22:02

Ýagşylykdan ätläp bilmeýän şahyr

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 716 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanýaz Daşgynow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Turkmen  
Seniň has belet şägirtleriň biri G.Daşgynow 1969-njy ýylda maňa Arçmanda sataşypdy. Esli wagt geçeninden soň, ol metbugatda şeýle ýazypdy: «Şahyr bilen müň dokuz ýüz altmyş dokuzyň sowuk gyşynda başlanan tanyşlyk soň kem-kemden dostluga-doganlyga öwrülip gitdi. Hemişe mähre mätäç, sada oba oglanyny ol hiç haçan ýüksürinmedi, oňa elinden gelen kömegini berdi, hatda onuň entek hiç hili goşgy diýmäge mynasyp däl setirjikleriniň hatyrasyna o ýigdekçäniň paýtagtda metbugat redaksiýalaryna işe ýerleşmegine kömek edipdi».
Hawa, ol dogry aýdýardy. Heniz aňly-başly sowatly edebi jümläni-de düzüp bilmeýän, «entek hiç hili goşgy diýmäge mynasyp däl setirjikleriň» awtory bolan ýigdekçäni ilki «Tokmak» žurnalyna, soňra «Sowet edebiýaty» žurnallaryna işe alypdyk. Başda Işan Guljaýew, soňra Mämmet Seýidow, Nargylyç Hojageldiýew, Ata Söýünow ýetim oglan hökmünde oňa ellerinden gelen kömeklerini gaýgyrmandylar. «Şeýle adamlara sataşmadyk bolsam, men köýüp gitjekdim» diýip gürrüň edýärdi. Dogrudanam, agalyk goldawyny berip, her setirini elden geçirip, seni çaga ýaly ýetişdiren enekeler (razrýadka şahyryňky – G.D.) hakynda başga näme diýmek bolar? Soňra ony SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň çlenligine kabul etdiripdik. Özüm bolsa ilkinji kitapçasyny redaktirläp beripdim.
Indi şol şägirt 1988-nji ýylda öz halypalaryna nähili «minnetdarlyk» bildirýändir öýdýärsiňiz? Ine, ol gazet üsti bilen olara şeýle «minnetdarlyk» ýollaýar: «Wezipe eýesi bolup, haýsydyr bir ýaş zehiniň eserini işläp bereniň bilen...» ýa-da «kitapçasyny çykartmaga kömek edeniň bilen...» halypa boldugyň ýa-da oňa peýda etdigiň bolmaýar...»
Şu setirleri okanymda, köne goňşymyz Güller eje pahyr ýadyma düşdi. Ol bir zatlara gaharlanyp, şu sözleri kän gaýtalaýardy:

Ýetim oglan sakladym,
agzym-burnum gan boldy.
Ýetim owlak sakladym,
agzym-burnum ýag boldy.
e
Men hem ýetim owlak saklamaly ekenim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]