00:04 Ýewropa medeniýeti ganyñ üstünde guruldy | |
ÝEWROPA MEDENIÝETI GANYÑ ÜSTÜNDE GURULDY
Publisistika
Türkiýäniñ Afrini terrorçylardan arassalamak boýunça geçiren operasiýasy sebäpli raýat ölümleriniñ artmagyndan endişelenýändigini häli-şindi ýañzytmaga ýaltanmaýan, Türkiýäni ermeni gyrgynçylygyny amala aşyrmakda aýyplaýan Günbatar Ýewropa ýurtlary dünýä jemgyýetçiligine özlerini hernäçe ösen medeniýetli edip görkezmäge synanyşsalar-da, gandöküşlik guramakda, bigünä halky gyrmakda olaryñ öñlerine geçjek ýok. XX asyra gan çaýkan ýewropalylaryñ gandöküşliginuñ yzy häzirki XXI asyrda-da dowam edip dur. Bütindünýä taryhynyñ iñ ganly ýüz ýyllygy bolan XX asyrda günbatarlylaryñ başlan jahan uruşlarynda we gyrgynçylyklarynda 100 milliondan gowrak adam wepat boldy. Bosniýada, Owganystanda ganly gyrgynçylyklary gurnan günbatar ýurtlary häzirem Yrakda, Siriýada, Palestinada adamzadyñ gözüniñ alnynda endige öwrülen pişelerini gaýtalap ýörler. Şu günki gün dünýäniñ hemmetaraplaýyn iñ ösen ýurtlary diýip dillere sena edilýän Fransiýa, Angliýa, Germaniýa ýaly ýurtlar düýnki gün wagşylygyñ, görlüp-eşdilmedik zalymlygyñ namasyny ýazýardylar. Ýewropaly ýurtlar XIX asyryñ ahyrlarynda ýer asty baýlyklara baý bolan Afrika yklymyny koloniýalaşdyryp başladylar. Kolonializmiñ taryhyny gan bilen ýazan ýewropa ýurtlarynyñ her biriniñ Afrikadaky gyrgynçylyklarda eli bar. Taryhyñ dürli döwürlerinde özlerini saýlama millet hökmünde görüp, özlerinden dällere her dürli ezýetdir-horlugy, zorluk-sütemi we ölümi rowa gördüler. Bu ýagdaý biziñ günlerimizde-de formasyny üýtgedip dowam edýär, olaröz eden gabahatlyklarynyñ üstüni örtmek üçin başgalary aýyplama taktikasyny ulanýarlar. Medeniýetlisireýän Ýewropanyñ wagşylyklardan püre-pür taryhyna ýüzleýje ser salmagyñ özi adamyñ inini jümşülletmäge ýeterlik bolsa gerek. ▶ GERMANIÝA: XX ASYRYÑ ILKINJI GYRGYNÇYLYGY Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan "XX asyryñ ilkinji gyrgynçylygy" diýip ykrar edilen bu gandöküşlik 1904-1908-nji ýyllarda häzirki Namibiýanyñ çäklerinde bolup geçdi. Nemesler 1890-njy ýyllarda çig mala we arzan işçi güýjüne bolan talaplaryny kanagatlandyrmak üçin gerero we nama taýpalarynyñ ýaşaýan ýerlerini koloniallaşdyrdylar. Uzak wagtlap nemes kolonizatorlaryna garşy baş galdyrmadyk gererolar we namalaryñ sabyr käsesi 1904-nji ýylda doldy. Aýaga galan gererolaryñ 80%-i, namalaryñ bolsa ýarsy rehimsizlik bilen öldürildi. Ýakyn taryhda bolup geçen bu wagşyçylykly wakalar başlamazdan öñ ilat sany 132 müñden gowrak diýip kesgitlenen halkyñ bary-ýogy 15 müñi diri galdy. Nemes faşistleri 1933-45-nji ýyllarda Beýik Germaniýa imperiýasyny berkarar etmek we ýokary jynsly nemes milletini öñe çykarmak maksady bilen başga milletlerden we etniki toparlardan 21 million adamy köpçülikleýin oka tutdy, konslagerlerde, adam ýakýan ýörite peçlerde ýakdy, gaz bilen doldurylan otaglarda demikdirip öldürdi. Faşistik diktatura ilkinji nobatda gany özleri bilen bir däldigine ynanan ähli halklary anyklap, kategoriýalara bölen boldy. Bu haý-haýly çäre başlan badyna syganlaryñ 94%-i biçilip nesil öndürmekden mahrum edildi. Ikinji göze düşenler bolsa ýewreýler boldy. Hem Germaniýada, hem nemesleriñ basyp alan ýurtlarynda ýaşaýan ýewreýleriñ iki milliony urulyp-ýenjilip, asylyp, ýakylyp, gaz bilen demikdirilip öldürildi. ▶ FRANSIÝA: GYRGYNÇYLYGYÑ USSADY Taryhy gyrgynçylyklardyr gandöküşlikler bilen doly ýene bir ýurt - diñe Ýewropanyñ däl, dünýäniñ üýtgemesinde aýgytlaýjy rol oýnan Fransiýadyr. 1830-njy ýylda koloniýasy hökmünde Alžiri basyp alanda her dürli gabahatlygy etmekden gaýtmadyk fransuzlar, Alžir tä 1962-nji ýylda Garaşsyzlygyny alýança ýurtda dürli gyrgynçylyklary we öç almalary amala aşyrdy. Garaşsyzlyk ugrunda göreşen ýüz müñlerçe ýanbermez alžirliniñ ganyna galan fransuzlar iki ýarym million alžirliniñ ýurduny terk edip gitmegine sebäp boldular. Alžirde bir asyrdan gowrak adamkärçilige sygmaýan her tüýsli jenaýatçylykly etmişleri eden fransuzlaryñ Azat edijilik urşunda sekiz müñ obany ýer bilen ýegsan edendigi barada maglumatlar bar. Fransuz gyrgynçylyklary diñe Alžir bilen çäklenenok. 1994-nji ýylda Ruandada bolup geçen gyrgynçylykda ýüz müñlerçe tutsiniñ hutular tarapyndan öldürilmegi adamzat taryhynyñ iñ eýmenç wakalaryndan biri hasaplanýar. Öñ Ruandada gulluk eden otstawkadaky fransiýaly ofiseriñ fransuz harby gullukçylarynyñ ýurtda gyrgynçylyk döreden hutu militanlaryna tälim berendigini we olary ýarag bilen üpjün edendigini boýun almagy, megerem, taryhy şular ýaly gandöküşikli wakalar bilen doly Fransiýanyñ alnynyñ gara tagmasy bolup hemişelik galsa gerek. Şeýle-de, 1917-nji ýylda Afrikanyñ Çad diýen ýurdunda dört ýüz sany yslam alymyny konferensiýada çykyş etmäge çagyryp, olary özleriniñ hakyna tutma jellatlaryna konferensiýa gidip durka şehit etdiren Fransiýanyñ gyrgynçylyk döretmegiñ ussadydygyny we muny ussatlyk bilen örtmegi başarýandygyny bilmeýän barmy?!. ▶ GOLLANDIÝA: SREBRENISSANYÑ GANDARY Gollandiýa sessiz-üýnsiz adam gyrýan ýurtlaryñ biri. Ýakyn taryhyñ Srebrenissa gyrgynçylygynda niderlandiýalylaryñ eliniñ barlygy ýatdan çykar ýaly zat däl. 1995-nji ýylda Srebrenissada 8 müñden gowrak bosniyaly musulman serb goşunary tarapyndan şehit edildi. Birleşen Milletler Guramasy Srebrenissany "howpsuz zolak" yglan edip, ol ýeri gollandiýaly esgerleriñ ygtyýaryna berdi. Emma Gollandiýa bäş gije-gündizläp dowam eden gandöküşligiñ öñüni almaga miltem etmedi. Olar gözleriniñ alnynda bolup geçen gyrgynçylyga heşelle kakyp tomaşa etdiler. 1740-nji ýylda gollandiýaly kolonialist esgerler häzirki Jakartanyñ Batawiýa port şäherinde 10-12 günüñ içinde 10 müñden gowrak ýerli hytaýlylary öldürdiler. Gandöküşlikden öñ ýerli halk Gollandiýanyñ Gündogar Hind adalarynyñ gurluşygynda işledildi. Iş ýerleriniñ köpelmegi bilen bu ýere hytaýlylar göçüp gelmäge başlady. Göçüp gelen hytaýlylaryñ sany 10 müñe ýetende gazaply sürgün syýasaty ýola goýuldy. Şäherden çykmadyk hytaýlylaryñ garşysyna köpçülikleýin öç almalar başlandy. Gyrgynçylyk sebitde 500-denem az hytaýly galýança dowam etdi. Gollandlar 1615-nji ýylda Demirgazyk Amerika baranlarynda indeýleri hem gyrana beripdi. Ikinji jahan urşy döwründe 102 müñe golaý gollandiýaly ýewreý öldürildi. Şol ýewreýleriñ birnäçesi ýerli golland faşistleri tarapyndan ele salnyp faşist ofiserlere tabşyryldy. Golland polisiýasy ýewreýleriñ nemes faşistlerine tutulyp berilmegine we konslagerlere salynmagyna işjeñ gatnaşdy. Konslagerlere tabşyrylan ýewreýleriñ 90%-i agyr şertlere çydaman wepat boldy. Gollandiýa şol sebäpli ýewreýlere 180 million kontribusiýa töledi. Emma bu boýunça hiç hili "ötünç" soramady, gynanç bildirmedi. Gollandiýa 1945-nji ýylda koloniýasy astyndaky Indoneziýanyñ garaşsyzlyk hakyndaky talaplaryna gazaply öç almalar bilen jogap berdi. Golland kolonizator güýçleri 1945-1949-njt ýyllarda çaga-çoluk diýmän, aýal-ebtat diýmän, garry-gurty diýmän, jemi 150 müñ indoneziýalynyñ ganyna galdy. Rawagede gyrgynçylygyny şol döwürde bolup geçen gandöküşikli wakalaryñ diñe biri hökmünde mysal getirmek bolar. 1947-nji ýylda golland esgerleri Indoneziýanyñ Ýawa adasynda bir günde 430 adamy öldürdi. Birleşen Milletler Guramasy 1948-nji ýylda bu waka "bilkastlaýyn we rehimsiz bilen" edilen diýip baha berdi. ▶ ANGLIÝA: WAGŞYÇYLYKLY USULLARDA ADAM GYRMAGYÑ USSADY Angliýa 1788-1938-nji ýyllarda Awstraliýanyñ ýerli halky aborigenleri sistematiki şekilde ýok etdi. Aralaryna epidemiki keselleri ýaýratmak bilenem çäklenmän, iýmitlerini zäherläp ýok edilmäge çalşylan ýerli awstraliýalydan bary-ýogy 31 müñ adam diri galdy. 1919-njy ýylda Hindistanyñ Amritsar şäherinde bir iñlis zenanynyñ welosipedli gezim edip ýörkä birnäçe kişi tarapyndan ynjydylandygyny bahana edip başlanan öç almalarda hindiler dürli ýanalmalara, ezýet-horluklara sezewar boldy. Eden-etdilige nägilelik bildirip köçä çykan mähelleden 10-15 minudyñ içinde 370 adam öldürildi we 1500 adam ýaralandy. Iñlis güýçleri 1950-nji ýyllarda Keniýada Mau Mau gozgalañyny basyp ýatyranda, 310 müñ adamy konslagerlere gabady, bir milliondan gowrak adamy çepbe çöwrülen obalarda saklady. Wakalar dowam edip durka 100 müñ adam wagçyçylykly usullar ulanmak arkaly öldürildi, açlykdan öldi. Müñlerçe adam ölüm jezasyny aldy. Tussag edilenlere biçilmekden başlap göz oýmak, gulak kesmek ýaly wagşyçylykly ezýetler rowa görüldi. Ikinji jahan urşunda Angliýanyñ Howa güýçleri tarapyndan Germaniýanyñ Drezden şäheriniñ depesinden ýagdyrylan bombalar 500 müñ sany bigünä adamyñ ganyna galdy. Beren bu öç alma görkezmesi sebäpli tussag astyna alynmagy ýa-da jezalandyrylmagy gerekdigine garamazdan, 1953-nji ýylda Winston Çerçill Angliýanyñ imperatrisasy Ýelizaweta II-niñ elinden "Korollyk nyşanyny" aldy. ▶ ITALIÝA: OMAR MUHTARY ŞEHIT EDENLER Türkiýäni gyrgynçylykda aýyplaýan ýurtlaryñ biri-de Italiýa. Italýanlaryñ 1911-nji ýyldan 1940-nji ýyla çenli dowam etdiren öç alma operasiýalarynda we çölüñ jümmüşinde guran jeza beriş lagerlerinde ýüz müñlerçe afrikaly musulman wepat boldy. Legendar gahryman Omar Muhtar Liwiýada italýanlara garşy alnyp barylan Azat edijilik urşunyñ öñbaşçysydyr. Italýan basybalyjylaryna garşy uzak wagtlap tutanýerli göreşen Omar Muhtar on ýylluk göreşiñ soñunda italýanlara ýesir düşdi. Italýanlar Demirgazyk Afrikanyñ mujahyt lideri Omar Muhtara eger diri galmak islese, ýurt garaşsyzlygy ugrunda söweşen watanperpwer liwiýalylaryñ ýaragy taşlap, boýun egmeklerini talap etdiler. Olaryñ bu teklibi ret edilensoñam, sud edilip Omar Muhtara ölüm jezasy berildi. Mussolini häkimiýer başyna gelensoñ, 1935-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda italýanlar 400 müñ adamlyk goşun bilen öñki ady Hebeşistan bolan Efiopiýany basyp aldylar. 1936-njy ýylyñ 31-nji martynda bolup geçen Mai Jeu çaknyşygynda italýanlar hebeşistanly 40 müñ watan goragçysyny bombalady, ölmän galyp gaçmaga synanşanlary bolsa zäherli gaza tutup öldürdiler. Italýanlar 1941-nji ýyla çenli Hebeşistandan çykýançalar 300 müñ töweregi adamyñ ganyna galdylar (başga bir çeşme bu sany 760 müñ diýip görkezýär). Italiýa Ikinji jahan urşundan soñ Hebeşistana kontribusiýa hökmünde 25 million töledi. ▶ BELGIÝA: FAŞISTLER DEÝ WAGŞYLYK Kolonializm hakynda söz açylanda, tankydy oklaryñ barsy diýen ýaly Angliýanyñ we Fransiýanyñ üstüne gönükýär. Emma kolonizatorlykda bu iki ýurtdan birjigem pes oturmadyk bir ýurt bar. Ol ýurduñ adyna Belgiýa diýilýär. Belgiýanyñ koroly Leopold II (1865-1909) Kongoda mazlum halkyñ garşysyna eden gabahatlyklary sebäplj Adolf Gitler syýasat sahnasyna çykýança rehim-şepagatsyzlygyñ birinji belgili wekili hökmünde ýatlandy. Korol Leopold II "kolonial" imperiýa gurma arzuwyna gark bolup, belgiýalylara Kongony okkupirletdi. Onuñ bu haýu-höwesi sebäpli azyndan on million afrikaly ýanalmalardan we zorluk-sütemlerden ýaña gurban boldular. Leopold II Afrika aýak sekmezden Kongony äpet konslagere öwrüp taşlady. Kongoda terror şemalyny öwüsdiren belgiýalylar ýerli halkyñ kelleçanaklaryny howlularynda heýkel deregine ulanýardylar. Faşistik zalymlygyñ bir görnüşi Kongoda bolup geçipdi. Diñe 1890-njy ýyl bilen 1905-nji ýyllar aralygynda on milliondan gowrak kongoly öldürildi. Leopoldyñ adamhor itleri gul bolasy gelmeýän çagalaryñ ellerini kesýärdiler, kesilen elleriñ bir ujuny ýakyp tüsseledýärdiler. 1899-njy ýylda Germaniýa tarapyndan koloniallaşdyrylan Ruanda nemesleriñ Birinji jahan urşundan ýeñlip çykanyndan soñ 1918-nji ýylda Belgiýanyñ eline geçdi. Nemesleriñem, belgiýalylaryñam ruandalylara goýan mirasy - agzalalykdan we milletçilikli syýasatdan başga zat däldi. Şonuñ üçin, aslyndan biri-birinden hiç hili tapawudy bolmadyk ganybir we bitewi halk hutu we tutsi diýen iki topara bölündi. Hutu milletçisi Parmehutu Belgiýanyñam goldawyny alyp, iljinji gyrgynçylygyny 1959-njy ýykda 100 müñ tutsiniñ ganyna galmak bilen amala aşyrdy. 1994-nji ýylda Ruandada dünýä taryhynyñ iñ eýmenç gyrgynçylyk wakalarynyñ bolup geçmeginiñ başy-da öz gözbaşyny Belgiýanyñ goýup giden milletçi syýasatyndan alyp gaýdýar. ▶DANIÝA WE ISPANIÝA: BOSGUN GYRGYNÇYLYGY Ýewropa bileleşiginuñ agzasy Daniýa 1945-nji ýylda 250 müñ nemes bosgunyny ölüme terk etdi. Sowet goşunynyñ Germaniýa tarap öñe süýşüp gelýänligindem gorkan 250 müñ nemes Daniýa sygyndy. Her üçüsinden biri 15 ýaşdan kiçi bolan çagalardsn ybarat nemesler tikenekli simler bilen germelen konslagerlere dykyldy. Müñlerçe çaga dürli hili ýokanç keseller bilen keselläp wepat boldy. Ispaniýanyñ diktatory Fransisko Franko bolsa ýurdunda 30 müñ oppozisioneriñ ganyna galdy. Ispanlar amerikanlar bilen birlikde millionlarça indeýiñ hem eli ganly jelladydyr. ▶ RUMLAR: KIPRDE ETNIKI ARASSALAÝYŞ Rumlaryñ Kirp türklerine garşy gazaply öç almalary 1912-nji ýylda başlady. Kipriñ aýry-aýry otuz bäş ýerinde türklere degişli iş ýerleri, metjitler, ýaşaýyş jaýlary oda berildi, adamlar öldürildi. Öç almalaryñ başlan 1912-nji ýylyndan Kipri Azat ediş hereketiniñ bolan 1974-nji ýylyna çenli 1000-den gowrak türk rumlar tarapyndan öldürildi. ▶ GRESIÝA: MORA GYRGYNÇYLYGY Osmanlylaryñ ermeni gyrgynçylygyny baryp-ha 1996-njy ýylda ykrar eden Gresiýa hem gyrgynçylyk meselesinde ýakasy gaýyşly ýurtlaryñ biri. Osmanly türkmen imperiýasynyñ dargamaga başlan döwründe Balkanlarda bolup geçen gyrgynçylyklarda ummasyz musulman wepat boldy. 1829-njy ýylda Gresiýanyñ özbaşdaklyk yglan etmegi bilen Morada ýaşaýan türkler göç etmäge mejbur edildi. Taryhçylar bu döwürde ýarymadada esasanam poplaryñ ündewi bilen jemi 20 müñden gowrak musulmanyñ öldürilendigini habar berýärler. Diñe Tripoliçe gyrgynçylygynda 35 müñ adamyñ öldürilendigi barada maglumatlar bar. Sewda DURSUN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |