21:07 Ýol | |
ÝOL
Goşgular
Ýiti şemal ýalap barýar ýüzüňi, Kä kötel, kä çöket, päsgelçilik zol. Gatan hamy ýaly çypar möjegiň, Tigriň aşagynda uzap ýatyr ýol. Ýollar bilen dogan bolup gitdim men, Ýollarda gaýzygyp sowuk şemala. Dogrusy men ýaşaýaryn ýollarda, Ýollar meni getirýärler kemala. Menzillerden çekinmändi dostuňyz, Ýollarda ol adam çykyp adykdy. Meni daşky işiginden öýmüziň Alyslara ýollar alyp gaýdypdy. Meni samolýotlar, maşynlar, ýollar Alyp barypdylar telim öýlere. Meniň göwnüm ýene ýola dyzapdy Imrinmändi şowhunlara, meýlere. Bu ýollarda maksady bar her kimiň, Ýöne ýerden gidilenok gezmäge. Ýolda duşýan säwliklere taýyn biz, Taýyn dürli kynçylyga dözmäge. Ýürekden guwanýas, buýsanýarys biz, Syrgyn syrap, jöwza gowrup ýaksa-da. Bilmeýänmiz üçin yza dönmäni, Tä ýetýänçäk ýetilmeli maksada. Ýoluň gutarmagy gutardygy däl, Jany saga diňe gezmek ýaraşýar. Bize albaý bulap başga menziller Bize ýene başga ýollar garaşýar. Ýuriý RÝABININ. Terjime eden Mämmet SEÝIDOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |