17:41 Ýewgeniý Zamýatin | |
ÝEWGENIÝ IWANOWIÇ ZAMÝATIN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ýewgeniý Zamýatin, dünýä belli fantast rus ýazyjysy, tankytçy, publisist, kinosenarist. Ýewgeniý Zamýatin 1884-nji ýylyñ 1-nji fewralynda Russiýanyñ Tambow guberniýasynyñ Lebedýan raýonynda rus ruhanysynyñ maşgalasynda dünýä indi. Kakasy prawoslaw ruhanysy, ejesi bolsa pianistkadyr. Gelejekki ýazyjy ilki Lebedýan gimnaziýasynda okaýar, 1902-nji ýylda bolsa Woronež gimnaziýasyny altyn medal bilen tamamlaýar. Soñra 1908-nji ýylda Sankt-Peterburgyñ Politehniki institutynyñ gämi gurluşygy fakultetini okap gutarýar. Birinji rus rewolýusiýasynyñ wakalary onuñ talyplyk ýyllaryna gabat geldi. Rewolýusion hereketlere işjeñ gatnaşan Zamýatin 1905-nji ýylda patyşa hökümeti tarapyndan tussag edildi, ýöne gelejekki aýaly Lýudmila Nikolaýewna Usowanyñ kömegi bilen tizara erkinlige goýberilen ýazyjy 1906-1911-nji ýyllarda patyşa deržawasynyñ organlaryndan gizlenip diýen ýaly ýaşaýar. Zamýatin Potýomkiniñ gozgalañy döwründe Odessadady. 1908-nji ýylda ilkinji kyssa eseri bolan "Ýeke" («Один») hekaýasyny ýazýar. Onuñ yzyndan "Gyz" («Девушка») hekaýasyny ýazýar. Ýazyja ilkinji edebi üstünlik 1911-nji ýylda neşir edilen "Uýezdli" («Уездное») powestinden geldi. Powest M.Gorkiý ýaly tanymal ýazyjylaryñ ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 1914-nji ýylda ýazan "Alyslarda" («На куличках») atly uruşy ýazgaryp ýazan hekaýasy sebäpli ýanalmalara duçar bolýar we hekaýanyñ çap edilen žurnaly toplanylýar. 1916-1917-nji ýyllarda Britaniýa korollygy aralygynda gatnaýan rus gämilerinde işlände gözi bilen gören wakalary esasynda "Adalylar" («Островитяне») powestini ýazýar. 1917-nji ýylda Russiýa dolanýar we M.Gorkiniñ çakylygy bilen Bütindünýä ýazyjylaryñ konferensiýasyna iñlis we amerikan edebiýatyny neşir etmek boýunça jogapkär agza bolup gatnaýar. Şol ýyllarda ol zähmet karýerasynda hem uly üstünlikler gazanýar. "Ермак", "Kрасин" ýaly ledokollarda (buz döwüji gämiler) jogapkär wezipelerde oturýar. 1920-nji ýyllarda "Serapionlar doganlygy" («Серапионовы братья») atly ýaş ýazyjylaryñ döreden guramasyna agza bolýar. Şol wagt bu guramanyñ hatarynda Mihail Zoşenko, Konstantin Fedin, Wsewolod Iwanow, Weniamin Kawerin, Nikolaý Tihonow ýaly görnükli ýazyjylar hem bardy. "Gowak" («Пещера»), "Rus" ("Русь"), "Iñ esasy hekaýalar" ("Рассказ о самом главном") hem şol ýyllarda döredilen eserlerdir. "Bit", "Atilla" pýessalary hem şol ýyllaryñ önümidir. Zamýatin 1920-nji ýylda uly meşhurlyk getiren antiutopik eseri bolan "Biz" ("Mы") romanyny ýazýar. Roman 1924-nji ýylda ilkinji gezek Angliýada neşir edilýär. 1929-njy ýylyñ ahyrynda iñ soñky gezek çap edilen kitabyndan soñ tä 1988-nji ýyla çenli ýazyjynyñ eserleri SSSR-iñ çäginde neşir edilmeýär. Zamýatiniñ eserleri Reý Bredberi, Oldos Haksli, Aýn Rend, Jorj Oruell ýaly dünýä derejesinde tanalýan ýazyjylara, esasanam antiutopik žanrda ýazylýan distopik romançylara täsirini ýetirdi. Hatda edebi tankytçylar J.Oruelliñ "Müñ dokuz ýüz segsen dört", Aýn Rendiñ "Ýekemen", Oldos Haksliniñ "Gaýduwsyz täze dünýä" romanlarynyñ "Biz" romanyndan ýiti täsirlenmeler alandygyny belleýärler. 1931-nji ýylda Stalin tarapyndan daşary ýurda göçmäge rugsat edilen ýazyjy öz islegi bilen Pariže göçýär. Şeýle-de bolsa ol ölýänça ata watany SSSR-iñ raýatlygyndan çykmaýar. Zamýatin 1937-nji ýylda agyr kesel zerarly Parižde aradan çykýar. Onuñ iñ soñky "Hudaýyñ kötegi" eseri aradan çykansoñ, 1938-nji ýylda neşir edilýär. ■ Eserleri 1). Romanlary: "Biz" («Мы»). 2). Powestleri: "Uýezdli" («Уездное»); "Alyslarda" («На куличках») "Alatyr" («Алатырь»); "Adalylar" («Островитяне») "Demirgazyk" («Север») «Ловец человеков» we başgalar... 3). Ertekiler ýygyndysy: "Ertekiler" («Сказки», 1914—1917); "Hudaý" («Бог»); «Petr Petrowiç» "Şeýtanjyk" («Дьячок»); "Dormidon perişde" («Ангел Дормидон»); "Iwan"; "Haldeý"; "Ulular üçin ertekiler" («Большим детям сказки») we başgalar... 4). Hekaýalary: "Ýeke" («Один»); "Gyz" («Девушка»); "Üç gün" («Три дня»); "Afrika"; "Mamaý"; "Suratlar" («Картинки»); "Aždarha" («Дракон»); "Men gorkýan" («Я боюсь»); "Ylmyñ pidasy" («Мученики науки»); "Epitafiýa"; "Adamhorlar" we başgalar... ■ «Biz» romany "Biz" ("Мы") romany Zamýatiniñ adyny dünýä edebiýatynyñ taryhyna hemişelik ýazdy. Zamýatin diýlende ilki bilen "Biz" romany ýada düşýär. Baryp 1920-nji ýylda ýazylan eser diñe 1988-nji ýyla gelinende öz ata watanynda neşir edildi. Oña deñiç roman dünýäni gezdi. Roman fantastiki žanrda ýazylan. Eseriñ wakalary sosialistik rewolýusiýa amala aşandan soñky, heniz gelmedik bir döwürde - XXVI asyrda bolup geçýär. Zamýatinden täsirlenip ýazylan beýleki eserlerde bolşy ýaly, roman distopik äheñde ýazylypdyr. Eserde adamzat tebigatdan we öz-özünden üzñeleşen dünýäde ýaşaýar hem-de jemgyýetiñ bir bölegi bolan gahrymanlar "biz" bolup hereket edýär. Täsin ýeri, romanda adam ady ulanylmaýar, iñ ösen ylym bolan matematikadan peýdalanyp, her raýat belli bir san bilen belgilenen. Añyrsy-bärsi görnüp duran iri-iri aýna diwarlaryñ arasynda ýaşap ýören raýatlaryñ durmuşynyñ her pursaty gözegçilik astynda, san bilen belgilenen erkekler we aýal-gyzlar diñe özlerini gözegçilik astynda saklaýan ulgamyñ rugsat beren wagtynda biri-birleri jübütleşip bilýärler we edil şol pursatlarda gözegçiligiñ çäginden daşda galyp bilýärler. Jemgyýet diýseñ özgeren, ylym çakdan aşa ösen, eserde islendik kişi slän wagtynda kosmosa syýahat edip bilmek mümkinçiligine eýe. Emma romanda suratlandyrylan dünýä utopiýa däl-de, ol tüm-garañky, näbelli bir utopik dünýädir. "Biz" romany gelejekki distopik günleri beýan edýän, diýdimzor häsiýetli we erkinligi gysyp ýok edýän diktaturalardan söz açýan eserleriñ ilkinji we kämil nusgasydyr. Roman iñ ösen ulgamyñ hem özi üçin taýynlap goýan alternatiwasynyñ bolýandygyny öñe sürýär. 1921-nji ýylda SSSR-iñ çäginde gadagan edilen romanyñ iñlisçe terjimesi 1924-nji ýylda Angliýada neşir edilýär. Eser antiutopik eserleriñ hem ilkinjisi bolup durýar. Distopik gelejekden söz açýan wakalar eseriñ baş gahrymany "D-530"-yñ dilinden gürrüñ berilýär. "Gündelik" görnüşindäki beýan etmelerde personažlaryñ atlarynyñ ýerine sanlar bilen belgilenen kodlar goýulmagy soñky döwürlerde ýazlan köpsanly distopik eserlere çeperçilik serişdesi bolup hyzmat etdi. Eserde beýan edilýän birnäçe detallara üns bermezlik mümkin däl. Muña mysal hökmünde ýaşaýyş jaýlarynyñ añyrsy görünýän materiallardan gurulmagyny getirip bolar. Hut şonuñ üçinem her bir adamyñ edýän hereketi her bir adamyñ gözüniñ öñünde... "Biz" 2016-njy ýylda ekranlaşdyryldy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |