23:08 Göz bilen gaşyň arasynda... / ýumoreska | |
GÖZ BILEN GAŞYŇ ARASYNDA...
Satiriki hekaýalar
Alsaňyz, bir maslahat berjek. Menden size nesihat, eger-de ogry şärigi bolmajak bolsaňyz, gerek-ýaraglaryňyzy diňe döwletiň dükanlaryndan ýa-da bazardan satyn alyň, adamlar. Kündükdir tasa çenli aýlap, çem gelene deger-degmezine suňşuryp, ýören “jomart” sergezdanlaryň elinden ýeke zat alaýmaň, hökman ogurlykdyr. “Il ogrusyz bolmaz, dag börüsiz” diýilýändigini sizem eşidensiňiz-ä. Arada aýalym penjegimi ýuwup, daşarda serip goýsa, hakyt, bir näkes gündiziň günortany, öl-myžžyklygyna egnine sokup dur. - A-haýt, bidöwlet, bu näme etdigiňdi, goýmadyk bolsaň göterme, çykar, taşla! – diýip, sesimiň ýetdiginden haýkyrdym. Awa salynjak tazy ýaly, dem salym keýerjekläp durdy-da, ýazzyny beräýdi. Päh. Zaňňar, edil, “zym” uçan ýaly bolaýdy. Ýeri, o betpäl, amanat soýkany atynyp, märekä baryp biler öýdýäňmi? Ilkinji gabat gelene ýeke jinnege ýelmär goýbär. Aramyzda halalmy-harammy, aňyrsyny seljermän, duş gelen lukmany Böwenjik kimin lak-luk atyp, garynlaryny ýasylap ýören naýynsaplaryň heniz bardygyny boýun alaýalyyň. Ana, ogurlygyň entek doly soňuna sogan ekiläýmeýänligine düýp günäkärler hem hut şolar tetellilerdir. Ynha, ýaňy-ýakynda-da, iňrik garalandan soň, öýde ýeke özüm gürleňgüjük ýaly içimi hümledip, “jadyly sandygyň” garşysynda oýaly-ukuly meýmiräp ýatyrdym. Obadaşymyz Gytja gyzyny çykarýardy. Keýwanymyň çagajyklary yzyna tirkäp, aladaňdandan şolara diýip gidişidi. Birdenkä, oslagsyz ýerden derwezämiz güňleç kakylyp başlady. Howsala düşüp, howla çykdym. Aňrymyzyň gylyç gemren batyrlardandygyna garamazdan, arkamda direnip duranymyň şuş-şu wagt ýanymda ýoklugyndanmy-nämemi, garaz, injigim sandyrap, ýöwselleýärdim. Tyrkyldy bolsa güýçlenýärdi. Gonjuma gor guýlan ýalydy. Şaglap inen derden ýaňa, öl-myžžyk bolupdym. Göwnüme bolmasa, şu arada öýümiziň işigini ýel açyp – ýel ýapan ýaly boldy. Muňa kän pitiwa etmän, ýüregime daş baglap, derwezäniň kildini ýazdyrdym. Görsem, alnymda ýüzüne öliniň reňki uran bir gara saňňyldap dur. Aňyrdan gapyrgasyny sanabermeli ýene birisi hem demi-demine ýetmän, haslap geldi. Gele-gelmäne-de: - Agam, alsaň ýarpy bahasyna “segsenlik” türkmen halymyz bar. Halys gerek bolansoň, gyssanjymyza aýlap ýörüs, ýogsam sat niýetimiz ýokdy welin... – diýip, goltugyndakyny somlaýar. Nämäniň nämedigine düşünemsoň, myrryhym atlanyp, murtum syh-syh bolup ugrady. Gaharyma bäs gelmän: - Häý, gäbi azanlar, heý, dokuzy düzüw adam bimahal çak it aýagyny iýen ýaly, gapy-gapy söker ýörermi? Daban azabymyz bilen gazanan zadyňyz bolsa beýtmezdiňiz. Gör, kim bendäni çürkäp, ulturadyp gelýänsiňiz. Ýok boluň, gözüme görünmäň! – diýip, urdum hemläni. Zähreleri ýarylan işigaýdanlar, “assa gaçan namart” edip, göterdiler ökjäni. Menem näme, “Gorkagy kowsaň batyr bolar” diýenleri ýaly, derwezäni baglap, öz-özümden göwnüm hoş halda, donuma sygman, gabarylyp öýe girdim. Gapydan ätläp, törde ýazylgy “segsenlik” halymyzyň ýeriniň şyr-takyr ýalpyldap ýatanlygyna gözüm düşüp, janym kekirdegime geldi. Essim aýlyp, tas çiň-arkan gaýdypdym. Zannyýamanlar, göz bilen gaşyň arasynda, başymy-gözümi aýlap, ne hamyr-ne petir, men aňkawyň ýagyrniçligini otlap ötägiden bolsalar nätjek? Aý, halalyň b... bol-a... Ah, burnuňyzdan gelsin-ä... Annaş BALLYÝEW, Serdar etraby. “Adalat” gazeti, 01.06.2001 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |