19:03 Ýetende | |
ÝETENDE
Goşgular
Ýagşysy köp bolar ýagşy zamanyň, Beýik akyldarlar tagta ýetende. Ärden beýik mertebesi zenanyň, Namysyn gorasa bagta ýetende. Agzybire adam batyrnyp bilmez, Hilegär gazanyp ýetirnip bilmez, Bedasyl bidöwlet göternip bilmez, Sama bolar agzy aşa ýetende. Diýlene ynanma ýetirmän gözüň, Näkese ynansaň gyzdyrar ýüzüň, Dostuň adam bolsa hakykat sözüň, Güýji sildir uly ile ýetende. Ýüzüňe öwer mekir-aryp kişiler, Ýamanlyga begener görip kişiler, Ilden aýra düşen garyp kişiler, Gaýtam dünýä geler ile ýetende. Betniýet gybatkeş adam satanlar, Agzybir ojaga awy gatanlar, Hile bilen köp adamy çatanlar, Toba gelmez başy göre ýetende. Derýa topukdandyr mes adam üçin, Mukaddes zat ýokdur pis adam üçin, Aga Teke göwni pes adam üçin, Hemmeler deň ildir käre ýetende. Aga Teke. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||