabşyraýsaň dagy – gelşiklije tohum-a bererdiler-aý. Srubow oňa äňetdi. Solomin parahat gepläp, işjanlylyk bilen gollaryny gerýärdi. Srubow oýlandy: “O kim barada-ha?”. Emma adamlar hakdadygyna bada-bat düşündi. Ýöne zat diýmedi. Diňe, argyn gözleri, çekistiň çep elindäki haçjagazlaň, heýkelçeleň, tumarlaň bir dessesine kaklyşanda, nädip soranynam duýmady: -Olar nämäňe derkar, Ýefim? Ol nurana ýylgyrdy. -Çagajyklara oýnamak üçin, ýoldaş Srubow. Bumat jäjeg-ä satyn alar ýaly däl. Ýog-a. Srubow özüniňem oguljygynyň – Ýuriý, Ýurasik, Ýuhasik – bardygyny ýadyna saldy. Yzdan gülüp sögünýärdiler. Atylanlary ýatlaýarlar. -Ruhany bar-a balagyna buşugd-a... A generala näme diýjek... Srubow ýadaw pallady. Reňki ýuwusga, yzyna gaňryldy. -Pensiýaly (terj.: pensneli) ýaly şadyýan şeýleleri bolsa, hemişe-de wurmak ýeňijjek. A o uwlaýanlary bolsa... Bu Naum Nepomnýaşih. Bože onuň bilen ylalaşýaram, ýogam. Göçgünlilik bilen, başlaryny dogumly keýerdip gürleýärdiler. Lüti çykan beýnisi kynlyk bilen dartyldy. Srubowyň aňyna ýetdi, olaň bu boluşlarynyň barysy ýasama, sereşlemek. Hemmesem öler ýaly ýadady. Kellelerini keýerdýänleriniň sebäbem, goladan guýlana dönen olar göni durmaýar. Paýyş sögünmegem, bolmanda azajyk çuslanmak üçin. Hakydasynda çetýurt sözi peýda boldy – doping. Iş otagyna çenli Srubow gaty uzak ýöredi. Otagy içinden gulplady. Açary towlap, gapyň tutawajyny dykgatly synlady – tämiz, hapalanmandyr. Çyraň ýanynda ellerinem gözden geçirdi – gan ýokdy. Kürsä geçdi, şo bada-da zyňlyp galyp, oňa tarap egildi – olam arassa. Possunçasynda-da, telpeginde-de gan ýok. Ýanmaýan şkafy açdy. Kagyzlaň aňyrsyndan çärýek çüýşe spirt çykardy. Çaý bulguryny laýyk ýartylady. Grafindäki gaýnag suwy goşdy. Oduň öňünde bulançak suwy çaýkaşdyrdy. Aýnaň aňyrsyndan gözüne zor salyp synlady – hiç hili gyzylymtyl garnuw ýok. Suw dura-bara durlandy. Bulgury agzyna eltdi, ýene-de hakydasynda – doping. Diňe içensoň otaga birlaý aýlandy – işikden stoluna, stoldan şkafa, soňam yzyna gapa çenli onuň yzlary, gyzyl ýörmelen çyzyk deý uzaýar-da, gönüburçly üçburçluga sepleşýär. Dessine-de ýazuw stolunyň üstünden bolgusyz jäjekleň bürünji bihaýa dikanlap ugrady, polat diwan seňrigini ýygryp, inçejik, egri aýajyklaryny göterdi. Diwardaky Marks köýneginiň ak döşüni gaýşartdy. Gördi – jany ýandy. -Akja köýnekler, ýoldaş Marks, sizem bir al kaksyn. Ýigrençdir yza bilen çärýek çüýşäni, bulgury garbady, zoraýakdan diwana ýakynlady. “Gör-ä tyýkyran bolşuny, begzadaň. Al, ine saňa”. Bilgeşleýin ädigini çykarmady. Süýndi-de, ökjesini tutawaja diredi. Diwanyň küljümek gök örtüginde hapa, gan, garyň yzgary. Çärýekdir bulgury gapdalynda, ýere goýdy. Özüni dikbaşaşaklygyna derýa, deňze urasy gelýär, o taýda-da hemmesini, hemmesini ýuwsaň. Ýatan ýerindenem ýene ýarym bulgur ýakyp gelýän garylmadygyny dahanyna eňterdi. Spirte sämäp barýan beýnisinde-de, ýerzeminiň totundan, argynlykdan, ukusyzlykdan ýaňa serhoş, üzlem-saplam pikirler bulanjyraýar: -Näme üçin-ä, ýogsa-da, Marksyň ak köýneg-ä?! Sebäbi olaryň birleri – kanagatlyrakdan erkinjeňräkleri – Hanymyň göwresindäki düşürmek islediler. Beýlekileri – kanagatsyzdan aýgytlyraklary – kesar kesimini edip çagany çaltrak almakçydylar. Iň işjeňleri, iň hüýt-garalary bolsa Hanymam onuň bäbeginem öldürmäge synanyşdylar. Näme, Fransiýada şeýdip, Ony – beýik, sagdyn, dogruma hasylly heleýi – önelgesiz edip taşlamadylarmy, begrese beslediler, göwhere, altyna bezediler-de, alaçsyz, erksiz elgarama oýnaşa öwürdiler. Eýsem, Kolçagyň kontrrewolýusiýasy näme? Bu dymyk, temmäki tüssesidir aragyň, porsy ynsan deriniň ysy aňkaýan, ondaky ýazuw stoly arassa ýa çyrşalan kagyzdan, doly-boş, spirtli, arakly çüýşelerden münder, kemere iltelýän, rezin, sim, rezin-sim-gurşun dürrelerdendir rewolwerlerden, hanjar, kössek, granatlardan dos-doly, ortaça otag. Dürreler, sapançalar, granatlar, tüpeňler, hanjarlar diwarda, ýerde, stoluň gapdalynda oturan, aşagynda, gapdalynda ýatan adamlaň üstünde çalam-çaş. Sorag edilende tutuş otag – serhoşy, güňbaşy sorag edilýäniň üstüne kemerleri, rezinler, simler, gurşunlardyr demirler, boş çüýşeler bilen topulýarlar, onuň tenini tike-tike edip ýyrtýarlar, gan çykynça saýgylaýarlar, onlarça bogazlary bilen otag arlaýar, onlarça barmagyny tüpeňiň niline dönderip syhlaýar. Kolçagyň kontrazwedkasy – beýleki otagda ýerleşýär. Ondaky ýazuw stoly ýaşyl örtükli, üstündäki kagyzlar tertipli. Stoluň aňyrsynda kapitan ýa-da polkownik, atyr sepilen murtly, hemişe sypaýy, ätiýaçly – sorag edilýän tumşugyna basyp çilimini öçürýär, ajal hökümlerine gol çekýär. Ine-de size, Marksyň akja köýnegi, dannawaç diwan, stoldaky bolgusyz jäjekleň çömmidodak tämizligi. Elbetde hawa, hawa, hawa, hawa, hawa... Hawa... Hawa... Hawa... Emma... Ýöne we ýöne... Güllä datly – mahlugyň maňlaýyna atylsa. Emma gurçugy mynjyratmak oňa nähili? Haçan-da olaň ýüz, müň sanysy aýagyň astynda jytyrdasa, ganly iriňem ädikleňňe, eliňe, ýüzüňe syçrasa. A Hanym bolsa ideýa däl. Ol – diri ten. Ol – beýik hamyla heleý. Ol öz çagasyny dogulýança çenli göterýän, ony hökman dogurmaly heleý. Hawa... Hawa... Hawa... Ýöne rim lybaslarydyr prawoslaw keşişköýneklerde terbiýelenenler üçin Ol, elbetde, tensiz, önelgesiz, öli antik ýa-da injil keşpli hudaýhatyn, egninde-de antiki ýa-da injili ýapynja-soýkasy. Käte, hatda ynkylabyň tuglarydyr wagyzsuratlarynda-da o Hanymy şeýle şekillendirýärler. Ýöne meniň üçin welin, Ol – ýaýbaňsyrt, bogaz, ýyrym-ýyrtyk, ýama-ýama, kirli, bitlän kendir köýnekli rus heleýi. Onam men hut Onuň öz bolşy ýaly, jinnek ýalam ýasamalyk ýok, janly, oýlanyp tapylmadyk sypatynda söýýän. Söýýän Ony, derýa deý mähnet damarlarynda, lowlap ýanýan gan läbiginiň akýandygy üçin, Onuň içegelerinde sagdyn jugurdyň gök gümmürdisine meňzeýändigi üçin, Onuň aşgazanynyň demir eredilýän peç deý ähli zady gaýnadýandygy üçin, Onuň ýüreginiň urgusynyň ýanardagyň ýerasty zarbalaryna çalymdaşdygy üçin, Onuň düwünçek baglan, ýöne heniz dünýä inderilmedik bäbegi barada enäniň beýik pikirini oýlanýandygy üçin. Ine-de Ol köýnegini silkeleýär, ondanam, tenindenem tagtabitini, gurtlary, beýleki gömüsgäni – olar Oňa şeýlebir köp ýelmeşipdir – gyryp aýyrýar-da, olaň hemmesini – ýerzemine, ýerzemine. Ine onsoň bizem, ine menem şolary mynjyratmaga, mynjyratmaga, mynjyratmaga borçly, borçly, borçly... Mynjyradylýanlardanam çüwdürilýär iriň, iriň, iriň. Ine ýene-de Marksyň akja köýnegi. Köçeden penjirä bolsa aýazyň buz roýy ýelmeşýär, çarçuwany döwäýjek bolup dyzaýar. Penjiräň aňyrsynda-da öň täjir Innokentiý Pşenisynyň sereden termometri minus kyrk ýedi R-e çenli pese düşýär. Öň Innokentiý Pşenisynyň, indi Srubowyň iş otagynda bulançak säher. Ýöne Innokentiý Pşenisynyň öýi, indi bolsa Gubçek, säherlerem bilmeýär, saýgarmaýar, iňriklerem, gijedir gündizlerem – çap ediji maşynkalary bilen şarkyldaýar, kagyzy bilen şygyrdaýar, onlarça aýaklaryny süýräp tapyrdaýar, gapylary gürpüldedýär, gijeler-gündizler gyşaranogam, uklanogam. Innokentiý Pşenisynyň peýnir tokgalaryny, gant tikeçlerini, şöhlat, çakyr, konserwa saklan No 3, 2, 1 ýerzeminlerinde bolsa indi başga zat. No 3-de sekileň ornuny tutýan tekjeleň alagaraňkylygynda, peýnir tokgalaryna meňzäp – tussag edilenleň kelleleri, şöhlatlara derek – el-aýaklaň şöhlady. Edil peýnir tokgalarydyr şöhlatlaň arasynda edişleri ýalam, olaryň arasynda-da, ogry ätiýajy bilen çypar, semiz, uzynguýruk alakalar sümsünip ýörler. Tussaglar sandyrawuk, çus ukuda irkilipdirler. Murtjagazlarynyň, tumşuklarynyň syzgyr sandyramasy, gözleriniň görgür ýylpyldysy bilen alakalar howany barlap, has mäkäm uklanlary seçip alýarlar-da, olaň köwşüni gemirmäge başlaýarlar. Olar işi derňelýän Newedomskaýaň ýyly, belent gonçly galoşynyň sütügini kertipdirler. Eýýäm jesetden saplanan No 1 ýerzemindäki alakalaram çygyryşyp, tyssyklap uruşýarlar, ýerden ynsan ganyny ýalaýarlar, gemirýärler. Olaň dilleri uçluja, kindiwanja, gyzylja, oduň dilkawy deý açgöz. Dişleri bolsa ýiti, maýda, ap-ak, daşdanam, betondanam berk. Diňe No 2 ýerzeminde alaka ýok. No 2-de atanoklaram, tussaglaram uzak saklanoklar, o ýere diňe atuwdan birküç sagat öň dykýarlar. Aňzagyň yzgarly ümründe, säheriň bulança löderesinde, gyzyl tegmile beslenen ak üçgat jaýyň depesinde ýazgy – gyzylyň ýüzüne gara bilen ýazylan: “Guberniýaň Adatdan daşary komissiýasy”. Aşagynda-da ýaýyň içinde has ykjam, has düşnükli (Gubçeka) diýen ýazgy. Öň bolsa garaň ýüzünde altyn hat bilen ýazylgydy: “Çakyr. Iýmit önümleri (Gastronomiýa). Taýýar tagamlar (Bakaleýa). Innokentiý Pşenisyn”. Binaň depesinde begresden, agyr, gandan dyňzap duran gyzyl baýdak ýeliň ugruna tüýdülen seçeklerdir gotazlaryň gan syçrantgysyny pytradýar. Köçeleridir jaýlary, gonamçylyklary sandyradybam demir pilli çekistleri alyp barýar, soňky çal ýük ulagy, gandyr nebtiň gan-gara derinde derläp. Haçan-da ol agyr polat aýaklaryny tapyrdadyp ak girelgä girende-de, ak, daşdan, üçgat bina gagşaýar. Dowamy bar >> | |
|
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 10 | |||||||
| |||||||