ÝALKANMAK
Ykbalym üç gezek ýalkady meni.
Ezraýyl düýbümden ormaga geldi.
Uçuryp,
ganatym gyrmaga geldi.
Bolmady. Yzyna çekildi betpäl,
Diýmek, çüwen günleñ bolupdyr ykbal.
1
Men nämejik uly urşuñ ýanynda
Ine, ak süñküñ bar,
göwün synykdy.
Aprel bugarýardy semewar ýaly,
Asman bir gök öýdi.
Günem tüýnükdi.
Ýere siñip barýan güne meýmiräp,
Gündiziñ aýy dek solgundy meñzim.
Barybir, ajalyñ ýüzün penjelän -
Oglanjyk mendim!
Heý, gidil bolarmy Ýeñişi görmän,
Ol gelşiksiz bordy
hem uly arman!
2
Soñ bir gün kesegiñ astynda galdym,
Üstümde naw bardy,
kerpiçdi daşym.
Ýaş beýnini çaýkan der bilen gandan,
Şindem aýlanýar başym.
Ýer jaýrylyp, düýe gaçdy jaýryga,
Boz meýdandan urup çykdy bulaklar.
Şonda bir ýaşuly aglap aýdypdy,
Hiç gitmeýär gulakdan -
"Ene ýerim, kime erkiñ giderdiñ,
Beýikdiñ-ä biwepalyk ederden!.."
Hawa, şeýle boldy meniñ ömrümde,
Gördüm,
çekdim,
il derdinden gaçmadym.
Ilkidurmuş günlerine dolandyñ
Obam -
ýöne ýurdy taşlap göçmediñ.
Ýer jaýryldy,
çat açmady köñüller,
Şeýle ýürek namartlamaz,
ýeñilmez!
3
Hindiguş dagynda galyp bilýärdim,
Ölüm bilen ara ýeke garyşdy.
Iki urşy geçen köne soldata -
Bary düşnüklidi,
bary tanyşdy.
Gara ýeller gezýär munda biserhet!
Onuñ üçin ähli ýollar açykdy.
Ajal diñe duşmanlaryñ oky däl,
Basan ýeriñ öwrüm ýa-da uçutdy.
Taýdygyñ bir tokga daş bolup gaýdýañ,
Ony saklama ýok,
ony tutma ýok.
Adam näme, hatda aýdym bolubam -
Jülgeleriñ çuñlugyna ýetme ýok.
Bukuldym oýnaýar hol orta ýolda,
Soñra ulugyz dek gizlenýär sessiz!
Ärler ýagşy günde semreşip ýörmän,
Gerekmi - mert durup,
ýel bolup össün!
Şeýdip, ykbal meni ýola atardy,
Siltedi,
ýalkady,
hemem göterdi,
Ynha, indem kösenip hem kösenmän,
Ýaşap ýörün jahanda!
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular