17:27 Garaýusup we ak ýal mele at / taryhy hekaýa | |
GARAÝUSUP WE AK ÝAL MELE AT
Taryhy proza
“Hor galmasyn puştdan puştum, Berkarar döwlet islärin." Magtymguly. Düýnki çaparyň getiren habary Muhammet şanyň ynjalygyny gaçyrdy, hiç zat bilen keýpi bolmady, uzak gijesini böwrüni diňläp geçirdi. Bu gün zer bilen nagyşlanan mahmal haladyny ýasgynjak atynyp, altyn-kümüş haşamlardan ýaňa işige tutulan ýüpek perdäniň üstünden düşýän ölügsi yşyga göz gamaşdyryjy lowurdaýan şirmaýy tagtyň üstünde ertirden bäri içini hümledip otyrdy. Rehim-şepagatsyz şanyň haýbatyna sussy basylan çapar nury öçen gözlerini gyrpyldadyp, içeri ätledi-de, hökümdaryň aýagyna ýykyldy. Tagtyň astyna ýazylan ýüpek hala maňlaýyny degrip, telim mertebe togap kyldy: - Kyblaýy älem, Siziň huzuryňyza nazar kylmak ýaly belent mertebe miýesser edenligi üçin Biribardan müňde bir razydyryn. Siziň patyşalyk daragtyňyzyň zemine ornan kuwwatly kökleriniň müňlerçe esse bolup ýaýramagyny we pugtalanmagyny Hudaýtagalanyň keremli dergähinden gije-gündiz dileg edýärin. Wepaly guluňyz mydama hyzmata taýyn. Yslamyň diregi adalatly... Muhammet şa hamala töwereginde hiç kes ýok dek, başyny galdyrman, göm-gök ýüpek ýaglygy bilen ýüzüniň derini syryp oturşyna onuň sözüni bölüp emr etdi: - Türkmenlere bar-da aýt: siz patyşa boýun egýärdiňiz we paç berýärdiňiz. Birnäçe wagtdan bäri gulak asmany we boýun bolmany bes etdiňiz. Uzaklaşdyrman salgydyňyzy töläň ýa-da jezaňyza garaşyň diý. Düşündiňmi? Ondan bäri sanlyja gije-gündiz aýlanypdy. Emma türkmenlerden jogabyň gelerine garaşyp oturmaga şanyň kanagaty çatmady. Şa permanyny alan Feridun mürze türkmenleriň berkitmesi Garrygala tarap bäş müň atly we alty top bilen ýola düşdi. * * * Gijäniň ýary geçipdi. Aýsyz garaňky asmanda guşluk tarapda öçügsi ýyldyzlaryň arasynda haýbatly Myrryh köz ýaly gyzaryp, göwnüňe her hili howsalalar salýardy. Ümsümlikdi. Hatda öz bereketli suwuny alyslara alyp barýan Sumbar hem misli ýaňy gaýdyp gelen gelniň pyşyrdysy ýaly assaja ses edýärdi. Derýanyň boýunda ýabany biten injir, pisse, hoz agaçlary, söwütler ýel-guzsuz howada kölege ýaly garalyp durdular. Jülgäniň içinde ýerden çykan ýaly bolup, birnäçe atly peýda boldy. Garaňky jülgäni asudalygyny bozmajak bolýan dek, gezerine kowlup gelýän atlar öz maýdalyna toýnak urýardylar. Atlylaryň özara hümürdileri toýnaklaryň sesine garyşyp, çala eşidilýärdi. - Geçen gezek alamana gidilende, ho-ol öňdäki somalyp duran gerşiň guzaý tarapyndaky ýoda bilen barýarkalar, Pirgulynyň atynyň aýagy alakanyň sürenine gidip döwlüpdir. Onsoň bu gowulygyň alamaty däl diýip, ýigitler dolanan ekenler. Görsene, şol günüň ertesi, musallat inen ýaly bolup, şa wekili “gaýra goýman patyşa salgydyňyzy beriň” diýip gelipdir – diýip, ak mele atyň üstünde dim-dik bolup oturan ýigit daňdanyň çigregine galpyldap aýtdy. - Şa wekiline näme jogap berildikä, Garaýusup? Şu gezek onuň gaýdyşy gazapmyş diýýärler-le. - Näme jogap beriler öýdýäň, Çakmak jan. Häli-şindi salgyt diýip halkyň peteň-bizaryny çykardylar. Indi halkda takat-da galmady, berer jogabam. Şanyň ýüzüniň bärikdigini gökleňleriň ählisi bilýär. - Agyr şa leşgeri onça goş-köteli bilen dagdan bäri aşýarmykan-aý? Gürrüňe atlylaryň ýene biri goşuldy: - He-eý oglanlar, eýýamy ters gelse şeýle bolarmyş. Bu mahal zamanasy ters ahyry... Hany, ol Aba serdaryň döwri, halky gyzylbaşyň talaňyndan dyndaran döwür. Hawa, “Baş bolmasa, göwre läş”. Bu gara günden dynmak üçin, gökleňlere Aba serdar ýaly baş gerek, baş... Ýigitleriň özara gürrüňine diň salyp, pikiri çümüp barýan Ahmet ahyry soňunda dil ýardy: - Aý ýigitler, Aba serdaryň üstünligem wagtlaýyn bolupdyr. Olam Horezm hanyna bil baglan eken, ýöne “Doňzuň agy näme, garasy näme?” diýleni-dä... Başy gowgaly, agzala halk. Ynha, hersi bir ýerde. Birini Hywa hany, beýlekisini Eýran şasy talaýar, ýene biri emiriň gol astynda. Wah, öz tire-taýpa dawaňy nätjek diýsene? - Ol öz-özi bilen gürleşýän dek sözüni dowam etdirdi. – “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýipdirler, agzyň bir bolmasa sütemden, horlukdan dynma ýok... Akyldar magtymgulynyň bar aýdany hakykat. Ol dikeldi. Üüstüne abanyp duran äpet gaýalaryň asman bilen tapyşýan ýerine garap, göwni joşup, pessaýdan hiňlendi: - Türkmenler baglasa bir ýere bili, Gurudarys Gulzumy, derýaýy Nili, Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. Atlylar dymdylar. Diňe at toýnaklarynyň sesi çalaja çykýardy. Ak ýal mele at biynjalyk tapan ýaly bolup, yzly-yzyna horgurdy. Garaýusup atynyň gerşine çalaja kakyp köşeşdirdi-de: - Ýakynymyzda aç möjek kaňkap ýör öýdýän – diýip pyşyrdady. Ýigitleriň gamgyn halyna duýgudaşlyk bildirýän dek, garaňky jülge ses-sedasyz dymýardy. Şeýdip ep-esli ýol geçdiler. Birdenem jülgäniň sol tarapyndaky beýik gaýanyň depesinden: - Torkeman – diýip, çasly ses çykdy. Atlylar nämäniň-nämedigini aňşyrmankalar tüpeň sesi ýaňlanyp gitdi. Garaýusup “wah” diýip, mejalsyz atyň boýnuny gujaklan Ahmedi görüp, onuň atynyň irişmesinden tutdy-da, yza depdi. Olar jülgäniň egrelýän ýerinden geçip saklandylar. Sähel özlerini dürsänlerinden soň bütin jülgäni tutan at toýnaklarynyň dükürdisi ýakyndan eşidildi. - Kowgy, ýigitler, duşman köplük. Başga alaç ýok... Çakmak jan, Ahmedi ardyňa al-da, öňdäki saga sowulýan ýoda bilen Garrygala tarap çekil... Şa leşgerinden habarly, emme olar bilen bu ýerlerde pete-pet sataşylar öýdüp garaşmadyk Garaýusup dagy hem az wagtlyk degdim-gaçdym söweşden soň Garrygala tarap atlarynyň jylawyny goýberdiler. Olara bimahal wagt sataşanlar feridun mürzäniň leşgerleriniň öňatlylarydy. * * * Ýakymsyz habar tiz ýaýrady. Ahmedi gonamçylykda jaýlap gelen märeke häzier ýaşulularyň maslahat edip oturan öýüniö töweregine ýygnanyşyp, näme aýdylaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Az salymdan soň öýdäkiler daşary çykdylar. Donuny ýelbegeý atynan peşeneli aksakal ardynjyrap, agraslyk bilen oturanlara ýüzlendi: - A-how, jemagat, “Dok başa döwlet ýagar, aç başa mähnet“ diýlişi ýaly, tire-taýpa dawamyz galman ýören mahaly san-sajaksyz duşman ýygny alkymlap gelýär. “Ferdidun mürze Garrygala tarap ýola çykypdyr, şa Kalpuşda düşläpdir” diýip gelen habary bolsa Garaýusubyň ýesiri tassyklaýar. Öu dara-direlikde öňümizde iki ýol bar. Ýa-ha bakna bolup ýaşamaga kaýyl bolup, mürzäni serpaýdyr halatly garşylamaly, bolmasa-da egri gylyja bil baglamaly. Ine, şuny derwaýys çözmeli bolduk. Şanyň zulum-sütemi halys degnamyza degdi. Salgydy ýyl geçdigiçe köpelmese azalanok. Mundan artyk ýaranyp ýaşap boljak dälmikä diýýärin. Adamlar, biz-ä oturyp-oturyp duşmana gaýtawul bermeli diýen netijä geldik. Kadyr beg, Göle batyr töwerege gaýtadan habar ýollaň. Namysly-arly ýigitler söweşe şaýlansynlar. Alla sizi öz penasynda saklasyn gerçekler. * * * Ir saba söweş nagrasy kakylyp, iki goşun çaknyşdy. Asmandan ajal bolup inýän gylyçdyr çemşirler, naýzalar ýerden sähel saýlanan günüň şöhlesine ýyldyraşýardylar. Günüň howruna saralyşan ot-çöpe basyrylan düzlügi gylyçdyr galkanyň şakyrdysy üsti adamsyz, uýanyna çolaşyp, tasap ýören atlaryň aýylganç kişňemesi, ýaralylaryň nalasy tutupdy. At toýnaklary bilen torç edilen düzlügi galpap alan tozan duýdansyz gelen bulut ýaly, asmana galan günüň öňüni baglady. “Ur, bas!” diýen söweşjeň gykylyk bilen türkmenleriň gitdigiçe gaýduwsyz öňe omzamaklary mürzäniň leşgerlerini basga düşürdi. Muny aňan Feridun mürze topçybaşyny çagyryp, oňa türkmenleriň sapyny top okuna tutmagy buýurdy. Gajar toplarynyň ýer godukladyp ugramagy san-sajaksyz duşman serbazlaryna goltgy boldy. Top okundan artykmaç ýitgi çekmezlik üçin diňe egri gylyç, naýzadyr galkan bilen ýaraglanan türkmenler söweş meýdanyndan çykdylar. Söweş hereketini at üstünden synlap duran mürze türkmenlerden üstün çykaýdym öýdýän diýen hyýala düşdi we töweregindäkilere ulumsylyk bilen garap, göwnühoş ýyrşardy. Ýöne bu uzaga çekmedi. Türkmenler özlerini dürsänlerinden soň, söweşjeň hyjuw bilen ganym ýygnyna tarap gaýtadan at salyp gaýtdylar. Feridun mürzäniň tüýsi üýtgedi. Tuwulgasyny aşagrak çümrüp, atynyň jylawyndan dartanyny duýman galdy. At duran ýerinde towlandy. Atyň badyna näme bolandygyny aňşaryp ýetişmedik jylawdar honda togalanyp gitdi. Mürzäni gurşap alan serdarlar aljyraňňylyga düşüp, tasdanam atlaryny jylawyny yza tarap öwrüpdirler. Feridun mürze oňaýsyz ýagdaýda galanyna uýalyp, sesine bat berdi: - Dur-r-r, jüre getiren. Topçybaşy, toplar nämä dymýar? Ýa-da bu ýerden eşege ters münüp gaýtmakçy bolýarsyňyzmy? Ot aç, al kakmyş. Suhrab han, Hasan han, serheňlere buýruň, bukudakylar bilen söweşe girsinler. Tiz boluň! Duşmanyň güýji mese-mälim agdykdy. Näçe mert, gaýduwsyz çapyşýandyklaryna garamazdan, gökleňler ýagynyň güýjüne tap gelip biljek däldiler. Başga ýerden geljek hemaýat, güýç-de ýokdy. Türkmenleriň duşman atlylaryny eglemek üçin galanlaryndan beýlekileri söweş meýdanyndan çykdylar-da, gala tarap yza çekilip ugradylar. Az salymdan soň Feridun mürze howul-hara yza çekilýän türkmenleriň yzy bilen kowup başlady. Duşmanlardan asgyn gelen gökleňleriň gyssanmaç yza çekilmeli bolandyklary zerarly, galada galdyrylan azyk-emläkleri mürzäniň serbazlarynyň eline geçdi. Feridun mürze Garrygalada düşledi. Neşäniň keýpinden başy aýlanyp duran Feridun mürzä şa tarapyndan perman gelip gowuşdy. “Bular ýaly giň sähradan türkmenleriňm islän ýerine geçip durjakdyklary zerarly ýyly-ýylyna bu galada goşun goýmagyň we saklamagyň manysy ýok. Olara gaçybatalga bolmaz ýaly, sen ol galany ýer bilen ýegsan et, galanyň içindäki bar bolan azygy, ot-ými we gallany on bäş günlük azyk bolar ýaly al, galanlaryny suwa taşla. Özüň bolsa ýöriş bilen Gürgene ugra, çünki biz hem şol tarapa ýola düşmekçi”. Müzre patyşanyň buýrugyny günübirin amal etdi. Feridun mürzäniň Garrygala ýörişinden soň şa baýdagy ýomut obalaryna tarap gönükdirildi. Bu habary eşiden ýomutlaryň bir bölegi goş-kötellerini alyp, Balkan daglaryna çekilip ugradylar. Garrygaladan Gürgene ýöriş bilen barýan Feridun mürze olara tötänleýin sataşyp, söweşe girdi. Ýomutlar hem deň bolmadyk söweşde ýeňlişe sezewar boldular. * * * Asmanyň ýüzi gubarlydy. Günbatardan süýşüp gelýän topbak-topbak bulutlar tekizlenişip, ýagyş damjalap ugrady. Köwsarlap öwüsýän şemal ýagyş damjalaryny ýüzüňe şapladyp urýardy. Tomsuň jöwzasynda seýrek bolýan bu howada bosgun ilat ýüzüni Garaguma tarap tutup barýardy. Duşmanyň kowgusy galanam bolsa, bosgunyň daşyny ätiýaç üçin ýigitler gorap barýardylar. Çendan ýigitleriň ýek-ýarymy eýläk-beýläk atlaryny öňürdikledip, geçip gidýärdiler. Bosgun uly eňreşikdi. Ulularyň söweşde heläk bolan ýakynlary üçin edýän dady-perýady neresse çagalaryň nalasyna goşulyp gidýärdi. Guýruklaryny ýamzyna gysyşyp barýan itler adamlaryň periöan halyna düşünýän dek, olaryň ýüzüne müýnli bakyp çyňsaýardylar. Bosgunyň yzyndaky atlylaryň arasyndan argyn, emma başyny buýsançly tutup gelýän ak ýal mele at saýlanyp göze ilýärdi. Garaýusup atyň jylawyny çekdi. Güýç-kuwwatdan gaçan Garaýusup özüne zor salyp, haýallyk bilen atdan syrygyp düşdi. Ol sag eli bilen sal-sal bolan donunyň üstünden daňan guşagyny çözdi. Guşagynyň bir ujuny dişi bilen saklap, gyzgyny sowaşansoň sorkuldap başlan ýarasyny mäkam sarady. Eýesiniň mejalsyz haldadygyny duýan ýaly at janawer garaýusuba ýan berdi. Oňa çenli yzdan gelýän biriniň hemaýat bermegi bilen ol ata atlandy. Garaýusup atyň üstünde bükülip oturşyna soňky günleriň wakalaryny ýatlap, pikire çümdi. “Rakybyň derdinden oňly gün görmedik. Peýansyz dünýäde görenimiz görgi, işimiz müşgil. Zalym şanyň we onuň meslekdeş emeldarlarynyň nebsiniň çägi ýok eken. Ýurdumyz talaňa salyndy. Wah, Ahmet... haýp, neresse biajal öldi. Heýhat biziň günümize. Mal-mülkden aýryldyk, mesgenden jyda düşdük. Ýok, her hal, ýapja bolup ýaşamak kyn. “Ýadyň ýanynda bolanyňdan, ýandagyň düýbünde bol” diýipdirler. Bu gara günden haçan dynylarka? Köneleriň aýdyp geçenleriniň barysy hak-da. “Iki ýakyn uruşsa, özgelere iým bolar” Türkmeniň tire-taýpa dawasy galman gelýär. Teke, ýomut, gökleň... garaz, hersi bir ýerde. Messepsiz şa ýomut garyndaşlarymyzam aman sypdyrar öýdemok. “Doganym – doly çuwalym” diýipdirler. Türkmen tire-taýpalary agzybir bolup birleşäýseler bu horluklardan dynylardy. Wah, şol gije ölmeziniň öň ýanynda Ahmet neressäniňem gürrüňi şudy.” Eýesini beýle perişan halda görmedik ak ýal mele at başyny belent göterdi-de, şemalyň garşysyna pel-pelläp gaýýan dazzarkellere bakyp, söweşjeň haýkyryp kişňedi. Şol wagt Çakmak bir ýerden at debsäp geldi. Onuň ýüzünde gyltyz degen ýaranyň yzy mese-mälim bildirip durdy. Çakmak gele-gelmäne Garaýusuba habar gatjak boldy. Ýöne ýalňyz hemdeminiň çuňňur öý-pikire batandygyny görüp, atlaryň dogabagyny deňledi-de, sürüberdi. Erez-erez bolup ýatan jöwzaly Garagum çölüniň bir çetinden giren bosgunyň ümzügi öňedi... Annaş BALLYÝEW. “Balkan” gazeti, 19.09.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |