19:59 Ylýas pälwan | |
YLÝAS PÄLWAN
Taryhy şahslar
1876-njy ýylda Tejen ýaýlasynda doglan, pälwançylyk edip at galdyran Ylýas Aly ogly hakda söz açmak ýakymly. Alty doganyñ körpesi Ylýas diýseñ märekesöýer şyh bolupdyr. Ol dünýäniñ baýlygyna gyzmandyr. Göreşden alan baýraklaryny mätäçlere paýlapdyr. Ýaşululardan Seýit Nurlynyñ (Ussa murt), Durdymyrat Aşyrdyr Gurbanberdi Kitjäniñ aýtmagyna görä, pälwanlyk Ylýasa ezelden berlen bolmaly. Onuñ märekä çykyp, göreş tutan döwründe ýanyny ýere degrip bilen bolmandyr. Özem diýseñ arassa, sagdyn göreşipdir. Iñ halan emeli bolsa, garşydaşyny daşyndan aýlap, ýerde goýmak eken. Ylýas pälwanyñ ors, özbek, gazak pälwanlary bilen göreşendihi barada gürrüñler az däl. Ylýas pälwanyñ halypasy döwründe ýany ýere degmedik Garaja pälwan bolupdyr. Soñ-soñlar bu pälwan, "Pälwanlygyñ ähli syrlaryny Ylýas özüne siñdirip bildi" diýer ekeni. Ylýas Garaja pälwan, Balkan pälwan, Çoluk pälwan ýaly gerçeklerden tälim alýar. Olaryñ Ylýasa syny oturypdyr. Şeýlelikde, özüniñ arassa, sagdyn göreşi bilen Ylýas olaryñ ak patasyny alýar. Karamlyk diýen zadyñ nämedigini bilmändir. * * * Ylýas pälwan döwürdeşleri Peleñ pälwan, Girdenek pälwan, Momma pälwan, Togalak pälwan, Anna warañ, Tokga gökje, Peşmek han, Annaly eşek ýaly belli pälwanlaryñ hemmesinden üstün çykmagy başarypdyr. Ol elmydama iñ uly baýraga dördüñ biri bolup çykar eken. * * * Ylýas pälwan gum obalarynyn birinden öýlenipdir. Onuñ gaýyn obasynda göreş bolan. Göreşe köp ýerden pälwanlar çagyrylypdyr. Oña Ylýas pälwan hem çagyrylýar. Ol göreşde ähli pälwanlary ýeñmegi başarýar. Märekäniñ içinde ony synlap oturan gaýyn atasy Ylýasy tanamaýar eken. Ýeñiji bolan pälwanyñ öz giýewisidigini bilensoñ: "Häk, tohumy zaýalan ekenig-ow!" diýip, gaýyn ata hyrçyny dişleýär. Sebäp onuñ gyzy çepiksije ekeni. Şol döwürde belli pälwanlaryñ biri Ylýas pälwandan göreşde asgyn gelip, öýüne gelýär. Özüniñ ýykylandygyny ejesine aýdanynda, ejesi oña ynanmandyr. Ylýas pälwanyñ ejesi Ogulnyýaz eje ~ ilde belli daýaw aýal ekeni. * * * Tejende käl boýunda Beg, Wekil tireleriniñ arasynda göreş bolýar. Şonda Ylýas pälwan Peşmek han boleb tutluşýar. Peşmek han ýykylýar. Onuñ tarapdarlary yrsarap çaknyşjak bolýarlar. Ýöne ähli halk Ylýas pälwanyñ tarapynda durup, onuñ arkasyny alýar. Peşmek han soñ-soñlar galtamançylyk edipdir. * * * Ylýas pälwan bir toýda Girdenek pälwan bilen göreş tutýar. Girdenek pälwanam özüniñ çensiz daýawlygy bilen tanalýan pälwan bolupdyr. Ylýas Girdenegiñ aýagynyñ içinden çilşirip gañranda, onuñ injigini döwüpdir. Ylýas pälwanyñ güýjüni taryplanlarynda "Ylýasyñ sag aýagyna ilerki dagy goýsañam götär" diýer ekenler. Tokga gökje Ylýas pälwan bilen göreş tutup, karamlyk edip, onuñ kelte gapyrgalaryny döwýär. Şol göreşde Ylýas pälwan ondan ýykylýar. Muña namys eden Ylýas pälwanyñ inisi Kitjen Tokga gökje bilen şol ýerde göreş tutýar-da, ony ýykýar. Ylýas pälwan kemsiz gutulansoñ, Tokga gökje bilen tutluşýar. Gezegi alan Ylýas pälwan aýlap-aýlap ýanbaşdan ýykýar, göterip ýene ýykýar, üçünji gezegem aýlap "çabyt çalan ýaly" edýär. Şol göreşde Tokga gökjäni öýüñ tüýnügine salyp, göreş meýdanyndan alyp gidýärler. * * * Gökdepede bir toýda uly göreşiñ boljagyny eşidip, Tejeniñ atly pälwanlarynyñ dördüsi ~ Ylýas pälwan, Anna warañ, Peleñ pälwan, Annaly eşek dagy şol toýa atlanýarlar. Ýöne toýa baranlarynda olara gowy hyzmat etmeýärler. Olaryñ beýle ýanynda keserip ýatan Ahalyñ belli pälwanyna bolsa hemme hyzmatlar edilýär. Muña göwünleri galan Tejen pälwanlary turmakçy bolýarlar. Şonda Peleñ pälwan hyzmat edip ýörenleriñ birine özüniñ war-war edýän sesi bilen "hol ýatan pälwanyñyz ýa-ha bikine gyrnak bagy (guşak) daksyn, ýa-da bize hyzmat etsin" diýýär. Ýañky pälwan ýatan ýerinden: "Meniñ bilen göređ tutjak bolýan akmak kim-aý?" diýip, göwnüýetmezçilik bilen seslenýär. Şonda Peleñ pälwan: "Şularyñ iñ garrysy men, menem señ bilen göreş tutaryn" diýýär. Şol ýerde bir garyp ýigit pälwanlary özüniñ oraçasyna äkidip, karz-kowala batyp, uzyn gije hyzmat edýär. Ertesi göreş başlanýar. Tejen pälwanlary ähli baýragy diýen ýaly alýarlar. Iñ uly baýraga düýnki pälwan çykýar. Peleñ pälwan onuñ bilen tutluşmakçy bolýar. Ýöne Ylýas pälwan ony goýbermeýär. Onuñ bilen özüniñ göreşmelidigini aýdýar. Ylýas pälwan ol pälwany edil öñküleri dek "çabyt çalan ýaly" edýär. Toý sowlansoñ, pälwanlar özlerini myhman alan garyp ýigidiñ öýüne baryp, ähli baýraklaryny oña bagyş edýärler. Baýraklaryndan ýekeje gyrmyzy dony alyp gaýdýarlar. Ony hem obalaryna gelenlerinde öñlerinden çykan, ylgap garşy alan oglanjyga beripdirler. * * * Ylýas pälwanyñ agasy Aşyr pälwan inisinden daýawlygy bilen tapawutlanypdyr. Ol otuz iki ýyllap goýun bakypdyr. Doganlar daşlaryna çyzyk çekip, güýç synanyşyp basalaşanlarynda, Ylýas pälwan agasyndan ýeñiler ekeni. Ýöne Aşyr hiç mahal göreş tutmandyr. * * * Gyzyllar ýurdy eýelänsoñlar parahat halkyñ başyna uruşdan-da eýmenç oýunlar salýarlar. Döwletmen baýlary, ylymly-bilimli işan-mollalary dürli bahanalar bilen tussag edip ýoklaýarlar. Indi gartaşyp, göreşden galan, gep-gürrüñ bilen işi bolman, öz günemasy bilen bolup ýören Ylýas pälwana hem: "Sen baý" diýip, azar berip başlaýarlar. Pälwan aga gaçyp, serhet aşyp Eýrana geçýär. Şol ýerde bir baýa talaban durýar. Watan aýralygy, talaban durmuşy, ýaşynyñ könelişenligi Ylýas pälwanyñ has-da eñkamyny alýar. "Tekeleriñ Ylýas pälwany geldi" diýip, ýerli hana habar ýetirýärler. Han ony öz pälwany bilen göreşmäge çagyrýar. Göreşiñ boljak güni ol hojaýynyndan hakynyñ ujundan birnäçe ýumurtga alyp içýär. Soñra hojaýyny bilen göreş tutmaly ýere ugraýar. Ol hanyñ ýaş bakylyp-bejerilen pälwany bilen tutluşýar. Ylýas pälwan şonda il-gününi, watanyny ýatlap, ölmese, nesibesi dartsa halkynyñ gözüne görünmeli boljakdygyny serinde aýlap, Allany çagyryp billeşýär. Şeýdibem il-gününden, watandan gaýybana gaýrat alan Ylýas pälwan hanyñ pälwanyny bulap ýere urýar. Göreşden göwni galan han Ylýas pälwana alarylyp, turup gidýär. Hanyñ gylygynyñ geñ däldigini añan baý pälwany serhetden bärik aşyryp goýberýär. Ylýas pälwan şol ýerde Mara gelýär. Ol ýerde birnäçe wagt ýaşansoñ, öz obasyna gelýär. Ýöne oña bu ýerde hem gün bermeýärler. Hiç ýerde sana geçmeýän ülhidi şaýat edinip, Ylýas pälwana myjabat baryny atýarlar. Ýañky ülhit: "Men onuñ talabanydym" diýip, ýüzüne durýar. Şeýdip türkmen göreşiniñ gaýtalanmajak halypalarynyñ biri Ylýas pälwany 1937-nji ýylda on ýyl möhlet bile tussag edýärler. Ylýas pälwanyñ gidişi-gidişi bolýar. "Baý" diýlip tussag edilen mahaly onuñ dört sany köşekli düýesi, alty sany ineri, otuz alty sany hem goýun-geçisi bar eken. * * * Şol döwürde bolşewikler bilen oñuşman ata çykan Begmämmet gul diýen adam Ylýas pälwanyñ diýseñ gowy ak atyny diläp alýar. "Pälwan ölmesem iki at edip gaýtararyn" diýýär. Ýöne Begmämmet gul beren sözüni ýerine ýetirip bilmän, serhetde gyzyllar bilen atyşyp, şehit düşýär. * * * Ylýas pälwanyñ agasy Kitjen hem toýlarda göreşipdir. Ýöne onuñ kelte pälwana turandygyny gürrüñ berýärler. Häzirki wagtda pälwanyñ nesillerinden onuñ agasy Kitjeniñ agtygy Dörtguly Bäşow hem tanalýan pälwanlaryñ biri. Ol ýurdumyzyñ birnäçe gezek çempiony, ýaş pälwanlaryñ halypasy. * * * Däp boýunça täze edinilen gelne ertesi baş salyp, gelniñ saçyny ýeñsesine atýarlar. Şonda gelin bilen gyzlaryñ arasynda göreş bolýar. Baýrak hem goýulýar. Ylýas pälwanyñ gyzy Bessir ulugyz mahallary gelinleriñ içinde oña taý tapylmandyr. Şonuñ üçin onuñ doganoglanlarynyñ daýawrak erkekleri gelinlere kömege gelipdirler. Şeýdip ol özüniñ Ylýas pälwanyñ gyzydygyny kemsiz subut edipdir. Ylýas pälwany tanaýan ýaşulularyñ biri onuñ oglundan: "Kimiñ ogly borsuñ?" diýip soran. Olam: "Ylýas pälwanyñ ogly" diýip jogap beren. Onda ýaşuly: "Hiç ýerde pälwanyñ ogly diýmegin. Sen ejeñe çekipsiñ. Pälwanyñ ogly bolsañ, geçiñ aşygy ýaly bolmarsyñ" diýip gidiberen. * * * Ylýas pälwanyñ mekdebini geçip, tälimini alan Nepes çaka, Öwez şahyr dagy hem döwründe ýany ýere degmedik pälwanlar bolupdyrlar. Häzirki günlerde ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklarda, toýlarda Ylýas pälwanyñ adyna baýraklar goýulýar. Onuñ ady hormat bilen ýatlanylýar. Hawa, türkmeniñ göreş sungatynyñ uly halypalarynyñ biri, öz döwründe göreş sungatynyñ mekdebi bolan Ylýas pälwan halkyñ hakydasynda hemişelik ýaşaýar. Annahal BAÝHAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |