10:14 Ýomaklar | |
ÝOMAKLAR
Degişmeler
▶ TELEFONDAKY GEPLEŞIKLERDEN - Priwet, Gunçaşka. Žiw-zdorowmysyñ? - Salýut, Marala. Niçego, spasibo. - Aý, keýpine-le, gyz. Muž doma? - A kak že... Şu mahal aýagymy owkaladyp ýatyryn. - Ertir näçe urogyñ bar? - Oý, nemnogo, wsego iki sagatjyk. Wah, özüme galsa-ha ýerime muny iberäýjek weli, kak goworitsýa, ni weleno... - Haýsy temany geçýäñ? - "Türkmen dili türkmen halkynyñ gadymdan gelýän milli ýadygärligidir". Ladno gyz, onda... - Poka. ▶ HUPBATLY IŞ Ejesi çagalaryna: - A-ýuw, ýer ýuwutmyşlar, beýdip guduz açyp ýörenden Betdi daýylaryñyza gezmäge gitseñiz bolmaýarmy? - Aý, ýo-laý... - Her barañda işledýäler-ow. - Heý, işýakmazlar, ýeri, olar siz tetelli bihepbelere näme etdirýärmişin? - Uzakly gün oturdyp pul sanadýalar-ow... ▶ BAŞLYGYÑ BAŞLYGY - Sen nä, suwçular brigadasynyñ brigadirini işden boşatjak bolup ýörsüñmi? Näme diýsene, goý, ol ozalky ýerind işläbersin. - Bolar, başlyk. - O-ol öñki doñuzdarçylyk permäniñ permisinem towuk permi edip bilersiñ. - Ýest, başlyk. - Mekgejöweniñ ekişine girişmekden entek saklanyñ, howanyñ ýüzi mazaly açylyşsyn. - Bolar, başlyk. - Onsoñam, agşamlyk özüñe ýumurtga çakynaýgyn, men öýde bolmaryn. Gytja gyzyny çykarýarmyş, çagalar bilen şolarda bolarys. - Ýest, başlyk... ▶ AÝAKGAP DÜKANYNDA - Aýtsañyzlañ, keýgim, şu köwüş üçin men näçe tölemeli? - Eger şu durşuna alsañyz, 4500 manat. Ýöne alyjylaryñ isleglerini nazarda tutup, täzeden bäri ýanymyzda ýörite bir ädikçi saklaýarys. Eger-de şoña köwşüñ aşagyny çüýledip alaryn diýseñiz 4700 manat töläýiñ. Annaş BALLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||