20:28 Ýaşululyk sarpasy | |
ÝAŞULULYK SARPASY
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmen edebi paýhas tarapdan iki sany kanunalaýyklyga esaslanýar. Olaryň birinjisi, ahlaky kanunlaryň hökmürowanlygy we aýratyn alnan adamyň kimligine we nämeligine garaşsyzlygydyr. Ahlak kimdir biriniň islegine, göwnüne tötänden gelen, etseňem, etmeseňem bolýan bir zat däl-de, eýsem, öz kanunlary hökmürowanlyk bilen berjaý edilýän gymmatlyklar ulgamydyr. Bu ulgama adamlar asyrlaryň dowamynda akyl ýetiripdirler we onuň berjaý edilmezliginiň uly-uly kynçylyklara, hatda heläkçilige getirýändigine göz ýetiripdirler. Ahlagyň kanunlary adam tarapyndan döredilmeýär, olar adam tarapyndan açylýarlar we berjaý edilýärler. Edebimiziň ikinji bir paýhas esasy tebigatyň kanunlarydyr. Tebigatyň kanunlarynyň hökmürowanlygy bize bagly däl. Olary açyp, öwrenip, olara laýyklykda ýaşaýşymyzy gurnap, biz özümizi we durmuşymyzy has abadan hem has oňaýly edýäris. Ahlak kanunlaryny üýtgedip bolmaýar, uzak taryhy-medeni wagtyň dowamynda olaryň özüniň kem-kemden üýtgemegi mümkin. Tebigatyň kanunlarynyň ömri hasam uzakdyr, megerem, adamzadyň ömründenem uzakdyr. Milli edebimiziň esaslanýan tebigat kanunlarynyň içinde iki jäheti aýratyn belläsim gelýär. Bularyň ikisi-de adamyň biologik şahs hökmündäki ýaşaýşyna degişli. Bir tarapdan, türkmen edebiniň kadalary adamyň jyns aýratynlygyna köp zatlary bagly edip goýýar. Edep kadalary erkek hem aýal üçin başga-başga şertleri göz öňünde tutýar. Bularyň ikisiniňem adamdygyny ykrar etmek bilen, jemgyýetçilik durmuşynda tebigy häsiýetdäki edep gatnaşyklarynyň sazlaşygy üçin aýalyň başga, erkegiň başga ýörelgeleriniň bolmalydygyny aýtmaly. Bularyň arasyndaky tapawutlary äsgermezlik etmek, tebigatyň hökmürowan kanunlaryny äsgermezlik etmekdir. Beýleki tarapdan, türkmen edebi adamyň ömrüniň dowamyndaky ýaş ösüşini hasaba alýar. Bu hem tebigatyň kanunydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyz ýaşy kiçiler üçin bir ulgamdaky, ýaşy ulular üçin başga bir ulgamdaky edep kadalaryny goldanypdyrlar. * * * Türkmeniň ýaşululyk edebi adamyň beden, göwün hem-de akyl kämilligine ýeten döwrüniň kadalar ulgamyny öz içine alýar. Kämillik müçesi otuz ýedi ýaşdan başlanýandyr. Bu, başgaça, orta ýaş diýilýänidir. Şol mahal ömrüň esasy birinji döwrüniň yzda galýan, maşgala gurlup, ogul-gyzly bolunýan, hünärde, işde hem jemgyýetçilik durmuşynda ynamly we ymykly orun alynýan döwürdir. Gepiň gysgasy, adamyň şahsyýet hökmünde gutarnykly kemal bolýan ýaşydyr. Şondan soň, ýaşkiçilik diýilýäni barha geçmişe gidip, alnyňda ýaşululygyň dürli müçeleri – pygamberlik, ruhubelentlik, aksakgallyk, gartaňlyk hem Oguz han müçeleri galýar. Ömrüň gözel we abadan bolmagy üçin, kämillikden başlap, ýaşululyk edebiniň şertlerine laýyklykda ýaşamak parzdyr. Öňi – jahyllyk, soňy – kämillikdir. Jahyllyk – göwnüň hökmürowanlygydyr, kämillik – paýhasyň hökmürowanlygydyr. Jahyllyga – soňuny saýmazlyk, töwekgellik; kämillige – soňuna garamak, seresaplylyk ýar bolar. Ýaşyňa görä, dünýäniň gyzygy we manysy üýtgäp-özgerip durýandyr. Oglanlykda – gyzyk hem many aýakdadyr. Kämillikde – gyzyk hem many bildedir. Ululykda – gyzyk hem many dilde bolar. Aýakda diýilýäni – adam ilki bedeniň, bilde diýilýäni – soňra beden bilen göwnüň, dilde diýilýäni – ahyrynda paýhasyň emrine görä ýaşaýar diýildigidir. Adama oglanlykda iýmek-içmek, ylgamak hoş geler. Şeýdip, bedeniň joşuny çykararsyň, gözüňe dünýä-de şondan ybarat bolup gömer. Soň kämillik geler: zenana küýlenip, dünýäniň gözel hem süýji tarapyny görersiň. Maşgala gurup, çaga öndürip, ýuwaş-ýuwaşdan küýüň-pikiriň özüňden çagalara, işe geçer. Ýuwaş-ýuwaşdan başyňy özüňden galdyryp, töweregiňe syn kylarsyň, özüň däl, töweregiň bilen ýaşarsyň, töweregiň üçin ýaşarsyň, özüňden el göterip, özgelige bararsyň. Ýaşululykda ömür tejribäň hazynasy baýap, paýhaslanarsyň. Şonda ilki el-aýagyňdan, soňra biliňden giden kuwwat diliňe geler. Nesihatçy bolarsyň. Öz ömrüňde gören-bilen zatlaryňdan çen tutup, öz eden ýalňyşlyklaryň hem säwlikleriň başa getirýän hossalarynyň ajy miwesini dadyp, özgeleriň bulardan sowlup geçmegini islärsiň, munuň üçin bolsa, akylyňa boýun bolan diliňe ejaza berersiň... * * * Ýaşululyk edebiniň baş hem üýtgewsiz şerti, ýaşyňa görä ýaşamakdyr. Bu şerti berjaý etmek üçin, ilkinji nobatda, ýaşyňa görä iýip-içmelisiň. Türkmençilikde kyrk ýaşdan soň iýgi-içgide öte ajy we öte süýji tagamlar azaldylýandyr. Beden lezzeti ömür hezzetine görädir. Sen kyrk ýaş ömrüňde kämillige ýetdiň, kämillik diýmek, durmuşyň ajysyny-da, süýjüsini-de ýeterlik görmekdir. Göwnüň ajy-süýjüden dokmäde bolansoň, bedeniňi-de olardan berhiz etgin! Çünki sazlaşykly ömür – ten bilen riibuň aýakdaş gitmegidir. Şeýle-de, ýaşululykda öte ýagly, öte güýçli naharlardanam daşrakda bolmalysyň. Ýag jahyllyga ýaraşýandyr, güýje jahyllyk bäs gelýändir. Ýaşululykda güýjüň bedenden paýhasyňa, hyjuwyň bolsa, duýgularyňdan pikirleriňe geçýändir. Ýagly-ýüzli naharlardan daşda durmak ýaşululykda owadan görküň esasy şertidir. Çünki indi sen ylgap-ýüwrüp ýören jahyl däl, ylgamasaň welin, güýçli naharyň yzynda durup bilmersiň. Ýüwrükligiň aýaklaryňdan akylyňa geçendigini unutmagyn! Ylgamakçy bolmasaň, köp iýme. Türkmende: «Et ete gider, çorba – pete» diýen pähim bar. Bu pähimiň aňyrsynda hekaýat ýatýar. Bir çopan öz çolugy bilen türkmen sährasynda goýun bakýan eken. Çolugyň esasy işi çopana ýardam etmek, onuň çaý-naharyna seretmek bolýar. Çopandyr çoluk, köplenç, gara çorba edinipdirler. Bir gün çopan tabak başynda çoluga naharyň etinden köp iýýärsiň diýip igenipdir. Şondan soň, çoluk çorbaň suwuny, çopanam etini iýmeli edilipdir. Eýsem, wagt geçdigi-çe, çopanyň-a ýüzi garrap, galňap, gelşiksiz bolup barýarmyş, çolugyň welin, ýüzi öňküligindenem ýigdelip, nurlanyp barýarmyş. Et – agyr iýmit, onuň bar ýokumy çorba geçip galýar. Çorba bilenem çolugyň ýüzüne-petine baryp, ony nurana edýär. Ýaşululykda iýgi-içginiň diňe bir hilini däl, mukdaryny-da üýtget! Ýaşululykda agzyňa buýur, jahyllykda diliňe buýrup bilmän, az görgüler gördüňmi?! Saglyk mazasy ýaşululykda bar nygmatdan ileridir. * * * Ýaşululykda hakyky görk, hakyky owadanlyk saglykdyr. Saglyk bolsa agyzdandyr. Ýaşlygynda artykmaç bir iş edinmeseň, owadansyň hem görmeklisiň. Çünki ol wagt tebigat görki saňa mugt berýär. Ýaşululykda görk-görmegi özüň gazanmalysyň. Şonda görmegeýligiň birinji şerti-de ýaşyňa görä iýip-içmekdir. Ýaşulynyň beden görmegeýliginiň birinji ýagysy agyzdyr, ýaşulynyň ruhy görmegeýliginiň esasy ýagysy akylsyzlykdyr. «Ulalyp oňalmadyk) diýilse, «Ak girip, aň girmändir» diýilse, ömür biweçligiňe kesilen iň ýowuz bahadyr. «Suw – kiçiniňki» diýilýändir. Bu pähimiň manysyna dogry düşün. Kiçi suwdan bir owurtlap, galanyny saňa bermelidir, naharyň güýçlüsini kiçä bergin, suwlusyny özüň algyn. Bir saçak başynda ýaşuly ilki başlap, ilki-de gutarmalydyr, kiçilerden az iýmelidir. Kiçilikden ulalmak köp iýmitden az iýmite, köp ukudan az uka geçmekdir. Az iýgin, az ýatgyn, çünki indi köp iýýänleriň deregine köp pikir etmeli, köp uklaýanlaryň deregine köp alada etmeli möwritiň gelip ýetendir. Ýaşululykda ýaşlygyň akyl sämediji ýelgini geçip, ömrüň hem dünýäniň hezili, ýaşaýşyň keýpi içgisizem saňa juda duýarlykly we düşnükli bolýandyr. Günüň mähri güýzde bildirýändir. Ýaşululyk edebiniň ýene bir şerti – ýaşyňa görä geýinmekdir. Egin-eşik diňe bir endamyňy gizlemek däl, eýsem, ýüregiňi açyp görkezmekdir hem. Ýaşulynyň geýimi onuň ruhunyň agras kämilligini, göwnüniň manyly durnugyny açyp görkezmelidir. Adam ogly ýaşlykda tebigy gözelliginiň üstüni ýetirmekden ötri gözelden gözel, gözeilginç egin-eşigi geýýär. Ýaşlyk göwün galkynmasynyň, emma akyl telperliginiň möwsümidir. Şonuň üçinem, jahyl ýoňa – moda kowalaşýar, özüne däl, mähellä – özgelere meňzemäge çalyşýar. Modada esasy zat gözellik däl-de, gelşiklilikdir. Gelşik, ýaraşyk bolsa, başgalaryň gözüne owadan görünmekdir. Elbetde, bu hem gerek zat. Emma kämilligiň ýollary düýp manysy boýunça jahyllygyňkynyň tersinedir. Jahyl öz duýgusyny ile ýaýmak islegindedir, şoňa laýyk bezemen, kaşaň hem gözeilginç eşikleri geýinýär. Ýaşululykda bu gaty gelşiksiz bolar. Bu döwürde, tersine, duýgulary gizleýän, oňa derek mazamsyz, agraslygy, sypaýylygy nygtaýan eşikleri geýmek gerek. Ýaşy has gartaşan türkmen ýaşululary ak kamys, mele reňkli eşikleri geýmegi adat edinipdirler. Bu gowudyr. Ýaşululyga gunduz ýaly aklyk, toprak ýaly melelik gelişýär. Ak kämilligiň, mele bolsa agras hasyllylygyň reňkidir. Miweli bag agras bolýandyr. Gök, gyzyl, gara ýiti reňkler joşgunly duýgyny nygtaýar we ýaşlaryňkydyr. * * * Giň ala meýdanda ak kamys ýaly köýneginiň üstünden guşagyny berk guşanan, başy tahýaly, balagy dyzyna çenli çyzgalan, sakgaly döşüne düşüp duran goja bir goly tanaply, beýleki goly dürre gamçyly sarç bedewe baş öwredip ýör. Goja bedewe tanyş ses bilen haýkyrýar, käte-käte onuň Günüň şuglasyny oýnap duran bedenini gamçy bilen çawlap hem goýberýär. Ömrüne goja seýsiň gaty ses bilen gürlänini eşitmedik, taýlygyndan bäri diňe endamy sypalanyp öwredilen. Ýaş bedew gazap bilen agyzdyrygyny çeýneýär, emma dür dänesi ýaly dişleriň demre edip bilýän alajy ýok, ümdüzine gideýin diýse-de, irişmesinden gaýdýan tanap ony sypdyrmaýar. Sarç bedew, päkize bedew, ynsan göwni ýaly owadan bedew gojanyň daşynda towsup görýär, çarpaýa galyp görýär, emma çäresi ýok. Guýlan kenek ýaly ýaş oglanyň üstüne münmesine gahar edip, ak köpük bolýança pyrlanýar, tüweleýläp aýlanýar. Goja seýis ata baş öwredýär... Durmuş hem tez bedew ýaly çarhypelek içre pyrlanyp, kä hyzzynlap, kä loňkuldap, kä çarpaýa galyp, arkasyndaky ýüke çydaman, başyna urlan uýanyna çydaman bolubilenini bolýar. Emma goja seýis nirede? Ony haýsymyz görýäris?! Çarhypelek içre pyrlanýan adam pakyry gün-güzerany hem, durmuş hem pyrlandyryp, kä ýük urup, kä ýüküni ýazdyryp, aýlandyryp ýör. * * * Geredot eýýamynda agyr işe, gözgyny durmuşa çydam etmedik gullar zynjyrlaryny başyndan aýlap urup, gozgalaň turuzýar. Gozgalaň sähelçe wagtda ýangyn ýaly tutaşyp, tutuş ýurda howp salyp başlaýar. Gozgalaňy ýatyrmak üçin iberilen goşuny zynjyrlary bilen ýaraglanan gullar çym-pytrak edip, olaryň ýaraglary bilen ýaraglanyp, ummasyz uly güýje öwrülýär. Hökümet näme alaç etjegini bilmeýär. Şonda bir ýeser kişi: – Meniň diýenimi etseňiz, men şol gullary ýaňadan zynjyryna getireýin – diýipdir. Hökümet onuň bilen ylalaşýar, diýen zadyny berýärler. Ýeser kişi on ýigidi begzadalarça geýindirýär, her biriniň goluna siltedigiň şuwlap duran gamçy berip, gullara bakan ugradýar. Gullar sap-sap bolup nobatdaky urşa garaşyp durlar, emma olaryň garaşany bolman, on bir atly barýar. Gullar haýran galýarlar. Begzada atlylaryň ýolbaşçysy ýeser ýigit on sany eli gamçyly atlydan öňe geçip: – Duran-duran ýeriňizde ýaraglaryňyzy taşlap, işli-işiňe tarap bejit ugraň! – diýip, haýkyryp gygyrýar, on atly hem ýeser kişiniň hereketini gaýtalaýar: olar gamçylaryny şuwwuldadyp başlaýarlar. Endam-jany gamçynyň yzyndan, ruhlary gamçynyň sesinden bez bolan görgüli gullar el-aýaklaryny ýitirip, ýaňadan gullugyna gaýdyp barýarlar. Biz sowet döwründen aňymyzda galan baknaçylygy aýryp taşlamalydyrys, Garaşsyzlygyň beren erkinligini, azatlygyny ruhumyza siňdirmelidiris! * * * Garaşsyz döwleti berkarar edip, öz halkyma gazy, togy, suwy, duzy mugt edenimi bilip, salgytlary ýatyranymy eşidip syýasatçylaryň, özüni bilermen saýýan ykdysatçylaryň, özüni demokratiýanyň penakäri hasaplaýan žurnalistleriň käbiri maňa: – Bazar ykdysadyýetinde mugt diýen zat ýok. Ykdysadyýet hasaplaşygy gowy görýär... Ykdysadyýetiň kadasy, kanuny şeýle... – diýip, maslahat berdiler... Ykdysadyýetiň kadasam bar, kanunam. Emma biz adam ahyry. Meniň çuňňur ynamyma görä, adam ykdysadyýetiň kanunyna gulluk etmeli däl-de, ykdysadyýet ynsan kanunyna gulluk etmeli... Gypjaga baran ilkinji aýymda meniň beýnimi sarsdyryp, kalbymy lerzana getiren bir waka bolupdy. Babam meni daşkyrak garyndaşlarymyzyňkydan aýna kesýän guraly alyp gelmäge iberdi. Men ýat obanyň içi bilen ýat köçeden ýöräp ussa agalara bardym. Ol garyndaşymyz ussady, özem ýaşy ýetmişe baran keselbent adamdy, emma bir göreniňden jynyň alýan mähriban adamdy. Ol babamyň ýanyna gelip, iç döküşerdi. Nury öçen gözleri mähirlidi. Ussa aganyň ogly şäherde ýaşaýardy. Emma ýer titremede olaryň neberesinden diňe dört ýaşlyja ýekeje oglan aman galypdy. Ussa aganyň şol çowlugyna özi hossar çykypdy. Men içki pikirlerime gümra bolup, ussalarda bolýan gohy eşitmän, bir bişeýkelligiň üstünden bardym. Stalin papakly, kitelli, ýany gaýyş sanaçly garynlak bir pyýada sag penjesi bilen ussanyň hykyrtmagyndan alypdyr. Ozalam çalajan, arryk ýaşuly gözlerini petredip, hä diýmän jan beräýjek ýalydy. Meniň gözlerim ussa aganyň gözlerine kaklyşdy. Ussa ýaşuly görkezmejek bolup gözüni ýumdy. Şol mahal hem salgytçy garynlak adam gojany itiberip goýberdi welin, ussa eňter-tüňter bolup ýykylaýmaly boldy, hälem arkasy diwara berildi. Goja aşak syrygyp gaýtdy. Men ylgap barşyma ýykylyp barýan ussany gujakladym. Stalin papakly salgytçy bolsa gargynýardy: – Sen sowet hökümetini aldajaksyň. Her seň ýaly ite aldatsa, ondan hökümet bolarmy? Hiç kim bilmese-de, men bilýän öýüňde ýetimek saklaýanyňy. Saklasaň sakla, emma bäş manat hakyňdan gaçyp bukmaň näme? Utan, sakgalyň agyndan utan!.. Salgytça pulam tapyldy, ol puluny alyp, resminamalaryny dolduryp, garry ýaşula gol deregine barmagyny basdyryp gitdi... Emma onuň aýylganç sözleri şindizem gulagymda ýaňlanyp dur... Ussanyň kuwwatsyz gollary saňňyldaýardy, göwresi meniň gujagymda saňňyldaýardy. Uzyn hor boýnundaky çaga ýumrugy ýaly tümmi bir aşak, bir ýokaryk gatnaýardy. Hor boýundaky topaz ýaly tümmi gojanyň gahar-gazaby bolup, daş çykjak bolup urunýardy. Haýsydyr bir goňşusy ussanyň ýetmeýän pulunyň üstüni doldy. Stalin papakly gara bedibagtlyk agzyna gelenini diýip: «Seniň ýaly nejisi Sibir etmeli, gabyr etmeli!» diýip gitdi. Men ussa tekge berdim, kempiri elinden çekdi. Ussa hiç kimiň ýüzüne bakyp bilmän, melleginiň törüne bakan yraň atyp gitdi. Hiç kimden ses-seda çykmaýardy. Men aýna kesýäni dilemän, dessine öýe ylgadym. Men gorkýardym, salgytçy biziň öýümize gelse, babam hem meni gizlejek bolup, ussanyň gününe düşer öýdüp gorkýardym. Men ylgap gelşime gören wakamy bolşy ýaly aýdyp berdim. Babam birmeýdan dymyp oturyp, başyny ýaýkady: – Haý, ussa oňarmandyr-ow!.. Salgytçy bize-de geldi... Men şol gije ýatyp bilmedim. Dördünji gün diýlende ussa ýogaldy, men şol gije-de ýatyp bilmedim. Ýetmiş ýaşly, ak sakgally keselbent, pukara ussa namysdan ölüpdi. Ony – ussany salgytçy öldüripdi. Emma ussanyň ýerinde ýekeje adam hem obanyň ussasyny salgytçy öldürdi diýip aýdyp bilmedi, ýogsam tutuş oba salgytçynyň ussany namysa goýşuny, şol namysdan hem ussanyň ölendigini bilýärdi. Salgytçy ussanyň ýerine-de gelmedi. Hiç kim ony türmäde salmady... Men şindi Aşgabatdakam ejem Annanyýaz baý hakda, Artyk handyr Taňryguly batyr hakda, Gökdepe galasynyň weýran edilip, ýurdumyzyň basylyp alnyşy barada gürrüň beripdi. Garry atam Taňryguly batyr Gökdepede deň bolmadyk agyr söweşde gahrymanlarça wepat bolupdy. Atam Artyk han şol uruşda agyr ýaradar bolup, ahyry hem şol ýaradan ölüpdir. Ejem: «Ýurdumyzy duşman aldy, indi biz bakna, biziň öz ýurdumyzam, öz döwletimizem ýok, ýöne beý diýip hiç ýerde aýdaýmaň» diýip, öwran-öwran sargaýardy. Ejemiň aýdyp beren wakasyny ýatlap, men şol mahal düşünmedik sözüme – baknalyga düşündim. Meniň pikirime görä, biz baknadyk, şonuň üçin ýaşaýan jaýymyza biz salgyt tölemelidik, ýogsam ol jaýam däldi, ýertitremeden soň salnan çalamydar çatmady. Şol çalamydar çatmada ýaşaýan her bir adam hem ýaşap ýöreni üçin salgyt tölemelidi. Hawa, her adam başyna salgyt tölemelidi, sebäbi biz baknadyk... Baý-baý, o zamanlar salgyt känd-ow. Gapyňdaky mellegiňe salgyt bermeli. Mellegiňi suwa ýakýanyň üçin salgyt tölemeli. Sygryň, düýäň, eşegiň, atyň sanyna görä salgydy bardy. Mellekde näçe düýp üzümiň bolsa, naryň, erigiň, almaň bolsa, şolaryň her düýbi üçin salgyt tölemelidi. Puluň bamy, ýokmy diýip senden soraýan ýok, töläýmelisiň! Kime arz etjek? Arzyň ýeterden Asman alysda, arzyňy eşiderden Zemin sowuk! Ussa aga, elbetde, alaçsyzlykdan ölüpdi, namysdan ölüpdi! Bereýin diýse, puly ýok, arz edeýin diýse, arzyny diňlemäge hökümeti ýok! Oňa ýol galmandy içine salyp öläýmeden başga! Ykdysadyýetiň öz kanuny bar, ynsanyň öz kanuny! Salgyt dünýäniň ähli döwletlerinde diýen ýaly bar, özem ýeňil-ýelpaý hem däl. Şu ýurdy müňlerçe ýyllar bäri gorap, jan alyp, jan berip, şu güne gelen halk näme diýip öz ýaşaýan topragynda ýaşaýany üçin salgyt bermeli?! Ol näme üçin eken bagy – üzümi, nary, almasy, şetdalysy, üljesi, bägüli üçin salgyt tölemeli? Bag döredene sagbol aýtmazlarmy eýsem? Her kim öz topragynyň üstünde ýagdaýyna görä jaý salynýar. Näme diýip, ol öz ýaşan jaýyna salgyt tölemeli? Her maşgala gapysynda, örüde mal saklaýar. Goý, saklasyn. Näme diýip, ol öz maly üçin salgyt tölemeli? Her maşgala ýeriň eýesi bolup, ýer ekýär, hasylyny Watana tabşyrýar. Näme diýip, ol işläp alýan hasyly üçin salgyt tölemeli? Ol salgydy kime tölemeli? Öz döwletine? Öz halky öz döwletine tölemeli? Eger dünýäniň döwletleri biziň ýaly gazy, suwy, elektrik toguny, duzy mugt edip, salgytlary ýatyran bolsalar, diňe biziň döwlet ykdysady kanunlary ulanýan bolsa, baý-baý, dili uzyn žurnalistler dilini-başyny çeýnäp, meni tankytlardylar-a! Şol Stalin papak salgytçy ömürlik meniň hakydamda galdy. Şondan soň köp ýyllar geçip, taryhymyz bilen içgin gyzyklanyp ugranymda men uly taryhy wakalara gabat geldim: Mahmyt Gaznaly soltan öz garyndaşlarym diýip, seljuk türkmenlerini häzirki Kaka, Aşgabat sebitlerine göçürip getirýär. Iki garyndaş arasyna bolsa, salgytçylar düşýär. Soltanyň salgytçylary seljuk türkmenlerinden salgyt ýygnanlarynda gödeklige ýol berýärler. Seljuk türkmenleri namys edip, soltana garşy baş göterýärler. Şeýlelikde, birnäçe ýyldan soň seljuklar soltanyň tagtyny syndyryp, ýurduny weýran edýärler. Seljuk türkmenleri beýik soltanlyga öwrülip, dünýäniň ýedi yklymyna hökümdar bolýarlar. Olar hem salgytçylar zerarly synýar: soltan Sanjar Balhda ýaşap ýören oguz türkmenlerinden salgyt ýygnamaga adam ibereninde ol salgytçylar hökmüzorluk edýärler. Balhly oguzlar baş göterip, soltany tagtdan agdaryp, ýesir alýarlar... Seljuk soltanlary hem Masut soltanyň goýberen ýalňyşyny goýberýär. Men türkmen hökmünde, taryha baha berýän okyjy hökmünde beýik imperiýanyň eýesi soltanyň ýesir düşmeginede, beýik soltanlygyň synmagyna-da gaty gynanýan, emma günälerini özünde görýärin. Sebäbi meniň hakydamda garyp ussany öldüren Stalin papakly, gaýyş sanaçly salgytçy dur. Meniň ynanjyma görä, her bir döwlet halk döwleti bolmaly. Halk döwleti näme tapsa, näme gazansa, gazananyny halkyna berjek bolmaly. Döwlet dana goja bolmaly. Döwlet halka ýaşululyk etmeli. * * * Iýeniňde rahatlyga, geýeniňde parahatlyga ymtylmak ýaşululyga uslypdyr. Eşigiň bilen durmuş şatylarynyň öňünde parasatly parahatdygyňy, iýmitde oý-aladalaryň öňünde tolgunçsyz rahatdygyňy görkez. Bir tymsal aýdyp bereýin. Türkmende öňem bir han uly ile jar çekdiripdir: «Kim-de kim bakyda duran goýna beribilenini berip, şonda-da ony semretmän saklap bilse, entek türkmende görülmedik baýragy bar» diýipdir. Görülmedik baýragy aljak bolup, her kim her hili emeller edipdir, emma bolmandyr, goýny bakyp, ýene-de horlugyna saklamak başartmandyr. Şonda bir çopan ýigit hanyň şertini bitirmegiň hötdesinden gelýär. Ol çölden bir möjegi tutup getirýär-de, goýnuň golaýragynda zynjyrlap goýýar. Goýun janawer hem nebsine eýerip, öňüne dökülenini iýýärmiş, hem möjekden gorkusyna gün-günden horlanyp barýarmyş. Ýaşululykda ýaşyňa görä diýmelidir! Ýaşlykda ömür paýtunyňy duygy aty, ýaşululykda bolsa paýhas aty çekýär. Kämillikde akyl käsäň dolup, içiňdäki pikir şerabyň goýalýar, güýje durýar. Ol seniň ýalňyz ömrüň dünýä hakykatyndan içen şerabyňdyr. Duýgy atyny akyl jylawy bilen jylawlamasaň, ömür ýollarynda büdüräp, ýalňyşlyklar tozanyna garylyp galarsyň. Bu aýdýanym ýöne bir owadan sözler däl, olaryň ýer ýaly agras we çyn manysyna kämil kişiler düşüner. Akyl ýaşululygyň tebigy görmegidir. Akylyň iň ýokary derejesi parasatdyr. Parasat – akyl bilen ömür tejribesiniň nikasyndan döreýär. Parasat üç zatda – sözde, hereketde we ýürekde bolýandyr. Üç üçüň birligi kämillige kemal edýändir. Sözüň parasaty – manyly, ýaşula mahsus we uslyp bolan sözleri sözlemek, ýaşlara we ýaşlyga öwüt-ündew etmekdir. Ýaşlaryň ýagşysyna ýagşy, ýamanyna ýaman diýmek, olary ýagşylyga çagyrmak ýaşulynyň hökmany borjudyr. Eger ol muny etmese, bu onuň adalatsyzlygy hem biperwaýlygydyr. Ýüregiň parasaty – göwnaçyklyk hem-de hoşamaýlykdyr, ýaşlygyň ýalňyşlygyny we gödekligini bagyşlap bilmek, emma gaýtalanmaz ýaly taraşlap bilmekdir. Hereketiň parasaty – ömrüňi görelde etmekdir. «Et!» diýme, özüň edip görkez! «Etme» diýme, özüň etmekden saklan! Edip bolýanlygyny görkez, etmän, ýaşap bolýanlygyny görkez! Ýaşlygyň baýyr kimin bikemallygynyň ýanynda ýaşululygyň dag kimin kämilligini görkezmeseň, terbiýeläp bilmersiň! Ýaşululygyň edep şerti ýaşyňa görä söýmekdir! Ýaşuly söýgüsi – ýaşlara mähir bermekdir. Kyrkyňdan soň ýaş bolmarsyň! Durmuşdan aljagyňy alanyňdan soňam, «Ýene ber!» diýmek betnebislikdir! Söýgi – yşk ýaşlykda gözeldir. Ýaşululykda ruhy hem beden gujuryň nesilleriň üçin nusga bolmalydyr. Mähir – akyl söýgüsidir, şonuň üçinem, ýaşululygyňy mähir bilen beze! Ruhnama II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |